Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:51
Türkmençilik
TÜRKMENÇILIK

Türkmençilik. Bu sözüň manysyna nähili düşünmeli? Belki, ol tutuş bir halka mahsus alamaty, häsiýeti aňladýandyr? Belki, ol milli artykmaçlykdyr? Ýa-da asyrlaryň dowamynda türkmenlere degişli däp-dessurlaryň şol millete häsiýetlidigini duýdurmak maksady bilen gabanjaňlyk garyndysy zerarly dörän düşünje bolmaly? Eger ol häsiýete dalaş edýän bolsa, psihologlaryň, pelsepä dalaş edýän bolsa, pelsepeçileriň, etnografiýa dalaş edýän bolsa, etnograflaryň akylly-başly derňewine garaşýandyr? Bu mahala çenli şeýle derňewiň bolmandygy anyk. Onuň sebäbini her kim her hiliräk düşündirse gerek. Men esasy sebäp hökmünde milletleriň özboluşlyklaryny öwrenmekde dowan edip gelen dogmatizmi görkezmekçi. SSSR-de ýaşaýan halklaryň sany ýüzden geçýär. Olaryň dili, dini, taryhy dürli-dürli. Olardan bir halk ýasajak bolmak islegi milletleriň aýratynlygy hakyndaky meselä göýä sowet internasionalizmine gelişmeýän synanyşyk hökmünde garaýardy. Sähel ýerde milletçi diýilen tagmanyň maňlaýa basylýany üçin jemgyýetiň süňňüne siňen aýylganç gorky milli aýratynlyklar hakdaky çuňňur derňewi başa barmajak zada öwrüpdi.
Biz bu gün şol gorkunyň süňňümizden çykmaýandygyny duýsagam, ony hökmürowan güýje öwren sütünleriň ýumrulýandygyna şükür edýäris. Ýöne meniň şu ýazga ýapyşmagymyň diňe amatly pursatyň dörändigine syrykdyrmaly däldir. Men bu ýerde alymyň wezipesine dalaş etmekçi bolamok. Türkmençilik diýen düşünjäniň asyl manysyny şänik döwen ýaly aýdyňlaşdyraryn öýdüp galama ýapyşmadym. Dogrusy, meni meseläniň ylmy tarapy gyzyklandyranok, ol alymlaryň işi. Meni ýazyjy hökmünde meseläniň durmuş bilen bagly taraplary gyzyklandyrýar, özem ed-dil şu pursat!
Häzir bütin ýurt ykdysady ösüşiň bazar syýasatyna geçmäge taýýarlyk görýär. Taýýarlygyň barşy ýerlerde birmeňzeş däl. Buýruk bilen iş görmäne endik edinen apparatyň penjesinden sypyp, demokratiýanyň datly tagamyndan tamşanmaga ýetişen ýerler, eýýäm belli bir derejede bazar gatnaşyklaryna ýüz urdular. Köne ýörelgä eýerlip, islendik başlangyjy, şol sanda demokratiýany hem şygara öwrüp, hakykatda býurakratik sistema wepaly bolnup galynan ýerlerde galmagal, boş söz höküm sürýär. Bu ýörelgä ygrarly adamlar başda-da üýtgedip gurmak syýasatyna ynanmandylar, häzirem ynananoklar, onuň başa barmazlygy üçin aşaklyk bilen elde baryny edýärler. Olara esasy gutalga häkimlik. Häkimlik elden giden pursaty olar läş. Söz bilen, delil bilen iş görmeli ýerinde olaryň bagty ýatjak.
Häzir biziň gürrüňimiz bu hakda däl, öz temamyza dolanalyň. Eger ykdysady ösüşiň bazar syýasaty bilen baglylykda türkmençilik hakynda gep gozgalýan bolsa, diýmek, bolmalydyr. Bah, bar-la!
Ýusup pygamberiň taryhyny ýatlalyň. Ony doganlary gul edip Müsüre satýarlar. Ol gulçulykdan patyşanyň wezirligine çenli göterilýär. Müsüriň hazynalaryny gyzyldan doldurýar. Ýedi ýyl bolçulykdan soň ýedi ýyllap gahatçylygyň höküm sürjegini öňden duýýar. Ýusup ýedi ýylky bolçulykda wagt ýitirmän, öňde duran gahatçylygyň gamyny iýýär. Urulary däneden doldurýar. Müsür açlykdan, gurakçylykdan diňe bir abat çykany bilen oňman, aç galan ýurtlara galla satyp diýseň gurplanýar.
Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly “Gurply wagtyň gazanawer” diýýär. Ýusubyň taryhynyň ykdysady tarapyny mundan gysga jemlemek mümkin däl.
Magtymgulyny döreden halkda ýene bir pähim bar: “Şu günlügiňi tapsaň, ertirligiňi gaýgy etme”. Ýeri, muňa näme diýjek? Beýle jähennemçilik türkmene mahsus boldumyka? Göroglyny okaýarsyň. Görogly ýaly türkmeniň häsiýetini özüňe siňdirip obraz entäk biziň edebiýatymyzda döränok. Türkmeniň mertligem, namartlygam, gönümelligem, ugurtapyjylygam, kellesiniň gyzgynyna gabahat iş edip, soňra ökünip oturşam, hilesem, rehimdarlygam, wäşiligem, keýpi-sapanyň gadyryny bilşem... garaz, ensiklopediýa häsiýetli obraz. Şu häsiýetleriň arasynda jähennemçiligem bar. Görogly ertirligini gaýgy edýän adam däl. Özem häli-şindi galandar, derwüşler bilen sataşyp ýör, derkar ýerinde olaryň lybasyna girýär gidiberýär. Derwüşlerde bir kada bar: şu gün tapanygy ertire goýmak bolanok.
Belki, ýokarky pähimiň ýüze çykmagynda, ertiriňi gaýgy etme, hudaýa sygyn diýen ýaly sopuçylygyň taglymatynyň täsiri bardyr? Şeýle sowallar ýüze çykan halatynda biz köplenç: Eý, türkmençilikdä – diýip oňaýýarys.
“Türkmençilik” diýen sözi agramlap görjek bolýarsyň. Oňa anyk many bermek juda çetin. Balyk ýaly eliňden sypyp dur. Umumy adamzat ahlagynyň ykrar eden kadasyna çapraz gelýän tutumy, etmişi türkmençilik diýen ülňä salyp, sülä getirjek bolmak ýa-da inkär etmek endigi bar ahyry. Eger biri goňşy köçede ýas tutup oturylandygyna garamazdan, toý tutsa, biz onuň etmişini türkmençilige gelişmeýän gabahatlyk hökmünde ýazgarýarys. Emma gös-göni ertirki bähbidimiz görnüp duran işi biagyrlyk bilen gaýra goýan halatymyz: Häk, türkmençilik edýäs-dä – diýip ökünýäris.
Türkmençilik türkmeniň özüni alyp normalaryna dalaş edýän düşünje bolmasyn?
Ol döwrüň emrine dahylsyz, üýtgemän duran zad-a däldir, döwür oňa täsirini ýetirmeli.
Bazar. Gündogar ýurtlarynda bazarlaryň meşhurlygyna beletsiňiz. Bazara garap, ýurduň ykdysady hem syýasy ýagdaýy, rowaçlygyny ýada ýetmezini kesgitläpdirler. Söwda ýollaryna ýurduň gan damarlary diýsek, bazar onuň ýüregi bolupdyr. Rowaç ýurtlarda tüçjarlar ilçiler bilen deň görlüpdir. Ýurtdaky adyllyk bazara bolan gatnaşykda duýulýan ekeni. Adyllykdan ýüz öwrüp, ýurduny edara edip bilmän, zorluga daýanyp gün görjek bolýan emelsiz häkimleriň jyny bazara düşüpdir. Söwdagärleri talapdyrlar, öz raýatlaryny kemsidipdirler.
Bazaryň öz kadasy, öz ýörelgesi bar. Oňa häli-şindi gatyşyp durmaga, zorluk ulanmaga häkimelere-de rugsat berlenok. Biz bazaryň asyl manysyny ýitirdik, sebäbi bizi şu günki gabahatlyklara alyp gelen ykdysady syýasatymyz bazary inkär edýärdi. Bazara peýdakeşleriň, alyp-satarlaryň bet iş görýän ýeri hökmünde garadyk. Onuň aýdyň şaýatnamasy – peýdakeşleri kowalap ýören milisionerler.
Bazar her kimiň halal zähmeti bilen öndüren harydyny satýan ýeri bolmaly. Şonuň üçinem halk oňa ak bazar diýipdir. Bijeden nadyl bolunmaýşy ýaly, ak bazaryň göteren nyrhyndan hiç kim närazy bolmandyr.
Häzirki bazarlarda satylýan harytlaryň aglabasy adamlaryň halal zätmetinden önen zatlar däl. Döwlet hem kooperatiw söwdany alyp barýan bihalal adamlar bilen hyzmatdaşlykda birgiden adam gyt harytlary üç-dört baha artyk satyp jenaýat edýärler. Biz bazary jenaýatyň mekanyna öwürdik. Ile göz üçin milisionerleriň hüjümini gurýarys. Şol wagtyň özünde-de jenaýatyň öňüni almajagymyzy aýnada ýaly görüp oturys. Bazary keselleden jemgyýetiň degerli dermanyny tapmazdan bazary toba getirmek akyla sygjak zatmy!
Biz ýene ak bazara ýüzümizi öwürmekçi bolýarys, ýöne soňky nesiller ak bazaryň nämedigini bilenoklar, olaryň göreni biynsaplygyň, jenaýatyň mekanyna öwrülen bazarlar. Şonuň üçin hem bazaryň ady agzalsa, eden-etdilik, aldaw-hile, talaňçylyk göz öňüne gelýär. Ak bazaryň eşretini olaryň özleri duýaýmasa, häzir söz bilen ynandyrmak juda çetin.
Türkmenistan Ýokary Sowetiniň awgustda geçen üçinji sessiýasynda Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Rejep Baýramow çykyş edip, biz häzirem bazar bahasynyň ýagdaýynda ýaşaýarys, ýöne ol gizlinlikde edilýär, ony aç-açýan ýagdaýa geçirmeli diýen ýaly bir pikir aýtdy. Biz hormatly akademigimiziň peýdakeşlere mahsus bahany göz öňünde tutup aýdanyna düşünýäris. Emma biz häzirki gizlin bazaryň aç-açanlygyna-da, onuň hyzmatyna-da bil baglap bilmeris, biz ony jenaýat hökmünde büs-bütin inkär etmeli bolarys. Zadyň gymmatçylygyndan gorkmaly däl, gorkmaly zat onuň haramlygynda. Haram zat bilen halky doýrup bolmaz.
Ak bazar halallykdan başlanýan bolsa, ykdysadyýetiň bazar syýasaty halallyga, erkinlige daýanmaly bolar, başga çykalga ýok. Halallyk her kimiň gara zähmetiniň, daban azabynyň miwesi. Şol miwe ynsap diýen gymmat zady döredýär. Hytaýlylarda şeýle bir söz bar: “Agşam otsuz at semremez, haram pulsuz adam baýamaz”. Haram pul bil agyrdylyp, zehin ýakylyp gazanylanok. Ony sowup-sowurtlamagam aňsat. Emma adam halal zähmet bilen näçe gazansada ony ölçäp sowar, her köpügi hasaplydyr. Tygşytly adama husyt diýmek aýypdyr. Entek biziň jemgyýetimiz tygşytlylyk diýen düşünjäniň hakyky peýdasyna düşünenok, sebäbi bu mahala çenli onuň zerurlygyny duýmadyk. Döwlet tarapyndan raýatlary tygşytlylyga çagyranyň bilen iş gutarmaýar. Tygşytlylygyň eşretdigini her bir zähmetkeş adam gündelik durmuşynda duýar ýaly, ony hususy bähbide öwrer ýaly ykdysady sistema döretmeli. Raýatlary biagyrlyk, hanaslyk, mätäçlik çekýän döwletde hiç mahal abadançylyk, rowaçlyk bolmandyr. Hakykatda, her bir raýatyň baýlygyndan, gurgunlygyndan döwletiň kuwwaty kemala gelmeli. Bu zerur düzgüni biz äsgermän geldik. “Senem köpüň birisiň, saýlanjak bolma-da, berleni iýde geziber, sen hakda döwlet alada edýär”. Ine, gödegräk aýdylanda, dowam eden ýörelge. Döwlet raýatlaryň, raýatlar döwletiň aladasyny etmeli dälmi! Ýöne döwletiň aladasy raýatlaryň şahsy aladasynyň miwesinden döremelidir. Raýatlaryň gazanjy artdygyça, ol şonça-da döwlete köp salgyt töleýär. Biziň täze ykdysady reformamyzyň özeni şu ýerden başlanýar.
Tygşytlylyk hakdaky gürrüňi dowam etmekden ötri bir gören zadymy ýatlaýyn.
- Bäş-alty ýyllykda başga şäherler bilen telefonda gepleşilýän ýere bardym. Adam köp ekeni, aglaba-da ýaşlar. Bir gyz üç manadyny şaýa böldürip, meniň öň ýanymda kabina girdi. Gepleşýänleriň sesi eşidilip durdy. Ýaňky gyz ilki ejesi bilen gepleşdi. Onuň ýagdaýlaryny, jigilerini atma-at sorady, soňra howa geçdi. Awtomat yzly-yzyna on bäş köpük şaýylary ýuwdup dur. Gyz Aşgabadyň howasyny aýtdy, öten agşam telewizorda berlen satira-ýumary gördüňizmi diýip sorady. Soňra gelnejesi bilen gürleşdi. Hal-ýagdaý soraşmak täzeden başlandy. Garaz, onuň böldüren puly gutardy, ýene bir manat böldürip dowam etdi, ahyrynda-da çaltrak pul iberiň diýdi. Şu sargydyny aýtmak üçin ol dört manadyny sarp etdi. Ony on bäş, aňry gitse, otuz köpükde aýdyp boljak.
Eger şol gyz her köpügi gazanmagyň aňsat däldigini bilýän bolsady, bihuda gürrüň üçin awtomata dört manat berermidi, elbetde, bermezdi.
Men ertiri ýoldaşlarymyň ýanynda şujagaz epizody aýdyp berdim welin, olaryň biri: “Türkmençilik-dä” diýdi.
Men bu pikiri tassyklamadym, inkärem etmedim. Öz ýanymdan Moskwadan öýüme til edýänleriň bolşy bilen deňeşdirip gördüm. Salam-salam. Şu sözden soňam bada-bat esasy meselä geçerler! Howanam soranoklar, agşam telewizorda näme göreniň bilenem işleri ýok. Her minudyň bahasy bar. Adamyň ömrem minutlardan emele gelýär. Heý, biz şu hakda häli-şindi pikir edýärismi? Ömrüň dowamy beýlede dursun, bir günüň dowamy hakda-da pikir edemzok. Nijema wagtymyz bihuda oturylyşyklarda, gybatly gürrüňçiliklerde geçýär. Şu ýerde uzagragam bolsa, wagt hakynda Italýanyň beýik şahyry Petrarkyň sözüni getirmäge rugsat ediň. Ol: “Men her günüň gymmatlydygyny bilsemem, onuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň bardygyny bilmändirin, özem aýny bilmeli mahalym, maňa juda zerur hem peýdaly mahaly bilmändirin. Hawa, ol mahal wagtyň hakyky gymmatyna gözüm ýetmän ekeni. Men süňňümi argynlykdan goradym, paýhasymyň dury bolmagy üçin çalyşdym, her şaýy pulumyň hasabyny ýöretdim, ýöne meniň üçin wagt hemişe soňky orunda bolupdyr. Wagtyň birinji orunda bolmaly ekendigini diňe indi bilip galýan. Dynç alyp ýadawlygy aýryp bolýar, sowlan puly ýene gazanyp bolýar, wagty welin dolap getirjek gümanyň ýok”.
Beýik Petrarkyň ökünjine düşünmäne ukybymyz çatsady!
Balyň süýjüdigini öwüp oturman dadyryp göräýmeli. Wagtyň gymmatlydygyny tükeniksiz gaýtalap oturanyň bilen iş bitmez. Adam onuň gymmatyny duýar ýaly zerurlyga duçar bolmasa, öwüt-nesihat gury sözdür. Zerurlygy duýar ýaly ykdysady şerti döretmeli. Tomusda Sakarçäge baranymda giç öýlän gowaçanyň içinde kätmen urup ýören iki sany şlýapaly adamy gördüm. Bular şäherde işleýärler, işden gelişlerinede bärik eňendirler, olaryň maşgalasy bu kartany kärendesine aldy diýdiler. Olara indi wagtyň gymmatlydygy barada leksiýa okamagyň derkary ýok. “Türkmençilik edýäs, wagtymyzy bihuda geçirýäris” diýip zeýrenýänlerede köp duş geldim. Gep türkmençilikde dälmikä diýýän, gep biziň türkmençilik diýýän ahwalatymyzy döredýän sebäbleri aradan aýyrmakda. Gazananyňy diňe zeruryňa sowup, artykmaç senetlerden halas bolup bilse, türkmen maşgalalaryna uly ýeňillikler dörärdi. Gerek ýerini bilip, puly tygşytly sowmagam wagtyň ähmiýetinden kem däldir. Adamyň elindäki puluny sowşuna garap, onuň medeniýet derejesini, ykdysady garaşlylygyny, durmuş şertlerinden baş çykaryş ukybyny kesgitläp bolýar.
Synag üçin üç adamyň eline bir möçberdäki puly berip, şuny agşama çenli öz islegiňize görä ýerleşdirip geliň diýseňiz, soňky netije ýokarky pikirimizi tassyklar. Biri puly kassa goýar, erte çagalarym okanda kösenmesinler diýer. Ikinji biri maşyn alamda bergi edipdim, şoňa berdim diýer. Üçünjisi bäş bahasyny töläp panbarhat mata alandyr, gyzym geýsin, joralaryndan kem galmasyn diýer. Şol maşgalada puly harç etmäne ondan has möhüm islegler, zerurlyklar bardyr. Panbarhata derek dört-bäş goýun alyp gapysynda daňsa, çagalary kösenmez. Emma ony etmez. Ýeri, muňa näme diýjek? Islegi gurbuna görä däl, syrty kül üstünde, göwni kap dagynda. Ýa muňad-da türkmençilik diýip oňaýmaly bormy? Ýo-ok, bi türkmençilik däl, bi hadysa öz başyny jemgyýetde hemmeleriň gyradeňdikleri hakyndaky pagtabent şygarlardan alyp gaýdýar. Her kim öz ornuny kesgitläp bilenok, bilse-de, boýun almagy kiçilik bilýär. Jemgyýet: bizde baýam ýok, garybam ýok diýip onuň gulagyny gazalap geldi, hemmemiz gyradeň, azat raýatlar. Her kimiň pes bilen gyradeň bolasy gelenok, deňleşip bolsa, barly bilen deňleşjek bolmaly! Ine, saňa kösenç, horluk!
Şeýle ynanja uýýan adamlar bilen dil tapmak, ylalaşyga gelmek kyn bolýar.
Gyradeňlik adamyň şahs hökmünde ösmegini islänok. Onuň inisiatiwasyny ýok etmäge çalyşýar. “Sen buýrulan işi ýerine ýetirdejik geziber, galan ýagdaýy döwlet oňarar, ol seni işsiz, owkatsyz, goragsyz goýmaz, neneňsi ýagdaý bolanda-da çagalaryň ajyndan ölmez” diýen ynanja ýaşlykdan uýan adam sözüň doly manysynda şahsy azatlygyň nämedigini bilenok. Ol azatlyk talap edenok, jemgyýetde deňlik bolsun diýýär. Deňlik diýibem döwletiň gyradeň hossarlygyna düşünýär. Öz günüňi özüň gör diýilse, başyna ahyrzaman inäýjek ýaly. Öz güýjüne, öz tutumyna ynananok. Goý, kimem bolsa biri onuň depesinde dursun, oňa näme etmelidigini gündelik görkezip dursun! Ine, dolandyryşyň býurokrat-buýruk sistemasyny döredenleriň kemala getiren ynanjy, psihologiýasy. Olar şu ynanja tutaryk edibem ykdysadyýetiň bazar ýoluna garşy göreşýärler.

2.

Türkmenleriň aglabasy daýhançylyk bilen meşgul. Konserwatizmiň durgunlylygy hemişe daýhan gatlaga mahsus, ol täze pikirlere kynlyk bilen ýan berýär. Başgaça bolubam bilmez. Daýhançylygyň däpleri uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşýär. Daýhançylygyň konserwatizmine zyýanlykly, barlyşyksyz ýagdaý hökmünde garamak bolmaz. Daýhan toprak bilen iş salyşýar. Toprak onuň üçin janly zat. Hakyky daýhan islendik täzeligi toprak üçin ulanjak bolanda howlukýan däldir, ýedi ölçäp bir kesýändir. Ol ýokardan berlen buýrugy diňlär, soňam buýrugyň nädereje adyllygyny topragyň ýagdaýy bilen ölçär. Şol ölçeg oňa kepillik berse, hä diýer, bolmasa-da başyny ýaýkar oturar.
Mary etrabynda daýhançylyk üşügi bilen tapawutlanan Akgurban aganyň ýanyna ýokardan gelen wekil: “Size gowaça ekişini başlaň diýip bir hepde ozal aýdyldy, näme üçin diýleni edeňzok?” diýipdir. Akgurban aga ony ýeriň içine alyp barýar, bir depim aşakdan toprak göterýär-de: “Al, aýaňda saklap gör” diýýär. Wekil saklaýar, topragyň sowukdygyny aýdýar. Akgurban aga: “Gördüňmi, biziň elimiz ýylyka toprak sowuk, onsoň tohum nätsin?” diýýär, soňra topragy ysgap görmegi haýyş edýär. Wekil ysgap: “Ys ýok” diýýär. “Bolmazam, ys ýyly giden toprakda bolýandyr, ýyly ötdügi janly oraganizmlere jan girýär, şondan ys emele gelýärdir”. Akgurban aganyň degerli delilini inkär etmäge wekiliň bogny ysmaýar.
Men daýhan hünäri bilen zergäriň iş usulynyň arasynda meňzeşlik görýärin. Daýhanam, zergäriň kümüş bilen ýekelikde işleýşi ýaly, toprak bilen pynhanlykda galsa gowy. Öňler diňe ýowarlar, gazy-haşar işleri köpçülik bolup ediler ekeni. Gündelik iş esasan ýekelikde edilipdir. Biz daýhançylygy kollektiw zähmete öwürdik. Hemişe köplük bolup işlenmegi torpak bilen daýhanyň arasyndaky pynhan ysnyşygy ýoga çykardy. Göz öňüne getirip görüň, eger zergärler üýşüp bir şaýy ýasasalar nähili bolardy? Daýhançylykda-da ekin başdan-aýak bir adamyň aladasy bilen össe gowy. Munuň üçin daýhanyň hakyky eýeçiligini ýerden başlamaly. Mal eýesiniň gözünden suw içýän bolsa, topragam bir eýäniň ýürek ýylsyny duýmaly. Bir ýeriň birnäçe eýesi bolup bilmez. Köp eýeli ýer çagalar öýünde önüp-ösen adam ýaly, mähir ýylylygyndan mahrumdyr.
Öz eýeçiligiňdäki toprak bilen bagry badaşan adamyň örki şol ýere ömürlik baglaşdygydyr.
Şeýle bir gürrüň eşitdim.
Uruşdan soň Ahal ili biraz gallaç galýar. Eklenç gözläp Mara, Tejene gidenleri bolupdyr. Baýramalyň bir kolhozynda göçüp baran uly maşgala işläp ýören. Pagtaçylygyň azaby agyr bolsada, kolhoz gowy paýlaw edýär ekeni. Ýedi ýyl sabyr-takat bilen işleýärler. Bir gün maşgala başy başlygyň ýanyna baryp, biz-ä mekana dolanjak diýýär, ýöne sebäbini aýdanok. Başlygam sebäbini aýtmasaň rugsat ýok diýýär. Ahyry maşgala başy gönüsinden gelýär: “Başlyk aga, ýedi ýyl kolhozyňda agyr iş etdik, däne, pul gazandyk. Indem gazananymyzy ýatyp iýmek üçin Ahala göçjek” diýýär.
Bu jogap meni geň galdyranok. Eýe hökmünde ýerden mahrum edilen daýhan gazanç gözläp, Mara däl, ondan uzagraga-da gidip biler. “Gazananymyzy ýatyp iýmek üçin Ahala göçjek” diýen söze üns beriň. Bu söz ýerden örki üzülen adamyň gahar-gazabyny, gelejege umytsyzlygyny aňladýan-a däldir? Ýeri bolup, umydyny topraga baglan daýhan “ýatyp iýjek” diýen sözi hiç mahal diline-de almazdy.
Käbir adam türkmençilik diýen sözden diňe otrisatel many gözleýär. Elbetde, bi nädogry. Biri göwneýakmaz iş etjek bolsa, sen türkmençilige sygmaýan zat edýäň diýilýär ahyry. Eýýam türkmençilige gowy äheň berilýär. Eýse, dogry söz türkmençiligiň bezegi bolmanmy!
Tejen uýezdiniň naçalnigi Mihaýlow türkmen daýhanlaryndan galla satyn alanda olaryň aýdanyna şübhesiz ynanaýmalydyr diýýär. Eger çuwalda pylança put däne bar diýen bolsa, çekip görseň aýdany dogry çykar ýa-da ýarym put artykdyr, kem geljek gumany ýokdur. Ýanlarynda çekip aljak bolsaň halamaz ekenler, sözlerine ynanmazlyk edilýän ýaly görüpdirler.
Iňlis syýasatçysy Aleksandr Boris 1831-nji ýylda Türkmenistanyň içinden geçip barýarka Hoja Abdylla öwlüýäniň ýanynda düşleýär. Türkmen daýhanlary onuň çadyrynyň agzynda bir çuwal gawun getirip goýýarlar. Boris satmana getirendirler öýdüp, bahasyny soraýar. Zat gerek däl diýýärler. Boris halys ezelenip durandan soň, beýle ynjalmaryn öýdýän bolsaň onda bir çümmük temmäki beräý diýýärler.
Türkmenleriň merhemeti, dogry sözi hakynda bu ülkä ýarag getirip, gara ýürek bilen gelenleriň özleri birgiden ýazgy galdyryp gidipdir. Türkmen ýesir düşüp, bäş minutdan asyljagyny bilse-de, ýalan sözlemez diýip, olaryň mertligini boýun almaga mejbur bolanlar az bolmandyr.
Uly ýoluň ugrunda ekilen gawun-garpyza sakçy diýlip goýlan ýaşuly adamyň ötegçileri saklap, uçmakdan çykan zatdan dadyp geçmeseňiz bolmaz diýip mürähet edişini oglankak özümizem az gabat gelmändik. Sakçylar bakjany adamdan goramazdylar, şagaldan, meýdan doňzundan gorardylar. Häzir daşardaky zatlar beýlede dursun, öýmüzde ýedi gulpuň aňyrsyndaky goşumyzy adamlardan gorap bilemzok.
Garpyz alaýyn diýip bazara bardym. Sakgally-sarmykly, başy seleň telpekli ýaşuly ýaňy garpyzyny düşürip, satmaga başlapdyr. Ýüzüne seretdim, daýhana meňzemänem duranok, ellerindäki gatan gabarçaklary görüp arkaýynlaşdym. Daýhan adam ynsabyny ýuwdan däldir, bi ýaşula ynansa bolar diýen umyt bilen: “Ýaşuly, bi garpyzlaryň azotdan halasmydyr?" diýdim. “Halasdyr, inim, arkaýyn alyber, azodyň ysynam alan däldir bylar” diýdi. Her garpyza dört-bäş manat töläp, alyp gaýtdym. Içi köz ýaly gyzyl garpyz bölünen dessine reňkini üýtgetdi duruberdi, ogurlykda tutulan adamyň ýüzi ýaly ýakymsyz agardy. Turşy tagamy bar ekeni. Dogrusy, men beren pulumdan beter ýaşuly adamyň ýalan sözüne gynandym. Daýhan diýip hasap eden adamyň aldasa juda ýokuş degýär. Baragadan ýalan sözlemäge utanaňokmy, ýaşuly, diýsem ýüzi üýtgärmikä?
1863-nji ýylda Orta Aziýa syýahat eden Wamberiniň galtaman türkmen bilen eden gürrüňi ýadyma düşdi. Wamberi galtamana ýüzlenip: “Öz dinibir doganlaryňy gul edip satmaga neneň gaýratyň çatýar, pygamber: her bir musulman erkindir, azatdyr diýmänmi näme?” diýýär. Türkmen barypýatan perwaýsyzlyk bilen jogap beripdir: “Gurhany kerim kelamulla, elbetde, onuň gymmaty adamdan ýokary, eýsem-de bolsa, şonam gran bilen bahalap, alyp-satyp ýörler-ä. Ýeri, şundan soň siz näme aýdybiljek? Ýakubyň ogly Ýusubam pygamber ekeni, onam satypdyrlar. Satylany bilen onuň mertebesi kemeläýdimi?”
Ýüz otuz ýyl mundan ozal gul satyp oturan türkmen bilen bu günki garpyz satýan türkmeniň ýaşan döwürleriniň arasynda dag bilen gök ýaly tapawudyň bardygyny bize bada-bat ýatlatjaklar tapylar. Tapawudyň bardygy bize-de aýan. Galtamanyň ýaşan döwründe jemgyýetde aç-açan zorluk höküm sürüpdir. Galtaman şol zorluga mahsus iş görýänini gizlemän, dogry jogap berýär. Bu günki garpyz satyp oturan türkmen zorluga daýanmaýan, zorlukdan, zulmatdan büs-bütin dynylan jemgyýetde ýaşaýar diýeli. Emma ol etmişini boýun alanok, ýalan sözleýär. Ýaşuly halyna beýle arkaýynlyk bilen ýalan sözleýän adam, belki, ýalan sözde aýyp bardyr öýdýän däldir? Belki, ýalan sözi durmuşyň adaty ýörelgesi hökmünde kabul edýändir? Eýse, biziň jemgyýetimiz, onuň geçen ýoly garpyz satýan adamyň ýalan söze günäsiz bir zat ýaly ten bermegine esas berdimikä? Goý, bu sowala şu günki ýaşap ýören adamlaryň her biri ak ýürekden jogap bersin! Ýöne dar agajynyň astynda, şirin janyndan jyda düşjek bolup durka ýalan söze ýüz urmadyk türkmen bilen, zäherli garpyzyny satmak üçin ýalan sözlemäge utanmaýan türkmeniň Taňrysynyň hem bir däldigini aýdyp biljek.

3.

“Türkmeni dürtmeseň duýmaz”.
“Türkmeniň gapdalyndan göç geçir”.
Bular keseden gelenleriň döreden pähimleri däl, türkmenleriň özi döredipdir. Öz häsiýetini bilip, gerek ýerinde oňa tankydy garamak danalygyň alamaty.
Golaýda Ýolöten raýonyna baryp, Babagammar piriň gubrunyň üstünde galdyrylan kaşaň gümmezi synladym. Ildeşlerimden göwnüm bitdi. Gündogar arhitekturasynyň däplerine eýerlip, ezberlik bilen galdyrylan mawzoleýiň ussasynyň türkmendigini, Saragtdan çagyrylyp getirlendigini, özüniňem ýaňy otuz üç ýaşandygyny aýdanlarynda depäm gök diredi. Ymaratçylygyň köne ýolunyň ýitmändigine şükür etdim. Halk bir hazyna, zerurlyk duýan güni derdine ýarajak adamlary gapyberýär.
Babagammaryň gubrunyň üç tarapy uly gonamçylyk, ilersinde Murgap akyp ýatyr. Derýanyň alkymy giden tokaýlyk, howasy arassa, sergin. Gök-gök baglaryň aňyrsyndan howaly gümmez görünýär. Gadymyýetiň ertekä çalymdaş romantikasy kalbyňa dolýar.
Babagammar sungatyň çeşmesinden dörän legenda, rowaýat. Ol Hezreti Alynyň meşgul Düldülini saz bilen igleden ussat. At janawar gözünden boýur-boýur ýaş döküp, ot-iýmden bizar bolup, ynsanyň kalbyndan mähre ýugrulyp çykýan owazyň janly-jandary heýjana getirýändigini aýdyň edýär. Beýle ahwalaty Hezret Alynyň özi-de görýär. Seýis halyna Düldüli horlany üçin özüni ýazykly saýan Babagammar ýeriň teýine sumat bolanmyş diýýärler. Sumat bolanda dutaryň gulagy sypyp galanmyş, şondanam daragt ösenmiş, täsin daragtyň şahajyklary dutaryň gulagyna çalym edýärmiş. Rowaýata giren täsin daragt bu güne çenli gurap ýok bolup gitmändir. Daragtyň töňňä öwrülen şahalarynam, düýbünden ösüp gelýän ýaş pudaklarynam, dutaryň gulagyna çalymdaş çykyndylarynam zyýarata baranlar synlap bilerler.
Babagammar hakynda dörän legenda bir däl, birnäçe. Olar barada gürrüňi uzaldyp oturman, piriň üstüne kaşaň gümmezi galdyrmakda esasy sebäbiň Pendi ilinde saza bolan söýginiň, hormatyň juda ilerdigini nygtamakdan ötri, ýene bir delili aýdaýyn. Muny mawzoleýiň ýanynda ýatyp-turup, oňa halys ýürekden hyzmat edýän adamlar sözüň gerdişine görä aýdyp goýberdiler.
Babagammar gonamçylygyna golaý etrapda ýaşaýan gazaklaram merhum bolanlaryny jaýlaýan ekenler. Merhumlaryň üstüne üç sany gümmez galdyrypdyrlar, biri hasam belent görünýär. Gazaklaryň ölene edýän belent hormaty türkmenleriň biagyrlygyny mesaňa-mälim edäýýär. Piriň üstüne birmahal galdyrylan bina ýumrulyp ýatyr, beýle ýanynda-da haýbatly gümmez otyr. Garaz, “Türkmeniň gapdalyndan göç geçir” diýleni bolupdyr. Ýerli ilat gaýrata galýar, serişde gaýgyrmandyrlar.
Täze gümmez açylan güni bu ýere ýygnanan adamyň sany takmynan otuz-kyrk müňe ýetendir diýdiler. Respublikamyzyň dürli künjeginden gelen sazandalar pire tagzym edýärler. Şägirtler ussatlardan ak pata alýarlar. Indi Babagammaryň başyndaky uly ýygnanyşygy däbe öwürmegi maksat edinýärler. Elbetde, ýokardan rugsat berlerine garaşyp durman edibermeli, indi bu zatlar halkyň islegine bagly. Mawzoleýi galdyryň diýip ýokardan görkezme beren ýok, ýa-da oňa serişde goýberilmändir. Halkyň islegi bilen, halkyň ýygnan pulunyň hasabyna, töwerekdäki obalaryň kömegi bilen biten iş.
Mawzoleýiň töwereginde rejeleýiş işleri dowam edýän ekeni. Zyýaratçylaryň geçjek ýollaryna asfalt düşelipdir, gapdallaryna gül ekmek hyýallary bar. Tekizlenen meýdana peller çekilipdir. Ýerli mollalar, ýaşulylar şol ýere sazak oturdylaýsa diýýärmişler. Dogrusy, men-ä beýle teklibi unamadym. Gümmesiň ýokary gapdalynda äpet sazak düýpleriniň telimsi gögerip otyr, mazarystanlygyň gum tarapynda-da sazak, çerkez, ýylgyn gyt däl. Biz öwlüýä diýilse hökman ýylgyndyr sazagy, çöp-çalamy göz öňüne getirýäris. Şu meselede dowam edip gelýän türkmençilikden el çekmäge wagt bolan bolsa gerek. Geçmişde türkmenler mazarlaryň çaltrak ýitip gitmegini isläpdirler, bu isleg döwrüň pajygaly pursatlary bilen döräpdir. Hatda çarwalar mazarlaryň üstünden goýun sürülerini geçirip, ýiter ýaly edýän ekenler. Ýogsa çozup gelen rehimsiz duşmanyň mazarlary haraplap, ölenleri gabryndan çykaryp zyňýan pursatlary az bolmandyr. Aýratynam, il arasynda belli serdarlaryň, batyrlaryň mazarlaryna wehim salnypdyr. Şol zerarly halk Gowşut han, Nurberdi han ýaly adamlaryň üstüne gümmez galdyrmakdan ätiýaç edipdir.
Indi ol döwür ötdi, türkmen oturymly halk, öwlüýämizi taşlap başga ýere göçmek howpy ýok. Her bir tutum öz döwrüniň kadasyna, islegine, durmuş ýörelgesine gabat gelse ýagşy. Eger gözüňe ýakymly görünýän täze gümmez gülzarlykda, göm-gök baglaryň arasynda otursa, baranlaryň göwni açylmazmy! Öwlüýä diýlen ýer hökman ölümiň, kyýamatyň hesretini ýada salyp durmalydyr öýdüp düşünmäliň. Özümiz-ä ol dünýäde adamyň jaýy jennetde bolsun diýip, şonuň öwezine doga okaýarys. Adam pahyr jennedi ýada salýan alamaty bu ýagty ýalançyda-da görsün ahyry, ýogsa biziň öwlüýälerimizi synlaňda jennetden ozal dowzah ýadyňa düşýär.
Häzir halk arasynda diniň täsiri güýçlenýär. Bu hadysa molla adyny götermäge dalaş edýän adamlaryň kimdigine, hakyň ýoluny tutuşlaryna, Allanyň bendesiniň ýaşaýşyna hemaýat bermekde olaryň nädereje tagalla edişlerine ünsi güýçlendirýär. Umumanam, türkmenler din hadymlary hakynda teýeneli sözler aýtmakdan çekinmändir. “Mollanyň diýenini et, edenini etme” diýen ýaly sözleri ýatlaň. Taryha göz aýlaňda-da biziň halkymyz dinhorlykda tapawutlanan halk däl. Bu meselede taryhy şertler uly rol oýnapdyr. Döwletiň bolmazlygy belli bir derejede yslamyň däpleriniň düýpli kök urmagyna şertler döretmändir, yslamyň merkezleri bilen gatnaşyk az bolupdyr. Şonuň üçinem diňe taglymat, pelsepe hökmünde garap, hudaý hakyndaky abstrak düşünjelere üns berip, kelle döwüp oturmak türkmenlere mahsus bolmadyk zat. Olaryň dine bolan gatnaşygynyň esasy ölçegi gündelik ýaşaýşyň derwaýyslary bilen kesgitlenipdir. Ölenler jaýlananda, ýasda, sadakada, nikada dini däpleriň zerurlygyny bilip, onam gurplarynyň ýetişine görä berjaý edipdirler. Alla sygynmagyň has inçe ýollaryny tutmaga, sopuçylyk ýoluna mahsus asketizmi ýerine ýetirmäge, Gurhanyň manysyny seljermekden ötri basa oturmaga eli degmändir diýsegem hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.
Gurhanyň düýp manysyna ýetip, şerigatyň ýoluny seljermek entäk mollaçylygyň gutarnykly berkarar edildigi dälmikä diýýärin. Bizde Gurhany ýat tutan adamlara molla diýmek endigi bar. Häzir dini ynançlara ýol açylan mahaly il içinde ýaz ýagşyndan soň kömelek ýaly köpelip barýan mollaryň arasynda bu çaka çenli kisesinde partiýa biledini göterip, dürli wezipelerde işläp, indem pensiýa çykandan soň ol dünýäsini ýatlamaga endik edýän, hemişeki hojaýynlyk mertebesini küýsäp, molla bolmakdan çekinmejekler bar. Men şol zeýilli adamlaryň mollaçylygyna-da, ynanjyna-da bil baglamok. Bu güne çenli partiýa biledini göterip, dini ideologiýany inkär edip gelen adamyň yslama ýüz urmagy üçin juda uly sebäp bolmaly. Onsoňam ol adamlar hakyky kommunist bolup, şonuň hakyky borjuna laýyk ýaşan bolsalar, indiden soň ol dünýäsini ýatlap ýörmäge zerurlyk ýok diýip düşünýän. Eger munça ýyl nädogry ýaşap, ynsaba bijlik eden bolsaň, galan ömrüňe okajak namazyň günäňi ýuwarmyka? Toba gelip, ile haýyr iş etmek diňe namaz okamak bilen gutaranok, göze görnez ýaly haýyr iş gyt däl, ediber. Ýetime kömek et, ejize goltgy ber.
Medreseleriň, metjitleriň ýumrulmagy, ýetmiş ýyllap dine garşy alnyp barlan syýasaty bizde ortodoksal yslamyň däpleriniň ýok bolmagyna getirdi. Buhara, Hywa kysmy döwlet bolup ýaşalan ýurtlardaky ýaly çuň bolmasa-da, garaz, rewolýusiýadan ozal ýüzleýrägem bolsa, bizde-de yslamyň düýplerine eýerilýärdi, dini edebiýat bardy, ýagdaýa görä okadylýardy.
Din bilen bagly ahlak hem gumanistik pikirleri öňe sürmekde çeper edebiýatyň wekilleriniň hem hyzmaty az bolmandyr.
Bu ýerde öňi bilen Döwletmämmet Azadynyň adyny tutmaly bolýar, soňra Magtymgulynyň. Azady adyl häkimligi gös-göni Allanyň merhemedi bilen baglaýar. Onuň taglymatyna görä, hakyň nury adalatdyr. Din üçin janyny tükeniksiz jepalara goýan Muhammet Mustapa hakyň nurundan şöhle alandyr, adyldyr. Ol barça musulmana adyllygy buýrandyr. Jahanda häkim bolanlar adyl bolsa, olar ýer ýüzüne bezeg berer. Adyl patyşa taňrynyň saýasydyr. Onuň ýurdundan mazlumlar myrat tapar. Onuň mähri-de Hak tagalanyň mähridir, gahary-da Hak tagalanyň gazabydyr. Adalatly patyşa din öýüniň sakçysydyr. Ol halkyň emrini tutar. Adyl patyşanyň emrini berjeý kylmak onuň raýatyna buýrulandyr.
Azadynyň bu pikirleri dama Nowaýydan gözbaş alyp gaýdýar. Nowaýynyň pähimi: “Eý, patyşa, sen häkimlik möhletiniň juda gysgadygy unutma! Pygamberiň sargydyny unutma. Ol saňa adamlary bagtyýar etmegi buýrandyr. Seniň bagy-da, bossanyňda seniň halkyňdyr, sen onuň ökde bagbany bol. Seniň sürüň seniň halkyňdyr, sen onuň ygtybarly çopany bol. Çopan bimahal ymyzgansa, sürä gurt darar, sürä gan çaýkanar. Bagy-bossan taşlansa, agaç gurar. Eger zora ýanap, gedaýdan iňňe alsaň, iňňäniň pyçak bolup bagryňa sünjüljegini unutma! Gedaýdan bir sapak alsaň, şojagaz sapagyň dar agajynyň bagyna öwrülip, boýnuňdan injegini unutma. Al şerapdan serhoş bolup, uzak gijäni bigäneler bilen şady-horramlykda geçirýän, haram keýp üçin naçarlaryň namysyny basgylaýan, il-gününi talap, köşgi-eýwanyny lagly-merjenden bezän häkim pygamberiň sargydyny unudandyr, dinini, imanyny, ynsabyny ýuwdandyr. Ol hudaýyň ygtyýary bilen häkim bolsa-da, halkyň ondan göreni horluk, zorluk, talaňçylyk boldy. Eý, häkim, hakyň ýoluna dolan, ahyretiňi ýatla, galan ömrüň ökünçde geçmesin!
Döwletmämet Azady bet işe baş goşan häkimiň adalatsyzlygynyň garşysyna hakyň gudratyny goýmak bilen, ony mysallar arkaly berçinleýär. Bahram şa baglara salgyt salmagyny ýüregine düwende narlaryň suwy, Kubat şa sygyr üçin salgyt salmakçy bolanda sygyrlaryň süýdi çekilipdir.
Adalatly häkim ýurdy edara eden mahaly raýatlaryň kalbynda haýyr-sahawata meýil artýar. Allanyň bendesi haýyr işiň keramatyna düşünip, ony minnetsiz berjaý eden halatynda rowaçlyga ak ýol açylar. Öňi bilen adamyň ýüreginde rehim-şepagat bolsun. Omar Haýýam: “Bir göwne taý gelmez ýüz palçyk Käbe” diýen bolsa, Azady:

Käbe weýran etmekden müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý däde! –

diýýär.
Ynsanperwerligiň bu nusgasyny Magtymguly alyp göterýär:

Gutular sen hak ýolunda jan berseň,
Hülle bolar bir garyba don berseň.
Saýa bolar bir mätäje nan berseň,
Bir ajy doýurmak hajdyr ýaranlar!

Umuman, Magtymgulynyň “Kyýamat” ady bilen belli eserleri türkmenler üçin Gurhan boldy diýsem öte geçmezmikäm diýýärin. Elbetde, ony mollalar halka ýaýratmady, ony bagşylar ile ýaýdy. Şol eserler henizem doly çap edilip halka ýetirlenok.
Üns berip okasaňyz, Magtymgulynyň kyýamat goşgulary terkidünýälige, umytsyzlyga iterýän däldir, durmuşyň manysy hakynda oýlanmaga, öz ömür ýoluňa ser salmaga mejbur edýändir. Üşügi, sähel ynsaby bolan adam olardaky beýik manyny diňläp, arassalanan ýaly bolýar. Şahyryň ynsanlyga mahsus ýürek açmasy, boýun almasy (ispowedi) her bir diňleýjiniň şahsy ýürek açmasyna öwrülýär. Gurhanyň sahypalaryndan çykan adamlar beýik ussadyň dilinde çeper obraza öwrülip, täsin milli öwüşgine, häsiýete eýe bolýarlar. Türkmen olary özüne juda ýakyn, ganybir tutunýar.
Magtymguly hudaýyň bendesini haýyr bilen şeriň, jennet bilen dowzahyň aralygynda goýýar, oňa durmuşyň ýowuzlygy ýaly gönümellik bilen ynsan ömrüniň manysyny düşündirýär. Mahal-mahal bu hakykaty gudratyň derejesine ýetirip aýdýan adamyň özi ynsana bir degişli boldumyka diýen pikir kelläňe gelýär. Ol hakykatdanam ynsan durmuşyna mahsus şerden, günäden ýokary saýlanýar. Oňa hudaý diýesiň gelýär.
Döwletmämet Azady, Magtymguly Pyragy hakyň ýoluna, Gurhana kemsiz düşünen alym adamlar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, olar diňe durmuşdan üzňe çemeleşmän, ony esasan iki ugur bilen bagly ulanypdyrlar. Birinji, ýurdy edara edýän häkimligiň adyllygyny gazanmak, ikinji, adamlaryň kalbynda rehim-şepagaty, haýyr-sahawaty, sogap işe höwesi artdyrmak.
Ýetmiş ýylyň dowamynda yslamyň däpleri ýitdi diýipdik, şol däpleri tekrarlamakdan ötri, akyldarlarymyzyň ýazgylaryna ýüzlenmek gerek. Olar bize diniň ynsanperwerlige eýlenen obrazlaryny, nusgalaryny hödürleýärler.
Men şu günki gün molla diýip orta çykýan adamlarda gumanistik jähtden pikir giňligini, ynsanyň mertebesiniň kemsidilýän halatynda ony goramaga töwekgellik duýamok. Olaryň esasy işi öleni jaýlamak, sadakany sowmak ýaly bolup dur. Bu işiň beýle bir uly zehin, artykmaç bilim küýsemeýänini görüp, indi molla bolmak amatly ýaly-la diýen hyýal bilen aýagyna mesi geýip, metjitlerde mähräbe golaý durjak bolýanlar köpelýär.
Dini hadymlyga baş goşýan adamlar çuňňur bilime mätäç. Zehinli ýaşlary dini merkezlere okuwa ibermäge çekinip ýörmeli däl. Onsoňam, döwletiň din bilen gatnaşyk edýän ýörite edaralarynda şol ugra sarpa goýýan, şol ugurdan düýpli düşünjesi bolan kadrlar işlese göwnejaý bolardy, ýogsa häzirki işleýänleriň arasynda düýn ýaman ideologiýa hökmünde ýazgaryp, onuň wekillerini yzarlan organ işgärleri hem duş gelýär.
“Türkmeni dürtmeseň duýmaz”. Bu nakyly gaýtalaýandygymyzyň sebäbi bar. Biz mahal-mahal dürtüp durulsa-da duýmazlyga salýarys. Mysal üçin: Orta Aziýa hem Gazagystanda Nowruz halk baýramy hökmünde täzeden berkarar edildi. Ala-böle biziň gyrada galyşymyza men düşünemok. Alym Nazar Gullaýewiň tassyklamagyna görä, çomur ilatdan baş alyp gaýdan bu baýramçylygyň dörän ýeri biziň respublikamyzyň territoriýasy bolupdyr. Yslamdan öň otparazlaryň hudaý hökmünde Güne sežde etmeginden dörän, Täze Gün adyny alan täze ýyly türkmen halky-da uly şatlyk bilen garşylapdyr. Nowruz güni adamlar ýylyň sylagy diýip bişirilýän tagamlardan dadypdyrlar, arzuw-hyýallaryny aýdypdyrlar. Ýyl aňyrdan gelende: “Hut-put, gowy gelsem gazan süýt, erbet gelsem kellebaşaýak üt” diýermiş.
Ýaşlar gyzykly oýunlar oýnapdyrlar, monjuk atylypdyr, läle kakylypdyr.

Nowruz geldi bi gije,
Bije atarlar, bije...

diýen söz gadymdan galypdyr.
Topraga mazaly ýyly gidip, bahar paslynyň tebigata jan beren mahaly, Gün bilen Gijäniň deňleşip, ýere tohum taşlanýan mahaly baýram etmek ýakymly dälmi näme! Nowruz baýramy tebigata bagly dörän baýram. Onuň gudratdygyna göz ýetirmek isleýän adam Omar Haýýamyň “Nowruznama” atly traktatyny okasyn. Dünýäde, şol sanda biziň respublikamyzda-da, ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşan döwründe Nowruz baýram edilmegi juda derwaýys. Bu baýram adamlaryň kalbynda tebigata rehimi artdyrardy.
Gadym eýýamda Ajam ilinde – Eýranda otparazlaryň iň keramatly hudaýy Yzzat on iki perişdäni ýaradypdyr. Perişdeleriň dördüsini asmana ýollap, olara asmany goramagy tabşyrypdyr. Beýleki dört perişdäniň hersini Zeminiň bir künjegine ýollap, albassylary Kap dagyndan bäri geçirmäň diýipdir. Galan dört perişdä bolsa, asman bilen Zeminiň arasynda aýlanyň-da, arwah-jynlary adamlardan kowuň diýip buýrupdyr. Otparazlar bu dünýä başga bir uly dünýäniň içinde ýerleşýär diýip, ony köne köşgüň içinde salnan täze jaýa meňzedipdirler. Keramatlylaryň keramatlysy bolan Yzzat ýagtylykdan Gün ýasapdyr, Günüň kömegi bilen asmany, Zemini döredipdir, onuň permany bilen Gün ýerinden gozganypdyr, herekete gelipdir. Goý, onuň şöhlesi ähli ýere ýagty saçsyn!
Bu gadymy baýramy türkmen halkynyň ýene däbe öwürjegine ynanýan, ýöne goňşulardan gijä galyp ýörsek, olaryň: “Häk, türkmenler-ä türkmençiliklerini edýär-ow” diýmekleri ähtimaldyr. Indiden beýläk bu söze ýakymsyz many berilmegini men-ä juda ýokuş görýän.
Magtymgulynyň “Kyýamatyny” manysyna laýyk äheň tapyp, ussatlyk bilen aýdan Gurt bagşy aýdym bilen geçen uzak gijäni hemişe “Türkmeniňi” aýdyp soňlardy. Menem şu sapar bagşynyň şol däbini ulanmaly boljak.

Gapyl galmaz, döwüş güni har bolmaz,
Gargyşa, nazara griftar bolmaz.
Bilbilden aýrylyp, solup saralmaz,
Daýym anbar saçar güli türkmeniň.

1990-njy ýyl.

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW.
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 129 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Atsyzatly • 21:01, 10.12.2023
Şu mowzugyň žanry "esse" bolmaly, bölümlerde ýok eken.
avatar
0
2 sussupessimist • 21:44, 10.12.2023
Publisistika diyip bardyr. Esse şoň bir görnüşi diyseňem boljak
avatar
0
3 Мango • 23:00, 10.12.2023
Tirkiş aga arkaýyn 5 ýyzzyly basyp, arkaýynlykda okamaly. nesip bolsa.
avatar
0
4 Pero • 09:45, 11.12.2023
"Häzirki bazarlarda satylýan harytlaryň aglabasy adamlaryň halal zätmetinden önen zatlar däl. Döwlet hem kooperatiw söwdany alyp barýan bihalal adamlar bilen hyzmatdaşlykda birgiden adam gyt harytlary üç-dört baha artyk satyp jenaýat edýärler. Biz bazary jenaýatyň mekanyna öwürdik."

Bi diñe biri. Mundan baṣga-da gaty kän zadyñ baṣy agyrdylypdyr. Gowy makala. Oýlandyrýar. Aslynda bilýän zatlarymyzy belli ṣahsyýetleriñ sözleri bn berkidýär.

Ṣu wara,dünýäde aýdylmadyk zat ýok-la. Mesele aýdylan zady-da täzeçe aýdyp bilmekde-laý."laý" goṣulma ün sorry,ýöne näme edeýin türkmençilikde ulanylýa-da o
avatar

Старая форма входа
Total users: 203