11:13 Janserek - roman / 15 | |
Exclusive JANSEREK (dowamy) [Öňi: Janserek - roman / 14] DOKUZYNJY BAP Rahmanyň täze öýüni dikeltmek Dürnabada miýesser etmedi, ony şol gije otladylar. Duýdansyz galan al ýalyn obany oýardy. Itler jabjynyp üýrdi. Adamlar at toýnagynyň dükürdisine, tüpeň sesine garaşdylar. Bolmady. “Basmaçy dökülendir” diýen pikirden el çekmeli boldy. Şonda-da adamlar öýleriniň bosagasyndan daşlaşmadylar. Tomaşa küýsäp, ýazzyny berjek bolup duran çagalaryň elinden çekip sakladylar. Olar şeýdip, bu waka özleriniň dahylsyzdyklaryny bildirdiler. Gaýrat gelende, şatyrdap ýanýan ot dalajak zadyny dalamaga ýetişipdir. Oduň deminden diňe öýüň iki ganatyny dartyp aldylar. Dört adam ony äkidip, taýagatym daşlykda goýup geldi. Galan dört ganat duran ýerinde ýandy. Ýalyn ýylan kimin towlanyp, gözeneklere ýaýrady. Işigem ýandy. Ortada tegelenip ýatan tüýnük täsin otly halka meňzedi. Durluk bilen üzügiň guruma öwrülen keçesinden çykýan ajy tüssäniň sütüni aşakdan düşýän ýagty zerarly al asmanda burugsap göründi. Gaýrat: ─ Kim otlady? ─ diýip gygyrdy. Ol töweregindäkileriň arasynda günäkäriň ýokdugyny bilse-de gygyrdy. Duranlar oňa tanyş adamlar, köpüsi öz düzen otrýadynyň çlenleri. Olaryň ýüzündäki alaçsyzlyk, has beterem, özüniň biagyrlygy onuň janyny ýakdy. Şu ýerde oglanlaryň birini duruzmanyna ökündi. ─ Men size diýýän: kim otlady? Ýeriň teýinden gelinmedig-ä belli zat. Oraz, sen niredediň? ─ Men-ä ýalyn asmana galyp ugranda görüp galdym. ─ Uklansyň, işigaýdan! ─ Munyň töhmet bolýar, Gaýrat. Ýerli-ýerden jogap berdiler: ─ Duýdansyz boldy, haw! ─ Nepýag guýlup otlanmadyk bolsa, zat bilmedigim. Torly oda golaý durup janygdy: ─ Häzirem ysy gelip dur-a ─ Ol burnuny galdyryp ysyrgandy. ─ Hawa, hawa, öwlüýäkessin, nepýag! Haýdap gelen Dürnabat käýinmäge durdy. ─ Kim edenem bolsa, baýnamaz... Hudaý... Hudaý azana göz görkezer. Öý diýilýän zat... öwlüýädir... eý-waý... Wah-wah, neneň edeýin-nalaç edeýin... Heý, beýle-de bir zalymlyk bor owuşýa!.. ─ Ol Gaýrata tarap ýöneldi. ─ Ýeri, ýigit, oda çoýunmaga geldiňmi? Ýeňseden Ýazja gygyrdy: ─ Sen bu taýda eşek bakýaňmy? Eger Rahmany sypdyrsaň, ýerinde özüň oturarsyň! Dargaň! Oraz, Torly, Setdar... Setdar hany? ─ Ynha, bärde. ─ Setdar, Parahat, senem... Dördiňiz Ýaran baýyňka eňmeli. Ilen-çalany bilen şura sürüň. Ýazja, saňa näme diýildi?! ─ Ugradym, haw, ugradym... ─ Obaň arasynda del adam görseňiz, sypdyrmaň. Dargadyk!.. Oduň töwereginde üç-dört adam galdy. Ýalyn kem-kem peseldi. Dürnabadyň gündizden rejeläp goýan uklary üýşmek köze öwrüldi. Dürnabat synlap durşuna, bokurdagyndan bogulýan ýaly basyk ses bilen: ─ Wah-wah-eý ─ diýýärdi. ─ Rahman ýaly şormaňlaý barmyka ýalançyda? Medet, aýu-u, Medet... ─ Hä, näme diýjek? ─ Golaýrak gelsene, itden gorkýan ýaly sazanaklap dursuň... ─ Ine, geldim-dä, aýdyber. ─ Muny kim edendir öýdýäň, Medet? ─ Näbileýin, azanyň biri edendir-dä! Baýlaň diýjek sözün-ä bilýän: “Gaýrat” diýerler, ýa bolmasa, biziň Ýazjamyz ýaly ýazyksyzyň üstünden düşerler. ─ Ýazjaň adyny bir tutsunlar, men olaryň eneleriniň saçyny ütüm-ütüm edäýmenmi! ─ Ýagyrnymdan sowuk geçdi, heleý, men-ä gitjek. ─ Gideweri, sen bir heläk bolaýma! ─ Ýapgydan soň, ýaňy bir ýagyrnym derläp ugrapdy weli... ─ Medet, indi ol Rahman neresse niräk bararka? ─ Baýlar hossarlyk eder-dä. ─ Baýlar gursun-la... Gitjek bolsaň, ana, dogmalaň dur, olaram alyp git. ─ Sen näme, gitmän, kül saklajakmy bi taýda? ─ Baryň, çaltrak gitseňiz-le, Medet... Şu gün ertirden bäri ýüregim dykyn alyp dur. Gitsene, aglap bir hezil edineýin-le! ─ Aglanyň bilen, käşgä, horlanýan bolsaň... Dürnabadyň etlek ýüzünden syrygyp barýan damja oduň ýagtysy düşdi. Täze urgy Rahmany sarsdyrmady. Kyrk gamçynyň zarbyna çydam eden bedene kyrk birinji urgy degendäki gaýtalanýan adaty agyryny duýdy. Ýeke oturyp aglasa-da güregi köşeşmedik Dürnabat alaç tapman, Rahmanyň ýanyna geldi. ─ Äl bolsa-da, Rahman, sen bir maňlaýy ýeser çaga ekeniň ─ diýdi. ─ Hudaýym, kim edenem bolsa, Alladan tapar! Öý öwlüýädir, gurbany boldugym! Ýöne, Rahman jan, sen bir zada... maňa “hä” diý: şu sapar oba şuraň çigit ýaly günäsi ýok, öz gözüm bilenjik görüp gelýän. Gaýratyň özi ot-elek bolup ýör. Wah, ot-elek bolmaz ýaly boldumy diýsene!.. Rahman öýi otlanyň Gaýrat däldigine ynandy, Gaýratyň oda-köze düşýänine-de ynandy, ýöne hiç zat diýmedi, dymdy oturdy. Dürnabat jibrindi: ─ Wah, beýdip oturma-la, oglan, bir zat diý-le. Eýse, “Gaýrat otlady” diýilse, özüň bir ynanjakmy? ─ Meň ynanyp-ynanmanym hiç, daýza, Gaýrat, goý, obany ynandyrsyn! ─ Wah, sen ynansaň bor, Rahman jan, oba ynanar-la! Dürnabat daýza öz göwnüne osýar, emma Gaýrata obany ynandyrmak kyn düşse gerek. Adatça, adamlar erbet habara çalt ynanýarlar. Häzir orta çykagadan: “Ertir ahyrzaman boljak” diýseň, derrew ynanarlar. Gowulyga şübhe bilen garamagy endik edinipdirler. Bäsdeşlik ýüzbe-ýüz duran iki toparyň arasynda dowam edýär. Rahman özüni, Asmany olaryň arasyndaky pökgi hasap etdi. Rahmany ýene Gaýratyň ýanyna alyp bardylar. Gaýrat oňa gabak astyndan garasa-da, bada-bat söz atmady. Häzir Gaýrata söze başlamak kyndyr. Ol ýalňyşdy. Ýalňyşy ak ýürekden boýun almaga adamlar hemişe ejizlik edýär. Eger ol Rahmana ýüzlenägeden: “Öýüňi dikelden bolsaň, beýle ýagdaý ýüze çykmazdy” diýsedi! Gaýrat: ─ Şu ýere Agahanyň adamlaryny getirjekler ─ diýdi. ─ Nähili saýraýaňyz, göreli bakaly! “Ol meni iki aradaky pökgi hasap edenok, Agahanyň toparyndaky oýunçy hasap edýär”. Emma bu pikir Rahmany beýgeltmedi, gaýta, ondaky biperwaýlygy artdyrdy. Ýedi adam içeri girdi. Has törde oturan Rahman öňki perwaýsyzlygy bilen gelenleri bir ýanyndan synlap başlady. Ol özüne keseki adamlary synlaýardy. Bu pikir Rahmanda häzir döremedi, ýyllaryň dowamynda onuň kalbyna ornapdy. Gelenler Rahmana golaý barmadylar, ara sakladylar. Şeýdip olar Rahmany öz neberelerine kabul etmejekdiklerini ýene bir öwra duýdurdylar. Rahman kemsinmedi, gaýta, kalbynda gelenlere ýigrenç duýdy. Onuň ýigrenýänleri Agahanyň garyndaşlary, emma daýysyna bolan hormat ýürekdäki ýigrenji basyp bilmedi. Iki saparam Rahmanyň öýüni otlan şular bolmaly. Birinji sapar, elbetde, Agahanyň görkezmesi bilen otlandyrlar, ikinji sapar olary herekete getiren zat Rahmana bolan ýigrençdir. Häzir olara bahana bar, olar muny “Gaýratyň abraýyny gaçyrmak üçin etdik” diýerler. Rahman olary näçe keseki saýdygyça, şonça-da olara tomaşa bilen seretdi. Hataryň iň aňyrsynda ýüzüni kese sowup Hümmet dur. Her egninde adam oturdaýmaly pyýada. Boýy gapdalyndaky pejiň turbasy bilen des-deň. Onuň ýüregi ýigrençden doly bolmaly. Ol ýigrenjini ýowuz dymyşlyk bilen beýan edýär. Onuň başga alajy ýok. Bu adamyň zalymlygy hakda gürrüň etmek oba adamlaryna endik bolupdy. “Ol dört batragy ýenjip maýyp edipdir. Gahary gelen çaky sähel bahana üçin eşegini urup öldürmegi hiç zatça-da görenok” diýýärler. Ol: “Gaýratyň ajaly ahyrsoňy meň elimden bolmaly” diýerdi. Şol wadasynda tapylmak üçin pursat arap, obada gezip ýören bolmagam ähtimal, ýogsa, Hümmede meňzeş adamlaryň telimsi çöle çykyp, basmaça goşulypdy. Hümmet Agahanyň aýalynyň doganydy. Obada ol gelmişek saýylýardy. Her neneňsi gylaw alsa-da, uýasyny penalap gelmegi onuň erkek adam hökmünde mertebesini peseldýärdi. Hümmediň gapdalynda duran iki ýigidi Gaýrat otrýaddan kowupdy. Olaryň ýogynynyň ady Ojardy, otrýaddan gideli bäri hasam ýognapdyr. Dünýäde ýeke aladasy bardy, olam garnydy. Soňky sapar: “Bir oturşyma ýeke özüm tutuş bir toklyny iýerin” diýip eden jedeli oňa agyr düşüpdi. Jedelde ýeňse-de ýeňdi weli, üç günläp täretini aşagyndan almaly boldy. Sazak Ojaryň ýanynda derek ýaly ýigitdi, ýöne ýüzi goturdy. “Aýalym çaga dogranok” diýip, ikinji gezek öýlenmäniň kül-külüne düşüp ýördi. Barly öýüň maşgalasyny idäp, ejesiniň gapy kakyp ýörenine dogry bir ýyl üç aý geçdi. Şu döwrüň içinde kowan aýaly daýaw bir çopan ýigide äre baryp, dogry dokuz aý dokuz gün diýlende ekiz çaga dogurdy oturyberdi. Şondan bäri il arasynda: “Bela Sazagyň özündemiş” diýen gürrüň ýaýrapdy. “Öýlenäýsem bor, şu töhmetiň aşagyndan çykaryn” diýip, indi kasam edýärmiş. Ondan bärde duran inçesagt adama Sopy diýýärler. Ol durmuşda Ýaran baýa golaýdy, özüni ýuwaş alyp barýardy. Sakgal goýberdeli bäri, ol “Sopy aga” boldy. “Onuň dünýäde sakgalyndan başga guwanýan zady ýok” diýip degişýärdiler. Dogrudanam, ol entek sakgalyndan irmändi, onuň buýrasyna guwanýardy, lezzet bilen sypalap oturardy. Häzirem tämiz daralan sakgalyna wagtal-wagtal elini ýetirip durmasa oňmady, hamala, onuň barlygyna her dem şübhelenip duran ýalydy. Kellesine uly silkme geýse-de, Hümmediň egninden bolup duran Sytdyhyň ýanynda weli, sakgalyň arzysy ýokdy. Ak goýnuň garnynyň aşagyndaky uzyn ýüňe meňzeş bisaýhal, kirli sakgaly hemişe döşüne ýelmeşip durdy. Obada bir üýşmeleň bolanda Ýazja: “Sytdyh agaň aýaly osurak bolmasa, jedelem ederin ─ diýipdir. ─ Ýorgany başyna çekmäge gorkýar, demigip öläýse nätjek. Elmydam ýorganyň gyrasy sakgalynyň üstünde durany üçin döşüne ýelmeşip dur” diýenmiş. Şu gürrüňden soň Sytdyh biraz mahal sakgalyna timar berjek boldy, ýöne uzak çydam eden däldir-dä, ýene sakgaly öňküligine galdy. Ýaran baý ak köýnek-balagynyň üstünden diňe don atmaga ýetişipdir. Ol dyzyny saňňyldadyp, bütin süňňi bilen gagşaýardy. Gözüne seretmeseň, ol üşeýändir diýäýmelidi, emma ýitelen gözlerine sereden badyňa, gorkudan başga sebäp bardyr öýder ýaly däldi. Emma onuň ker ogly weli, ukudan açylmadyk ýaly, gözüni petredip, töweregindäkilere naýynjar garady. Donundan siltäp, kakasy ony özüne golaý duruzjak bolýardy. Gaýrat: ─ Bu taýda oň näme işi bar? ─ diýdi. ─ Möwlam, bar, sen gaýdyber. Möwlam özüne bir zat diýilýänini aňsa-da, eşitmeýäni üçin: ─ Ä-ä? ─ diýdi. Ýaran saňňyldaýan elini uzadyp, oglunyň goşaryndan tutdy. ─ Şeýtsene, wah, şeýtsene... Bizde ýazyk ýok, sen bilmeli, Gaýrat... sen bulardan akylly. ─ Ol gapa golaý duran Oraz atly ýigide ýigrenç bilen seretdi. Ýarty ýüzi dartylyp, çep gözüniň gabaklaryny açyp bilmän azara galdy. ─ Bular meni... bular meni namazlygyň üstünden alyp gaýtdylar. Allatagallaň parzyny berjaý etmäge goýanoklar. Ýassymy okap durdum. Gabahatdyr, gabahatdyr, Hudaýy ýatlaň. Ýör, oglum, entegem bir pille, täzeden okaýmaly bolar. ─ Ýaran baý, saňa “git” diýlenok... Ogluň gitsin. ─ Weý-weý, namaz okap durkam... ─ Ol bu sapar Oraza naýynjar seretdi. ─ Numadyň ogly, hany, sen, aýt, gören zadyňy aýt: namaz okap durkam bardyň. “Namazy bozmak günädir!” diýdim-ä saňa?! Oraz jogap bermese, Ýaran baý onuň ýakasyndan tutarly göründi. Hümmet çydamady: ─ Ýaran baý, çaky ýagşy! Onuň ýowuz duýduryşy, gaýnagyň üstüne sowuk suw guýlan ýaly, Ýaranyň badyny aldy. Gaýrat olaryň öňünde ikiýana gezmeläp ýörşüne, howlukmady. Onuň bolşunda göze dürtülip duran buýsanç bardy. Belki, ol elindäki häkimligi Agahanyň neberesine mazamlamakdan lezzet alýandyr?! “Şu pursaty synlasyn” diýen maksat bilen ýörite Rahmany çagyrdandyr?!. Gaýrat dowam etdi: ─ Hä, Sopy aga, senem namaz okap otyrmydyň? Ol jogap berende, her sözüne aýratyn bir mylaýym äheň bermäge çalyşdy. ─ Namazymy okap bolupdym-da, “indä-hä, ýatylaýsa-da kem bolmazdy” diýip otyrdym. ─ Sazak, sen-ä namaz okaýan dälsiň? ─ Sakgal goýberdip, aýaga mesi geýeli, okaman, garagyna gül salarys! Ojar sowal berlerine garaşyp durman: ─ Ýaňy ýorgana giripdim ─ diýdi. ─ Ýaňy bir “hezil edineýin” diýip hyýallandymam weli, he-he-he... walla, tas ýüregimi ýarypdylar. Hümmet bilgeşläne gaty güldi. Sazagam ondan galmajak bolup, demine zor saldy, ýöne onuň gülküsi kelpeň bagşyň juk-jukuna meňzeş bir zat boldy. Ýaran baý hüňürdedi: ─ Hä’k, hä’k, peläketler... Oýun ýatlaryna düşýä bulaň. Gaýrat gaharynyň gelendigini bildirmedi, arkaýynlyga salyp ýylgyrdy. ─ Aý, Ojar jan, onuň ýaly keýpi-sapa ýaraýan bolsaň bolýa-la... Ojar dodagyny çömmeldip, keýp bilen jogap berdi: ─ Şübhäň bolsa, subut edäýmeli bor, Gaýrat jan. Sazagyň gülküsi hasam göz-görtele boldy, dogrusy, özem utandy. Gaýrat äwmedi. ─ Aý, näbileýin, men-ä “täretini aşagyndan alýamyşlar” diýlensoň aýdaýdym. Bu sapar diňe Oraz güldi. Onuň gülküsinde “almytyň aldyňmy?!” diýen many bardy. Bir topar göz duýduryş bilen oňa alarylyp seretdi. Gaýrat her sözüne aýratyn agram berip gepledi: ─ “Men size iň soňky sapar duýdurýan” diýipdim! Şura häkimiýetiniň adyndan duýdurypdym: “Eger obada bir adamyň bir desse ýandagy ýansa, siz jogap berersiňiz” diýipdim, ýeke biriňiz däl, hemmäňiz! Hümmet gaýtawul berdi: ─ “Gorkan öňürder” etme, Rahmanyň tünegini otlan biz däl, sen! Öýüni otladyň, aýalyny duluňa geçirdiň. Ojar alyp göterdi: ─ Indem ol pakyry kolhozyň ygtyýaryna berjek bolýaň, biz bilýäs-ä... Rahman towsup orta çykdy: ─ Asmanyň adyny agzan ýeriňizde... Ol düýrülip durşuna, tersine giden adamyň üstüne pişigiň çalasynlygynda zyňarly göründi. Ojar ätiýaç etdi, yza tesdi. “Olar meniň bolşuma heşelle kakýarlar” diýen pikir Rahmany kemsitdi. Ol hiç kime goşulman durşy ýaly özüni ýalňyz duýdy. Şu pursat ýüreginiň gatynda ökünç duýgusynyň döreýändigini syzdy. Muny ejizlik saýsa-da, ony inkär edip bilmedi. Ökünç böwedi ýaran sil kimin kalbyna doldy. Ol Asmany küýsedi. Ony kabul etmänine ökündi. Gaýrat haýallyk bilen sapançasyny çykardy. Çykaryp durka-da “bu adamlary nätmeli?” diýdi. Olary aman-sag goýbermäge namys etdi, artykmaç saklamaga-da esas ýokdy. Alaçsyzlygyna içi ýandy. Olar Gaýratyň alaçsyzlygyny bilensoň arkaýyn gürleýärler. Kanuna görä olary etmişleriniň üstünde tutmalydy. Gaýrat il arasyndaky abraýyny, hatda obanyň ertirki gününi şu pursata baglady. Häzir bu adamlaryň ykbaly çözülenok, hut Gaýratyň öz ykbaly çözülýär. Bu adamlaryň Güni bireýýäm ýaşdy, olar şapaga aldanyp gezip ýörler. Alaçsyzlyk Gaýraty bogup başlady. Ol Ojaryň alkymyna baryp: ─ Ýene näme bilýäňiz? ─ diýdi. Bu sowal yrsaramak däldi, bogulýan adamyň dem aljak bolşudy. Hümmet: ─ Ýaragyňy somlama! ─ diýdi. ─ Somlaşjak bolsak, bizem somlara zat taparys. ─ Garaşýanyňy bilýän, Hümmet, ýöne, Hudaýberdi gorkak ýaly, bat alşyň uzaga çekýär. Agahany uzak garaşdyrýan bolma?! Alňasa biraz, ýogsa, uýaňy penalap oturmadan dynarsyň. Hümmediň gözüne gan indi. Ýalaňaç sapança seredip durşuna, merdemsi eňegi saň-gaty boldy. Gönümel burnunyň aňsyz deşikleri kükregine ýygnanan demi bir bada çykaryp goýbererden ejiz geldi. Gapy açyldy. Daş bosagadan Torly gygyrdy. ─ Gaýrat!.. ─ Ol böküp içeri girdi. ─ Gurbantäji getirdim ─ Ol gapa garap hemle atdy. ─ Giriber, aýagyň duşakly däl-ä... Gurbantäç gorpuň üstünden basjak ýaly ätiýaç bilen içeri girdi. Duranlara seredip çykýança, ýüzi un sepilene döndi. Ol gyssanjyna: ─ Eý, Hudaý-eý-ý... ─ diýdi. Birdenem elini ýüzüne tutup eňredi. Torly tomaşa bilen güldi. ─ Hi-hi-hi, aglaber indi! Setdaryň ejesi: “Gördüm” diýýä. Gurbantäç jabjyndy: ─ Setdaryň ejesi pohuny iýipdir, kemçin!.. ─ Bes et! ─ Gaýrat stol ýumruklady. Gurbantäç tisginip, soň dem almaga gorkdy. Hümmede seretdi. Hümmet gaşyny çytyp, görejini sowdy. Gurbantäjiň gelmegi bilen duranlaryň öňki arkaýynlygy bolmady. Biraz gyslyşdylar, aşaklykdan biri-biriniň ýüzüne ogryn seredişdiler. Diňe Möwlam öňküsi ýaly aňalyp durdy. Ýaran baý oglunyň goşaryndan elini aýyrman durşuna, henizem ýygy-ýygydan naýynjar seredip, Gaýratyň ünsüni özüne çekjek bolýardy. “Ogluň ikiňiz gaýdyberiň” diýer öýdýärdi. Rahman bu ýagdaýy görüp, pelek oýnunyň her dem üýtgäp durşuna geň galdy. Hut, ýaňyja-da özlerini rüstem saýyp duran bir topar erkegiň ykbaly Gurbantäjiň eline geçdi duruberdi. Häzir ýalançyda Hümmetden betbagt adam barmyka?! Ol ýere garap durşuna, Gurbantäç üçin Alladan aman soramaly, ha-ha! Masgaralyk! Muňa bütin oba hezil edinip güler! Adamlaryň arasynda Gurbantäji tanamaýan barmy!.. Gurbantäjiň gezendeligi üçin oba arasynda oňa “Keminäniň heleýi” diýýärler. Emma ol garyp şahyryň heleýine deňelmegini masgaralyk bilýärdi. Bir mahal onuň atasy baý bolanmyş. Şol zerarlam garyp ýigide durmuşa çykmagy kemlik bilip, otuz ýaşyna deňiç enesiniň dulunda oturypdyr. Ahyry özi ýaly garyp düşen baý galagyna durmuşa çykmasa, başga alaç galmandyr. Äriniň keselbentdigini bilse-de “jähennem” diýipdir. Ol henizem garyp-gasyryň dulunda oturandan Agahanyň külüniň üstünde oturanyny gowy görýär. Agahanyň giýewsi Şamyrady obadan alyp gidenlerinde Gurbantäç: “Waý, dogan!” diýip, uzakly gün aglady. “Ol baýlaryň hyzmatyny etse-de, öz öýünde ýatan çöpi galdyranok” diýýärler. Öz ykbalynyň tersligini Hudaýdan görse-de, gaharyny maşgalasyndan çykarýan adam bolmaly. “Çagalary bilen ärinem urýarmyş” diýen gürrüňe ynanaýmalydy. Gaýrat stoluň başyna geçdi. ─ Hany, Torly, bäri dur-da, näme eşiden bolsaň, düşnüklije aýdyp ber. Gurbantäç agyra çydamaýan ýaly ýene eňredi. Torly: ─ Setdaryň ejesi: “Gurbantäjiň eňdirilip barýanyny gördüm” diýýä. ─ Haçan görüpdir? ─ Edil Rahmanyň öýi ýanyp başlanda görüpdir. Gurbantäç burnuny çekip, käýinmäge durdy: ─ Ýansa, ýanyplar ötsün!.. Gara gaýgym Rahmanyň öýüniň ýanmagy däl, öz öýümi ýakmasalar kaýyl. Asyl, tutuş oba iş bolaýdy, ysnat ýezit! ─ Ol birden aýagyna ot basylan ýaly gygyrdy. ─ O tüwmaýaga öý nämesine gerek?! Tünekli boljak bolsa, öňürti heleýine buýursyn! Heleýi ojagyna depip gitdi. Oňa seň öýüň derkar däl, owarra et, otla! Heleý oturmadyk öýden öý bormy?! Artyp çatma! Ýandy-ýanmady ─ tapawudy näme?!. Rahmanyň gözüne ol zäherini pürküp duran ýylan bolup göründi. Hiç kim eýmenç ýylanyň depesinden basmady, gaýta, töwerekdäkileriň garaýşynda tomaşa bar. Olar üçin Rahmanyň zäheri bedenine siňdirişini synlamak gyzykly. Rahman çydamady. Ol demigip barýan adamyň çalasynlygynda gapa topuldy. ─ Rahman, aýak çek! Bu ses Gaýratyň sesi. Bu sesde aýylganç çagyryş bar. Olaryň tomaşany dowam edesleri gelýär. Gapa ýetende, Oraz onuň ýoluny baglady. Rahman ony pyzyp goýberdi. Rahmany güýç bilen ýene öňki otaga saldylar. Ol ýöne ýatmady, gapyny depip ugrady. Köşeşýänçä, onuň elini-aýagyny daňdylar. * * * Dowamy: Janserek - roman / 16 © Tirkiş JUMAGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |