Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:48
Janserek - roman / 20
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 19]
* * *

Rahman obanyň rahatlygyna ynanmady. Gijäniň gorkuly asudalygy oňa wehim saldy. Sergin şemal onuň kiriş ýaly dartylan damarlaryny gowşatmady. Töwerekdäki ýakymsyz duýdansyzlykda awyna golaýlaşýan ýylanyň hereketine çalymdaşlyk bardy. Ýakynlaşyp gelýän howp oňa takyk wakanyň suratyny çekip berdi.
Çöl. Iki alaňyň ortasyndaky çöketlikde Asman ikisi dur. Hydyryň atlylary olaryň daşyna agyl bolup aýlanypdyr. Olaryň arasynda ne Agahan, ne-de şura başlygy Köse bar. Olar Rahman bilen Asmanyň ykbalyny bir topar ýyrtyja tabşyrdylar. Atlylar möjegiň açgözlüginde Asmana seredýärler. Olaryň ýüzünde albassynyň şekili, gözlerinde haram keýpe teşnelik!..
Rahman olara ýalbaryp ugraýar. “Asmany öz elim bilen öldüreýin, maňa pyçak beriň” diýýär. Hydyr içýakgyç gülküsini edýär, nökerler ony alyp göterýär. Olaryň gülküsinden ýaňa dünýä lerzana gelýär. Olar Rahmana pyçak berenoklar, asyl entek Durdy neresse olaryň ýadyndan çykman ekeni. Hydyr: “Pyçaksyz öldür ─ diýýär. ─ Bogup öldür”. Ol nejis Rahmana ezýet bermek üçin edýär. Ol Rahmanyň bogup öldürmejegini bilip aýdýar...
Rahmanyň bir aýagy boşluga gitdi. Göwresi salmanyň içine düşdi. Eli öl ýere batdy. Ýata suwy saklap ýatan salmanyň porsusy burnuna degdi. Ol çölde däldigine şükür etdi.
Il arasynda: “Mal eýesine çekmese ─ şumluk” diýen söz bar. Şonuň ýaly-da, her kim perzendiniň özüne meňzemegini küýseýär. Meňzeşligi köp halatda çaganyň daş sypatyndan gözleýärler, emma enäniň ýa-da atanyň keseli bilen dünýä inip, olara ömür taýdan meňzeýän çagalaram bar. Şol sebäplem: “Ömri meňzemäwersin!” diýilýär.
Häzir Rahman üçin esasy meňzeşlik bular däldi. Ol esasy meňzeşligi ykbala syrykdyrdy. Ol bir mahal kakasynyň saýlap alan çykalgasyny amatly gördi.
Betbagtlykdan gutulmak üçin obany terk etmeli, şu gije terk etmeli. Daň ataryna garaşsaň, soňra ahmyr etmegiň ähtimal. Herki howpy mahalynda duýmak ─ Allanyň ýalkadygydyr. Rahmanyň kakasy howpy duýany zerarly obany terk edipdir. Eger töwekgellige ýüz urup oturan bolsa, ýüreksöýen gyzyndan aýra düşerdi, Rahmanam dünýä inmezdi.
Betbagtlykdan baş alyp çykmaga ýeke ýol galan ekeni. Ol ýol Rahmanyň kakasynyň ýoly. Rahman ony şu mahala çenli görmändir, duýmandyr. Akmak nalajedeýin! Öz arygny har edip, kişi arygna zar bolan!
Rahman özüni näletledigiçe-de, bu ýola teşnelik duýdy. Elbetde, kakasy ir ölensoň, Rahman onuň keşbini göz öňüne getirip bilenokdy, ýöne häzir gapdalynda kakasynyň bardygyny duýdy, kakasy onuň goltugyndan göterýän ýaly, täsin bir ýeňillik Rahmanyň aýagyny ýerden üzdi. Ol ogluny çaltrak garaňky dünýäden alyp çykmaga howlugýar. Rahman hakyky hossaryna gowuşdy. Rahman kakasynyň ýoluna düşdi. Bu ýoldan gideni üçin ol öliň-diriň öňünde mamla. Bu ýoly Asmanam ykrar etmelidi.
Rahman gara öýüň bosagasyndan ätläp:
─ Asman! ─ diýdi.
─ Hä... geldiňmi? Ýeriň salyngydyr.
Aýalynyň biperwaýlygyna Rahman geň galdy.
─ Uky ýadyma düşenok, Asman!..
Rahman düýpde süýnüp ýatan Asmanyň dikelenini gördi. Tüýnükden düşýän Aý şöhlesi gözenekdäki tärimiň ýüzündedi.
─ Asman, şura başlygy Köse... Men Kösäň ýanyndan gaýtdym, Asman... Köse diýilýän adam Agahanyň elinde.
─ Gözüň aýdyň!
─ Meň näme diýjek bolýanymy diňlesene... Köseden oňňullyga garaşmaly däl diýýän! Ýazja neressäni kim öldüren bolsa, bir gapdalynda Köse-de bolmaly! Şeý diýip aýtdym, edil Kösäň ýüzüne aýtdym! Oba Agahanyň ygtyýarynda, ýene Agahan hojaýyn... ─ Asmanyň gymyldaman oturanyny görende, günä edip, onuň öňünde özüni aklajak bolýan adamyň oňaýsyzlygyny duýdy, gahary geldi. ─ “Şura, şura” diýip ýürege düşdüňiz, kethudasy Köse dälmi?! Ony daýym bireýýäm satyn alypdyr. Puluň, malyň öňünde şura hökümetem ejiz! Dur entek, gepleme, maňa gulak as! Siz, bilýän, “Gaýrat ─ diýjeksiňiz. ─ Ol saňa Köse däl, Gaýrat satylmaz” diýjekmi?! Satylmany üçin, hol-ha, türmede otyr! Şuraň türmesinde! Ha-ha, “Berim gökden ýol ýasar”, adama kepil geçmäň. Berim bilen dogany dogana duşman edilenini gördüm. Berim bilen Gaýraty türmä dykdylar!
─ Rahman, öz eden günämizi aýdaly, iliň günäsini aýtmaly.
─ Özüme “ak guş” diýjek bolamok, Asman. ─ Rahman aýalynyň alkymyna baryp, dyzyna çökdi. ─ Asman, men halys irdim, şu obada bir gün artyk ýaşamak ─ maňa jeza. Sen şu sapar maňa “hä” diýmeli, Asman. Agahanam baş-aşak gitsin, Köse-de! Men kakam pakyryň ýörelgesini bilýän. Göwnüm diýjek bolsaň, häzir, edil şu mahal göterilmeli!
─ Adam günäsinden gaçyp gutulyp bilmez, Rahman. Ejem pakyryň bir aýdany ýadyma geldi: “Günäsinden gaçan adamyň ýüzüne tüýkürseňem azdyr” diýerdi. Howlukma, gulak as maňa... Garyndaşlarymyzdan biri, olam Hümmet kysmy rehimsiz bolmaga çemeli, talabanyny urup, hakyt, ýetim neressäň bilini ýazdyraýypdyr. Soň hossarsyz görgülä bir döwüm çörek berip, idetmäň deregine, başga oba göçüp gidipdir. Ejem pakyr: “Ol günäsinden gaçaryn öýtdi” diýerdi. Il-gün oň etmişini ýatdan çykarar öýdüpdir. Gaýta, ýetimiň gözgyny ýagdaýyny gören adam gaçyp giden nejise nälet okapdyr. O neresse ölensoň, ýaňky adam gaýdyp geljek bolsa, oba ony kabul etmändir. Ejem: “Adam eden günäsini eden ýerinde ýuwmalydyr” diýerdi.
─ Seň aýdýanyň başga zat, Asman.
─ Biz günä etdik, Rahman, eden günämiz bizi goýbermez.
Rahman gyssanjyna aýalynyň elinden tutup özelendi:
─ Maňa sen gerek, Asman! Obada galsak, men saňa pena bolup bilerin öýdemok. Bu obaň eýesi Agahan, Agahan üçin sen ýagy! Köse-de meni ýigrenýär. Olar bizi ýaşamaga goýmazlar, özüm jähennem, men senden gorkýan!
Rahman aýalynyň elini silkip, jogap talap etdi. Eger aýalynyň dilinden rugsat eşitse, ony elinde göterip, diriň-diriň bökmäge taýýardy.
Asman howlukmady.
─ Sen meniň üçin gorkma, Rahman ─ diýdi.
“Ol mensiz ýaşajagyna ynanýar, ol meniň kölegäm däl! Onuň ýüregini daşa öwürdiler”.
Rahman dünýä injek ogluny Asmandan gabandy. Onuň kalbyna ýakymsyz duýgyny salan Asman. Şu etmişi üçin Rahmanyň aýalyna ezýet beresi geldi. “Sen oňa ärdigiňi duýdurmaly!”
Ol gap duldaky galdyrylgy ýapynjalary zyňyşdyryp, gara sandyga ýetdi. Äginmedi. Sandygyň agzyny serpip, içindäki geýim-gejimleri orta bulap urdy.
─ Bol, ýygna çaltrak!
Asman gozganmady.
─ Gyssanma, Rahman, öňinçä oýlanyp gör.
─ Oýlanmaga pursat ýok.
─ Saňa galsa, ähli zat ot-elek bolaýýar.
─ Tur ýeriňden!
─ Beýdip dyzynyp durmasana, otursana... Rahman, saňa bir zat aýdaýyn...
─ Aýtjak zadyňy bilýän, “gitmäli” diýersiň.
─ Hawa, şeý diýjek.
─ Diýme şony!
─ Ýok, diýjek! Sen Agahan bilen Kösäň gurduny gündiz uwlatjak bolma. Giden dessiňe olaryň etjek zadyny aýdaýyn: “Ýazjany öldüren Rahman” diýerler, uly ile jar ederler.
Rahman gorky bilen arkan serpildi. Häzir onuň öňünde Asmana derek jadygöý otyrdy. Ol ähli zatdan habarly, ähli kişiň ykbalynyň çözgüdini bilýän jadygöý. Ýas ýerinde Rahmanyň kalbyna dolan gorkudan onuň habary bolmaly. Şol gorkyny Rahmanyň kalbyna ýollanam, ähtimal, şuň özüdir?!
Ol seresap bilen:
─ Gabahat pikir nireden kelläňe gelýär, Asman?! ─ diýdi. ─ Beýle töhmet etmäge dilleri barmaz, meň Ýazjany öldürmejegimi bilýändirler. Olara kim ynanar öýdýäň?
─ Ynanarlar! Gep ─ herki zadyň wagtyny bilip aýtmakda. Şyltaga gezek gelende olar oňarýarlar, düşünerçe bolduň-la! Maňa “hä” diýmejegiň çynyň bolsa, bar, git-de göräý.
Paýhas Asmanyň tarapynda, ony diňledigiçe Rahman kiçelip barýandygyny duýdy. Şu pikirden boşajak bolýan ýaly hötjetlige ýüz urup gygyrdy:
─ Men indi ýeke gitmen! ─ Ol bar güýji bilen Asmanyň golundan çekdi. ─ Tur, men ýol tapdym, ýogsa biziň gulagymyz dynmaz!
Asmanyň göwresi öňe eňlip, ýüzi ýere ýetdi, ýöne boýun bolmady.
─ Sen meni gynama, Rahman.
─ Siz nädýäňiz?! ─ Rahman onuň iki goltugyna elini sokdu-da, galdyrjak boldy. ─ Tur, ýagşylyk bilen aýdýan, tur!
Asman garşylyk görkezdi.
─ Aýryl, meň ýola düşere ýagdaýym ýok, Rahman.
Aýalynyň sözi Rahmany oýlandyrmady, gaýta, bu ýagdaýy bäsdeşlik hökmünde kabul etdi. Aýaly oňa boýun egenok! Bu, eýse, erkek adam üçin baryp ýatan masgaralyk dälmi?! Eger şu sapar diýenini gögertmese, Asmanyň ony är hökmünde ykrar etmezligi ähtimal.
Rahmanyň gözi baglandy. Onuň dünýäsini tutuşlygy bilen özüne tabyn eden erjellikde şeýle many bardy: “Men Asmana ärdigimi görkezmeli, ýogsa men kakamyň ogly bolmaga mynasyp däl!”
Ol bu çaga pikiriniň dogrudygyny tassyklamaga delil agtardy. Birdenem kimiň öňünde özüni aklamaga delil agtarýanyna düşünmedi. Şonda-da, kakasynyň garyp çopandygyna garamazdan, baý gyzyny özi bilen ýat illere gaçyp gitmäge yrandygyny buýsanç bilen tassyklady. Rahman weli, öz aýalyny alyp gidip bilenok! Eger diri bolsa, kakasy oňa näme diýerdi?!
Ol ýaňadan Asmana topuldy, ony bada-bat ýerden göterdi.
─ Düş öňüme!
─ Rahman, gynama meni!..
Asman yza tesip, ýene oturjak boldy, emma Rahman oňa maý bermedi. Elinden çekdi, siltedi. Asmanyň agyr göwresi ojagyň gyrasyndaky gaty ýere gütüläp düşdi.
Asman iňledi. Rahman ony gapa tarap süýräp ugrady. Birdenem Asmanyň garşylyk görkezmeýänini duýdy. Garaňkyda duýdansyz maňlaýyna berlen adamyň alaçsyzlygynda gazyk ýaly bolup durdy. Eden işi beýnisine urdy, haýýaty göçdi.
─ Asman! Asman!..
Asmanyň ýalaňaç kellesini galdyranda, onuň sowuk dere batanyny duýdy.
─ Asman, näm boldy? Asman!..
Gyssanjyna Asmanyň göwresini dikeltdi. Bu mejalsyz göwrede oglunyň ýatandygy hakydasyna gelende, eden işiniň aýylgançdygyna göz ýetirdi.
Ol Asmany düşegiň üstüne ýatyryp:
─ Asman, Asman!.. ─ diýip gygyrdy.
Onuň özüni alyp barşynda çaganyň alaçsyzlygy bardy.
Asman ses bermedi. Onuň maňlaýyndan akýan buz ýaly der Rahmany aljyratdy. Aýalynyň çala dem alýanyny duýanda, edil syrylan gylyç kimin aýralygyň wehimi depesinden indi.
Ol atylyp öýden çykdy. Häzir dünýä ýüzünde onuň dadyna ýetişjek adam Dürnabatdy.
* * *

Dürnabat Asmanyň göwresinden aýrylan çagany gamyşa dolap, Rahmanyň eline berdi.
─ Wah, allanäme ogul ekeni.
─ Bilýädim-le.
─ Etjek alajyň ýok, öwez ogluny bersin! Hernä, enesi diri galdy, şoňa-da şükür et!
Rahman alaşasynyň ýüzüni öwlüýä tarap öwürdi.
Ol obadan saýlanyp, jylawy eýeriň gaşyna taşlady. Eýesiniň howlukmaýanyny aňan alaşa boýnuny sallap, maýdalyna gitdi.
Rahman umydyny, geljegini öz eli bilen jaýlamaga barýar. Bu ajy hakykat oňa ejizligi ündedi, ol ikirjiňlenmän kabul etdi.
─ Oglum!.. ─ Bu söz Rahmanyň dömüp duran ýarasyna temen bolup sünjüldi. Ol gözýaşa gark boldy. Onuň ýüregindäki ýaradan iriň akdy. ─ Oglum, seni ýagty ýalança indermedik men, kakaň, ganhor kakaň... Men jeza kaýyldym, ýöne seni elden gidererin öýtmändim, oglum. Ykbal öz ýazgydyna laýyk iş etdi, meň alajym ýok, ýogsa saňa derek ýagty ýalançydan men gitmelidim...
Ol ogluna çölde bolan wakany aýdyp berdi.
─ Men akmaklyk edipdirin ─ diýdi. ─ Ölümden gutuldym diýip begenmeli däl ekenim, ölmeli ekenim. Maňa derek sen ýaşardyň, kölegäm ýitmezdi.
Rahman gamyşy bagryna basym eňredi. Eňredigiçe-de, hesretiň bimöçberdigine düşündi. Näme-de bolsa, gözýaş birbada onuň ýüregine giňlik saldy. Gözýaş ogly bilen aralykdaky boşlugy doldurdy. Gözýaş gamyşy ezip durka, ol ogly bilen düşünişýändirin öýtdi.
─ Men saňa kakamyň adyny dakjakdym, oglum. Sen bi pany dünýäden atsyz gidýäň!..
Gözýaş birden kesildi. Ýene ýakymsyz gury agyry ýüregini gysyp ugrady. Kepän gabaklary gaýdyp nemlenmedi. Ol ýene ýowuz dünýä bilen ikiçäk galdy. Ogly aradan aýryldy. Bir düýrüm gamyş edilen jenaýaty subut edýän alamata öwrüldi.
Bu gamşyň arasynda Asmanyň mähri, yhlasy ýatyr.
Rahman kölegesini jaýlamaga barýar. Rahman mundan beýläk bu dünýäde kölegesiz ýaşamaly...
Bu dünýäde her kimiň öz ýörelgesi bolmaly. Rahman ýörelgesini tapmady. “Öz ýörelgäň bolmasa, ýagty ýalançyda işiň ýok ─ diýdi. ─ Sen Asmanam betbagt etdiň. Aýallar hemişe erkekleriň tapan ýörelgesi bilen gitmeli. Seniň ýörelgäň ýok, sen kölegesiz galdyň. Belki, Asman indi öz ýörelgesini gözlär?!.”
Rahmanyň göz öňüne dowzah geldi. “Jähennemiň ýüz künji bar ─ diýip gürrüň ederdiler. ─ O taýdaky doňaklyk şeýle bir aýylgançmyş... Şol sowukdan sähelçejik goýberseňem, dünýäň ýüzündäki jandarlar gyryljakmyş” diýerdiler.
Rahman: “Men dowzaha mynasyp ─ diýdi. Ol henize deňiç häzirki pursatdaky ýaly özüni dowzaha golaý duýmandy. Emma bu ýakynlyk ony gorkuzmady. ─ Asmanyň ejesi dogry diýipdir: adama günäsinden gutulma ýok ekeni”.
Rahman dowzahy özüne mynasyp jeza hökmünde kabul etdi.
Ol gumuň etegindäki öwlüýä ýetdi. Gonamçylygyň ortasyndaky gümmez oňa adamyň durmuş ýolunyň şu ýerde tamamlanýandygyny ýatlatdy. Rahman mundan öň obadaşlaryny jaýlamaga gelende, şu pikire maýyl bolup, böwrüni diňlärdi, oýa batardy. Häzir bu ýer onuň gözüne hesretli durmuşdan dynan adamlaryň mesgeni bolup göründi. Olar topragy başyna çekip, arkaýyn ýatyrlar. Olar üçin ýalançynyň dawa-jenjeli ─ bir aşyk! Olara hesretiňi düşündirmek üçin öňürti ölmelidi. Ölüm Rahmana arzuw bolup göründi.
Adatça, öwlüýäde duran adamlaryň öňünde ýaşaýşyň gadyry artmalydy. Adam adamyň göwnüne degmeli däl, birek-birege sarpa goýlmaly diýen pikir uzak dowam etmese-de, garaz, birbada ýüreklere rehim salýardy, emma Rahman dirileri küýsemedi. Dirileriň arasynda Asman galdy, ýöne onuň ýanyna gaýdyp barmaga-da gorkdy. Diriler oňa jenaýaty ýatladýardylar.
Tümmeklere basyrylyp ýatan meýdan oňa düşünmedi.
Rahman ogluna gabyr gazyp durka: “Eger meniň ykbalym oglumyňam maňlaýyna ýazylan bolsa, onda onuň häzir öleni gowy ─ diýdi. ─ Adam ýagty ýalança gülüp ýaşamaga, söýüp ýaşamaga gelmeli! Hesret üçin inenden inmäni gowy! Goý, soňra ejizlän güni ene-atasyna nälet okamasyn! “Meni azap üçin dünýä inderdiňiz” diýmesin!” diýdi.
Rahman oglunyň üstüne kiçijek tümmek galdyrdy. Şol tümmegi sypap otyrka, ýaňadan ony gözýaş gark etdi. Ol bu sapar gara tümmegi goltugyna gysdy. Buz ýaly toprak mähri gutaran dünýäniň alamatyna öwrüldi.

Dowamy: Janserek - roman / 21

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202