Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:49
Janserek - roman / 16
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 15]
* * *

Asman aglady. Bu sapar diňe öýi otlamadylar. Asmanyň umydynam otladylar. “Indi Rahman obada eglenmez” diýdi. Mamur eje ony köşeşdirjek boldy:
─ Aglama, agydan peýda ýok.
─ Aglamasam, ýüregim ýarylyp barýa.
─ Sen meň pendimi al, gelin, Hudaýtagala owal-başda erkege güýç beren bolsa, aýala-da çydam berendir. Sen Rahmanyň ýanyna ýene bir öwrül.
─ Gapydan goýbermese nädeýin! ─ Çyg zerarly Asmanyň duman alan gözlerinde diňe alaçsyzlyk bardy. ─ Ýalbaraýyn diýsem, gahar onuň gulagyny gapypdyr.
─ Gahar adamyň ýüregini apy-tupandan doldurar, birdenem gara ýel ýaly geçer gider. Gök asman ýaly ýüregini arassalar. Ana, gelin, şol mahal ýene oňa sen gereksiň.
─ Ol daýysyny küýsäp gitdi. Daýysynyň göwnüni görjek bolup etdi, ýogsa, Rahman meni taşlap gidermidi?!
Asman ajy hakykatyň öňünde özüniň güýçsüzligini duýduryp eňredi.
─ Oňa senden ýakyn hossar ýok, ahyry düşüner.
Mamur eje bu sözi göwünlik bermek üçin aýtmady, ýüreginden ynanyp aýtdy. Ýöne Asmanyň kalbyna çöken şübhe birbada dargadardan çökderdi. Onuň gözleri gorkudan ýaňa ýiteldi. Ol gutulgysyz bolmaly zady habar berýän äheňde:
─ Erbet düýş görüpdirin ─ diýdi. ─ Daşarky ojakda et gowrup otyryn, boldugy, Rahmana äbermekçi... Erbet zat hiç ýatdan çykmaz ekeni. Düýşem şeýle. Ýatdan çykarjak bolýan, gaýta, jikme-jik aýdyňlaşyp barýa. Indi iki gün, duzuň tagamyny duýamok... Ojagyň gapdalynda keçe ýazylgy, üstünde saçak, saçagyň başynda Rahman otyr. Nähili oturany hakydamda däl, ýöne oturanyny bilýän. Özem, göwnüme bolmasa, amanat ýaly... Hawa, bir hili ýeňsesini öwrüp otyrmyka diýýän. Et gowrulýa. Okara alaýyn diýip öýe girýän, daşaryk çykamda, okara derek elimde çäýnek bar. Gazana seretsem, gowrulan etiň arasy çig etden doly. Çym-gyzyl süňkler. Oňurgaň süňkleri, edil ýaňy atypdyrlar, entek daglanmaga-da ýetişmändir. Indi asyl, şo gyzyl süňkler göz öňümden birjik aýrylmasa nätjek! Ýüregim bulanýar. Wah, iň ýamany başga: keçäň üstünde Rahman süýnüp ýatyr. Arkan däl, ýüzin. Özünem ýenjip durlar. Kimiň urýanyny göremok, näm bilen urulýanynam göremok, ýöne her urgy degende, Rahmanyň göwresi silkinip gidýär. Urulýanyny görüp durun, “näme üçin urýaňyz?” diýemok. Düýş-dä! Boýnunyň her damary taýak ýaly galypdyr... Ertir turup, özüme käýinýän: “Ýeri, ol-a iň soňky deminde ýatyr, uzak çydamajagam belli, onsoň, syn edip durmaň näme diýsene!” diýýän. Düýşde her zat boljak ekeni. Näme-de bolsa, bi gowulygyň alamaty däl, gorkýan, gözüme uky gelenok.
Asman, bu pikiriniň tassyklanmagyndan ätiýaç edýän ýaly, ägirt howsala bilen Mamur ejä garady. Mamur eje täsin arkaýynlyk bilen:
─ Gelin, bi Allatagalanyň alamaty ─ diýdi.
─ O nähili alamat?
─ Allatagala size kemsiz duýduran ekeni.
─ Nämäni duýdurypdyr? Waý, erbet zat bolsa, aýtmaweriň, aýtmaň... Çig süňkleň oňňul zat däldigini özümem bilýän, aýtmaň.
─ Ol süňkler siziň aşyňyza atylan awy.
─ Hiý-iý!!!
─ Gorkma, gelin, bu taýda entek gorkuly zat ýok. Şol süňkleri seniň göreniň gowy bolupdyr.
Asmanda dörän umyt ony gyssady:
─ Onda Rahmanyň ýatyşy nämäň alamaty? Başujunda lal ýaly seredip durkam, aýylganç zadyň pikirini edipdirin: “Ol çydamaz, öler” diýýän. Heý, beýle-de bir alamat bolarmy?!
Mamur eje öňki arkaýynlygy bilen:
─ Bolar ─ diýdi. ─ Agahanyň yzyna düşmek mundan artyk Rahmana bolanok. “Bolanok” diýibem aýtmaly, gelin.
─ Wah, men öňem aýtdym-la.
─ Ýene-de aýt!
─ Aýdanym bilen bir zat boljagyny bilsem, aýtjak-la! ─ Asman ýüreginde ýakymly alada duýdy. ─ Mamur eje, men ony ynandyryp biläýsem diý.
─ Ynandyrarsyň. Sen oňa hem aýal bolup aýt, hemem ene bolup aýt, ynanar!
Mamur eje Asmanyň göwnünden turdy. Asyl, Mamur eje Asmanyň göwnündäkini ýüzüne aýtdy. Eger Rahman Asmany aýaly hökmünde kabul etmese-de, dünýä injek oglunyň ejesi hökmünde kabul etmeli. Entek olaryň ikisinem ýigrenmäge ýetişen däldir...
Asman oba şuranyň jaýyna tarap haýdap barýarka, göwresinde ýatan çaga ýüzlendi: “Jan oglum, umydym, gözümiň agy-garasy!.. ─ diýdi. ─ Häzir meniň ýüregime senden ýakyn jandar ýok. Eger ataň diňe seni küýsäp oba dolanan bolsa-da, men çigit ýaly kemsinmen. Ikimiz bir göwre, seni küýsän, menem küýsär. Ataň köp zada düşünenok, oglum. Men horluga uçrasam, saňa-da kyn, meň ýüregim agyrsa, şol agyry seniň ýüregiňe-de baryp ýetýändir. Ataň şoňa düşünenok. Biz oňa düşündirmäge barýas, oglum...”
Asmanyň bütin göwresine galpyldy aralaşdy, eňegi saňňyldap dişine degdi. Ýel berlen meşigiň üstünden basýan ýaly, dabanynyň aşagynda berk daýanç duýmady.
Gapyň agzynda henizem Ýazja duran ekeni. Ol:
─ Walla, meň diýenimi etseň-ä, “barma” diýjek ─ diýdi. ─ Garny dok, ýaňyja ejemiň getiren şülesini iýdik.
─ Gapyny açsana...
─ Gapy açyk, ýöne neme... biz oň elini-aýagyny, köşeşýänçä, daňaýmasak bolmady.
─ Siz ony urup, horlan-a dälsiňiz?
─ Ýa’k, walla, şura hökümetinde adam urmak gadagan!
Asman bada-bat düýşündäki Rahmany göz öňüne getirdi. “Bular onuň elini-aýagyny daňypdyrlar, eý Hudaý!..”
─ Uransyňyz, horlansyňyz!
─ Tas, depip, şuraň gapysyny döwüpdi.
─ Döwlüp geçsin!
─ Gör-ä, siziň baryňyzyň synpy düşünjäňiz ýetenok.
Ýazja Asmanyň yzy bilen içeri girerin öýtdi, emma batly ýapylan gapy maňlaýyna degdi.
─ Bäh! ─ diýip, yza tesdi, käýindi. ─ Ejemden başlap, bi heleýleri uçdan-tutma okatmaly boljak öýdýän, ýogsa, bulaşdyrjaklar.
Ýazja Nuryň uly gyzynyň syýasy düşünjesini galdyrmagy höwes bilen öz üstüne aljakdy. Soňra gapyny çalarak açyp:
─ Köşeşendir-le, indi boşadaý ─ diýdi-de, gapyny ýapdy.
Asman bir burçda aňyrsyny bakyp, düwdek bolup ýatan Rahmanyň üstüne abandy. Dogrudanam, onuň elini-aýagyny daňypdyrlar, özem bir tanap bilen daňypdyrlar. Asman äriniň ýüzüni oňly görüp bilmedi, çyranyň ölügsi ýagtysy garaňky kölegäni dargadardan ejizdi. Ol:
─ Rahman ─ diýdi.
Rahman ses bermedi. Asman tanapyň daňysyna elini ýetirdi.
─ Öwrül bärik, çözeýin...
─ Çözme, aýryl!
Rahman hötjetlik bilen göwresini siltäp, soňam ümsüm ýatdy. Asman ýaňadandan el uzatmaga çekindi. “Deminden düşüşýänçä azar bermäýin, gowusy garaşaýyn” diýdi. Ýöne garaşmak oňa hupbat ýamanyny berdi. Sebäbi, edil Asmanyň gapdalynda ýatan Rahman birden onuň gözüne düýşdäki ejir çekip ýatan Rahman bolup görünýärdi. Şol pursat äriniň üstünde kökenek gerip, oňa hemaýat beresi gelýärdi. Ümsüm oturmak baryp ýatan jellatlykdy, onuň manysy biwepalyga barabardy. Has dogrusy, aýylganç düýşüň ýaman ýorgudyna meýletin boýun synmakdy. Asman bu masgaralykdan sypjak bolup, aýgyt bilen ýaňadan ärine seredýär. Indi weli, onuň gapdalynda başga Rahman ýatyr, ol düýşdäkä meňzänok. Asman oňa gep atmaga, kömege ýetişmäge çekinýär, ýene çykaryp kowar öýdýär.
Rahman gymyldaman ýatyşyna:
─ Gaýratyň ajaly meň elimdendir! ─ diýdi.
Häzir onuň haýbaty Gaýrata gönükdirilmän, gös-göni Asmana degişlidi. Asman kemsindi, ýöne garşylyk görkezmedi. Diňe apy-tupandan soňky arassa asmany göz öňüne getirdi, şonuň peýda bolaryna garaşdy.
─ Öldürmen öýdýänsiň? Indi ol, hemişeki taýagyny süýräp ýören Rahman ýokdur. Öldirin! Gaýrat üçin Allanyň gazabyna duçar bolmajagymy bilýän. Namart ekeni, mertdir öýdýärdim, namart ekeni... Sen adam öldürmek kyn zatdyr öýdüp ýörme! ─ Rahman çyndan gürleýänini duýdurjak bolýan ýaly, kellesini öwrüp, aýalyna seretdi. Onuň garaýşyndaky tutanýerlilik Asmany gorkuzdy. Rahman ýene aňyrsyny bakdy. ─ Bigünäni öldürmek kyn. Bigünäni öldürenden özüň öleniň gowy ekeni, barybyr jezadan sypma ýok.
─ Sen birini öldüren-ä dälsiň, Rahman?
─ Öldürdim, hawa, öldürdim... Asman, meň etmedik zadym galmady.
Ol ýüzüni keçä oýkady. Asman onuň üstüne gujagyny gerdi.
─ Zora çydaman öldürensiň, saňa “öldür” diýendirler?
─ Elime ýarag berdiler, ýöne “öldür” diýmediler.
Asman ärini goltugyna gysyp, gaýta-gaýta yrady:
─ Meni kösejek bolup aýdýaň, Rahman! Saňa öldür diýendirler?
─ Elime ýarag berdiler diýýän-ä!..
─ Ýarag berdiler diýip, öldüribermek bormy?
─ Eline ýarag alan öldürýändir, öldürmejek bolsa, ýaragy başyna ýapsynmy? Eşek bakmak üçin tüpeň berenoklar, “adam öldür” diýip berýäler. Hol-ha, gapyda Ýazja dur. Akmak, eline oýunjak berlen ýaly, hondan bärsi! Öldürensoň biler, öldürjegem hak. Ýarag oýnap ugran adamyň gitjek ýeri bolmaz. Ýarag göterýän ganhordyr! ─ Rahman ýene ýüzüni keçä oýkady. ─ Seni kim iberdi?
─ Eýse, biri ibermelimi?
─ Iberendirler, ýogsa gelmezdiň, öwrülip gelmegi namys bilerdiň. Ýa “öýüň ýananyny buşla” diýdilermi? Buşla! Diliňi kesdilermi?!.
Rahman eginlerini silkip, Asmana “eliňi aýyr” diýen yşarat etdi.
─ Oba gelenimi aýtmadylarmy saňa?
Asman ony köşeşdirerin öýdüp, başardygyndan mähirli, mylaýym geplemäge çalyşdy:
─ Aýtdylar, Rahman, şobada aýtdylar. “Öý alyp gelipdir” diýdiler, begenip otyrdym.
─ Ýalan sözleýäň, begenen bolsaň, barardyň.
─ Özüň bararsyň öýtdüm. “Asman, bar, öýüňe eýelik et” diýen bolsaň, depäm gök dirärdi.
Rahman kellesini galdyryp, Asmana seretdi. Onuň garaýşynda aýalyny biwepalykda aýyplap, onuň agzyndan çykjak her bir sözi hile, aldaw, mekirlik hökmünde kabul etmegi ýüregine düwüp goýan erkegiň tekepbirligi bardy. Ol howlukman başyny ýaýkap:
─ Akmak heleýe seretsene ─ diýdi. ─ Seni idäp, Gaýratyň öýüne barar öýdüpsiň-ow?!. Käşgä, men seni olarda goýup giden bolsam...
Asman sesini çykarmady. Häzir Rahman bilen dawa etmegiň öz peýdasyna däldigine göz ýetireni üçin geplemedi. Ýogsa, şol gije öýde oturmazlygy Asmana duýduryp giden Rahmandy. Asman Gaýratlara pena gözläp barypdy, Agahanyň aýagy ýetmez öýdüp barypdy. Göwresindäki çaga zeper ýetmesin, mahalynda synasy sagat, sag-aman dünýä insin diýip barypdy.
Asmanyň şu delilleri aýdasy gelýärdi, ýöne aýtmady. Asman üçin häzir esasy zat özüniň mamladygyny subut etmek däldi, Rahmanyň köşeşerine sabyrsyzlyk bilen garaşmakdy. Gahar onuň ýüregini gök asman ýaly arassalar. Ana, şo mahal oňa ýene Asman gerekdir...
Diwaryň aňyrsyndan eýmenç ses eşidildi, aýal sesi. Yzly-yzyna tüpeň atyldy. Galmagal, tapyrdy köpeldi. Rahman daňylgy gollaryny öňe somlap:
─ Çöz! ─ diýip gygyrdy. ─ Ana, ana, başlandy!..
Asmanyň sandyraýan barmaklary tanapyň düwünine ygtyýar etmedi. Gyssanjyna dişini saldy, ikiýana çekeläp başlady. Topbusy kellesinden agyp düşdi. Gün, şemal görmedik gara saçyň dymyljyk ysy Rahmanyň burnuna urdy.
Asman:
─ Basmaçydyr ─ diýdi.
─ Daýym däldir. Daýym oba çozmaz!..
─ Äý, artyp!.. ─ Asman gaýtadan gyjynyp, düwüne agyz saldy. Birden Rahmanyň göreji onuň ap-ak alkymynda togtady. Näzikligine geň galdy. Elini uzadyp sypasy geldi. Şol alkymyň özüne degişlidigine begendi. Asmanyň öwrülip gelenine çäksiz, tükeniksiz minnetdar boldy, ýöne minnetdarlygyny daşyna çykarmaga bogny ysmady, kiçilik bildi. Diňe:
─ Eliň bilen, eliň bilen çözsene ─ diýdi. ─ Dişiňi agyrdarsyň.
Asman gowşan düwni eli bilen çözmäge oturdy. Rahman onuň näzik barmaklaryna guwandy. Bu barmaklar bir mahal mahmalyň aňyrsyndan çykyp, oňa çaý süzüp beripdi. Ol mahal bu barmaklarda kökenli ýüzük bardy. Asmanyň öwrülip gelenine ol ýene bir öwre minnetdar boldy.
Diwaryň aňyrsynda galmagal ýatdy. Rahman ýakymly arkaýynlyk duýdy.
─ Daýymyň oba el urmajagyna ynanýan ─ diýdi. ─ Aýryl, aýagymy özüm çözerin... Şolar bir oba dökülmäwersin, bir topar ganojak. Bäh, olar meni itden beter ýigrendiler.
Asman topbusyny geýdi.
─ Ýaňky aýdanyň çynmy, Rahman?
─ Näme aýtdym?
─ “Adam öldürdim” diýdiň-ä?
─ Hawa, çyn. Ganojaklaryň arasyna düşseň, öldürmäge mejbur bolýan ekeniň.
Rahmanyň jogabyndaky biperwaý äheň Asmany gorkuzdy.
Rahman tanapy düýrläp, gapa tarap zyňyp goýberdi.
─ O taýda olar, bu taýda Gaýrat... Rahatlyk bolar öýtme, sebäp adamlaň elinde ýarag bar. ─ Ol bir dem diňşirgenip oturdy. ─ Bir güp-basdylyg-a boldy... Çöldäki ganojaklardan Gaýratyň habary ýok, görer-dä...
Ýazja kürsäp içeri girdi.
─ Eý, halypa, seň öýüňi kimiň otlany aýan boldy! Gurbantäç! Gurbantäje “otla” diýipdirler. Hümmet diýipdir. ─ Ol ýakymly habary üçin ägirt minnetdarlyga garaşýan buşlukça meňzedi. Onuň diwara düşen kölgesi gülkünçdi. Erni bir garyş sallandy. Eňeginiň uzynlygyny gulaç bilen ölçäýmelidi. Burny eňegindenem geçdi. ─ Halypa, men saňa bolşy ýaly aýdyp bereýin. Ýalan sözlesem, garagym aksyn, gözüm bilen gördüm, gören zadymam aýdýan.
Ýazja tüpeňini diwara söýäp, ýerde oturdy. Hamala, agzyndan çykjak sözi içerdäkileriň kabul etjegi-etmejegi onuň nähili oturyşyna bagly ýaly alada galdy. Ilki ýekedyz oturdy, soňam ynjalman, aýbogdaşyny gurup ykjamlandy.
Rahman onuň dabarasyna biperwaýdygyny duýdurdy.
─ Gurbantäç boldy, ýene biri boldy, parhy näme?! Öýümiň dikelmejegini bilýän.
─ Sen ýalňyş gepleme, halypa! Gaýta, olar seň öýüňi otlap, walla, bize kömek etdiler. Aýdaýynmy näme üçin?! Öňki saparam otlan şular, duz ursun! “Gaýrat otlapdyr” diýdiler. Bäş hojalyk obany taşlap gitdi. Eger şu gün bilinmedik bolsady, bo-o-oww!.. Obaň gylla ýarysy giderdi. “Kim kolhoz bolmasa, öýüni otlajaklar”. Gör, olaryň tapýan sözüni! Wah, halypa, men size ýaňky bolan wakany aýdaýyn-la!.. Gurbantäç masgara boldy, masgara! Seniň üstüňe heňkirişini neneň gördüň?! “Gorkan öňürder” edýär! Gaýrat ony sypdyrmady, hiç sypdyrmady. Gurbantäç sapalak atyp ugrady. “Gije sogan tohum gözledim” diýýär. Dişi agyrypdyr. Sazagyň ejesine innetmäge barýarmyş. Hümmetlere-de barypdyr. Hümmetlerde sogan tohum näme işlesin. Ajy zat olaň tohumyna düşenok ekeni. Hümmediň özi aýtdy. Garaz, gepiň kelte ýeri, seň öýüňi otlamanka, Gurbantäjiň Hümmetlere barany aýan boldy. Käýerde gönümelligiňem peýdasy bar, haw! Gaýrat, bir zat aňan ýaly, gös göni Gurbantäje neme diýdi: “Şu duran adamlaryň haýsysy saňa “otla” diýen bolsa, aýt!”. Gurbantäç pakyr duw-ak boldy-da, ýöne eňräberdi. Mundan öň Gurbantäç diýlen heleýi itden beter ýigrenýärdim weli, walla, şu pursat oňa nebsim agyrdy, dogrusy, häzirem ýüregim awap dur. Gözüň alnynda adam öldürseler, erbet boljak ekeni.
Asman tisgindi.
─ Hiýý, Gurbantäç öldümi?
Ýazja henize deňiç garşysyndaky oturanlaryň esasy wakadan bihabardyklaryna geň galýan ýaly:
─ Hawa, öldi ─ diýdi. ─ Hümmet öldürdi. Pakyryň böwründen aksaplyny sokaýdy. Gurbantäç duranlaryň gözüniň alnynda boýun almaga gorkdy, Hümmede seredip, ýöne sandyrady durdy. Gaýrat olara: “Çykyň” diýdi. Çykyp barýarka-da, Hümmet duýdansyz topuldy-da... Gaýrat şobada atdam weli, ýetişmedi. Hümmediň özem-ä öldi weli...
Içerik ölümden soňky agyr oýlanma aralaşdy. Oturanlaryň diwara düşýän kölgesi zerarly otagyň içi garaňkyrana döndi. Ýazja:
─ Walla, men bir zada geň galýan ─ diýdi. ─ Hümmet beýle rehimsizligi nireden öwrendikä? Ýa adamyň ganynda barmyka? Ol möjek bolup döremeli ekeni. Hudaýa şükür, Garagumyň aňyrsy-bärsi ýok, entär-gezer ýörerdi.
Rahman:
─ Garagumda başga-da entäp ýören gyt däl ─ diýdi. ─ Indi size-de aňsat düşmez.
─ Heh, halypa, bize aňsat düşen mahaly barmy?!. ─ Ýazja tüpeňini alyp, ýerinden turdy. ─ Gaýrat seni boşatmaly diýdi.
─ Aý, diýse, diýibersin, men-ä şu ýerden çykjak däl. Barjak ýerimem şundan gowy däldir... Gapyny ýapman git.
Rahman bilgeşläne aýagyny uzyn salyp ýatdy. Ýatsa-da, arkaýynlaşmady. Ýazjanyň getiren habary ony gorkuzdy, ýene girdaba bakan alyp gitdi. Ol gaňňadan agyp, ýykyljagyna göz ýetiren adamyň alaçsyzlygyny duýdy. Ýöne nähili ýere gütüläp düşjegine, niresiniň agyrjagyna biperwaý garady. Ol birden ähli zady jähennemä urdy, ne şatlyk, ne gaýgy ─ hiç zat duýmady. Bu dünýä üçin Rahman ─ hiç kim, onuň islegine çigit ýaly pitiwa edýän adam ýok. Adamyň ömri humara goýuldy, her kim ol oýundan özüne utuş gözleýär. Rahman şu pikire özüni öwrenişdirmek üçin diwaryň aňyrsynda ölüp ýatan iki adamy mysal aldy. “Heý, “adam öldi” diýip, oňa gynanjak barmy? Gynanmazlar, gaýta, her tarap ondan özüne peýda gözlär, özleriniň mamladyklaryny subut etjek delil agtarar”.
Rahman çölde ölenleri ýatlady. Bu gün Gurbantäç bilen Hümmet öldi, belki, ertir gezek Rahmanyňkydyr. Belki, onuň haçan ölmelidigini Hudaý kesgitlemän, Agahan ýa-da Gaýrat kesgitläp goýandyr?..
Rahmanyň kalbyna çöken terkidünýälik ony gapdalynda oturan aýalyndan daşlaşdyrdy. Onuň barlygy-ýoklugy manysyz zada öwrüldi duruberdi. Olaryň birek-birege edip biljek hemaýaty ýok. Olar çagalaryň oýnaýan gurjagyna meňzeş. Olary islendik mahal aýrylyşdyryp, islendik mahalam tapyşdyryp bilýärler. Bu asyl gudrat däl ekeni, bi adamlaryň öz elindäki zat ekeni. Belki, hemişe şeýle bolandyr, diňe şu çaka çenli muňa Rahman düşünmän gelendir. Ykbal diýen zady oýlap tapanam, onuň çözgüdini Hudaýyň gudratyna ýöňkänem adamlaryň özüdir?..
Rahman birden: “Asmanam şeýle düşünýärmikä? ─ diýdi, soramaga ýetişmedi. Perwaýsyzlyk ýene oňa ýol bermedi. ─ Nähili düşünende näme, heý, üýtgejek zat barmy?!” diýdi.
─ Asman, bar, sen gaýdyber...
“Ol meň sözüme gulak asmaz, ol diňe öňden buýrulan zady eder” diýdi.
─ Meň barara gapym ýok, Rahman.
─ Şeýlemi asyl?..
─ Bilgeşläne ynanmazlyk edýäň, Rahman, beýtme, beýtme, sadagaň bolaýyn! Maksadyň meni horlamak bolsa, başga jeza tap, ýöne öz ynanmaýan zadyňy aýdyp, meni horlama, özüňem horlama. Gorkanym üçin Gaýratlara bardym. Öz janym ─ jähennem, ýöne men ýeke däl-ä, şony bilýäň-ä sen!.. Oba dökülip, meni süýrän bolsalar?.. Sen şo hili masgaralygyň bolmadygyna şükür edip otyrsyň, ýene maňa ezýet berýäň, beýtme ahyryn! Seň ýüregiňi çişiripdirler, seň zannyň öňki Rahman. Üýtgeme, ezizim, bi ýalançyda her adam öz häsiýetine laýyk ýaşaýar. Seniň rehimli ýüregiň, mylaýym gylygyň bar, Rahman...
─ Men adam öldürdim, mende rehim galmady.
─ Beý diýme! Hudaýa şükür, oba dolandyň, sen ýene öňki Rahman bolarsyň: rehimli, mylaýym... Men indi seni çöle goýbermen, sen bize penakär bol ─ meň penakärim, ogluň penakäri!.. Häzir o neressejige penakär gerek.
Rahman: “Asman mamla” diýdi. Eger Rahman öýde oturan bolsa, Asman Gaýratlara barmazdy. Görsene, ýene Rahman günäkär! Hemme kişi mamla, hemmeleriň özüni aklamaga delili bar, diňe Rahman bialaç.
Bialaçlyk ýene Rahmanyň kalbyna biperwaýlygy dolap getirdi. Şol mahal Asman ýene ärine söz gatdy:
─ Rahman, agşam düýş görüpdirin...
Rahman: “Eýsem, indi düýşe-de Hudaýyň dahyly ýokmuka?” diýdi.
─ Düýşe ynanyp ýörme... Asyl, hiç zada-da ynanma...
Asman depä garap ýatan Rahmanyň gözlerine seretdi, biperwaýlykdan başga duýgy görmedi. Äri ondan kem-kem ara açyp barýardy...
* * *

Soňky bir ýylyň dowamynda Gaýrat töhmet diýen zada düşünerçe boldy. Töhmet duşmanyň atan okuna meňzese-de, söweş meýdanyndaky ok bilen onuň arasynda kän tapawut bardy. Söweş meýdanynda hemme zat açykdy. Eliňde ýarag, maňlaýyňda duşman, ýa almalydy ýa-da ölmelidi. Emma bu ýerde... Bu ýerde sen garşyňdaky duşmany göreňok. Islendik bukyň aňyrsyndan onuň saňa ýarag çenäp duran bolmagy ähtimal. Bukyň aňyrsyndan atýan duşman ─ namart duşman. Töhmet ─ namardyň işi.
Hümmet bilen Gurbantäjiň ölümi oba adamlaryny büs-bütin ynjalykdan aýyrdy. Olar ýolaýyrda ýetip, haýsy tarapa gitjegini bilmän duran ýolagçy ýaly alada galdylar. Alada köpeldigiçe-de, olar dymdylar. Birden bu dymyşlyk bütin obanyň häsiýetine öwrüldi. Rahmanyň göwnüne bolmasa, goňşy goňşudan pikirini gizledi. Ýakymsyz dartgynlyk adamlary gysymyna gysdy. Penjeden sypmagy küýseýänem bolsalar, böwşeňlik aralaşýança, ýagdaýa tabyn bolmaga mejburlyk olaryň häzirki häsiýetiniň esasy aýratynlygyny kesgitledi.
Töhmet tüýsüni üýtgetdi. Ol indi iki adamyň ölümi hökmünde orta çykdy. Ölümiň garşysyna durup, özüňi aklamagyň kyndygyna Rahman düşünýärdi. Ölüm ─ soňky pelle. Soňky pellä ýeten adamyň günäsini ötmek ─ nesillerden dowam edip gelýän endik. Bu saparam şol endikden çykylmajagy belli zat. Üç öwre: “Hümmet nähili adamdy?” diýip sorarlar. Öwlüýä ýygnanan mähelle bolsa üç gezek: “Gowy adamdy” diýip jogap berer. Onuň gowy adam däldigini hemme kişi bilýär, emma öleniň öňündäki borç diýen düşünje hakykaty ikinji orna geçirýär duruberýär.
Agahanyň neberesi bu utuşy duýdy, ondan peýdalanmagyň ugruna çykdy.
Hümmeti jaýlamaga diňe Şasoltan geldi. Agahanyň ýoklugy adamlary oýlandyrdy, käbirleriniň gorky damary tirpildäp, mahaly bilen köşeşmedi.
Ýas dabarasynyň kethudalygyny Şasoltan öz boýnuna aldy. Ýaran baý Agahanyň öňünde nähili ýöwselleýän bolsa, Şasoltanyň öňünde-de şondan üýtgemedi. Ol muny Şasoltandan çekinýänligi üçin etmedi, Agahan bu ýerde ýogam bolsa, ýygnanan mähelle onuň bardygyny duýmaly. Şasoltan olaryň gözüne Agahan bolup görünmeli. Bu ýagdaý baý neberesiniň uludan-kiçä boýun synmagyny talap edýärdi.
Şasoltana-da geregi şol. Bu ady ýitmiş oba onuň ýüregine kitüw saldy. Giýewisiniň tussagda oturanyny, öýüni taşlap, hazan uran çöle çykmaly bolanyny, indem doganynyň ölenini ol oba adamlaryndan görýärdi. Gapydan giren aýallaryň ýüzüne gazap bilen seredýärdi, onuň garaýşynda: “Şu ölüme senem günäkär!” diýen näletleýji many bardy.
Töwerek-daşdan ýygnanan kyrk molla jynaza okamaga durdy. Kyrk molla üstüne al-ýaşyl parça atylan tabyda baş egdi. Olar mahaly bilen gutarmadylar. Olaryň bolşunda aýratyn bir tutanýerlilik bardy. Tabytda ýatan adamyň mertebesiniň belentligi hakdaky pikir sessiz-üýnsüz duran märekäniň süňňüne gaýym ornaşýança, olar gutarmajak ýalydy. Adatça, jynaza ölen üçin okalýar. O dünýä ugraýan ýolagça dirileriň aýdýan iň soňky hoşlaşyk sözi. Elbetde, ol söz Gurhanyň dili bilen beýan edilýär. Şasoltanyň pikirine görä, kyrk adamyň häzirki tagallasy tabytda ýatan doganyna gerek bolşy ýaly, dirilere-de derwaýysdy. Dogany babatda eýýäm onuň pikiri anykdy: Hümmediň dowzaha düşmejegi açyk, sebäp ol hudaýsyzyň elinden öldi. Ýogsa, Hümmediňem eden günäsi az däldir, onuň rehimsizligi bir gün ony hökman betbagtlygyň üstünden alyp barmalydy. Betbagtlygy garşylamaga Şasoltan öňden özüni taýýarlapdy.
Ol doganyndan müňdebir razy boldy. Hümmediň ölümi Agahanyň ýanynda Şasoltanyň dilini uzyn etdi. Hümmet Agahanyň bähbidi üçin öldi, ol Agahanyň hakyky garyndaşyna öwrüldi. Ol Ýaran baýyň asla edip bilmejek zadyny etdi. Hümmet ─ gahryman, Hümmet ─ merdana! Hol-ha, ol indi al-ýaşyl ýüpek parçalary başyna çekip, gaty tabydyň üstünde ýatyr!.. Birden Şasoltanyň ýüregine ajy aýralygyň heseri ýetişdi. Onuň gözýaş bilen ýüregini gowzadasy geldi, emma dişini gysyp saklandy.
Hawa, bu jynaza dirilere duýduryş bolmaly. Bu ýerde jynaza derek kasam okalýar. Dartgynly dymyşlyk harasatyň öňündäki petiş howany ýada salýar. Goý, gorky bu duran adamlaryň ýüregini owmaç etsin!..
Hümmet bilen Gurbantäjiň jaýlanan güni, giçden soň, Gaýraty şähere alyp gitdiler. “Ony alyp giden iki adamy Kösäniň özi ýörite raýona gidip getiripdir” diýen gürrüň ýaýrady. Gelen adamlaryň wezipesi barada hiç kim anyk bir zat aýdyp bilmese-de, olaryň Kösäni goldap, Kösäniň pikirine görä iş alyp barjakdyklaryna şübhelenýän adam azdy. “Köse özüni goldamajak adamy getirmez” diýýärdiler.
Adamlaryň köpüsi gelenleri gözleri bilen görmedigem bolsalar, eýýäm olar hakda görene berimsiz gürrüň edýärdiler. Olaryň biri gara murtly, ýöräninden oturanyny kem görmeýän, pöwhe adammyş. Onuň etlek ýüzündäki solaksy öwüşgini nygtap, “onuň keselbent bolmagy ähtimal” diýýärdiler. Ujy jaýtaryp duran ýogyn murty ýüzüne asla gelşenokmyş, “hut ak balaga gara ýama urlan ýaly, gözilginç görünýär, gülkiňi tutdurýar” diýdiler. Ol şuranyň jaýyna girmezinden öňürti basgançakda oturypdyr-da, giň balagynyň jübüsinden esgi çykaryp, gara ädigini yhlas bilen süpürenmiş, ýalpyldysyna kanagatlanma bilen syn edip, soňam murtuny sypapdyr. Ol adam Gaýratyň ýüzüne-de seretmändir, salamynam almandyr.
Ikinji adam Köse ýaly çepiksi, bili sapançalymyş, özem örän ykjam adama meňzeýärmiş. “Häli-şindi gimnastýorkasynyň etegini çekişdirip, kemerini galdyryp durmaga halys endik edipdir” diýdiler. Sapançasyny nazarda tutup, ony organyň adamy hasap etdiler.
Olar Kösäniň kabinetinden çykman oturypdyrlar. Şaýatlary çagyryp, gürrüň edenmişler, hatda, Ýaranyň ker oglunam çagyrypdyrlar. Emma bolan gürrüň hakda bilinýän zat azdy. Şaýat diýlip çagyrylanlaryň aglabasy Agahanyň neberesiniň adamlarydy. Olar bolsa, edil sargalan ýaly, dil ýarman oňdular. Bolmanda-da, olar üçin häzir Hümmediň ýasyndan başga dünýäniň ýüzünde alada ýok ýalydy.
Her näme diýilse-de, käbir zat adamlaryň gulagyna ýetdi. Gara murtly adam: “Gaýratyň günäsi örän agyr” diýenmiş. Ol öz pikirini delillendirende: “Şuranyň jaýynda adam atmaga kanun hiç kime hukuk berenok” diýipdir. Gaýrat: “Men Gurbantäji halas ederin öýtdüm” diýende, murtly adam: “Seniň bilen şäherde gürleşeris” diýipdir.

Dowamy: Janserek - roman / 17

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Merdan • 13:39, 19.04.2024
Sen adam öldürmek kyn zatdyr öýdüp ýörme!....

Rahatlyk bolar öýtme, sebäp adamlaň elinde ýarag bar....

Adamyň ömri humara goýuldy, her kim ol oýundan özüne utuş gözleýär....

Ykbal diýen zady oýlap tapanam, onuň çözgüdini Hudaýyň gudratyna ýöňkänem adamlaryň özüdir?..

Janserek

Şuna hezil edip okaýanaý, gaytalap okanyña degýän eser. Myhman aga sagja bol.
avatar
0
2 Mekan2 • 14:40, 19.04.2024
okalýanny bilmek ýakymmyl, sizem sagja boluň.
avatar
0
3 Aýgül_Baýadowa • 18:35, 19.04.2024
Myhman, özüň ýazan ýaly hamana))
avatar
0
4 sussupessimist • 18:42, 19.04.2024
Myhman, sen göçürdänim paýlaşyber arkaýyn. Okalanok diýip pikir etme. Aslynda özüm-ä bu romany baryp okuwçykam okadym. Merdanam gaýtadan okap otyr. Ýöne okamadyk ýekeje ýaş okyjy okasa-da - uly utuş (çünki biz onuň kim bolup ýetişjegini näbileli?!)
avatar
0
5 Aýgül_Baýadowa • 19:38, 19.04.2024
Menem kiççikgäm okadym. Indi oral gelin bolamsoňam okajak. ''Şu bir baryny goýsun, bakaly'' diýip otyryn.
Barmaklaryňa saglyk, myhman2! Kompýuteriň döwülmesin hernä.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203