Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:45
Janserek - roman / 14
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 13]
SEKIZINJI BAP

Rahmanyň salnan otagyna jaýyň ýeňse ýüzündäki gapydan girmelidi. Il arasynda bu otaga “Peleň agaň otagy” diýýärdiler. Peleň aga şura başlygyka içki gapyny ýapdyryp, daşyndan açdyrypdyr, kerpiç poluň üstüne hyşa düşedip, üstündenem keçe ýazdyrypdyr. Ýorgan-düşek getirdipdir.
Peleň aga bu otagyň zerurlygyny düşündirende hemişe: “Myhman-mediwana-da, iş bilen şura gelene-de amatly ýer bolar. Özümizem iş arasynda aýagy uzyn salyp çaý içip biljek. Çolaja ýer, öýüňe baraňda aýalyň iňirdär öýtseň, gitme-de, şu jaýdajyk irkilip turaý” diýer ekeni.
Agahan: “Peleň ýalan sözlemesin ─ diýerdi ─ ýokardan buýruk bolandyr”. Garaz, şu otag Agahan daga gaty ýokuş degdi. “Peleň aga baran adam bilen keremara çaý içişip, onsoň habaryny alýarmyş” diýerdiler. Agşamlaryna onuň ýanyna gümür-ýamyra barýan adamlaryň köpelmegi barha beter Agahanyň gaşyny çytdyrdy.
Rahman Peleň agany ýakyndan tanamasa-da, çölden oba gelende, kämahal köpüň üýşen ýerinde ony görýärdi. Ol wezipesi bilen ilden saýlanmazdy, göwresi bilen saýlanardy. Ol örän daýawdy. “Peleň ady oňa dünýä inende dakylman, soň göwresine seredip dakylandyr” diýäýmelidi.
Peleň aga oba şurasyna başlyk saýlananda, Kösäni mürze edip geçirdi. Il arasyndaky aýdylýan gürrüňe görä, ol hemişe kemala getiren hasylyna göwni ýetýän daýhanyň äheňinde Kösä ýüzlenip: “Sen hat-petegi düzetseň bolar, galan zady özüm oňararyn” diýer ekeni. “Şonda-da Kösäni bir dem gözden salmandyr” diýip, henizem kanagat bilen gürrüň edip ýörenler bar. Köse näme ýazsa, edil gapdalynda oturdyp okadar ekeni. Göwnüne jaýlansoň: “Tüweleme, sen başarjak özi. Hany, indi soňuna “Peleň Şirli ogly” diýibem ýaz. Peleňden ýa Şirden pes bolsaň, bi baýlar aňsat-aňsat gorkmaz” diýer ekeni.
Peleň aganyň bu sözleri Agahana ýetende, ol kelam agyz söz diýmän, diňe uzak mahal böwrüni diňläp oturardy. Onuň gözleri ýitelip, burnunyň deşikleri häli-şindi ýel alyp giňärdi. Bu kemsitmedi, emma Agahan bu kemsitmäni hiç kime duýdurman, mertlerçe içine saljak bolýardy. Daýysyny synlap oturan Rahman üçin şu pursat Peleň aganyň rüstemligini onuň pälwan sypat göwresi kesgitlänokdy, onuň arkasynda duran şura häkimiýetiniň güýji kesgitleýärdi. Şol güýjüň möçberini Rahman daýysynyň alaçsyzlygy bilen ölçeýärdi. Şol alaçsyzlyk Agahany kemsitmelidi.
Adamlar arkasynda duran güýji her tüýsli beýan edýär. Bir adam şol güýje baýrynýandygyny gönümel aýdýar, magtanýar. Şol güýjüň goldawy bolmadyk halatda, onuň hiç kimdigi äşgär bolýar. Adamlar güýjüň bardygyny duýsalaram, şol güýje daýanýan adama uýanoklar, sebäp ol adam diňe zorluga daýanýar. Adamlar zorlugy halamaýarlar, ol adamdan gorkýarlar, emma ony sylanoklar. Sylag bolmadyk halatda, ony goldaýan güýje-de sylag bolanok.
Ikinji bir adam arkasyndaky duran güýji öz häsiýetine, öz bolşuna siňdirýär, tabyn edýär. Peleň aga şeýle adamdy. Ol öňi bilen sada daýhandy, soňra oba şurasynyň başlygydy.
Agahanda baýlyk bardy, Peleň agada paýhas. Bu iki güýç gapma-garşy duranda, garyp-gasar köplenç Peleň agaň paýhasyna bil baglaýardy, sebäp Peleň aganyň olardan aýrylyp gitjek ýeri ýokdy.
Gaýraty oba şura jigit edip alanam Peleň aga. Ol mahal Gaýratyň on alty ýaşy bardy. Ilkibada Agahan muňa biperwaý garanam bolsa, soňabaka gozgalaňa düşüp ugrady. Peleň aga Gaýraty üç ýola şähere okuwa iberdi, hatly-sowatly etdi. “Ol Gaýraty öz ýerine taýýarlaýarmyş” diýdiler. Agahan muňa ynandy. “Gaýrat meýletinlik bildirip, goşun gullugyna gidende, Peleň aga ony otla mündürip gaýdanmyş” diýdiler. Asyl olaryň arasynda bolan gürrüň derrew oba ýaýrady.
Peleň aga: “Sag-aman dolanyp gel bakaly, mende bir pikir bar, şony etmesek bolmaz öýdýän ─ diýipdir. ─ Şuralyga seni saýlaýsak diýjek”.
Gaýrat: “Sizden gowy başlyk bolmaz, Peleň aga” diýipdir.
Peleň aga: “Şura hökümetine namaz okamaýan adam gerek ─ diýenmiş. ─ Iň bärkisi, Gaýrat, oglum, meň sowadymam ýok, özümem bir daýhan adam” diýipdir.
Gaýrat şonda-da “hä” diýmändir, gaýta: “Hökümet – işçi-daýhanyň hökümeti, Peleň aga” diýipdir.
“Bilýän, oglum, bilýän, ýöne şura hökümetiniň agzasy boljak bolsaň, onuň aýdanyndan çykmaly däl. Men weli, bäş wagtymy yrman namaz okaýan. Şura gelmänkä-de okaýardym, indi bi ýaşdan soň taşlap biljek däl. Indi taşlaýsam, il-gün näme diýer: “Bi goja azyp ýör” diýerler”.
“Okaber, kim saňa okama diýýär?!.”
“Şura başlygy namaz okaýar” diýip, arza ýazýarlar, oglum”.
Peleň aga basmaçyň okundan öldi. Halk arasynda adamyň ölümine begenseň halanmaýar. Şonuň üçinem: “Duşmanyň ölümini diländen, başyň saglygyny dile” diýýärler. Emma Agahan bu ölüme begendi. Dogry, ol begenjini daşyna çykarmaga howlugmady, gaýta, neberesine baş bolup, Peleň agaň ýasyna bardy.
Peleň agany tutuş oba jaýlady. Goňşy obadan gelenleriň aňyrsy-bärsi ýokdy. Mähelläniň köplügi aradan çykan adamyň mertebesini kesgitlese, tabydy egninde göterip, bulut ýaly süýşüp barýan halkdan Agahan gorkdy. Şu güne deňiç neneňsi güýç bilen ýüzbe-ýüz bolup ýaşandygyna göz ýetirip, dogrusy, haýykdy. Häzir Peleň agaň jesedini jaýlamaga barýandyryn öýtmedi, şol ägirt howpy jaýlamaga barýandyryn öýtdi. Ýas onuň üçin dabara öwrüldi.
Salkyn otag Rahmanyň ýadaw bedenine hasam argynlyk berdi, onuň ukusy tutdy. Emma ony ýatmaga goýmadylar. Ilki bilen-ä Ýazja gapydan asylgy duran gulpy şakyrdadyp bizar etdi, gulplap bilenokdy.
Rahman:
─ Arrygyňy gynap durma, meň gaçyp gitjek ýerim ýok ─ diýdi.
─ He-he, tapdyň erni suwlyny! Size ynam bolmaz. Gapyda gulp bolmasa, walla, seň tussagdygyňy kim biljek?! Herki zady öz kadasy bilen etseň gowudyr, halypa.
─ Edeweriň, maksadyňyza ýetipsiňiz. Peleň agaň otagyny tussaghana öwürdik diý-dä!
─ Peleň agany ýakyn tutunan bolşuna seret, heh! Beýdip, biziň gözümize çöp ataryn öýtme. “Peleň aga bolan bolsa, gulp astynda saklamazdy” diýjeksiň. Saklardy! Peleň aga pakyr akylly adamdy, döwrüň üýtgänini bilerdi. Agahan öň şura häkimiýetine dişini gyjap gezdi, indi weli, eline ýarag alyp, ata çykdy. Sen indi Peleň agaň döwründäki Rahman dälsiň, rast Agahanyň yzyna düşýärmiň, hökman adam ýarmagy öwrenmeli. Gaýratam şeý diýýä.
Rahman gaýdyp oňa gep aýtmady. “Ýazja dagy üýtgäpdir” diýdi. Olaryň üýtgänini, ellerine tüpeň alanlaryny geň görmedi. “Gaýrat mamla ─ diýdi ─ indi Peleň agaň döwründäki Rahman ýok”. Ol bu sapar çöle gidip, çopan taýagyny götermedi, ýarag göterdi. Ýarag adamlaryň arasyny bölýär. Elinde ýarag saklap duran adam paýhasa daýanmagy halamaýar, ol ýaraga daýanmagy endik edinýär. Ýarag oba adamlaryny biri-birine duşman etdi, olaryň arasyndaky ynamy ýoga çykardy. Eger Rahman Gaýrata: “Agahan obany ýangyna bermek islänok” diýen bolsa, ol ynanarmydy? Elbetde, ynanmazdy. Ynam bolan ýerde duşmançylyk bolanok. Duşmançylyk bolmadyk ýerde ýaragyň nämä derkary bar?! Emma Agahanam, Gaýratam ýaragyny goýmaga meýilli däl. Şonuň üçinem ynam ýok. Ynam diňe eneleriň kalbynda ýaşaýar. Diňe Dürnabat üýtgemändir.
Salym geçmänkä, daşardan Dürnabadyň sesi eşidildi.
Dürnabat şuranyň jaýyna bakan haýdap gelşine hem sojaýardy, hem käýinýärdi.
─ At ýitiren, kellesi kesilmedik, Gurbantäjiň diýeni bir dogry bolsun, onsoň görersiň meň oýnumy... Tüpeňiňi eliňden alyp, edil maňlaýyňa bererin!
Ol şuranyň jaýyna ýetmänkä, ýele tarapky ýeke gapynyň öňünde dikilgazyk bolup duran Ýazjany gördi. Edil gorpuň gyrasyna gelen ýaly gorky bilen togtady, duran ýerinden butnaman gygyryp başlady:
─ Aýu-u, “Gaýrat Rahman neressäni gulp astynda saklaýarmyş” diýip, oba dowul ýaýrady, çynmy beri?
Ýazja töwerekdäki boşlukdan haraý gözleýän ýaly, özbaşyna aljyraňňy hüňürdedi.
─ Men geplemeli däl-ä, postda durun... ejeme düşündiribem bolmaz, ýa’k, walla...
Dürnabat ot aldy:
─ Aýu-u, lal açdyňmy?.. Ýeri, oba şura Rahmany sen alyp gaýtmaňda, başga adam ýokmy? Gaýrat näme diýdi?.. “Gaýrat oňa: “Kolhoz bolmaga söz ber” diýipdir. Rahmanam: “Etimi dogram-dogram edäýiň, kolhoz bolman” diýipdir. “Kolhoz bolmasaň, ine” diýäge-de, o görgüsi ýamany bendi edip goýanmyş” diýip, Gurbantäç heňkirip ýör. “Saňa it ynansyn!” diýdim... Waý, bu at ýitireniň bolup durşuny gyz!
Dürnabat ogluna tarap haýdady. Ýazja haýbat bilen:
─ Eje, dur! ─ diýip gygyrdy. Olaryň arasynda entek taýagatym meýdan bardy. ─ Eje, öwlüýä jan kessin, men postda durun.
─ Äl, meň jynazama duransyň-ow!..
─ Adam ogly meň ýanyma gelmeli däl.
─ Pis açmadygyňa belli.
─ Eje, häzir meň diýenimi etseň, ertir tamdyroduna gidip bereýin. Aldadanam ─ her zat!
─ Saňa derek ataň gitdi, utançsyz.
─ Eje diýýän!.. Göreňokmy meň elimdäki tüpeňi?!. Birden atylaýmasyn.
─ Bir kemiň ejeňi atmakdy, indi şonam edäýseň...
─ Ýanyma gelmedejik aýdaýsana, eje jan, näme diýjek?
─ Hany Rahman?
─ Tussag otyr, boşadylar öýtme, gaýt yzyňa. Eje, saňa diýýän, şo çyzykdan bäri geçme!
─ Gatam geçerin!
─ Geçmersiň!
─ Hany şo “çyzyk” diýýäniň, kellesi kesilmedik.
─ Iki ädim öň ýanyňda.
─ Ine, geçdim ─ Dürnabat ýylanyň üstünden ätleýän ýaly aýagyny ýokary galdyryp, dabanyny patyladyp ýere urdy. ─ At, atýan bolsaň...
─ Hä’k, ejem bolaýýaň!..
─ Şeýdip ile masgara etjegiňi bilen bolsam, wah, şo mahal kelläňi samana sokardym-a...
─ Ýa’k, ejemi, başarmajak zadyňy aýtmasana, meni gowy görýäň-ä... Bar, indi öýe gaýt... Men postda durun, düşünýäňmi şoňa?! Adam ogly bilen gepleşmäge hakym ýok, otrýadyň düzgüni şeýle.
Dürnabat gapydan asylgy agyr gulpy şakyrdadyp:
─ Aç bi artyby ─ diýdi.
─ Açman! Açary ýok. Açar gerek bolsa, bar, Gaýratdan sora. Eje, jan eje, durma bu taýda. Görseler, seni şura hökümetine duşman hasap ederler.
Dürnabat şakyrdadyp gapyny çekdi.
─ Rahman, aýu, Rahman...
─ Tussag bilen gepleşmek gadagan!
─ Ýuwaşrak-la... Rahman-u... Wah, ses berýän ýok-la, jany bir sagmyka?
─ Itdenem sag.
─ Onda näme ses berenok?
─ Ýatandyr-da.
─ Çaý-çörek bir berdiňizmi?
─ Baý guýrugyny naharlamak maňa galmandyr. Men otrýadda nyzam öwrenýän. Bujagaz tüpeňe seret, edil suw ýalydyr, gaty daşa dürýär. Agahanyň haýatynda guş oturan bolsa, ine, şeýdägeden, gaýdyryp bolýar...
─ Çeneme, o hazan atylaýmasyn!
─ Basmaçydan başga zada atmak gadagan. Bi tüpeňi diňe düşünjeli adamlara berýäler, özüm gol çekip aldym. Torla bermediler. “Ana, mekdebe gatnamasaň!” diýdim. Ýalbaryp dur, onsoň hyrlymy berdim. Eje, hany, gapyň agzyndan aýrylsana... Nirede durmalysyny görkezeýin... Bir, iki, üç, dört, bäş... Bäş ädim. Ejem bolaňsoň, şu ýerde durmaga rugsat berýän, çaltrak, çaltrak bol!
─ Oglum, meň diýenimi et, ýörüň, ikiňizem alyp gideýin, naharlap goýbereýin. Ertirki çykyp gaýdyşyň, senem açsyň. Etlije şüle etdim, iýip, doýup bilmersiň... Aýu-u, Rahman, turaweri, senem dişiň kirini açan dälsiň.
─ Eje, seň synpy düşünjäň ýok!
─ Rahman, içiňde janyň bolsa, “hä” diýewer. Öýüňem heniz-ä çaşyp ýatyr. Tüýnügini galdyrmaly, kömekçi tapamok. Ýaran baý “gorkýan” diýdi, kerruh oglunam iberip bilmedi. Olardan saňa hossar bolmaz. Hernä, meň sözüm gulagyňa ilýändir-dä?..
─ Eşidýän.
─ Wah, şeýdip barlygyňy bir bildir.
─ Tussag bilen gürleşmek gadagan! Saňa diýýän, eje!
─ Gulagymy gapdyň-la, aňyrrakda gygyr. Rahman, saglyk bilen ertire çyksak bolýa, öýüň gümmez ýaly tegelenip oturar. Wah, bu gün indi giç boljak, ýogsa, bi gapdalymda duran at ýitireniň kakasy gelerem weli...
─ Medet aga şo düýäni eýesine tabşyryp gelsin-le.
─ Wah, muň alada edýän zadyny...
─ Eje, “üç” diýýänçäm aýrylmasaň!.. Bir...
─ Düýäň ýatakda daňylgy dur. Men etlije şüle bişirdim, Rahman.
─ Iki...
─ Sen bulardan gaty görmegin, Rahman, hemmesi düzelişer.
─ Üç!..
─ Seň garypdygyňy öňýeten bilýär.
─ Eje, “üç” diýýän!
─ Heňkirme-le.
Ýazja özlerine tarap gelýän Torlyny gördi.
─ Eý, Torly, men saňa buýruk berjek: eň-de, biziň öýümize bar, kakam gelen bolsa, neme diý... “Ýaşuly, derrew aýalyňy alyp gaýt ─ diý. ─ Otrýadyň adyndan aýdýan” diý... Eňiber-dä, näme tomaşa gören ýaly agzyňy açyp dursuň?!
Torly gülýärdi.
─ Sen bi bolgusyz gülkiň bilen otrýadyň abraýyny gaçyrýaň. Gel, meň postumda dur, men Gaýratyň ýanyna girip-çykjak. Hol çyzykdan bärik bir adam goýberäýseň... “eşitmedim” diýme!..
Ýazja Gaýratyň ýanyndan dolanyp gelende, ejesi giden ekeni.
─ Bäh, meň ejemi nädip ugratdyň, Torlym?
─ Özi gitdi... “Nahar getirjek” diýdi.
─ Wah, meň ejem gowudyr-la... Sen nirä ugradyň?
─ Gaýratyň ýanyna. “Kösäň nirdedigini bil” diýdi. Bildim, bilenimi aýdyp gaýtjak.
─ Köse nirde ekeni?
─ Köse nirde bor, ussahanasynda.
─ Gözüň bilen görüp gaýtdyňmy?
─ Görlen ýaly göräý. Sykylygyny eşitdim. Men oňa ummadan belet. Yzyny üzmän sykylyk çalsa, ýanynda gümür-ýamyra adam ýok hasap edäý. Nobat ussa-da şeýledi.
─ Halypa, bu deliliň Gaýrat üçin az bolaýmasa?..
Torly ägirt buýsanjy elinden gidip barýan ýaly, janygyp jogap berdi:
─ Seň ne işiň-aý?! Näme aýtjagymy bileňok, ýöne bir zat diýen bolup goýberýäň. Ynanar! Köse ilki “Elden gideri” çaldy, soňam “Aýjemal” bilen “Alagaýyşlyny”. “Apata” başlanda-da, gaýtdym.
─ Ine, muňa “hä” diýýän!
─ Diýmän bir gör! Zalywat, gaty ýeser çalýa, henizem çekijiň sesi gaty, eşitdirenok.
Ýazja Torla-da ynandy, ussahanada Kösäniň ýekedigine-de ynandy. Edil häzirki pajygaly pursatda Kösäniň näme sebäbe ussahanasynda ýeke oturandygyny Torludan sorasaň bilmez, emma Ýazja bilýär. Ýazja bilýändigine-de biraz buýsandy, özüni beýleki ýigitlere görä Gaýrata ýakyn hasap etdi. Gaýrat oňa syryny ynanýar, sebäp Ýazjanyň synpy düşünjesi beýlekileriňkiden artykmaç. Oňa Gaýratyň söbükbasary diýseňem boljak. Gaýrat goşun gullugyndan oba dolanyp gelende, ilkibada onuň ýanyna baran kim? Ýazja! Gaýrat köne otrýady dargadyp, täze otrýad gurup başlanda, oňa häli-şindi maslahat beren kim? Ýazja! Ýazja köp zat bilýär! Otrýadyň işine Kösäniň goşulmazlygyny, hut, Gaýratyň özi raýondan haýyş edipdir. Gaýrata “hä” diýlenem bolsa, bary bir raýon işgärleriniň arasynda Kösäniň goldawynyň bardygyny Gaýrat Ýazja bireýýäm duýduryp goýupdy. Umuman, raýonda Kösäniň işini başaryp-başarmazlygy hakda dil ýarylman, Gaýrat bilen diňe obada şura häkimiýetini mundan bu ýana-da berkitmek barada gürrüň edipdirler.
Indi obanyň üstüne howp abansa, Köse elini çoýýar. Ol häzir ussahanasyna işsiz oturmakdan ireni üçin baran däldir. Onuň çekijiniň sesinde many bolmaly, özem iki hili many bolmaly. Biri Gaýrat üçin, beýlekisi Agahanyň tarapdarlary üçin. Ýaýyň kirşi kimin dartylan häzirki pursatda çekijiň sesi Gaýratyň gulagyna Kösäniň heşellesi bolup eşidilmeli. Agahan bolsa, ol sesden duýduryş almaly: “Seniň garşyňa çykjak güýje meniň dahylym ýokdur!”
Ýazjanyň bu inçelikleri bilýändiginden Torlyň habary ýok, habary bolsa: “Seň ne işiň-aý?!” diýmezdi.
Ýazja ýene Torlyny saklady.
─ Howlukma ─ diýdi. ─ Gaýratyň ýanynda ejesi otyr... Baýlar-a guduz açyp başlady, Torlym. Aýylganç habar gelipdir, sen entek eşiden dälsiň.
─ O nähili habar?
─ Menem Gaýratdan eşitdim. Basmaçylar okuwa barýanlary ele salyp, telim adamyň läşini serip gidipdirler. ─ Ýazja ýapyk gapa garap, agzyndan çykjak söz diňe Rahmana degişli ýaly, gahar bilen dowam etdi. ─ Gül ýaly oglan-gyzlar ölüpdir. “Topraga dözer ýaly däl” diýdiler.
Torly bada-bat:
─ Agahan edipmi? ─ diýdi.
Ýazja jabjyndy:
─ Gapyň aňyrsynda ýeser ýigit otyr, şondan sora! ─ Ýazjanyň tüpeňiniň gundagy gütläp gapa degdi. ─ Agahanyňam ýöne gezmeýäni belli zat! ─ Ol ýüzüni gapa diräp, hötjetligine tutdy. ─ Eý-ý, halypa, sen kän zat bilýänsiň weli, bizem bi taýda molla bolandyrys. Gören-eşideniňi ýekän-ýekän aýtmasaň, walla, öläýseňem çykmarsyň.
Ol aýgydyny hereketi bilen tassyklaýan ýaly gapa arkasyny berip oturdy, ýöne köşeşmedi.
─ Dürnabadyň gykylyk edeni bilen boşaryn öýtme. Olaryň synpy düşünjesi ýok, şoň üçinem “boşat” diýýäler. ─ Ýazja içerden Rahmanyň jogap bererine garaşýan ýaly, biraz diňşirgenip oturdy. Soňam belli bir adama ýüzlenmän, özbaşyna käýinip dowam etdi. ─ Ýeri, bi Gaýratyň ejesine näme gerek, şo dagy düşünjeli bolmal-a! Barsam, olam Gaýrata ýalbaryp otyr. “Öý getiren bolsa, azar berme, diksin, maşgalasyna eýe bolsun ─ diýýä. ─ Ýogsa, kişiň maşgalasy dulumyzda otursa, oba arasynda gelşikli däl” diýýä. Käşgä ony Gaýrat zorluk bilen elten bolsa... Haraý isläp barypdyr, wessalam!
Rahman içerden hemle atdy.
─ Lal bol!
Ýazjanyň köhi geldi.
─ Ha-ha!.. Gör oň ýelini!.. Asman pakyry şo ýagdaýynda ýeke taşlap gidýä, ýene biz lal bolmaly!..
Rahman gapyny depdi. Urgy edil ýagyrnysyna degen ýaly, Ýazja böküp turdy-da, tüpeňini gezedi.
─ Eý, dälireme. Sen adamlaryň başyny kel-kele goýýaň, onsuzam dawa-jenjel gyt däl. Mamur ejäň aýdýany, eýse, ýalanmy? “Bize düşünmezler” diýýä. Dogry! “Haraý isläp geleni penalady” diýmezler, ýagşylygy ýamanlyk saýarlar” diýýä. Gaty dogry! ─ Ýazja birdenem Torla jabjyndy. ─ Seň kikirdiň näme-aý, sem bolsana!.. Bolmanda-da, ýagşylyga bada-bat düşünilýän bolsa, munça tut-da-baslyk bolarmydy?! Gaýrat dogry aýdýa: “Bi halky açlyga, zorluga, süteme öwrenişdiripdirler, indi biz muny ýagşylyga öwrenişdirmeli ─ diýýä. ─ Ýagşylyk üçinem pida çekýäs” diýýä. Ýagşylyga düşünmeseler näme? Ediljek düýnüň özünde Gaýrat ikimiz üç hojalygyň gapysyndan baryp, pul berjek bolýas, alanoklar. Gaýrat: “Tohumy baýdan dilemäň, satyn alyň” diýýä. Ýaýdanyp otyrlar. Kömek alsalar, kolhoza girmeli bor öýdýäler. Dogry-da, “Erteki hakykata öwrüldi” diýseň, kim ynanar?! Ertekiden başga ýerde ýagşylyk bardyram öýdemzok... Ýeri, bolýa-da... Gaýrat ejesine gönüsini aýtdy: “Häzir Rahmany boşatmaga hakym ýok” diýdi. Torlym, ýaňy özüň gördüň, menem ejeme şeý diýdim gerek. Gaýrat ikimiziň sözümiz hemişe bir çykýandyr görseň!.. Gaýratyň ýanyna baryber indi, ejesi gidendir.
Torly gidenden soň, Ýazja Rahmana azar bermedi. Rahman köne keçäniň üstüne süýndi, emma bedeninde argynlyk duýmady. Ýazjanyň aýdan habary ýene çöldäki bolan wakalara bendi edip goýdy. Dogrusy, Rahmanyň Ýazja gözi gitdi. Ýazja ýarag oýnasa-da, entek adam öldüren däldir. Belki, ykbal ony bu aýylganç synaga hiç mahal duçar etmez. Emma Rahman üçin beýle mümkinçilik gutardy. Ol Ýazjany bagtly adam hasap etdi. Ol bagta gözi gitdigiçe, özüni şonça-da betbagt saýdy. “Ýöne şol bagty saklamak Ýazja kyn düşer” diýdi. Onuň elinde ýarag bar, eli ýaragly adamlar hemişe betbagtlyga golaý bolýarlar. Şol howpy Ýazja duýdurasy geldi, sähel salymdanam başarmajagyna göz ýetirdi. Munuň sebäbi häzir olaryň elinde bendi bolup oturany üçin däldi. Ýok, Rahman özüniň ganhor däldigini neneňsi ýol bilen aklajak bolsa-da, ölüm diýen aýylganç zadyň manysy ony jeza çekmäge kaýyl edipdi. Ol häzirki bendiliginem şol jeza ýöňkedi. Bu taýda başga sebäp bardy. Onuň Ýazja duýduryşy öz başyna düşen betbagtlygyň mysalynda bolmalydy. Şol betbagtlygy ýaňzytmagyň özi Rahman üçin daýysyny şura hökümetine satmakdy. Ol şeýle edäýse, soň hiç bir delil bilen ynsabynyň öňünde özüni aklap bilmejekdigine düşündi.
Rahman dil ýarmady.
* * *

Ýazja ejesiniň garasyny görmänkä, onuň haşşyldysyny eşitdi.
─ Wah, ejem jandan aýlanaýyn! ─ diýip, oňa tarap ugrady.
─ Alsana elimdäkini, demim sogruldy-la.
Ýazja ejesiniň elinden halta dolanan gazany aldy.
─ Hä’k, bi gurbany boldugymyň ysyny! ─ Ýazja dodagyny şapbyldadyp, sülekeýini ýuwutdy. ─ Şüle iýmänime on aý bolandyr. Gyzgynjagy bilen getiripsiň, eje, ömrüň uzak bolsun!
─ Öňki edenimi iýip gutaraýsalar nätjek... Eý-weý, ysgynym gaçaýdy, hazan... onsoň oturyp... siz üçin... täzeden etdim-dä, eý-weý...
Olar gapyny açyp, içeri girdiler.
─ Gabra giren ýaly-la, hany, çyraňyz bolmazmy?
─ Häzir, häzir... Hemmesem bolar.
─ Düzgüniňiz gursun! “Öýe baryp, allanäme iýip gaýdaýyň” diýdim.
Ýazja penjiräniň öňünde goýlan pelteli çyrany ýakdy. Solaksy şöhleden soň, pelteden galyp ugran ajy tütüniň ysy içerik ýaýrady.
Dürnabat gözüni kölegeledip, dula garap durşuna:
─ Şo ýatan Rahmanmy onsoň? ─ diýdi.
─ Hawa, şo ýatan-a Rahman bolmaly.
─ Aýu-u, Rahman... tur oglan, birki agyz çörek iý.
─ Işdäm ýok, Dürnabat daýza...
─ Ýeri, ýeri... men-ä ýörite seni naharlaýyn diýip gelýän.
─ Tur, haw, sen iýmeseň, bize-de berjek däller şuny.
Rahman Dürnabada boýun synmaly boldy.
─ Men-ä çanagam getirip durmadym.
─ Wah, eje, çaltrak gazany bäri alsana.
Olar Dürnabadyň beren el ýaly çöregini alyp, kiçiräk gazanyň daşyna aýlandylar. Ýakymly bug burnuna uranda, Rahmanyň işdäsi açyldy, ajyganyny duýdy.
─ Eje, özüňem haýdaber.
─ Maňa sizden galanam bolar, iýiberiň.
─ Wah, zat galar öýdemok.
─ Meň aladamy etmäň, garnyňyzyň doýanyny biliň.
Dürnabat olary yhlas bilen synlady, synladygyça-da göwni kanagat tapdy. Olar bir gazanyň başyndan duz iýip otyrlar, şeýle-de bolmaly ahyry!
─ Rahman, seň iýşiňi gowuşgynsyz görýän, oglan.
─ Iýýän-le, daýza.
─ Nan iýeňde dünýäni gaýgy etmegin, hemme zat düzeler gider ─ Ol gara çemçe bilen Rahmanyň öňüne şüle sürdi. ─ Enşalla, janymyz sag bolsa, öýüňem ertir dikeler. Uk baglary daňyşdyryp, taýýar edip goýdum. Selimiň heleýi bilen Nuryň gyzy “kömek ederis” diýdiler.
─ Eje, kakam geldimi?
─ Gelenok.
─ Onda çerkeze gidendir.
─ Şo eşegem bir çerkez göterermi, maýryk haýran! Ýeriňizem-ä sürülmän ýatyr.
─ Süreris ony, arkaýyn bol, eje!
─ Hä, saçagyň başynda siziň etmejek işiňiz bolmaz. Kakaňdan-a kömek ýokdur, öten agşamam “bilim” diýip, ýatyp bilmedi.
─ Kakama azar bermeris, eje, özümiz ederis. Şura hökümeti ýer berdimi, ony sürersem, ekersem!
─ Sürjegiň, ekjegiň çynyň bolsa, ol artyp galmyş tüpeňi azrak oýna.
─ “Tüpeňi taşla” diýmegin, eje... Al, how, etindenem iýiber. Şuraň beren ýerine dişini gyjap ýören köp, tüpeňsiz bolsaň, bilýäňmi?.. Eje, ýaňky, ol... “Nuryň gyzy” diýdiň weli, oň gyzy üç dagy bardyr-la, haýsysy “kömek etjek” diýdi?
─ Ulusy diýdi.
─ Äý, şeýlemikä-de diýdim-le. Öten ýyl saňa keçe gülleşenem Gülje dälmidi?
─ Hany, öňüňdäki naharyňy iýsene.
─ Wah, naharyň gaçyp gitjek ýeri ýok-la... Uly gyzy kömek etjek bolsa, asyl, janyň dynaýar. Arada degişip... Nuryň beýleki gyzlaram alçakdyr weli, ulusy hasam... neme diýýä: “Nädip jigileriň adyny ýalňyşman aýdýaň?” diýýä. Menem: “Wah, ýigrimem bolsa, olaň adyny aýtmak aňsat-la, ýöne maňa bir kişiň adyny aýtmak kyn düşýär” diýdim.
─ Sammyldaman otur, utançsyz... Öňde bir gyzyň “göleli sygyr” diýenine barjak.
─ Eje, ertir öýüň tüýnügi meň boýnuma, ýeke özüm galdyraryn.
─ Tüýnügiň golaýyna-da barmarsyňyz. Siz, Gaýrat başlyklaýyn, temegiňizi göge tutuň-da geziberiň. Ýagşam bir adam tanaýan ekeniňiz. Eger-de şu Rahman baý guýrugy bolýan bolsa, onda senem Meret ýetimiň guýrugy däl. Rahmanyň ejesine men belet! Ol pahyra baýlaryň görkezen hunabasymy!!! “Guýruk” diýip, Rahmany kimiň syrtyna ýelmeseňiz ýelmäň weli, ýöne Agahanyň syrtyna ýelmäp bilmersiňiz. Asyl, ýelmetmenem! Baýam gursun, Hudaýym, guýrugam! Ýok zat tapýalar... Rahman, gaýra çekilme, iý, iýsene...
─ Taňryýalkasyn!
─ Waý-eý, doýup aýrylsana...
Rahman saçagyň burçuna elini süpürip oturyşyna Ýazja ýüzlendi:
─ Eşitmedim diýmäň, ertir meni şu ýerde oturtmarsyňyz. Depip gapyňyzy ýararyn weli, çykaryn!
─ Şeý diý-ä! Sen şura hökümetine pitjiň atma!
─ Men şuraňam bilemok, zadyňam! Gabra giren ýaly bolup, bu ýerde oturmajagymy aýdýan.
─ Bäh, çykyp, näme etjek?
─ Näme edemde, saňa näme? Medet aga bilen ýer sürjek. Meni saklasyň gelýän bolsa, şo meýdanda saklaý. Tüpeň oýnap, aç galjak, işigaýdan!
─ Weý-weý, eje, muň diýip oturan sözlerini eşidýärmiň?
─ Eşidýän, gaty akyl söz aýdýa!
─ Eje, sen goşulma!.. Eý, halypa, otrýad boşatmagy makul bilmese, sen ho ýerigem aýagyňy ätmersiň! ─ Ýazja eliniň ýagyny dyzyna çalyp, ýerinden turdy-da, söýelgi duran tüpeňine ýapyşdy. ─ Eje, göter gazanyňy!
─ Içindäkini bir iýiň, it-de-pişik bolup geçmişler!
─ Dawa it bilen pişigiň dawasyndan ulurak, synpy dawa barýa! Saňa-da düşünerçe wagt boldy, eje! Bäh, seret-le!.. Biz muňa ganym duşman ýaly-aýt! Gaýrat ýaňy “edil öňki bolşuňyz ýaly boluň” diýýä. Öňki Ýazja, öňki Rahman. Ýeri, şeýdip dursa, nädip bolarsyň?! Tüpeň çenäp, seni gorkuzjak bolamok, ýöne, halypa, obada ýaşajak bolsaň, şura hökümetine “hä” diýmeli borsuň. Ýaňy men Gaýrata-da şeý diýip aýtdym.
Dürnabat käýinip, gapydan çykyp barýarka, ogluna azgyryldy:
─ Nätseňizem şol öý-ä ertir dikeler, göreli bakaly!..
Dürnabat gideninden soň, Ýazja gapydan gulp asdy, asyp durka-da öz-özüne: “Sen Gaýratyň tabşyrygyny berjaý etmediň” diýdi. Zeýrendi.
“Men şo öňki Ýazja. Dürnabat bilen Medet ýetimiň ogly, üýtgän ýerim ýok. Hawa, otrýada girdim, hyrla derek täze tüpeň berdiler. Şuraň tüpeňi, basmaçy sowlar, ýene gaýtaryp alarlar. Käşgä maňa ummasyz pul beren bolsalar... Ine, Rahmanyň üýtgäni weli hak!..”
─ Eý, halypa, sen üýtgäpsiň, öňki Rahmana asyl meňzäňok. Wah, ejeme nebsim agyrýa, ol pakyr seni henizem şol öňki Rahmandyr öýdüp ýör. Synpy düşünjäň bolmasa, gijelik ýaly daş-töweregiň tüm garaňky.
Rahman jogap bermedi. Asuda ýaz şemaly şüleden garny doýan Ýazjanyň kalbyna ýakymly asudalyk getirdi. Açyk asmandaky ýyldyzlar oňa garagolluk bilen göz gypdylar. Ol ýene Nuryň uly gyzyny göz öňüne getirdi. Ertir onuň öý salyşjagyna begendi, ony synpy düşünje taýdan galaklykda aýyplamady.
─ Eý, Rahman, ejemiň “göleli sygyr” diýenine düşündiňmi? Gapa golaý gel, aýdyp bereýin... Öňde biriniň ötmän oturan gyzy bar eken. Eşidýäň dälmi?.. Bir günden bir gün ýaňky gyza söz aýdyjy gelenmiş. Ene-atasy: “Gyzymyzyň bir göleli sygyr bahasy bar” diýipdir. Gyz görgülem gapyň aňyrsynda diňläp duranmyş. Pakyr şol sapar äre çykman öýtmändir. Sawçylaňam syrtyna sapan degen ýaly, şo gidişi diýýä, gaýdyp gara bermändirler. Gyz görgüli bir gün garaşypdyr, bäş gün garaşypdyr, bir aý garaşypdyr. Ahyry çydap bilmän, gyzyň özi: “Şol göleli sygyrdanam bir gürrüň etseňiz-le” diýipdir, ha-ha... Näme güleňok, haw? Men muny, hälki ýöne, güldürjek bolup aýdýan. Ýazja öýlenip bilmän ýörendir öýtme. Ejem kimiň gapysyndan baranda-da, boş gaýtmaz. Eýse, Nury aga guda bolmaz öýdýäňmi? Bolar! “Güljäň özüne sala salyň” diýerin. Şura hökümetiniň aýdýanam şol: “Gyzlaryň ykbalyny olaryň özi çözmeli” diýýär. Gowy-da! Men-ä razy, walla!.. Halypa diýýän-ä, bi, söýgüden süýji zat bolmajak ekeni... he-e-ehh!.. Söýşüp öýlenen, söýşübem ýaşar!.. Rahman, sen, halypa, Asmanyň göwnüne degme, nähak edýäň. Häzir Asman geler weli, men gideýin, gürleşiň. Gulak as, haw, ol pakyr sen diýip...
Edil gapyň ýeňse ýüzünden Rahman haýbat atdy:
─ Şoň adyny tutma diýdim!
─ Ýuwaş!.. Näme diýseň diý, ýöne Asman senden akylly. Ýalňyz galanda, barmaly gapysyny bilýär. Sen weli, tüýs betbagt!
─ Lal bol!
─ Eger diýlene gulak asmasaň, walla, Asmanyň gözýaşy garagyňy gapar!
Rahman gapyny depdi.
─ Dälireme, meň elimde suw ýaly tüpeň bar!
Ýazja gapyň öňünden aýryldy.
Neneňsi agyram bolsa, Rahman ahyry köpden bäri gorkup ýören hakykatyny boýun almaga mejbur boldy. Asmanyň öz aýagy bilen Gaýratlara baranyna şübhe galmady. Ol aýalynyň etmişine nähili baha berjegini bilmedi. Häzir “Asman maňa hyýanat edipdir” diýse-de ýa-da “Asman alaçsyzlyk zerarly mejbur bolandyr” diýse-de, barybir ýüregi kanagat tapjak däldi. Adatça, diri ýitgä garaşyp ýören adamlar umyt bilen ýaşanlaryny gowy görýärler. Ahyr bir gün ajy habar gelende, olar neneňsi aýylganç umytsyzlyga sezewar bolýan bolsalar, häzir Rahmanam şol duýgyny başdan geçirdi.
Şu pursat Asman bilen duşuşmak oňa sütemdi. Eger Gaýrat dagy şol süteme düşünip, göz ýetirip, Asmany onuň ýanyna iberýän bolsalar, olaryň çöldäki kellekeserlerden näme tapawudy bar?! Gaýta, bularyňky has aýylganç. Bular adamyň betbagtçylygyny görenleri bilen oňman, ony gyzan demre öwrüp, şonuň bilen adamyň ýüregini daglajak bolýarlar. Heý, şundan aýylganç jeza tapyp bolarmy?!.
Rahman Asmany kabul etmedi.

Dowamy: Janserek - roman / 15

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 121 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 garagar • 17:02, 12.04.2024
myhman aga, istikrarlylygyňa (şu söze türkmençe näme diýseň ýerine düşerkä?) sözüm ýokdur.
avatar
0
2 Mekan2 • 09:22, 13.04.2024
sawwol, sawwol. 
tutanýerlilik nire men nire, onda-da öwgüli söz eşitmek ýakymly, sawwol.
göz degmez ýaly, dowamyny indiki hepdäň ikinji güni paýlaşaýyn :-)
statistika seretseň-ä, kän okaýanam ýok, ýöne ýekeje kişi okaýanam bolsa meň üçin ýetik.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203