Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:57
Türkmene ýaran ogul - 4. Prezident Nyýazowyň ýanynda

4. Prezident Nyýazowyň ýanynda

K.M. Tirkiş, ikimiz örän peýdaly zadyň başyny başladyk, nesip bolsa, muny soňlarys, ýazarys, aýdarys.
Men özüm hakynda iki agyz söz aýtmakçy. Ondanam ozal, meniň bilen şu söhbedi seniň ýazýandygyň gowy zat. Eger men Kakajan Muhammetberdiýew diýlip il arasynda azda-kände tanalýan bolsam, dogrymy aýdaýyn, men Atabaýewe meňzejek boldum, şony özüme nusga edip aldym. Atabaýewiň öz eli bilen ýazan hatlaryny, ol hakda ýazylanlary okamak maňa miýesser etdi. Arhiw materiallaryny açmaga, tertibe salmaga, nomerlemäge arhiwçiler bilen bile menem gatnaşdym. Bu bir bagt! Muny şeýle nygtap aýdýanymyň sebäbi bar, soňra şol arhiwleri ýene ýapdylar, golaýyna hiç kimi eltmediler. Eltmediler diýenim bilen bagly soňky bolan fakty aýdaýyn.
1993-nji ýylyň ýanwarynda bizi Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow kabul etdi. Taryhçy hökmünde dört adam bolup bardyk. Şol mahal magaryf ministri bolup işleýän Nursähet Baýramsähedow, Ylymlar Akademiýasynyň wise-prezidenti Myrat Annanepesow. Olaryň wezipelerine görä çagyrylan bolmaklary-da ähtimal. Ýöne men soňra baran ýoldaşlarymyň käbiri ýaly: prezident bizi çagyrdy diýen ýaly magtanmak äheňinde gürlejegem bolmadym, telewideniýede çykyş etmäge çagyrsalar-da, şony agzamadym, menden başga-da gürrüň berýänler bar diýdim. Meni çagyranlarynyň sebäbini bir zatdan görýän. Ýigriminji asyryň taryhyny ýazýanlaryň arasynda meniň ornum bolaýmaly, oduň içinde boldum, gözli şaýat diýdim. Ylymda uly bir takyklama bar: iň uly, iň ygtybarly taryhy çeşme taryhyň öz içinde bolmak. Özüň taryh bolmaly. Bir sebäp bilen men taryhyň içinde boldum. Şu zerarlam 10-njy klaslar üçin taryhdan okuw kitabyny ýazmakçy boldum, ýöne maňa bir kömekçi gerekdi, orsça aýtsak, “çýornoraboçiý” gerek, onuň güýçli taryhçy bolmagy hökmanam däl. Özüm oňa görkezme berjek, meseläni täzeçe goýjak, buýurjak, döwürleri özümçe kesgitlejek. Maňa oturyp ýazyp bilýän kömekçi zerurdy, üstesine-de tiz ýazmaly diýip, Magaryf ministrligi gyssady. Men Ýazgylyç Orazgylyjow diýen adamy ýanyma aldym. Ol maňa kömekçi boldy, dogrusy, garalama ýazyjy boldy, şu sözüň aşagyny çyzyp, nygtap aýdýan, ýogsa olam soň käýerde gaýşarylyp, biz ýazdyk diýip başlapdyr. Men şular ýaly zady hiç halamadym, kükregine urany halamadym. Seniň kimdigiňi il görüp dur-a! Käbir zady gizläp bolýanam bolsa, bir zady ildenem, dostuňdanam, duşmanyňdanam gizläp bolanok: kim sen? Sen kim? Kimdigiňi hemişe ýüzüňe aýdanoklar, bu başga mesele. Şundan peýdalanyp ”men” diýýänlerem bar.
Duşuşyga dolanaly. Gürrüň başlananda Saparmyrat Ataýewiç ministr Nursähet Baýramsähedowa: men seni tanaýan diýdi, ikimiz bile işleşdik diýdi, ol hakda aýtjak sözüni aýtdy. Bir ýerinde menem goşulaýdym, öz häsiýetimiň hemme ýerini unabam duramok. Nury gowy ministr, işleşmek aňsat, ylyma düşünýän adam diýdim welin, Saparmyrat Ataýewiçem: menem oňa garşy däl, ýöne menem ony tanaýan diýdi. Şu hakda gürrüňiň geregi ýok diýen äheňi berdi dälmi? Ýagşy-ýaman başga zat diýmedi.
Soňra Myrat Annanepesowa ýüzlendi-de: ”Myrat, – diýdi, – hol-ha, seniň ýazan zadyň ýatyr, hol-ha, üýşmek bolup ýatyr, onuň ýazylyşy metodologiýa taýdan nädogry. Sen türkmeni nirelerden getirýäň? Türkmeniň dörän ýeri şu taýy, şu toprak! Biz türkmeni şu taýdan gözläris” diýdi.
Şu sözleri diýdi-de, kürsüsini maňa tarap öwürdi: ”Kakajan, – diýdi, – men seni çagyrdym, men seniň bilen gepleşjek, maňa Türkmenistanyň taryhy hakynda takyk gürrüň gerek” diýdi.
Men: ”Saparmyrat Ataýewiç, siz biziň başymyza iňňän jogapkärli wezipäni atýarsyzyň, bize indi siziň goldawyňyz gerek” diýdim.
”Goldaw bolar – diýdi, – hakykaty ýazyň, bolşy ýaly ýazyň, şu döwri bolşy ýaly ýazyň” diýdi.
Onuň elinde meniň düzen programmam bardy, şoňa salgylanyp aýtdy. Şol programmada bir bap bar: Türkmenistan Respublikasynyň döreýşi. Gaýgysyz Atabaýew. Nyýazow: ”Meniň şuňa düşünesim gelýär – diýdi. Men Atabaýew hakynda kän eşitdim, men şuny bilmekçi, öwrenmekçi – diýdi. Yzyndanam edil şunuň ýaly zat aýtdy... Häzir men şaýadym bolmasa, ömür aýdybilmejek zadymy aýtjak. Şeý diýdi: – Men Atabaýew hakynda gyzyklanýan materiallarymy aljak bolýan welin, alyp bilemok, biziň arhiwlerimizde-de ýok. Bir sebäp bilen Daşkende, Daşkentdenem Moskwa düşüpdir, haýsy arhiwlere gidenini bilemok. Men ahyry ýol tapman, Boris Nikolaýewiç Ýeltsiniň özüne ýüz tutdum, maňa şonuň materialyny beriň diýdim, berip bilmedi” diýdi.
Şoňa-da berilmeýän bolmaga çemeli. ”Bir ýoly bardyr-da, ýöne saglyk bolsa, alaryn – diýdi. – Ynha, Atabaýew hakynda bizde ýekeje bir papka bar, şahsy arhiwi hakynda papka” diýdi.
Papkany okap başlady. Menem birden: ol dokumente belet diýdim, öteräk geçen bolmagymam ähtimal, ýöne Nyýazow syr bildirmedi. Ol papka şu ýerde ýeke-täk saklanýan dokument, 1927-nji ýylda düzülen, düzenem Atabaýewiň özi diýdim. Şonda Nyýazow ýüzüme seretdi-de, soň şol gürrüňi goýdy. Türkmenistanyň döremegine sebäp bolan sowet hökümeti, serhedini guran sowet hökümeti, dünýä kartasyna salan sowet hökümeti, konstitusiýa-da sowet hökümeti döwründe kabul edildi diýdim. Soňundan Saparmyrat Ataýewiçiň özem şu sözleri gaýtalady: Türkmenistan Respublikasy sowetler döwründe döredi, döwür hakynda näme diýsegem, biz bolan zady boýun almalydyrys, serhedem şol döwürde kesgitlenipdi diýdi.
Onuň şeý diýenine begendim. Meniňem taryhçy hökmünde azda-kände goşandymyň barlygyna begendim. Şu hakyky bolan gürrüň, men şaýatly gürleýän.
Soňra ýene bir zat goşdum. Hukuksyz döwlet boldy, ady boldy-da, özi bolmady, onuňam sebäpleri bar, Staliniň maksady başgady, alyp baran syýasaty başgady. Türkmenistany döredip, at berip, yzyndanam çäkli edip goýmalydy, obrazlaşdyryp aýtsak, derýa balyk goýberip, yzyndanam çeňňek atmalydy. Saňa döwlet berdik diýip, ol döwleti beýläk itmekdi, towlamakdy. Şolam edildi. Onuň başynda duran Atabaýewmi, başga birimi, tapawudy ýok, onuň elinden geljek uly bir zat ýokdy diýdim.
Ýene bir aýdan zadym: Türkmenistan Respublikasynyň dörändigi örän amatly bolandyr, Saparmyrat Ataýewiç, siz Türkmenistanyň özbaşdaklygyny yglan etdiňiz, eger Türkmenistan öň Soýuz Respublika hökmünde döremedik bolsady, size kyn düşerdi. Birnäçe awtonom respublikalar alyp bilmediler, biziň utan ýerimiz Soýuz Respublika bolandygymyzda diýdim.
Şonda meniň ýeňsämde oturan, ýaňky kömekçim diýenim, Orazgylyç söz goşdy: “Tatarystan alyp bilmed-ä” diýdi.
Menem: “Ynha, meň belet ýerim, Garagalpagystan alyp bilmedi” diýemde, Nyýazow güldi.
Onsoň Nyýazow: Gaýgysyz Atabaýewi orta çykaryp, adynam ýokardan ýazypsyňyz diýdi. Ol elindäki meniň düzen programmama bellik hökmünde aýtdy.
Menem: her bir zat dörände başynda biri bolýar-a. Ynha, özbaşdak Türkmenistan döwleti döredi diýlen ýerde, nokatdan soň Saparmyrat Nyýazow diýip ýazdym ahyry diýdim. Ol-a dogry diýdi. Ýene Atabaýewe dolanyp: Atabaýew basmaçy diýip, türkmenleri kän gyrypdyr-a, maňa görkezdiler diýdi. Saparmyrat Ataýewiç, sizden haýyş edýän, siz bize arkadag bolmaly, kömek etmeli, şuny dogry ýazmaga ýol açmaly diýdim. Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiň özi duşmany gyranok, syýasat gyrdy, sistema gyrdy diýdim. Şunuň bilen Atabaýew hakyndaky gürrüňem, Türkmenistanyň soňky özgerişi baradaky gürrüňem şu ýerde goýaly, häzir saglyk ýagdaýym dowam etmäge mümkinçilik berenok, uzak gürlemäge mejalym ýok...

Dowamy bar...

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
© Kakajan MUHAMMETBERDIÝEW
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 126 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Teg: Kakajan Muhammetberdiýew, Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203