Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:58
Janserek - roman / 19
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 18]
ON BIRINJI BAP

Medet agalaryň gapysyndan çykan agy ses dagynyk obanyň ünsüni bir ýere jemledi. Adamlar öýden çykyp, ses gelen tarapa garadylar, gulaklarynyň eşidenine ynanmaýan ýaly, biraz säginip durdular.
Dürnabadyň agy sesiniň yzy yzlaşyga ýazdy.
Hiňňillikleriň bady ýatdy, ojaklaryň ody peseldi. Adamlar bimahal çagy öýlerini taşlamaga mejbur edilen ýaly, ädim sanap, üzlem-saplam Medet agalara ugradylar...
Bir käse çaý içim salymda şum habar obanyň aňry çetinde hiňňillik uçup duran çagalara-da ýetdi. Olar ulularyň aýdan sözüni özleriçe gaýtaladylar:
─ Bir adam ölüpdir.
─ Şol-a ölmändir, şon-a öldüripdirler.
─ Ýazjany atypdyrlar.
Çagalaryň aladasy bir meselä syrygdy: hiňňillik uçuberseler, ulular näme diýerkä?
Ulular çagalary ýatdan çykardylar.
Medet aganyň gara öýüniň gapysyna taşlanan gaty palasyň üstünde Dürnabat oglunyň meýidini bagryna basyp, bagyryp otyrdy.
─ Boýuňdan aýlanaýyn, balam!.. Bagtym ýatdy-la, bala-a-am!..
Töwerekden adam ýygnandygyça, Ýazjany getiren nätanyş ýaşuly gözi bilen gören zadyny telim öwre gaýtalap aýdyp bermeli boldy. Ol bolan betbagtlyga özüniň dahylsyzdygyny ýaňzydýan ýaly, ilkibada her sözi nygtap gürrüň berdi. Soňabaka ýaşuly halys ýadady, barha guraksy äheňe geçdi. Adamlar ondan el çekmediler. Häzir olaryň baryny bir sowal gyzyklandyrýardy: “Ýazjany kim atypdyr?” Her kimem öz çaklamasyny aýdyp, şol çaklamanyň dogrulygyny ýaşula tassyklatjak bolýan ýaly, onuň ýüzüne seredýärdi.
─ Goşa toraňňa taýagatym çemesi ýetmän ýykylypdyr, edil ýoluň ortasynda ýatan ekeni. Bada-bat ölen bolmaly. Ok sag gulagynyň ýeňse ýüzünden giripdir.
Ýaşuly: “Şundan başga zat bilemok” diýen manyda ýüzüni sowdy. Torlyň kakasy Muhammet başyny ýaýkap:
─ Päheý-de weli!.. ─ diýdi. ─ Çaky, onda, eşekden ýykylmanka jan beripdir-dä! Sakgaldaş, heý, töwerek-daşda adam-gara görmediňmi?
─ Gören bolsam, “gördüm” diýip aýdardym.
─ Hawa-la, hawa-la... Biziňki bir, hälki, ýöne soramak-da. Üç toraňňynyň töweregine menden belet bolmaz, hyşadan ýaňa sümme tokaýdyr. Heý, o tokaýa sümen adam görünermi diýsene!.. Ýöne men, adamlar, bir zady çak edýän, siz maňa “hä” diýmeli borsuňyz. Kimiň atanyny biljek däl weli, şol atan adam Ýazja neressäň ýoldan geçjeginden habarly bolmaly.
Muhammet aga barmagyny çommaldyp, çykaran netijesiniň örän wajypdygyny äşgär etdi, emma adamlar oňa ähmiýet bermedi, sebäbi bu pikiri eýýäm telim adam aýdypdy.
Pürliniň gürrüňini üns berip diňlediler. Pürli Ýazjany iň soňky gören adamdy. Ýazja hakda häzir Pürlüden ynandyryjy, Pürlüden täsirli gür berip biljek kişi ýokdy. Muňa diňe Pürliniň özi däl, ony diňleýänlerem ynandy. Öliniň hormaty ol hakda aýdylan ýagşy söze gulak asmagy dirilerden talap edýärdi. Dirileriň arasynda dowam edip gelýän endige görä, ölen adam hakdaky gürrüň onuň soňky pellede özüni alyp barşyny beýan etmeden başlanýardy. Diňläp duranlar üçin onuň aýdyp giden sözleri adaty ýagdaýdan tapawutlydy, ony üýtgeşik bir alamat hökmünde kabul edýärdiler. Ölüm zerarly ol sözleriň adaty manysy ýitýärdi. Ol sözlerden eýýäm haçan ýer ýüzündäki ýaşaýyşdan umydyny üzüp barýan adamyň syrly duýduryşyny aňladyp biljek äheňler gözlenýärdi.
Pürli hem şol kada eýerdi. Irdenki bolan gürrüňleriň arasyndan Ýazja degişli ýerini nygtap-nygtap aýdyp berýärdi. Elbetde, ol Mämmediň uýasy hakda-da, özüniň betbagtlygy hakda-da dil ýarmady. Oňa derek Ýazjanyň gündogara garap, söýgi diýen mukaddes duýgynyň lezzetine maýyl bolup durşuny, mundan beýläk hiç mahal gaýtalanmajak zat hökmünde aýdanda, öňi bilen ejizlän Pürliniň özi boldy. Ýüzüni sowup, dulugyndan syrygan gözýaşy eliniň aýasy bilen süpürip durka, bu ölüm zerarly onuň öňküden beter betbagtlyga uçrandygyna düşünmek kyn däldi.
Pürliniň gürrüňini diňläp duran adamlar: “Ähtimal, Ýazja neresse öljegini öňünden duýandyr” diýýärdiler.
Ýazjanyň söýgüsi barada gürrüň açylanda, hemişe ýaňsydyjy ýylgyrmaga endik edinen adamlar bu gün aýylganç günä edendiklerine göz ýetirdiler. Olary Medet ýetimiň gapyda süýnüp ýatan ogly bilen Nury aganyň söýgülisinden ömürlik aýra düşen gyzy mejbur etdi.
Olar bu günem duşuşdylar. Beýle duşuşyk bolar öýdüp, duranlaryň köpüsi pikir etmändi, olar söýgi diýen zadyň gudratyna düşünmeýän adamlardy.
Ýazjanyň Güljesi gündogar tarapdan, sesýetim daşlykdaky köne haýatyň gabat aňyrsyndaky gara öýden geldi. Alaça köýnekli, nogta saçly, derek boýly Gülje. Oba gyzlarynyň naýbaşy, merdi-merdanasy, ýürek mährini Ýazja bagş eden Gülje!..
Güljäniň gelýänini oba gördi. Adamlar ýüzüni aşak salyp, ýazykly ýaly dymdylar. Olar häzir aýylganç aýralykdan dörän hesreti adam şekilinde gördüler. Ol hesret Güljedi. Alaça köýnekli, nogta saçly, derek boýly Güljedi. Onuň egnindäki häzirem şol alaça köýnekdi, nogta saçlary göwsüniň üstünde hallan atýardy. Derek boýy biraz bükülen ýalydy. Ol ýeňi bilen ýüzüni tutup, garşydan urýan hazan ýeliniň badyna bäs gelmek üçin, göwresini öňe taşlap ýöremeli bolýardy.
Oba gyzlarynyň naýbaşy, merdi-merdanasy, ýürek mährini Ýazja bagş eden Gülje... Obadakylaryň köpüsi beýle ahwalaty ömürboýy görmändiler, şonda-da olar muny geňlemediler. Ölümiň zarby adaty bolmadyk zady adaty zada öwürdi. Häzir olaryň gözüne Gülje Nury agaň dulunda oturan ulugyz bolup görünmedi, gaýta, Güljä garap, olar hesretiň möçberini ölçejek boldular, başarmadylar. Bu hesret bimöçberdi.
Gülje gara öýüň ýeňsesi bilen geldi. Ol ýeke gelmedi, eslije gyz jigisi bilen geldi. Olar Ýazjanyň ýatan ýerine golaýlaşyberenlerinde, öýüň düýbünde oturan aýallaryň biri gyzjagazyň elinden tutup, ony saklady, ýanynda oturtdy.
Galan aralygy ýeke geçmek Güljä kyn düşdi, aýagyny ýerden süýräp aldy. Gözi bilen görmänsoň, şum habaryň dogrulygyna şübhe saklap gelýän gyz ajy hakykatyň öňünde alaçsyz galyp barýanyny duýdy. Onuň bäş ädim öň ýanynda Dürnabat Ýazjany bagryna basyp otyrdy. Gülje öňi bilen Ýazjanyň çokaýly aýagyny gördi, olar palasdan artyp ýatyrdy.
Hakykat gyzyň beýnisine urdy, gulagy gapyldy.
Adamlar oňa ýol berdiler, Dürnabadam gaýra çekildi. Indi palasyň üstünde diňe ýüzüne ýaglyk ýapylan Ýazja ýatyrdy. Töwerekdäkiler edil gara ýer ýaly dymdy. Olar Ýazjanyň ukusyna päsgel bermejek bolup dymmadylar, olar bu hesretiň öňünde alaçsyzdyklaryny duýdurýardylar.
Gülje Dürnabadyň gapdalynda otursa-da, Ýazjadan gözüni aýyrmady. Onuň gyzaran gabaklary şu pursat gury göründi, ýüzüne täsin bir mylaýymlyk aralaşdy. Bu üýtgeşik alamata düşünmek kyndy. Ol alamat ölüme ynanmazlykdanmy ýa-da geçen günleriň lezzetli duşuşyklarynyň täsirindenmi, garaz, üýtgeşik bir gudrat zerarly döräp biljek alamatdy. Şu mahal töwerekdäkileriň birinden ses çyksa, Gülje: “Ýuwaş, ýatany turuzaýmaň!” diýip, duýduryş beräýjek ýalydy.
Häzir Dürnabadam ümsümdi. Bu ümsümlik Gülje zerarly döredi. Adamlar köp-köp hesreti görüpdiler. Eziz balasynyň üstünde bagryny paralaýan enäniň nalasy bilen öwrenişipdiler, ölümiň awysyna çydaman eňreýän erkeklerem görüpdiler. Mahmalyny aýyrmanka ýanýoldaşyny ýitiren ýa-da ýeke perzendi bilen dul galan gelinlerem bilýärdiler, ýöne olar Gülje ýaly gyzyň hesretine, onuň häzirki duşuşygyna öwrenişmändiler.
Gülje sandyraýan elini uzadyp, usul bilen Ýazjanyň ýüzüne ýapylan ýaglygy galdyrdy. Adamlar oňa syn edip bilmediler, adamlar çekindiler, ýakymsyz sözüň aýdylaryna garaşdylar:
“Şunça adam bolup, näme üçin ýeke Ýazjany halas edip bilmediňiz?!”
Gülje adamlaryň garaşan sözüni diýmedi. Ýaglyk bilen ýene Ýazjanyň ýüzüni ýapdy, soňam başyna düşen betbagtlygyň ägirt hesretini duýup, özüne raýdaş adam gözleýän ýaly, öňi bilen Dürnabada seretdi. Ene çydamady, Güljäni karsa gujaklap, oglunyň armanly gidenini aýan edip, zaryn-zaryn ses etdi.
Ýazjany öýe saldylar. Gülje öýe girmedi, gyz jigisini yzyna tirkäp, gündogar tarapa, sesýetim daşlykdaky köne haýatyň gabat aňyrsynda oturan gara öýe tarap gitdi.
Ine, şeýdip oba gyzlarynyň naýbaşy, merdi-merdanasy, ýürek mährini Ýazja bagş eden Gülje öz söýgüli ýigidi bilen iň soňky sapar duşuşdy.
Ýazja kepen tikilip otyrka, Köse geldi. Gölegçi gitjek adamlar oňa oba şurasynyň baş agzasy hökmünde garap, onuň dilinden ganhoryň adyny eşideris öýdýärdiler. Köse olaryň islegini duýdy. Duýany üçinem alada galdy. Haýal etmän, Ýazjanyň dogrudanam atylandygyna şaýat hökmünde, degişli organlaryň öňünde jogap bermelidigini aýtdy. Hamala, özüniň ygtyýarlylygyna şübhe duýan ýaly, ýokary edaralaryň görkezme berendigini nygtap, belent hukugyny kepillendirdi.
Kösäni gara öýe saldylar. Öýüň ortasynda Ýazja süýnüp ýatyrdy. At gaýtarym mähelle dem alman Kösä garaşdy. Duranlaryň her biriniň kalbynda şura başlygy bilen bagly bir islegi bardy. Birnäçe adam onuň gözýaş edip çykaryny küýsedi. Eger Kösäniň gözünde ýaş görseler, olar üçin bu alamat uly zadyň kepillendirmesidi. Şeýle agyr pursat Kösäniň özlerine ýakyndygyny, raýdaşdygyny duýmak olara ýakymlydy.
Beýleki birnäçe adamyň islegine delil bolmaly zat Kösäniň köpbilmişligidi. Köse obanyň iň ylymly-bilimli adamy. Köse Nobat ussanyň ogly, onuň ussa gözi bar. Şol göz Ýazja neressäniň bedenine düşen ýara syn eden dessine, ganhoryň kimdigi oňa aýan bolmaly. Kösäniň bilgirligi edil häzir derwaýys gerekdi, ýogsa ýygnanan mähelläň arasynda, Ýaran baý başlyklaýyn, Agahanyň neberesiniň adamlaram durdy. Ýeri, kimi guman edip, kimiň ýakasyndan tutjak?
Köse gara öýde eglenmedi. Aýallaryň agysyndan sypanyna şükür edýän ýaly, daş bosaga çykyp sägindi, galife balagynyň kisesinden ýaglygyny alyp, ýüzüne ýetirdi. Ol gözüniň ýaşyny süpürýärmi ýa-da maňlaýynyň derini syrýarmy? ─ hiç kime belli bolman galdy.
Köse märekä golaýlaşdy, märeke-de assa-assa onuň töweregine ýygnandy. Ýazjany getiren nätanyş ýaşuly biraz tolgunyp, gören ýagdaýyny aýdyp berdi. Adamlar Kösäniň sowal bererine garaşdylar, “onuň sowallaryna jogap bermek bu ýaşula ezýet berse gerek” diýdiler. Az mahal dowam eden dymyşlyk töweregi bir gulaga öwürdi.
Köse sowal bermedi, ýaşula minnetdarlygyny aýtdy.
─ Adamçylyga gelişäýjek zat edipsiňiz, ýaşuly. ─ Soňam töwerekdäkilere gyssanmaç göz aýlap dowam etdi. ─ Bu taýda geň görere zat ýok. Haýyn duşman obanyň ýene bir gül ýaly ýigidini elimizden aldy. Duşmanyň haýynlygyny biz şu gün görmelimi näme?!
Birnäçe adam duşman hakda gep açanda, Köse Ýaran baýa sereder öýtdi. Ýaran baý onuň bäş ädim gapdalynda durdy. Eger seredäýse, şura başlygynyň aýdany ýerine düşäýjekdi. Köse hiç kimiň ýüzüne garamady, gaýta, aýdýan pikiri bilen özüni öwrenişdirjek bolýan äheňde:
─ Haýynlyk etmese, ýykmasa, ýumurmasa, kim oňa “duşman” diýjek?!. Duşman hemişe haýyn ─ diýdi. ─ Ýene üç sany şura başlygyny öldüripdirler, dek düýnki gazetden okadym. Tutuş iki obany otlapdyrlar. Ýeri, haýsy birini aýtjak!.. Ýazjany ýitirdik. Eýse, Ýazja ýaly garyp ýigit haýsy başlykdan kem?! Ýazja hakda-da ýazarlar. Eýýäm ähli ýere habar edildi. Duşmanyň erbet adam bilen işi ýok, duşman hemişe gowy adamyň kastynda. Kähalat kimiň kimdigini duşman biziň özümizden öňürti bilýär, ýöne Ýazjanyň gowudygyny bizem bilýärdik. Süňksüz ýigitdi, biz ony ýumruk ýalyka-da tanaýardyk. Biz onuň enesine-atasyna belet. Ýigidiň çagaňky ýaly päk göwni bardy. Päk göwni bolany üçinem, ýoldaşlar, ynanjaňdy. Käbir ýaramaz adamlar onuň ynanjaňlygyndan peýdalandylar, ony saklamaly ýerinde, aýamaly ýerinde bilgeşläne saklamadylar. ─ Köse sözüne dyngy berip, märekä nazar aýlady, adamlarda teşnelik duýdy. Onda-da guýan suwuňy bedenine siňdirip duran çägäniň teşneligini duýdy. Kösäniň gepläsi geldi. Ürgün çägäni diňe suw bilen tokgalap bolýar, gysyma gysyp bolýar, islän tarapyňa zyňyp bolýar. Köse daraklygyna galyp dowam etdi. ─ Ýoldaşlar, şu agyr ýagdaý bizi ymykly oýlanmaga, köp meseleden baş çykarmaga mejbur edýär. Şura häkimiýetiniň ýoluna biziň türkmenlerimiz indi içgin göz ýetirip ugrady. Şuranyň kim üçin amatly, kim üçin biamatlygy her oba, her öýe ýetdi. “Amatly” diýýän biamata duşman boldy. “Amatly” diýýänem türkmen, “biamat” diýýänem türkmen. Türkmen türkmen bilen oňşanok, türkmen türkmene duşman. Şuňa şura häkimiýetiniň dilinde “synpy duşmançylyk” diýilýär. Şol duşmançylykdan döreýän urşa bolsa, gazetde, kitapda öwredilişine görä, “graždanlyk urşy” diýmeli. Milletiň birligine garamazdan, synpy duşman bolan adamlaryň arasynda hiç mahal ýaraşyk bolmaly däldir. Ýaraşyk boldugy, o taýdan şura häkimiýetini gözlemäň. Biziň şu ýagdaýa iňňän önjeýli düşünmegimiz gerek. Ýogsa, azaşarys, Ýazja ýaly ýigitleriň ölümini biri-birimizden görüp, hemişe özümizi horlar ýöreris. Ýazjanyň janyna kast eden adamy gözi bilen gören ýok, şeýle-de bolsa, biz eýýäm şol adamyň iştimagy gelip çykyşyny bilýäris. Synpy duşman! Ol biziň üýşen ýerimize gelmez, ony bu märekeden gözlemek, elbetde, ýerliksiz zat... ─ Köse aýtjak sözüni ýadyndan çykaran ýaly birden kürtdürdi, töwerekde sarsgyn aňdy. Sepini bildirmezlik üçin erjellik bilen dowam etdi. ─ Ol duşman bu gün Ýazjany atan bolsa, ertir ýene bir Ýazja ýaly ýigidiň başyna ýeter. Urşuň kadasy şeýle. Urşuň pidasyz bolmaýany hemmämize belli. Ol zerarlam duşmandan her tüýsli haýynlyga garaşybermelidir. Bu taýda geň zat ýok. Ýazjanyň ölümi biziň üçin geň däl, ýöne uçursyz ajy zat. Ölümiň süýjüsi bolýarmy eýse?!
Köse diýjegini diýip, ýene adamlara garady, bu sapar olarda teşnelik görmedi. Olarda umytsyzlyk, biperwaýlyk duýdy. Olar ürgün çäge ýaly Kösäniň gysymyndan dökülip barýardy. Köse olaryň göwnündäkini diýmedi, olar Kösäniň sözüni gijigen öwüt hökmünde, has dogrusy, öljegi ikuçsuz hassa aýdylýan hemaýat sözi ýaly kabul etdiler. Muňa Köse-de kemsiz düşündi. Ol böwsülen böwediň bekletmejegine akyly çatanam bolsa, oňa bir pil gum zyňmagy nep bilýän adamyň ýagdaýynda märekä ýüzlendi:
─ Siz bir zady bek belläň: şura hökümetiniň binýady berkdir, oňa duşman kär etmez!
Köse bu sözi Ýaran baýyň duran tarapyna garap, haýbat bilen aýtdy. Oňa üns bermediler.
Üç goýny öňüne salyp gelýän agsak adamy Rahman gören dessine tanady. Bu Keliň kakyndaky agsakdy. Guýyň başyny saklap ýatan neşebent agsak. Rahman iki sapar Agahanyň iberen süregini alyp bardy, ikisinde-de ony şu gelýän agsak garşy alypdy. Bir görende bu adamyň ýakymsyz keşbi Rahmanyň görejinde hemişelik galypdy.
Ol kelte aýagyny ýere basanda, dabany çukura giden ýaly, tutuş göwresi bir tarapa eňňit atýardy, birdenem söýget tapynan dek gujur bilen göwresiniň ýarysyny siltäp alýardy. Göwresi bilen bile hopul-sopul donunyň etegem ýerden saýlanýardy.
Rahman iki sapar baranda-da, ol adamdan hödür kerem eşitmedi. Onuň bolşunda ummasyz berk düzgüne ram etdirilen gyňyr köpegiň häsiýetine çalymdaşlyk duýdy. Ol häsiýet wepalylygy talap edýärdi.
Rahman iki baranda-da, guýa ýetmänkä, agsak adam onuň öňünden çykypdy. Gep-gürrüňe maý bermän, ägirt çalasynlyk bilen süregi sanap, guýa tarap haýdadyp alyp gitdi. Iki saparam bäş-on ädim geçip, Rahmana tarap ýalta seretdi. Bu seredişde goş saklaýan itiň nätanyş adama duýduryşy bardy. Şu pursat onuň mele şykga çalymdaş, ýag çalnan ýaly derçigip ýalpyldaýan ýüzüne seretmek aýratynam ýakymsyzdy.
Agsak adam märekä tarap gaýtdy. Rahman onuň gözüne görünmezlik üçin märekäň beýle çetine geçdi.
Agsak adam taýagatym meýdan ýetmän durdy. Onuň kimdir birine garaşýany bellidi.
Medet agany Kösäniň ýanyna çagyrdylar. Köse oňa bir zatlar diýdi, ýöne ara daş bolansoň, Rahman eşitmedi. Adamlaryň arasyna ýaýran gürrüňe görä, ol agsak adamyň getiren üç goýnuny “oba şurasynyň kömegi” diýip beripdir.
Medet aga höwessiz baş atdy. Köse elini hereketlendirip, töwerekdäkilere ümledi. Üç adam agsaga tarap ugrady.
Adamlaryň hersi bir goýny idirdedip alyp gaýtdy, agsak bolsa duran ýerinden yzyna dönüp, gelen ýoly bilen gitdi.
Rahman hiç mahal beýle ýönekeý çözgüde garaşmandy. Birden ähli zat aýdyň boldy duruberdi, ýöne şu aýdyňlygy nähili garşylajagyny bilmedi. Bagy üzülen monjuk düzümi ýaly, geçen günleriň wakalary dyr-pytrak boldy ötägitdi. Dogrusy, Rahman alňasady. Wakalary degşirip, bir sapaga düzmäge islegi bolsa-da, edil häzir başarmajagyny aňdy.
Märeke agsak adama ähmiýet bermedi, sebäbi märeke onuň kimdigini bilenok. Märeke jenaýatyň göze görnen alamatyny sypdyrýar.
Rahman ara açyp barýan adama gizlin tomaşa bilen garady. Ol indi Rahmana aýan, Rahman onuň kime hyzmat edýändigini bilýär.
Agsak gözden ýitdi, märekäň arasynda Rahman galdy. Agsak öz ornunda Rahmany goýup gitdi. Rahman jenaýatyň alamatyna öwrüldi. Ol aýylganç gorky bilen töwerekdäki adamlara seretdi. Adamlar ony duýmady. Adamlaryň duýmany üçin Rahman arkaýynlaşmady, gaýta, başga bir pikir ony saňsar etdi. Häzir ol adamlaryň dünýäsinde ýaşaýany üçin kemsindi. Adam bolup dogulmaly däl ekeni, haýwan bolup dünýä inmeli ekeni. Haýwan haýwany dalasa, aç-açan dalaýar. Bir haýwan beýleki haýwany iýse-de, ony gizlejek bolanok, emma adam haram işini gizlemegi öwrenipdir. Adamlar şu endiginden el çekmeseler, dünýäde päklik, adyllyk bolmaz...
Rahman bu pikir bilen özüni aklajak bolmady, özüniň näderejede günäkärdigini kesgitlemegem ýadyna düşmedi. Ol gözüniň alnynda dowam edip duran haram işiň çägini göz öňüne getirip bilmän heläk boldy. Adamlar Kösäniň Medet aga hödürlän goýunlaryny “şura hökümetiniň agyr günde garyba edýän hemaýaty” diýip düşünýändirler. “Ýok, adamlar, ol hemaýat däl! Köse Agahandan alnan goýunlar bilen söwda edýär!..”
Muny Kösä duýdurmaly! Muny Rahmandan başga bilýän ýok, diňe Rahman duýduryp biler. Kösäniň kalbyna howsala salmaly, ýogsa ol öli ýatan Ýazjany, eňräp oturan Dürnabady, Medet agany, tutuş märekäni kemsitmegini dowam eder...
Rahman gabat gelen ýerinde Kösä çiňerilip garady. Köse many aňmady, gaýta, Rahmanyň hal-ýagdaýyny sorady, “şura hökümetinden gaçyp ýörme, şura hökümeti oňuşmazça däldir” diýdi.
Rahman: “Ol meni özüne ýaran tutunýar, şonuň üçinem arkaýyn” diýdi. Haýýaty göçdi, häzir dil ýardygy, jenaýata özüniň dahyllydygy märekä aýan bolar öýtdi.
Häzir jezadan gutulmak pikiri Rahmany gozgalaňa salmady, ol başga ýagdaýdan gorkdy. Märeke gahar bilen dem alyp durşuna, ganhoryň kimdigini bilmek isleýär. Köse jogap berip bilenok. Kösä sähelçe delil gerek. Şol delili tapdygy Köse özüni aklap biljek.
Rahman üçin dünýäde töhmetden aýylganç zat ýokdy. Häzir töhmete duçar bolaýdygy özüni aklamaga güýjüniň ýetmejegini bilýärdi.
Rahman şol günüň agşamy Kösäň ýanyna bardy. Köse ussahanasynda ekeni.
─ Tüweleme, hany, gel, geç... Tekçäň üstüne geçsene... Basyrylgy çaý bardyr, käselere guýuşdyryber, agzym kepäp durdy. Şu gün gaty ýadapdyryn, menem bes etjek. ─ Köse öňlügini aýryp, gara taňkadan elini ýuwmaga durdy. ─ Ýazja neressä ýaman gynandym. Bu ýalançyda juda türkana bolsaňam gowy däldir. Häli, ol taýda aýdyp durmadym, ýöne men indi saňa aýdyp biljek: Ýazjanyň başyny iýen Gaýrat. It ýaly öjükdirip gitdi. Allanäme, daýhançylygyny edip ýören bolsa, kim oňa ýarag çenejek?! ─ Köse Rahmanyň çiňerilip seredişini halamady, derrew görejini sowdy. ─ Hany, bäri geçsene... demini alan çaýdyr. Ynha, tikeç gant, halamasaň, şaha nabadam bar.
Köse uly ak düwünçegi açyp, dörüşdirdi, soňam böwri haşam gülli ýapbaşyk çäýnegi köne donuň aşagyndan çykaryp, käsä çaý guýmaga oturdy.
─ Ýazja neressäni kim atdyka?
─ Ýazjany atan adam belli: şura häkimiýetiniň duşmanyndan başga kim bolsun?!
─ Duşmandygy açyk-la, ýöne kimem bolsa, bir adam atandyr-a?
Bu sorag-jogabyň äheňinde ummasyz seresaplylyk bardy. Kimiň jenaýat edeni iki tarapa-da mälim bolup, ýöne bir tarap ikinji tarapyň öňürti boýun alaryna garaşýan ýalydy.
Köse bu hiläni höwes bilen kabul etdi, köpmanyly ýylgyryp, Rahmanyň sowalyna jogap berdi:
─ Hawa-la, ähli duşmanyň bir tüpeňden atmadygy belli zat.
─ Agahan atyp bilmez öýdýäňmi?
─ Agahanyň atan bolmagam ähtimal.
─ Onda “Agahan” diýip, häli ýas ýerde aýtmalydyň-da.
─ A, belki, Agahan däldir?
─ Bolmanda näme?! Şura hökümetiniň Agahandan uly duşmany ýok, senem şuraň uly agzasy bolup oturan adam. Aýtmalydyň, aýdan bolsaň, ynanardylar. Eger seniň ýeriňde daýym bolsa, aýdardy, walla!
Dogrudanam, Köse kürtdürdi. Garşysynda oturan Rahmany öňden tanany üçin kürtdürdi. Onuň agzyndan çykýan sözlerde türkana adama gelişmejek many bardy. Ol manyny hakykat diýip kabul etmelimi ýa-da hiledir öýtmelimi?
Köse ýylgyryp, ýene howsalasynyň ýüzüne perde çekdi.
─ Aýdaýan bolsam, daýyňa ýaman bolardy-da.
─ Sen meň daýymyň aladasyny etmeli däl-ä, siz biri-biriňize duşman.
Rahmanyň bolşy Kösäniň gaharyny getirip başlady. Seretsene, haýwandan tapawudy ýok, bisowat adam Kösä pitjiň atýar. Köse jabjynybrak jogap berdi.
─ Daýyň aladasyny edemok, halkyň aladasyny edýän. Ýas ýerde “Ýazjany Agahan öldürdi” diýen bolsam, ikimiz häzir bu taýda rahat çaý içip oturmazdyk. Garpyşyk bolardy, ýene telim adam ölerdi. Çaky, entegem ölümden irmänsiňiz öýdýän?
Rahman ýylgyrdy.
─ Nämä ýylgyrdyň?
─ Aý, hiç...
─ Hiç bolsa, al, çaýyňy iç.
─ Çaý işdäm ýok.
─ Onda arzyňy aýdyp otur.
─ Meň-ä arzym ýok, ýöne ýekeje sowal berjek.
─ Gulak asýan.
─ Sen näme baýguýrugy bilen mesaýy gürleşip otyrsyň?
─ Hi-hi-hi-hih... ─ Köse käsesiniň düýbünde galan çaýy ussahanaň bir burçuna serpip goýberdi. ─ Sen öňki Rahmana meňzäňok, damakgandan ätlän-ä dälsiň-dä?!
Rahman degişmäni kabul etmedi. Köse:
─ Saňa Gaýrat gerekdir? ─ diýdi. ─ Rahman jan, men Gaýrat däl, men Nobat ussaň ogly Köse!
─ Onda haýsyňyz şura hökümetiň adamy: Gaýratmy ýa-da Nobat ussaň ogly Kösemi?
Köse ýaňsydyjy ýylgyrma bilen esli salym garşydaşynyň ýüzüne çiňerilip seretdi. “Saňa nähili äheňde jogap bersemkäm?..” Rahmanyň çynlakaý soraýandygyny aňyp, degişme äheňden el çekdi.
─ Senem akyly ýerindäki adam, özüň pikir et-de göräý: eýse, şura hökümeti öz ýoluny tutýan adamy türmä salarmy? Ä-ä?
─ Şuraň ýoluny tutýan Nobat ussaň ogly Köse bolup çykýar-da?
─ Her kim öz güni, öz aladasy bilen ýaşaberse nädýär, Rahman jan!.. Şuralyk arzyň bolsa, aýdyp otur. Men oba şurasynyň başlygy! Ýer gerekmi ─ ýer mende bar. ─ Köse üm bilen tekjäniň burçunda üýşüp ýatan pilleri görkezdi. ─ Gaýrata niýetläp, ýörite pil ýasadym, ummasyz gowy pildi. “Sowgat bereýin” diýdim, almady. Daýhan çagasy pilden ýüz öwürýär, muňa näme diýip, näme aýtjak?! Şura hökümeti garybyň tarapynda, ýöne şura hökümeti “hemmäňiz hojaýyn bolmaly” diýenog-a! Rast hojaýyn bolasyň gelýärmi ─ syýasatdan baş çykar. Beýle diýsem, syýasaty gowy zatdyr öýtme. Daýhançylyk syýasatdan müň paý amatly, onda-da siz ýaly daýhan ýigide. Dogrusy, özüm-ä bilim alanyma ökünýän. Bu dünýäň pelsepesine düşünmänden gowusy ýokdur. Sen maňa “hä” diýäýgin, Rahman...
─ Syýasatyňa-da dawam ýok, ýeriňe-de. Men senden başga bir zady eşideýin diýdim: Ýazja neressäni kim öldürdi?
─ Ony, bar, Agahandan sora.
─ Agahan gumda.
─ Gumda bolsa, guma gidip sora!
Köse kellesine daňynan ak ýaglygyny gahar bilen sypyryp, ýerinden turdy, diwardaky çüýden asylgy telpegini usul bilen başyna geýip, Rahmanyň turaryna garaşdy.
Rahman gozganmady, gaýta, içýakgyç arkaýynlyk bilen:
─ Agahan iki ýola meni Keliň kakyna iberdi, goýun sürüp gitdim ─ diýdi.
─ Gideňde näme?!
Köse gygyrdy, ol garşysynda oturan adamyň bolşundaky gözilginç arkaýynlyga çydaman gygyrdy. Rahman sarsmady.
─ Iki sürüdenem sen habarly bolmaly.
─ Habarym ýok, bilemok! Biljegem däl!
─ Bilmeseň, onda hälki agsak näme işläp ýören adam?
Rahman Kösäniň has beter gygyraryna garaşdy. Köse bu sapar gygyrmady, ýetim çaga ýaly mysapyr görnüşde tekçä dolandy. Esli wagt dymyp oturdy. Rahmanyň pikirine görä, ol häzir ökünmelidi, öz seresapsyzlygy, agsak adamyň obada görüneni üçin ökünmelidi.
Köse dodagyny bir tarapa düýrüp ýylgyrdy-da:
─ Ýeri, agsak adamy görüpsiňem-dä?.. ─ diýdi. Onuň garaýşynda ylalaşyga bolan çagyryş mese-mälimdi. ─ Goýun iberen Agahan bolsa, sürüp eltenem sen bolsaň, seň bu taýda poh içinden monjuk gözläp oturmaň näme? Men-ä düşünemok.
─ Bir sapar goýun eltdim, sähel salym geçmänkä, Gaýrat gitdi.
─ Hawa, gitdi.
─ Ikinji sapar eltdim, ynha, indem Ýazja neresse öldi. Şo zerarlam men senden “kim öldürdi?” diýip soraýan.
─ Nähak howsala düşýäň, Rahman, sen arkaýyn bol. Seň bitiň burnam ganamaz, ant iç diýseň, hut, şura başlygy hökmünde ant içeýin.
─ Men öz aladamy edemok.
─ Hi-hi-hih... hemmämiz şeý diýýäs. Dilimiz bir söz diýýär, ýüregimiz başga bir zat. “Günä sende” diýjek bolamok, sen maňa gulak as. Ikiýüzli bolmaga adam pakyry çagalykdan imrikdirýärler, mekirlige, aldawa öwrenişdirýärler. Ýekeje bir zat aýdaýyn, düşünjek adama şolam ýeterlik. “Mollanyň diýenini et, edenini etme” diýen söz bar. Rahman jan, bu akylly söz Kösäň tapan sözi däl, ata-babalardan galan söz. Il içinde mollalaryň hormaty barmy? Bar! Maslahat kimden soralýar? Mollalardan! Hakyna garanda, adamy edýän işi boýunça hormatlamaly. Söz söz bolýar, dil bir öl ýere biten zat. Ýok, şonda-da diňe mollanyň sözüne ynanmaly. Olar ýalan sözlese-de, çyn diýip kabul etmeli. Olaryň adalatsyz etmişlerini söz bilen kada-kanuna getirýärler. Söz bilen hininde ýatan ýylany çykaryp bolýar ahyry! Şeýdip, bilmän durkak, biziň özümiz ikiýüzli bolýas galyberýäs. Söz aýylganç zat, söze ynanmagyn. Dünýäde ähli adalatsyzlygy söz arkaly ýuwmarlaýarlar. Şony biz ýaly garyba-da öwretdiler. Ynha, sen: “Men öz aladamy edemok” diýdiň. Men-ä ynanjak däl, ikiýüzlüligiň nyşany. Göwnüňe alma weli, Rahman jan, ýalan sözleýäň, ýalan! Öňi bilen-ä, sen şuraň adamy däl, o sebäplem sen ýaly pukara ýigide: “Men öz aladamy edemok” diýmek, asla gelşenok. Galyberse-de, sen diňe öz aladaňy edýäň. Seň aladaň ─ Asman.
─ Asmanyň adyny tutma!
Köse tomaşa bilen gülüp, döwi gelen oýunçyň höwesinde dowam etdi:
─ Men şura başlygy bolup otursam, ýasy ýanyň ýerde bolsun, Asmana adam oglunyň dişi ötmez. Hudaýa şükür, Gaýratdan dyndyk!
─ Aý, seniňem bir...
Rahmanyň ýumrugynyň bady Kösäniň çeýe göwresini ýere togalady. Gulakjyn telpegi tigirlenip, aňyrky diwara ýetip durdy. Köse galmady. Sojap duran Rahman onuň galaryna garaşdy. Galdygy, agyr ýumruk gaýtadan tumşuga degmelidi. Köse kirpi ýaly düýrülip, urga garaşdy, aýratynam ahmal ýeriniň aladasyny edip, iki dyzyny garnyna çenli ýygyrdy, ýüzüni ýere basdy.
─ Saňa öňem aýdylandyr, doganyňy ... . Indi şoň adyny diliňe alsaň, öldirin, eger sen şuraň agzasy bolman, Hudaýyň agzasy bolaý!..
Rahman tekjede oturdy.
Köse gynanç bilen başyny galdyrdy, ilki, howlukman, ýüzüniň gumuny kakyşdyrdy. Eňeginiň çep tarapynda aňsyz gyzyl tegmilt galypdy.
─ Şura hökümetine el galdyranyňy bilýäň gerek?
Kösäň gep urşunda ejiz adamyň özünden güýçlä hakykaty düşündirjek bolşundaky zeýrenje çalymdaş janagyryly äheň bardy.
─ “Hökümet” diýýäniňem sen dälmi?
─ Hawa, men...
Köse aýak üstüne galyp, öňürti telpegini ýerden göterdi, ony bir eline ildirip, beýleki eli bilen tozan ýapyşan her buýra aýratyn pitik kakyp başlady. Rahman henizem özüni dürsäp bilmän, haşlap oturyşyna:
─ Şura hökümetiniň daýanýany sen boljak bolsaň, walla, eýýäm düýbi çüýräpdir ─ diýdi.
─ Şura kime daýanýanyny size mazalyja görkezer. Meniň rehimdarlygyma şükür etmeli halyňa, maňa ýumruk çalýaň. Çal bakaly, görersiň-dä!.. Menem-ä köp zatdan habarlydyryn... Şura hökümetiniň okuwa ýollan adamlaryny ele salan kim? “Agahanyň adamlary” diýen myş bar. Senem şol mahal obada ýokduň, diýmek, Agahanyň ýanynda bolmaly, senem şärik.
─ Men häzirem Agahanyň ýanynda.
─ Sen baý guýrugy!
─ Rast, guýruk bolmaly bolsam, sen ýaly eşege guýruk bolman, Agahan ýaly gaplaňa guýruk bolaryn. Seni iki sany kel tokla satyn alyp bolýar, Agahany satyn aljak bolup gör! Eger “Ýazjany iki adam öldüripdir” diýseler, biri sensiň! Dürnabadyň nalasy ilki bilen seniň başyňy iýer!.. Başga aýtjak zadym ýok saňa.
Rahman säginmän çykyp gitdi.
* * *

Dowamy: Janserek - roman / 20

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 168 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 19
avatar
1
1 Мango • 13:49, 04.05.2024
hetdimiz ýok-la welin, gaýtalap-gaýtalap aýtmagynda bir sebäp barmy-ka?...

Ýazjanyň Güljesi gündogar tarapdan, sesýetim daşlykdaky köne haýatyň gabat aňyrsyndaky gara öýden geldi. Alaça köýnekli, nogta saçly, derek boýly Gülje. Oba gyzlarynyň naýbaşy, merdi-merdanasy, ýürek mährini Ýazja bagş eden Gülje!..
Güljäniň gelýänini oba gördi. Adamlar ýüzüni aşak salyp, ýazykly ýaly dymdylar. Olar häzir aýylganç aýralykdan dörän hesreti adam şekilinde gördüler. Ol hesret Güljedi. Alaça köýnekli, nogta saçly, derek boýly Güljedi. Onuň egnindäki häzirem şol alaça köýnekdi, nogta saçlary göwsüniň üstünde hallan atýardy. Derek boýy biraz bükülen ýalydy. Ol ýeňi bilen ýüzüni tutup, garşydan urýan hazan ýeliniň badyna bäs gelmek üçin, göwresini öňe taşlap ýöremeli bolýardy.
Oba gyzlarynyň naýbaşy, merdi-merdanasy, ýürek mährini Ýazja bagş eden Gülje...

....

...Ine, şeýdip oba gyzlarynyň naýbaşy, merdi-merdanasy, ýürek mährini Ýazja bagş eden Gülje öz söýgüli ýigidi bilen iň soňky sapar duşuşdy...
avatar
1
2 Мango • 13:57, 04.05.2024
Ýazjanyň Güljesi gündogar tarapdan, sesýetim daşlykdaky köne haýatyň gabat aňyrsyndaky gara öýden geldi.....
........
.....Ýazjany öýe saldylar. Gülje öýe girmedi, gyz jigisini yzyna tirkäp, gündogar tarapa, sesýetim daşlykdaky köne haýatyň gabat aňyrsynda oturan gara öýe tarap gitdi.

"yza sarama" priýomyny Tirkiş agada ulanan ekeni.
gyzykly.
avatar
0
3 Mekan2 • 14:15, 04.05.2024
okyja Ýazjaň duýgusyny berjek bolýa diýip düşündim...

ol diňe Ýazja üçin oba gyzlarynyň naýbaşy...
avatar
0
4 Mekan2 • 14:17, 04.05.2024
pafos diýilýädimikä
avatar
0
5 Мango • 16:43, 04.05.2024
pata ýerini mitinge öwürip bildilermikä şo döwür şura hökümedi...
hakykatdanam şura başlygy ýoldaş  Köse ýas ýerinde "ýoldaşlar" diýip  mitinglerdäki ýaly taryhy ähmiýeti söz sözledimikä?
täze düzgünleriň ornaşdyrylýan döwründe bolandyram o zatlar diýäňizmi?
her-nä traur saz çalyp jaýlalyň diýmändirler...
avatar
0
6 Merdan • 17:44, 04.05.2024
Häzir ol adamlaryň dünýäsinde ýaşaýany üçin kemsindi. Adam bolup dogulmaly däl ekeni, haýwan bolup dünýä inmeli ekeni. Haýwan haýwany dalasa, aç-açan dalaýar. Bir haýwan beýleki haýwany iýse-de, ony gizlejek bolanok, emma adam haram işini gizlemegi öwrenipdir. Adamlar şu endiginden el çekmeseler, dünýäde päklik, adyllyk bolmaz...

Dogrusy, özüm-ä bilim alanyma ökünýän. Bu dünýäň pelsepesine düşünmänden gowusy ýokdur...

Söz aýylganç zat, söze ynanmagyn. Dünýäde ähli adalatsyzlygy söz arkaly ýuwmarlaýarlar...

Rast, guýruk bolmaly bolsam, sen ýaly eşege guýruk bolman, Agahan ýaly gaplaňa guýruk bolaryn. Seni iki sany kel tokla satyn alyp bolýar, Agahany satyn aljak bolup gör!...

Janserek.
avatar
0
7 sussupessimist • 00:19, 05.05.2024
Merdan, gowy sözlemleri çykarypsyňay. Bu yerleri eseriň içinde eräp, siňip galypdyr, başga biri diňe şularyň özünden ayratyn kitap yasap, her birini surat bilen bezap, Instagramda-TikTokda, paylaşar yörerdi...

Mango, ol agzalyan gaytalanmalar yorite ulanylan tehnika bolsa gerek, poetiçny refren hokmunde. Kinolardaky ayratyn gahrymanlara niyetlenen melodiyalar yaly
avatar
0
8 Pero • 10:16, 06.05.2024
"Söz aýylganç zat, söze ynanmagyn. Dünýäde ähli adalatsyzlygy söz arkaly ýuwmarlaýarlar" - ýürekagyrdyjy
avatar
0
9 Merdan • 11:27, 06.05.2024
Sag bolyñ okaýanyñyz üçin diýip abyraýa şärik bolaýmy :-))
Ýazan biri azap edip paýlaşýan biri arada uly iş eden ýaly bolup görinmek howy zadaý. Tüýs şu döwriñ metody:-)))
Ýa-da :-((((...
avatar
0
10 Mekan2 • 11:49, 06.05.2024
ýo, dogry  aýdýaň, sen şo abraýa 100% şärik. statistikadaky okalan (görlen) sany teswir ýazyldygyça artýa. bolmasa kän bir 7-8-den geçip baranok.
avatar
0
11 medi • 18:51, 13.05.2024
Şu romany doly goýlanda soň okamalydym. Saýta girsem Janserek diýip girýän. Bölekleýin eser okamany halamok. Şonda-da myhman size sagboluň aýratyn. Azabyňyza hormat
avatar
0
12 medi • 18:53, 13.05.2024
Bizde mele daşly Janserek bardy. Okuwçy wagtym şony okadym. Ýöne hiç hili ýatlap bilemok.
avatar
0
13 Merdan • 19:28, 13.05.2024
Ýo gaýtyp az azdan goyulsa gowy okalar, yadatmazdan
avatar
0
14 Mekan2 • 16:12, 14.05.2024
indi her gün goýjak, nesip bolsa, göçürme işi gutardy. her goýjak parçamyň harp ýalňyşlaryny barlap goýýan. eden işiň kemini goýman etseň gowu-da, geldi-geçer etmän.
avatar
0
15 aygull • 17:51, 14.05.2024
Merdan maňa käýedi,üýşürip okajak diýdim welin. Ìndi süýşürip okajak ähli işlerimi bir ýana.
avatar
0
16 Mekan2 • 17:55, 14.05.2024
bäh, şahyrlaň ýönekeý gürrüňem goşgy bolup barýaraý, tüweleme. interesno: Merdan aga proza ýykgyn etmedik bolsa, aýdyşyk ýaly gepleşerdiňizmikä (mydama).
avatar
0
17 hanturebs • 20:35, 14.05.2024
Şu Tirkiş agaň "Çöl içindäki yzlar" powesti ajaýyp eser bolmaly. Garagum çölüniň tebigatam şeýle çeper beýan edilýän bolmaly, şol powesti tapsaňyz onam paýlaşewiriň.
avatar
0
18 Aýgül_Garaýewa • 23:25, 14.05.2024
Merdan agaňam gül ýaly şahyrdy welin, näbileýin, göz boldumy, dil boldumy, ýa menden boldumy...
Başga gelinler şahyr dälleri şahyra öwrüp goýberýäler, men bolsa negözel şahyry ýazyja öwrüp goýaýdym. Ile meňzeş bolmasaňam kyn-da, myhman.
avatar
0
19 Pero • 00:29, 15.05.2024
16 bn 18-e
Hehehe,oñaraýýañyz siz-ä,gijäñ bir wagty güldürdiñiz:)))
Myhman aga mendenem bir BEREKELLA!!! ...derỳa zyñ...Halyk biler.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203