Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:01
Türkmene ýaran ogul - 5. Atabaýewiň mert ölümi

5. Atabaýewiň mert ölümi

K.M. 1954-nji ýylda arhiwlere bardym diýdim-ä, şonda men bir adamyň ýazgysyny gördüm. Şol ýazgy meni bir tolgundyrypdy, dogrusy, ýerimden turup, bökenimi duýman galypdyryn. Ol adamyň aýatda diriligini eşidipdim. Adyna Karpyç diýilýär, Wasiliý Fýodorowiç. Aýalynyň adam Galina Fýodorowna. Akylly maşgala.
Karpyç bilen Atabaýewiň bile işländigini, onuň Atabaýewiň sekretary bolandygyny bilýäris. Onuň Atabaýewiň ýazgylaryny düzeden ýerlerem bar. Ýogsa, Atabaýew örän sowatly, bilimli adam bolan. Uzak, hatda birnäçe güne çekýän ýygnaklar bolupdyr. Maýakowskiý ýygnakçylary ýöne ýere tankyt etmän ekeni. Ýazylan protokollary soňra ýygnakda çykyş edenleriň özlerine görkezýän ekeniler, gerek bolsa, düzedişler edipdirler. Men şondan ikije mysal getireýin. Nedirbaý Aýtakowyň, Atabaýewiň, Hojaýewiň, Ykramowyň düzedişlerini deňeşdirip gördüm. Öz elleri bilen düzedipdirler, geň ýeri, olaryň çykyşynyň stenografçy tarapyndan ýazylan wariantam çatylan. Atabaýewiň düzedişini görüp, kanagatlanaýdym. Hatynyň owadanlygy, sözlemleriniň kebşirlenişi, sowatlylygy göwnümden turaýdy. Menem oba mekdebini gutarsamam, uruş döwri frontda boldum, soňra uniwersiteti rus dilinde tamamladym, ýöne Atabaýewiň rus dilini bilşi, ýazyşy ýaly başararyn diýip biljek däl. Öwrümlerine haýran galýan. Tekste düzediş girizmegiň tärlerini şondan öwrendim.
Soňra Karpyçyň gözlegine çykdym. Şu ýerde Karpyçyň awtograf ýazyp beren kitapçasy bolmaly, stoluň burçunda durandyr. 1954-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda men Karpyçyň öýüne barypdym. Ol ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan süňňi sagat, çeňklenen ýaly ykjam goja ekeni. Aýalam degişgen ekeni.
T.J. Aýalyň degişgen bolaýmasa, onça ýaşap, sagat bolup boljakmy!
K.M. Hawa-da! Aýaly: bu adam köp geplär, ähli diýenini ýazjak bolubam oturma diýdi, degişýä-dä. Karpyç maňa üç kitap berdi, biri Çärjew hakynda, 25-nji ýylda çykypdyr, özüm ýazdym, özüm çykardym diýdi. “Stroýka naçalas!” diýýär. Ol obkomyň sekretary bolup işläpdir. Soňra Atabaýew hakynda jikme-jik gürrüň berdi, geň zatlar eşitdim. Ol maňa bir zadam diýdi: ”Beh, beh, ol dokumentleri saňa beräýdilermi? O-ho, olary häzir maňa-da bererler öýdemok” diýdi. Şondan soň, Moskwa barsam, olara barman gaýdamokdym. Gawun dagy eltäýseň, begenjiniň çägi bolmazdy, tanyşlaryny çagyryp, meň mähriban Türkmenistanymdan getirilen zat, dadyň diýerdi.
Men Karpyçdan Atabaýewiň ölümi hakynda takyk faktlary eşitdim. Şu zatlary ol bende gözüne ýaş aýlap aýtdy.
1937-nji ýylda Atabaýewiň elinden ähli hukugy alyndy diýdi. Men ol mahal Moskwada Paskutskiý bilen işleýärdim diýdi. Men Atabaýewiň ölüminden habarly, jikme-jik bilýän, meniň ýaly bir adamam bilýän däldir, sebäbi özümiň bilýänlerim, üstesine-de Paskutskiden eşidenlerimem az däl diýip, aglap gürrüň berdi.
1937-nji ýylda ýagdaý juda agyrlaşyp, töweregine çyzyk aýlananyna göz ýetiren Atabaýew Moskwa geldi. Adatça, ol Moskwa gelende bizi tapýardy, öýe gelerdi, Galina Fýodorownanyň çaýyny içerdi diýdi. Atabaýewiň gelmeziniň öň ýanynda Aşgabatda partiýanyň plenumy bolupdyr. 1937-nji ýylyň fewral aýynyň aýagynda ilki Moskwada plenum geçýär, mart aýynda-da şol plenumyň kararlary Aşgabatdaky plenumda işläp geçilýär. Merkezi Komitetiň 1-nji sekretary Popok (Popok Ýakow Abramowiç) bilgeşleýin etdimi, nämemi, onçasyny biljek däl, şol plenumda doklad etmek Atabaýewe tabşyrylypdyr. Atabaýew göwnemese-de, hökman edäýmeli diýýärler. Ýogsa, plenum partiýanyň plenumy ahyry, Atabaýewiň doklad etmegi hökmanam däl. Dokladdan soň Atabaýewe erbet soraglary ýagdyryp başlaýarlar. Mysal üçin, bir sowaly aýdaýyn: “Sen näme üçin Gurhany öwrenmeli diýipsiň? Näme üçin sowet adamlary Gurhany öwrenmelimişler?”.
Indi Atabaýewiň jogaby: “Gurhany öwrenmän, Gurhany tankytlap bolmaz. Gurhanyňam hemme ýerini tankytlap bolmaz, onuň gowulygy ündeýän ýerlerem bar-a. Men sözümden dänemok, ýöne meniň sözümi üýtgetmän aýtmak gerek, kesä çekmän aýtmaly – diýýär. – Onsoňam bizde kadr ýok diýýärsiňiz, bizde kadr kän, ýöne olary ulanmagy başarmaly. Rus dilini bilmek hökman däl-ä. Rus dilini bilmän, türkmençe oýlanyp bilýän başarjaň adamlarymyz bar. Eýse, Mykgy Lorsyň akyly, başarnygy kimiňkiden pes, şolam rus dilini bilmeýänleriň biri” diýýär.
T.J. Men Mykgy agany tanaýan, oglankam onuň öýüne barardym, kakam bile gowy gatnaşykda bolan adam. Dogrudanam, rus dilini bilşi ýagdaýlydy, Mary raýispolkomynyň başlygy bolup işleýärdi, il arasynda abraýy belent ekeni. Men ellinji ýylyň faktyny aýdýan.
K.M. Atabaýew ýene: ”Aýal-gyzlar meselesinde soňky wagtda tankyt köpeldi – diýýär. – Aýal-gyzlara göwnejaý ylym-bilim bermän, eýse biz täze jemgyýet gurup bilerismi? Aýallara iş bermeli, ýöne olaryň ukybyna laýyk, başarjak işlerini bermeli” diýýär.
Atabaýewiň şu aýdan dogry sözi bilen bagly, öz göwnümde dykyn alyp duran garaýşymy aýdaýyn-la! Birki adamyň adyny agzaýjak.
T.J. Aýdyberiň, ýaşuly, biz söhbet edip otyrys-a, bu taryh ahyry!
K.M. Şu Pälwanowa ýaly aýala ylym berip, wezipe berip, ilki ylymlaryň kandidaty, soňra doktor, akademik edip, ministr edip, ýa-da bolmasa, Bazarowa ýalaka Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy diýen ýokary wezipäni ynanyp, biziň ýitiren zadymyz utanymyzdan on-ýigrimi esse köpdür. Nälet şonuň ýaly ýolbaşçylara! Şuny ýüregim bilen aýdýan. Atabaýewiň sözüniň üstünde kän oýlandym. Paradoks diýen bir gowy söz bar. Gel-gel, Pälwanowa Atabaýew hakynda makala ýazýar! Paradoks! Atabaýew ýalyny gömen, ölenden soň ýene gömen, gaýtalap ýene gömen pälwanowalar! Indi şol makala ýazýar! Biýem durmuşyň bir paradoksy. Atabaýew şol mahal aýdyp bilipdir, men şuňa haýran galýan. Şo-da Atabaýewe ýöňkelen bir günä: sen aýallary kemsidýärsiň, sen olary işe çekeňok, seniň edaraňda aýallar ýok diýýärler.
Atabaýew ýok edilenden soň Gurbangözel Alyýewa, Altybaýewa diýen ýaly aýallary ýokary işlere çekdiler. Altybaýewa öýlenip, onuň segsen halysyny Moskwa paýlap doktor bolan Aga Garryýew diýen bir taryhçy bardy. Taryh kaýda, Aga Garry kaýda! Gapdala gitmäýin...
Atabaýewi şonda tankytlaýarlar, günä baryny ýükleýärler. Popok egrem-egrem, erbet-erbet soraglar berýär, soňam: ”Seniň özüň azat däl, ýüregiň abat däl, bu zatlary gurup ýörenleriň biri sen!” diýýär.
Atabaýew jogap berýär: ”Sen maňa töhmet atma. Eger aýdyşmaly bolsa, meniňem saňa aýdybiljek zatlarym kän” diýýär.
Plenum gutarýar, Atabaýew ýagdaýyň çensiz agyrlygyny bilýär. NKWD Atabaýewiň diýenini edenok. Eden-etdilik bilen adamlary basyp gidip otyrlar. Biziň çykaran kitabymyzda bardyr, Türkmenistan basylan adamlaryň ilat başyna düşýän sany boýunça SSSR-de birinjilik alypdyr. Soňra Popogy başga işe geçirýärler, Rossiýa gidýär, onuň ýerine Annamuhammedow diýen birini goýýarlar.
Atabaýew dalda, goldaw gözläp Moskwa gidýär. Türkmeniň kadrlaryny gyryp gidip otyrlar, heý, bir çykalga bolmazmy diýen umyt bilen Moskwa barýar, Staline ýüz tutýar, Molotowa ýüz tutýar, kabul edenoklar. Rudzutaga ýüz tutmakçy bolýar, Rudzutagyň eýýäm basylanyndan habary ýok. Rudzutak şol mahal WSSPS-iň, profsoýuzyň başlygydy. Atabaýew kabul edenok diýip Rudzutakdan göwünem edýär. Soňra Kaganowiçe ýüz tutýar, sebäbi öň bile işläpdi. Kaganowiç öň Daşkent sowetiniň başlygy bolan. Edarada bolmany üçin Kaganowiçiň öýüne barýar. Çaý başynda Kaganowiç ertir meniň ýanyma bar diýýär.
Ertesi barsa Kaganowiç oňa: häzir Stalin, Molotow örän işli, seniň meseläň, esasan, Ýežowa degişli mesele, sen şoň ýanyna bar diýýär. Kabinetden Ýežowa til edýär, Ýežowam gelsin diýýär.
Şol gün 1937-nji ýylyň iýul aýynyň on biri güni bolmaly. Atabaýew Ýežowyň ýanyna gidýär, şondan soňam Atabaýewi gören ýok. Basýarlar. Sorag üstüne sorag! Ezýet, zorluk, sütem! Ahyry bir gün oňa, ynha, Hojaýewiň, Ykramowyň, Sähetmyradowyň, Paskutskiniň sen hakynda ýazyp berenleri diýýärler, Çary Wellekowyň görkezmesi bar diýip biljek däl, şondan beýlekileriniňk-ä bar. Gurbansähedowyňkam bar. Gurbansähedow-a hökümete berilmekde halys öte-de geçipdir. Sähetmyradowam gaty gidipdir. Asyl bu adam başdan Atabaýew bilen oňuşmandyr. Sähetmyradow rusofil, öte düşen bolşewik, çensiz lewak (çepçi), türkmeni uçdantutma gyrmaly diýseňem, taýýar durjak adam. Bu zatlary taryhy hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolýar.
Sähetmyradow Atabaýewe gün bermeýär, ezýet berýär, ahyrda Atabaýewiň tarapdarlary köp bolýar-da, 1927-nji ýylda Sähetmyradowy Merkezi Komitetiň sekretarlygyndan boşadýarlar-da, Moskwa işe iberýärler, soň Gazagystanda ülke komitetinde işleýär. Ahyrda Atabaýewe garşy goýmaga adam gerek bolanda, Sähetmyradowy ýene tapýarlar.
Indi juda tolgundyryjy pursaty aýtmaly bolýan. Nedirbaý Aýtakowy getirýärler. Aýtakowam tussaglykda otyr, türmeden getirýärler. Merdana, arassa adam. Gaýgysyz Atabaýew Aýtakowy başdan gowy görüpdir. Olaryň biri-birine şübhe eden ýerini duýmadym. Aýtakow Atabaýewi depesine göterip gezipdir. Türkmenistan Respublikasy döredilende dik durup, Atabaýewe hemaýat berenem, ähli zerur dokumentlere gol çekenem Aýtakow. Ony SIK-iň başlyklygyna hödür edenem Atabaýew.
Nedirbaýy Atabaýew bilen ýüzleşdirýärler. Ynha, seniň ýaranyň, hiç mahal seniň garşyňa iş görmedik, geplemedik adam, indi şuň sözüni diňle diýýärler. Şonda Nedirbaý aýdýar: “Gaýgysyz, boljak zat boldy, hemme zat boldy, boýun alaly. Sen başlykdyň, men seniň ýaranyňdym, ýanyňdadym, “Türkmen azatlygy” diýen guramany guranam ikimiz, indi sypjak ýerimiz ýok” diýýär. Gaýgysyz Nedirbaýyň ýüzüne seredýär-de: “Nedirba-aý, namartlama, peselme, saňa gelişmez, bize gelişmez” diýýär. Nedirbaý paýradyp gözýaş dökýär. Şol ýerde Nedirbaý ýykylýar, ony süýräp alyp gidýärler. Ony şondan soň gören ýok.
Atabaýewi kamerasyna getirýärler. Ine, şu ýerde ýene bir tolgunyp aýdylmaly, örän täsirli pursat bar. Hawa-a... Gün geçýär, aý geçýär, fewral gelýär, fewralyň haýsy günüdigini bilemok, belki, muňa çenli Aýtakowam, Hojaýewem, Rudzutagam atylandyr, indi şaýadam gerek däl. Has köp saklanan adam Atabaýew bolaýýar, otuz sekizinji ýylyň fewraly. Atabaýew ýatan kamerasynyň gapysyny kakýar, sülçini çagyryň diýýär.
Atabaýew sülçä: men gije ýatmadym, kän oýlandym, sen meniň aýtjaklarymy dogry ýaz, boýun aljak diýýär. Sülçi ony Lubýankanyň içindäki käbinetine getirýär. Atabaýew görkezme berip ugraýar, ýüklenýän galp günäleri etdim diýip görkezýär. Birdenem sülçiniň üstüne topulýar. Onuň sesini çykartmaly däl, gapyň aňyrsynda ýaragly adamlar häzir bolup durlar. Garaz, sülçiň oturgyjyny alyp, basýar bokurdagyna, demini bermän, ony öldürmegi başarýar. Şu işi edip, uludan bir demini alyp oturýar, soňra gapyny urýar, gelenlere: ”Meni äkidiň, muny men öldürdim, men ubiýtsa (adam öldürdim), ýöne dönük däl – diýýär. – Men watan dönügem däl, içalam däl, men sowet gurluşyna, onuň syýasatyna, watanyma, Türkmenistana berlen adam! – diýýär. Meniň okan dokumentlerimde şeýle sözler bar: – Men dönük däl, meni adam öldüren hökmünde atarsyňyz!” diýýär.
Bu waka 1938-nji ýylyň fewralynyň başynda bolýar.
Şu ýerde bir takyklamaly zat bar. Ýazyjy Paporow Karpyç bilen 1988-nji ýylda duşuşýar, şol “Ýunost” žurnalynda çap edilen makalasynda Karpyçy gepledip, hamala, Atabaýew halys çydaman sülçiniň üstüne zyňanmyş, sülçem Atabaýewi atanmyş. Karpyçyň maňa aýdany ýokarda beýan edişim, saňa aýdyşym ýaly. Karpyçy görendigim hakynda dokument meniň elimde. Segsen sekizinji ýyl nire, elli dördünji ýyl nire?! Taryh dokument bilen iş salyşýar, men siziň öňüňizde dokument bilen gürleýän.
T.J. Siziň wersiýaňyz boýunça Atabaýew has belent görünýär. Dönük hökmünde atylanyndan, adam öldürdi diýip atylanyny amatly görüpdir.
K.M. On gezek, ýüz gezek belent. Atabaýewi Atabaýew edýän ýerem şonda dälmi eýsem! Şahsyýetligi şonda dälmi eýsem! Meni atyň, öldüriň, ýöne men dönük däldirin diýýär!
T.J. Napoleon Waterloo söweşinde okdan öldi diýdirjek bolup, okuň ýagyp duran ýerine özüni zyňýaram welin, hiç ok degenok. Hakyky serkerdä laýyk ölüm isleýär. Atabaýewiň ölşüni, ynha, sizden eşidip otyryn welin, Napoleonyň bolşy ýadyma düşäýdi. Atabaýewiň töhmetem bolsa, dönük diýen günä bilen ölesi gelenok, öz mertebesine laýyk ölüm gözleýär.
K.M. Napoleon diýeniň ýadymda, menem okapdym. Ol hakda akademik Tarleniň Taleýran hakyndaky kitabynda-da ýazylýar.
T.J. Manfredde-de bar.
K.M. Atabaýew ýaly bolup ölmeli, onuň ýaly ölümden soň adamda arman galmaly däl.
T.J. Ony soň öldürip bolmaýar.
K.M. Ony taryham, taryhçam öldürip bilmeýär. Kimi öldürseňem, Atabaýewi gaýtadan öldürip bolmaz. Çişirmegiň tarapdary däl men, ýöne türkmen ýaşasa, Atabaýewiň ady öçmez, Atabaýew ölmez diýjek. Ony öldürjek bolup azara galyp ýörmegiň geregem ýok. T.J. Beýik adamlar özleri üçin ölýärler diýilýär.
K.M. Men şu taýda bir rowaýat aýdaýyn-la, belki, siziň eşiden bolmagyňyzam ähtimal. Bir belendiň biri özündenem belent dosty bilen ele düşýär. Belent adam belent dostuny halas etmek üçin elinden gelenini edýär welin, netije bermeýär. Onuň iki sany ogly bar ekeni, öz ýaşy-da bir çene barypdyr. Meni atyň, ýöne dostumy goýberiň, sebäp men onuň derejesine ýeten adam däl diýýär. Ýok, biz seni asjagam däl, atjagam däl, biz seniň iki ogluňy atjak, şondan soň dostuňy goýbereris diýýärler... Belent adam razy bolýar, atyň diýýär. Geň galýarlar. Näme beýle diýýärsiň, belki, ýaşap ýörseler seniň ogullaryňam belent adam bolup ýetişerler diýýärler. Şonda belent adam olara jogap beripdir: men ogullarymyň nähili adam bolup ýetişjeklerini entek bilemok, emma dostumyň ägirtligini bilýän. Iň esasam ol ile gerek, halka gerek diýýär.
Gowy rowaýat!

Dowamy bar...

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
© Kakajan MUHAMMETBERDIÝEW
Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Teg: Kakajan Muhammetberdiýew, Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 3.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203