10:43 Janserek - roman / 13 | |
Exclusive JANSEREK (dowamy) [Öňi: Janserek - roman / 12] * * * Rahmany Gaýratyň maňlaýynda oturtdylar. Olaryň arasynda üsti gyzyl mata örtükli gaty stol bardy. Gaýrat göreçlerindäki ýaňzydyjy dabarany gizlemedi. Rahman muňa magtanma diýip düşündi. Syçany burça gaban pişigiň arkaýynlygy göz öňüne geldi. ─ Nä maksat bilen oba dolandyň? “Menden jogap almanjyk geçersiň. “Asman üçin” diýsem, seniň gurduň gündiz uwlar. “Asman biziň dulumyzda otyr” diýip heşelle kakarsyň. Sen güýçli bolsaň, meň ýüregim ýigrençden doly”. Rahman jogap bermedi. ─ Ele düşerin öýdüp gorkmadyňmy? Sen baý guýrugy ahyry! “Gorkdum” diýsem, depäň gök dirär. Ýalbardasyň geler, aýagyňa ýykylaryma garaşarsyň. Gorkjak adam gündiziň günartany oba gelermi?!”. Rahman jogap bermedi. Gaýrat goşa ýumrugyny stola urup, laňňa ýerinden galdy. Rahman ýylgyryp goýberdi. Gaýrat: ─ Ir ýylgyrýaň ─ diýdi. ─ Biz seni geplederis. Saýrarsyň, bilbil ýaly saýrarsyň. Eger sen şu edýänleriňi bilip edýän bolsaň, onda sen iňňän aýylganç adam. Men seni Agahandan halas ederin öýtdüm, görýän weli, meň çakymdan agdygrak ýaly. Şony görýärmiň? ─ Gaýrat diwardan asylgy telefona elini uzatdy. ─ Häzir şähere habar etjek, gelip alyp giderler, galamasynam özüňden gör. Gapyň aňyrsyndan adamlaryň hümürdisi, aýak sesleri eşidildi. Aşagyna kerpiç düşelen yzgarly otagyň salkyn howasy Rahmanyň inini tikenekletdi. Gaýrat telefonyň öňüne baryp durdy. ─ Mahal barka, diýjek-goýjak zadyň bolsa, aýdyp otur. ─ Goňşy obadan düýe alyp gaýtdym, eýesine gowşurmaly. ─ Gowşurylar. Başga näme diýjek? ─ Çagyryber, kimi çagyrjak bolsaň. ─ Kimiň puluna öý satyn aldyň? “Agahanyň puluna” diýdirjeksiň, diýmen”. Rahman jogap bermedi. Gaýratyň ýyly demi Rahmanyň ýüzüne urdy. ─ Ýa Agahan otlan öýüne derek öý satyn alyp berdimi?.. Sen ─ goýun, Agahan ─ möjek. Iki gün agyz salmany üçin, sen goýunlygyňdan üýtgändirin öýtme. Rahman öz ýanyndan: “Sen meni goýna deňäp ýalňyşdyň, Gaýrat ─ diýdi. ─ Biziň barymyz möjege öwrüldik. Indi hiç kimiň goýun bolasy gelenok...” Gaýrat elini silkip, aýgytly gepledi. ─ Gel, ikimiz erkek adamyň sözi bilen gürleşeli! ─ Ol gaýtadan oturgyja özüni goýberip, göwresini öňe atdy. Onuň ýüzi Rahmana gaty golaýlaşdy. Gaýratyň gözünde hile-de görmedi, kine-de, arassa duýgudaşlyk bardy. Ol muňa çagyryş diýip düşündi. Gaýratyň berk ýumulan dodaklary, merdemsi eňegi şol çagyryşyň çyndanlygyny duýdurýan alamata öwrüldi. ─ Men seni tananym üçin, galyberse-de, iştimagyňa belet bolamsoň, şura hökümetiniň adyndan söz berjek. Beren sözümde tapylmasam, it ogly hasap et. Sen ýüzüňi sallama, maňa seret! Şura hökümeti seň günäňi geçýä. Soňky günler seň näme edip, näme goýanyňy bilemizok, jähennem, şonda-da seň günäň geçilýä! Häzirem seni boşadýan. Git-de, öýüňi tut, Asman barar. Şu günden şeýläk şura hökümeti seň penakäriň. Ýaşaň, janyňyz sag bolsun! Ine, meň edibiljek zadym. Gaýrat dikeldi, Rahmana pikirlenmäge maý berýän şekilde dymdy. “Git-de, öýüňi tut, Asman barar”. Şu sözlerden soň Gaýratyň ähli aýdany Rahman üçin hilä öwrüldi. Onuň göreçlerindäki çagyryşa-da, sözleýşindäki ýyly äheňe-de ynanmady. “Ol muny Asman üçin edýär!” Gaýrat dowam etdi: ─ Indi sen näme etmeli diýsene... “Men seň diýşiňi döwmeli!”. ─ Gözüň bilen iýjek bolup oturma. Saňa “Agahany öldürip gelmeli” diýjek bolamok, araňy weli, çürt-kesik ýolmaly borsuň. Ýene bir etmeli zadyň: soňky bir aýyň dowamynda näme gören bolsaň, jikme-jik gürrüň berersiň. ─ Söz almarsyň menden, it ogly! Rahman towsup ýerinden turdy, şol bada-da alkymyna degen ýumruk ony arkan ýazdy, başyndaky telpegi göwresindenem iki ädim aňry düşdi. Ýazja şakyrdadyp gapyny açdy. ─ Ýap gapyny! Gaýratyň sesi koridora, goňşy otaga ýaň salyp gitdi. Batly ýapylan gapynyň zarbyna penjiräniň aýnalary şakyrdady. Rahman haýallyk bilen turup, telpegine tarap ýöneldi. Gaýrat: ─ Bigaýrat, binamys! ─ diýip gygyrdy. ─ Aýak aşagyndaky gara keçä döndüň! Mertebäňi depgiläp ýörler. Siz tetelliden kündä goşulýan öküzem düşbüdir! Rahman ýerden göteren telpegini iki öwre silkip, kellesine geýdi-de: ─ Hä’k, kimiň düşbüdigini görkezerdim weli... ─ diýip gyjyndy. Gaýrat alyp göterdi: ─ Görkezip ýörsüňiz! Iki günüň içinde telim oba ot berdiňiz, mekdepleri ýandyrdyňyz! Näçe bigünä adam siziň okuňyzdan jan berdi! Nämä çiňerilýäň? “Men bu zatlardan bihabar” diýjeksiň. Aýdybam oturma. Sen Agahanyň içalysy. ─ Maňa Agahanam gerek däl, senem. ─ Ýa men ýa-da Agahan! Saňa başga ýol ýok. ─ Onda Agahan. ─ Gep gutardy! Gaýrat harbylarça döşüni gaýşardyp, gimnastýorkasynyň etegini çekişdirdi-de, ykjamlandy. Soňam ýüregine düwen çözgüdiniň gutarnyklydygyny ýörişi bilen aýan edýän ýaly, ädikli aýagyny kerpije batly urup, telefonyň ýanyna bardy. Trubkany alsa-da, ryçagy aýlamaga howlukmady, sägindi, gaňrylyp Rahmana seretdi. ─ Men saňa köp aýdandyryn. “Agahanyň aldawyna düşme” diýip, gaty köp aýdandyryn! Oba ilki gelen günümden aýdyp ugrandyryn. Hellewiň güzerinde Agahanyň atyny ýuwup durkaň, näme diýdim? Gara daşa aýdan ýaly, saňa ýalbaryp durmam näme diýsene!.. Göwräň ulam bolsa, beýniň ─ çagaň beýnisi, edil hamyr ýaly, öňýeten ondan oýunjak ýasap ýör. Seň beýniňi biraz gataltmasak bolmaz, ýogsa, sen, özüň-ä bir azara goýýaň, başgalaram... Gaýrat ryçagy aýlady. Edil şol pursat Köse gapydan girdi. ─ Dur, tagapyl et, howlukma... Ol Gaýratyň telefon trubkasyny asanyny görüp, göwnübitgin ýylgyrdy. Soňam, bu otaga birinji gezek giren ýaly, ähli zatlara gyzyklanma bilen seredip çykdy. Stoluň gyzyl örtügini gataňsy aýasy bilen sypady. Üstüniň boşdugyna geňirgenýän ýaly, onuň töweregine bir öwrüm berdi. Otagyň ortasynda ýykylyp ýatan oturgyjy görende bolsa, başyny ýaýkap, ýylgyrmasyny dowam etdi. “Bu nämäň alamaty?” diýen manyda howlukman, Gaýrata çiňerilip seretdi. Şondan soň eglip, oturgyjy galdyrdy. Ýaňy urşup aýrylyşan garagol çagalara käýinýän ýaly äheňde: Bu bolşuňyz bolanok ─ diýdi. ─ Käşgä, alamanyň oljasyny paýlaşýan bolsaňyz... ─ Ol Gaýratyň ýerine geçip oturdy. ─ Ikiňizem bir obaň oglany. Ynha, Gaýrat, tüweleme, eýýäm iliň öňüne düşüp ýör, oba şuraň mürzesi. Senem, Rahman, obaň garyp ýigitleriniň biri. ─ Garyplygyny bilýän bolsa, Agahanyň kölegesine öwrülmezdi! Köse, “dur” diýen manyda, Gaýrata tarap eliniň aýasyny galdyrdy. Ujy tompy, keltejik barmaklar wajyp alamat ýaly şol bada Gaýratyň ünsüni özüne çekdi. Ol iriňi hamyň içinde gatap galan sarymtyl gabarçaklary gördi. Olar çekijiň sapyny sypap, halys sürpek daş kimin ýülmenip gidipdir. Gaýratyň göwnüne, Kösäniň bütin durmuşy şol gabarçaklara örklenendi. Olar Nobat ussadan galan miras bolmaly. Hazir Gaýratyň gözüne stoluň ýeňsesine geçen Köse amanat zadyň alamatyna öwrüldi. Stolam, otagam, gapdalynda duran iki adamam oňa amanat. Kesekiniň islegine görä ýasaýan harydynyň ussa amanat bolşy ýaly, ol bu iki adamyň ykbalyna-da geldi-geçer garaýar. Gör, ony hiç zat tolgundyranok. Ol esasy işini biraz gapdala goýup, dynç almak maksady bilen gezelenje çykan adama meňzeýär. Köse, hamala, Gaýratyň bu pikirini aňyp, şony ýalana çykarjak bolýan ýaly, wajyp äheň bilen: ─ Gyzmaçlyk adama ýaramaz hemradyr ─ diýdi. ─ Döwlet ähmiýetli mesele çözülýär, paýhasa daýanyň. Sowet häkimiýeti ─ paýhas bilen dörän häkimiýet, ýogsa, baýlardan üstün çykyp bolmazdy. Ol agzyndan çykan sözlere guwanany üçin göwnühoş ýylgyrdy. Gaýrat uzak diňläp durmaga çydamady. ─ Otrýady ýygnadym, oglanlar garaşyp durlar, nyzam geçmeli! ─ Ol Kösäniň razylygyna garaşman, gapa ýöneldi. Soňky aýdan sözleri dabanynyň astyndan çykan batly tarpyldy bilen utgaşyp gitdi. ─ Men aşa geçirimlilige rewolýusiýa hyýanat diýip düşünýän! Gowşak suwagyň diwardan dökülişi ýaly, batly ýapylan gapyň sarsgynyna Kösäň ýüzündäki ýaňzydyjy ýylgyrma-da ýom-ýok boldy. Agyr alada onuň gögümtil gözleriniň owasyny kiçeltdi. Gaýratyň dabany depesinden inäýjek ýaly, gypynç bilen ýapyrylyp, aýak sesiniň daşlaşaryna garaşdy. Onuň çepiksi göwresi gaba telpegiň aşagynda ýylan kömeleginiň egri biten göbegine çalym etdi. Rahman Agahanyň öýünde telim sapar aýdylan sözleri hakydasyna getirip, şonuň dogrudygyna ynandy. “Köse Gaýratyň mürze bolmagyna razy bolmandyr, ýöne ýokardan mejbur edipdirler”. ─ Hany, Rahman, bäri dur... otur hany... Köse höwessiz ýylgyrdy. Ýuka dodaklary gelşiksiz dartyldy weli, ýelken gulaklary jan giren ýaly gymyldap, gulakjyn telpeginiň etegine gysyldy. Agzynda bolsa ýel köwen ýaly düýbi açyk, maýda dişleriň seýrek hatary göründi. Emma dodakdan başlanan ýylgyrma ynjyly gözlerine ýetmän, bady gaçan tüweleýe çalym edip, reňki öçügsi saryýagyz ýüzünde ýom-ýok bolup gitdi. ─ Alkymyň aşagy gyzaraýypdyr, eňegiň bir ýerindemi?.. Ine, bularyň häkimiýet diýen zada düşünişleri! Her kim häkimiýetiň manysyny öz häsiýeti bilen ýüze çykarjak bolsa, onda kanundan derek galmaz. Adamlar dürli-dürli, ynha, aýdaly, men saňa meňzämok, sen beýleki birine. Kanun weli, ýeke! Kanunyň ýekeje häsiýeti bar: “Hemme kişi maňa boýun egmeli” diýýär! Kanuny gorap bilmese, häkimiýet gutarýar. Şura hökümetiniň kanunynda zorluk diýen zat ýok. “Zorluga daýanýanlara-da berk temmi bermeli” diýlip ýazylan. Men kanunyň tarapdary. Men saňa el galdyran bolsam, men kanunyň öňünde jenaýatkär. Diýmek, Gaýratam! ─ Köse “düşündiňmi?” diýen manyda Rahmanyň ýüzüne çiňerilip seretdi, gözleri ýitelip, göreçlerinde umytly uçgun oýnaklady. ─ Men öz peýdama çapýan adam däl, Gaýrat bilen synpy duşmançylygymam ýok. Ol meň gol astymdaky adam, sähel garşylyk bolsa, öňünde ganym duşmany duran ýaly... ýaraga ýapyşmadanam gaýtmaz. Meň wezipäm ─ kanuna seretmek! Sen bolduň, Gaýrat boldy, maňa parhy ýok. Rahman Kösäniň maksadynyň päkligine şübhelenmedi, sebäbi “Gaýrat çakdan aşýar” diýen ynanç onuň kalbynda mäkäm ornapdy. Şonuň üçinem Kösäniň aýdýan sözlerini diňlemek oňa ýakymlydy. Köse dowam etdi: ─ Men senden Agahanyň nirededigini soramakçy däl. Agahanyň nirededigi sensizem belli. Çöldedir. Baýlar häzir basmaçylar bilen. Sen “Agahan pylan guýuda” diýseň, olam edil şu wagt başga bir ýere geçen bolsa... “Ak düýäni gördüňmi? Göremok!”. Belki, dogrudanam, gören dälsiň. Men saňa “jogap ber” diýemok. Aýdaly, Agahan bilen hasaplaşmaga gidipsiň, tapmanam oba dolanypsyň. Hakykatdanam şeýle bolupdyr diýeli, ýöne bu hakykata Gaýrat ynanmaz. Onuň öz isleýän zady bar, sendenem şony eşitjek bolýar. Tä eşidäýýänçä, seni horlar. Soňabaka, şol sözi agzyňa salyp berer, “gaýtala” diýer! Şuraň kanunynda beýle zorluk ýok. Köse üýtgeşik bir ýeňillik bilen ýerinden turdy, çepiksi göwresiniň agramy gutaran ýaly, Rahmanyň töwereginde çaga kimin bökjekläbererli göründi. Rahman onuň bu dabarasyny halamady, kalbyna şübhe aralaşdy. “Ol öz aladasyny edýär” diýdi, ýöne onuň aladasynyň gös-göni nämeden ybaratdygyna Rahmanyň özem düşünmedi. Gaýratdan dynmakmy ýa-da şura hökümetiniň kanunyny goramakmy?! Şura hökümetiniň kanuny Rahmana düşnüksizdi. Agahan dagynyň aýtmagyna görä, ol kanun erbet kanun bolmaly, ol kanun şerigatyň kanunynyň garşysyna döredilen kanun. Ol kanun Hudaýy inkär edýär. Ol kanun zorluga daýanýar. Emma Köse ol kanuny öwüp, arşa çykaryp otyr. “Ony Gaýrat ýalylardan goramaly” diýýär. Agahan üçin bolsa, iň aýylganç duşman ─ Gaýrat. Olar Gaýraty ýok etmegiň aladasynda, olar Kösäň adynam tutanoklar... Rahmanyň pikiri barha bulaşdy. “Bu taýda meniň akylymyň çatmaýan zady bolmaly” diýen netijä geldi. “Okumyş adamlar ony gowy bilýändirler” diýdi. Ýöne bir ýagdaýa göz ýetirenine şübhelenmedi: Gaýratyň bolup ýörşi hiç bir kanuna-da laýyk gelenok ekeni. “Gör, şura başlygam ony ýazgaryp otyr”. Kösäniň Gaýratdan dynjak bolýandygyna ynandy, oňa goldaw beresi geldi. ─ Ýaşuly, göwnüňdäkini çekinme-de aýdyber. ─ Men aýtmaly zady aýtdym, gezek seňki. Gaýratdan ezýet çekýän sen. Rahman Kösäň garaýşyndan gorkdy. Sähel ýaýdanmaçlyk etse ýa-da ikirjiňlense, ezýetiň nämedigini düşündirmäge taýýar göründi. Öňi bilenem Asmanly meseläni ýaňzydar. Rahman oňa ýol bermejek bolup gyssandy: ─ “Ýeke oka tabşyr” diýjekmi? Köse göwünsiz gülüp, arkan gaýyşdy. ─ Ok diýen zady beýlede goý. “Oka tabşyr” diýip, Agahan aýdyp biler, men aýtman. “Oka tabşyr” diýýän adamlar ejizdir, olaryň haýbatyna ynanmagyn. Güýçli adam garşydaşynyň ölümini dilemez. Ölüm ─ soňky pelle, ölüm ─ ejizleriň arzuwy. Biz güýçli ahyry, Rahman, men onsoň, nädip seni ters ýola itermeli?! Ok atsaň, şura hökümetiniň öňünde seni aklap bolmaz, kanun bize garşy bolar. Gel, kanuna garşy gitmäli, ony hossar tutunaly, şonda biz ýeňeris. Sen ýekeje zat etmeli: Gaýratyň üstünden ýokaryk şikaýat ýazmaly. ─ Men hat ýazyp bilemok. ─ Galam tutýan tapylar. Şura hökümetiniň ýanynda garybyň sözi sözdür. ─ Maňa ynanmazlar, “baý guýrugy” diýerler. ─ Kim diýjekmiş? ─ Gaýrat diýer. ─ He-he-he... Şikaýat Gaýratyň üstünden ýazylýar, ol sebäplem Gaýratdan zat soralmaz, ilki bizden soralar. Şura hökümetiniň kadasy şeýle. Hudaýa şükür, men seni tanaýan. Sen garyp! ─ Köse eliniň aýasyny stola urdy. Dodaklary mäkäm ýumlup, maýşygrak burnunyň deşikleri ýel aldy. ─ Kimde-kim saňa “Agahanyň guýrugy” diýse, biz oňa “ýalňyşýarsyň” diýeris. Sen Agahanyň çopany. Entek şura hökümeti garyp halky baýlaryň elinden doly suratda alyp bilenok. Biz Agahanyň garşysyna göreşýäs, onuň çopanlarynyň garşysyna göreşemzok. Ýansa, Agahanyň howlusy ýanmaly, seniň gara öýüň ýanmaly däl. Eger seň ornuňda men bolan bolsam, ýaňky aýdyşym ýaly ýazardym: sen, aýdaly, hasap-hesip üçin Agahanyň gözlegine çykypsyň. Çöl giň, haýsy ýerinden Agahany gözläp tapjak. Tapmanam, dolanyp gelýäň, saňa bolsa öý dikinmäge mütdet berenoklar. Eňegiň aşagyny çişirip oturmalymy?! Eýse, seniň öý getireniňi Asman bilýän däldir öýdýärmiň? ─ Asmanyň adyny tutmaň! Asmanyň ady tutuljak bolsa... Köse haýdap baryp, Rahmanyň egninden basdy. ─ Otur, otur... düşündim, köşeş biraz... Biz entek şikaýat ýazamzok, maslahat edýäs. Men “ol pakyry goýberen däldirler” diýjek bolýan. ─ Diýmäňem, adynam tutmaň! ─ Bolýa, seň diýeniň bolsun!.. Howlukmasak, bize arkaýynlyk bermezler. Bir zady bilip goý: öz duluňda kişiň maşgalasyny saklamaga, şura hökümeti maňa-da, oňa-da hukuk berenok. ─ Gutar, haw, ýaşuly! Rahman ýerinden turdy. ─ Otur... Äl, baryňyzyň damaryňyzdan at çapýar. Gutardyk! Onsuzam aýdara zat kän ekeni. Ýazmaly! Ýaltanman, howlukman ýazmaly. Ak kagyza düşen söz şura hökümetiniň ýanynda iňňän güýçlüdir. Ok näme? Ok ─ dert! Gana eliňi bulasaň, arassalamak kyndyr. “Söz” diýlen zat bolsa arassaja kagyzyň ýüzünde galýar, gereksiz öýtseň, ýyrtyp goýber. Nyşanasyny bilip aýtsaň, her söz bir oka barabardyr!.. Köse Rahmany alyp, öz kabinetine geçdi. ─ Ine, meniň oturýan kabinetim. “Kabinet” ─ orus sözi. Türkmençeläp aýtsaň “otag” bolýar. Hany, otur bakaly, otur şujagaz ýerde... ─ Ol ak mata örtükli diwany görkezip, Rahmanyň oturaryna garaşdy. ─ Otur, otur, ýumşajykdyr, dynjyňy alarsyň. Kösäniň at oýnadyşyna seretsene!.. Hamala, Rahman bu diwanda öň oturyp görmedik ýaly! Oturyp görüpdi, ol mahal diwan örtüksizdi. Ýumşakdygynam bilýär. Ýumşak bolanda näme, bu taýyk adamlar dynç almaga gelenok, alada, iş bilen gelýär. Ine, Rahmany weli, buýruk bilen getiripdiler, özem edil bir temeniň üstünde oturan ýaly bolup gidipdi, diwanyň ýumşaklygam soň ýadyna düşdi. Şol sapar Gaýratyň üstünden ýazylan şyltagy paş edipdiler. “Gaýrat uýasyny satjak bolýar”. Rahman Gaýratyň ýetişen uýasynyň bardygyny görmese nätjek. Töhmeti barlamaga ýörite adam gelenini bilenlerinde, Agahan dagy ony habardar etdiler. “Senem şaýatsyň” diýdiler. Olar şikaýata barlagsyz ynanylaýar öýdüpdiler. Bolmady. Üç adam geldi. Köse bilen Gaýratam gapdallarynda. Bäş adam Rahmanyň garşysynda otyr. Heý, onsoň diwanyň ýumşaklygyny bilermiň?! Ýogsa-da, şo mahal Kösäniň ujy jaýtaryp duran, sarymtyl murty bardy. Rahman häzir onuň murtsuzlygyna şübhelenýän ýaly, birden Kösäniň ýüzüne çiňerildi. “Dogrudanam, murtuny syrypdyr, näme üçin syrdyka?!” Rahman şol sapar diňe Agahanyň diý diýen sözüni diýipdi. “Gyz alyp barýanlara ýassynlar obaň çetinde duş geldim”. “Sen nireden gelýärdiň?” “Çölden”. “Gyz alyp barylýanyny nädip bildiň?” “Ertesi obada aýtdylar”. “Kim aýtdy?” Bu sowala Rahman jogap bermändi, ýüzüni galdyryp bilmänem çykyp gidipdi. Gaýrata ýöňkelen günäniň şyltaklygy dessine mälim boldy. Öňi bilen-ä, onuň uýasynyň entek on dört ýaşam dolmandyr. Galyberse-de, ony daýzalaryna gezelenje iberen ekenler. ─ Maňa şujagaz ýerem bolar... ─ Hany, geçsene ─ Köse onuň çigninden dartdy. ─ Ýumşajyk ýerde oturyp gör-ä. “Bu ýerde oturyp, masgara bolup gidenim, dogrudanam, Kösäniň ýadyndan çykaýdymyka?!” Rahmanyň göwnüne bu ýere gelýän adamlar diňe töhmet üçin gelýän ýaly bolup göründi. Ol diwanda oturdy. Diwanyň ýumşaklygyny duýsa-da, ýakymyny bilmedi, gaýta, hapa batýan ýaly, ýürekbulanç oňaýsyzlyk kalbyna barha agram saldy. Otagyň giňligini, arassalygyny duýmady. Ýogsa, goňşy otagdaky ýaly, burnuňa yzgaryň ysy uranokdy, kerpije derek tagta pol bardy, penjireleriň öňi ak matadan tutulydy. Adamda iki el bilen iki aýagyň barlygyna üns berilmeýşi ýaly, bu zatlaram Rahmany geň galdyrmady. Garşydaky diwaryň öňünde ýaýbaň, agyr stol bardy. Köse Rahmany diwanda oturdyp, stola tarap ýönelende, onuň gara ädiginiň astyndan jarkyldy eşidildi. Jarkyldynyň gatalmagy bilen, bir hili, ýörişem üýtgeşen ýaly boldy. Bütin göwresini şol sese ram etdirdi. Ýel berlen böwen ýaly galife jalbary hasam çişdi. Iňňeden çykma gök kiteli, ýaldyrawuk, ýasy kemeri, asyl, depesinden dabanyna ähli zady Kösäniň artykmaçlygyny görkezmäge tabyn edilene döndi. Ol stolunyň ýeňsesine geçip, hamala, meşhur bedewe atlanan ýaly, kanagat bilen ýylgyrdy. Bedewiň ýalyna derek, stoluny lezzet bilen sypady. Rahmanyň göwnüne ol belentde göründi. Birdenem, özi ýere girip barýan dek, garşylyk görkezmek maksady bilen diwanyň erňegine iki elini diredi. Köse telpegini çykaryp, emaý bilen stoluň çüňkünde goýdy. Süýri telpegini sypalanda, dürtelişip ösüp gelýän saçlary gury aýasynyň astynda gaňrylyp şytyrdy döretdi. Ol howluganokdy, özüniň arkaýynlygy bilen bu ýerde ýeke-täk hojaýynlygyny mazamlaýardy. Onuň irginsizligi Rahmanyň ýüregine düşüp başlady. ─ Şo suratdaky adamy görýärmiň? ─ diýdi. Rahman maňlaýynyň saçy düşen kellä seretdi. “Onuň göwresini näme üçin çekmedilerkä?” diýip geň galdy. Kösäň depesinde asylgy bu surat öňki sapar gelende-de barmydyka? Rahman hakydasyna getirip bilmedi, birinji sapar görýänine ynandy. ─ Biz şu adamyň görkezen ýoly bilen ýöremeli. Şura hökümetiniň kanunyny ýazyp giden adam. Rahman diline gelen sözi aýdyp goýberdi: ─ “Kolhoz gurmaly” diýenem şomy? ─ Edil özi! Kösäniň göwnühoş ýylgyryp oturyşy Rahmana ýokuş degdi. “Ol meniň agyr ýagdaýymy ýaňsa alýar, tomaşa edýär” diýip düşündi. Öýlerine gezelenje gelen daýysynyň gujagynda oturyp, onuň beren kemputyny goňşy oglanlara güjeňleýän çagany göz öňüne getirdi. ─ Ýüzüňi sallama... Kolhozy halamasaň, girme-de geziber, seni zorluk bilen salmajaklary belli... Sen onda, birdem dynjyňy al, men şart-şurt ýazyp bereýin. Howlugmasak, başga-da iş köp. Köse stolunyň tahylyndan galam, kagyz çykardy, ýazyp başlady. Ýazdygyça onuň kalbyndaky buýsanç joşguna öwrüldi. Ol ýazyp bilýär! Köňle gelen pikiri emgenmän kagyza geçirýär! Bu onuň beýleki adamlardan artykmaçlygy. Ony her kimem, şol sanda, edil garşysyndaky oturan Rahmanam bilýär. Bileni üçinem öz syryny Kösä ynanýar. Mejbur bolmasa ynanmazdy, ony bejbur edýän zat ─ Kösäniň artykmaçlygy. Köse obanyň iň ylymly-bilimli adamy. Köse şäher mekdebinde bäş ýyl okap geldi, ondan öň mollaň elinde okady. Bu mertebesi üçin Köse kakasyna minnetdar. Nobat ussa perişde ýaly adam ekeni, ol geljegi öňünden görüpdir. Ol ogluna ussaçylyk hünärini berdi, uly ussahanany miras goýup gitdi. Bu hünär, her hili ýagdaýda-da, Kösä çörek bermeli hünär. Nobat ussa munuň bilen oňmandyr, oglunyň ilden artykmaç bolmagyny isläpdir. Kösäni çagalygyndan ýany bilen bazara alyp gitdi, şäher bilen öwrenişdirdi. Köse kakasynyň mazarynyň üstüne gümmez galdyrmagyň arzuwyndady. Şol gümmez onuň minnetdarlygyny uly ile aýan edýän nyşan bolmalydy. Nobat ussa ogluny ilden saýlanar ýaly edip gitdi, emma Köse henize deňiç öwlüýädäki sansyz tümmekleriň arasynda artykmaç bir adamynyň ýatandygyny ötene-geçene duýdurar ýaly zat edip bilenok. Käşgä, harjysy bolmasady! On gümmez salmaga-da gurbaty çatjak! Şunuň ýaly joşgunly pursatda, isleýän zadyny arkaýyn edip bilmeýänligi ony hasam köseýärdi. Sebäpkäriň garşysyna kalbynda döreýän ýigrenç ony däliligiň hetdine ýetirýärdi. Gaýratyň oba gelmegini diňe Agahan dagynyň başyna inen betbagtlyk hasap etmedi. Ol Kösäňem örüsini daraltdy. Köse kişiň ýanynda boýun almasa-da, Gaýratdan gorkýandygyny öz ýanyndan boýun alýardy. Onuň ýiti gözlerine seredip bilenokdy. Onuň garaýşynda garşydaşynyň matlabyny duýup bilýän jadyly alamat bar ýalydy. Gaýrat barka, gümmez hakda pikir etmek asmandaky aýa el ýetirsem diýen arzuwa barabardy. Bu gün Gaýratyň Rahmana ýumruk göterenine Köse begendi. Agahan bilen Rahmanyň öýi ýanandan soň, ýüregine dowul düşen on hojalyk obany taşlap gitdi. Olaryň gylla ýarysy garyp daýhan. Häzir garybyň sözi ─ söz! Olar bu ýagdaýa Gaýratyň günäkärdigini aýdyp gitdiler. Kösäniň ynanjyna görä Gaýrat ýalylaryň ömri uzak bolmaly däldi. Sypalyň ody ýaly çalt ýanyp, çaltam sönmelidi. Häzir onuň ýanýan pursaty. Şol sebäplem häzir garaňka bukulyp ýatan zatlaryň äşgär görünmegi ähtimaldy, ätiýajy elden bermeli däldi. Şol oduň sönmegi bilen Agahanyň maksadyna ýetmejegine Köse ynanýardy. Olar akmak, bisowat adamlar, olar geljege seretmekden mahrum. Olara Nobat ussanyň paýhasy ýetenok. Nobat ussa ölmeziniň öň ýanynda, baýlaryň şura hökümetini ýykyp bilmejekdigini aýtdy. Ol şura hökümetini köräp ýanýan ojar oduna deňedi. Eýelän kürsüsine oglunyň berk ýapyşmagyny maslahat berdi. Agahan dagy ─ guduzlan it. Ol basym öz keselinden ölüp gitmeli... Şony bilip durkaň, töwekgellik gerekmi?! Köse Gaýrata-da “akmak” diýdi. ─ Ine, ogul, kagyzyň-a taýýar, aşajygyna goluňy gütületseň, wessalam! Wah, seň sowadyňam ýokdur... Ýeri, bolmasa, barmagyňy basarsyň-da. Adamlaryň hatly-sowatly bolanyny görermikäk?! Oturmaň näme, gel ahyry bärik!.. Rahman kagyzy gorka eline alyp, arap elipbiý bilen süresykma ýazylan sahypa seretdi. “Köse tüýs molla bolaýmaly adam ekeni” diýdi. Birdem hatyň owadanlygyna höwes etdi, ýöne manysy barada oýlananda bulaşdy. Setir setiriň üstüne mündi, sahypanyň ýüzüne salgym urana döndi. Emele gelen bulaşyklygy dünýäň bulaşyklygyna deňedi. ─ Okap ber, näme ýazanyňy bir bileýin. ─ Saňa okap berip oturmaga meň wagtym ýok. Rahman gapa ýöneldi. ─ Eý, nirä? ─ Aý, hat bilýäniň birine okatdyraýyn-da. ─ Tüýs sen ýaly akmagyň oňaraýjagydyr ─ Köse böküp, onuň alkymyna geldi. ─ Belki, öýme-öý aýlap çykarsyň?! ─ Meň “ýazma” diýenimi nätdiň? ─ Näme ýazyp, näme goýmalydygyny özüm gowy bilýän. ─ Asmanyň adyny agzan-a dälsiň? ─ Akmak, düşün ahyry, Gaýrat seň aýalyňy öýünde gabap goýdy. Şura hökümeti... dur, ýyrtma!.. Rahman kagyz bölekleri ýere zyňdy. ─ Haý, akmagyň biri akmak!.. Bu bolşuňy Agahanam unamazdy. Rahman jogap gaýtarmady, kalbyna ýeňillik aralaşanyny duýdy. Kösäň ýüzi öl kesegiň şemala guraýşy ýaly kem-kemden agardy, çekgelerinde gökje damarlar göründi. Ol oturgyjyna dolananda, depedäki adama gözi kaklyşdy. Häzirki ýüze çykan kiçijek şowsuzlyk suratdaky adamyň beýikdigini oňa ýene bir öwre äşgär etdi. Ol adam ummasyz bir uly ýurduň bisowat adamyny öz tarapyna çekip, ak patyşany agdarmagy başardy. Köse weli, şu duran akmaga diýenini etdirip bilenok. Birden ol suratdaky adamyň gözünde gyjytly ýylgyrma duýdy. Kemsindi. Adam bilen adamyň tapawudynyň çägine göz ýetirdi. Umytsyzlyk ony lapykeç etdi. ─ Rahman, sen şura hökümetiniň kömeginden ýüz öwürdiň. Şol bada-da kalbyna dolan pikiri depesinde oturan adama beýan etdi: “Adamlar üýtgäpdir, olary edara etmek barha kynlaşýar. Olar öz islegine gulak asmaga endik edýärler. Uçdantutma hatly-sowatly bolansoň näderlerkä?..” Gaýrat gelip, şu gije basmaçylaryň oba dökülmek howpunyň bardygyny habar berdi. ─ Edil şu mahal şäherden til etdiler. Şeýle pajygaly pursatda ähli ygtyýar Gaýratyň eline geçýärdi. Köse “gep gutardy” diýen manyda telpegini geýdi. Gaýrat Rahmana garady. ─ Bu durany entek saklamaly, otrýad karar etdi. ─ Saklaň, saklaň... Dowamy: Janserek - roman / 14 © Tirkiş JUMAGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |