Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:28
Obam

OBAM

Baýyrlaňda gezip aýakýalaňaç,
Men seň dereleňde ulaldym ahyr!
Şygyr ýazmazlyga galmady alaç:
Seň daglaň bagşydy,
Çeşmeleň — šahyr!

Bürgütleň ganaty boldy düýşlermiň,
Daş togalan silleň — durky yşkymyň,
Seň bilen ylhammyň bady güýçlendi.
Seň özüň aýdymmyň
Ýa-da goşgumyň?

Setir çöpläp güllerinden baýyrlaň,
Çemen däl, bent bogdum,
Bentlerden — goşgy,
Soňam okap berdim leýlisaçlarňa,
Olaňam zülpleri dünýämi guçdy.

Duýduňmy: gujaklap bildim topragňy!
Emedekläp, togalanyp oýnadym!
Otlarňa, güllerňe, bulutlarňa-da
Goşgy okap berdim!
Okap doýmadym!

Bu gün gujagyňda ýaşap ýörsemem,
Düýşlerme-de diňe sen girýäň, obam!
Atamdan, kakamdan galan mirasym,
Nesillemde bolsun dowamyň dowam!

29.01.24

© Çary ATAÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 144 | Mowzugy paýlaşan: Çary5306 | Teg: Çary Ataýew | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 30
avatar
1
1 Mekan2 • 15:04, 29.01.2024
Nesillemde bolsun dowamyň dowam! (ämin)

birzat city diýdi-ýene gör diýdi, gürrüňler bar. haýyrlysy.
avatar
1
2 Çary5306 • 15:36, 29.01.2024
Ol entegą hol ýokarrakdan geçýä diýdiler. Şu wagta çenli gorapdyr, Allajan indem gorawersin. Çagalarymyňam dilegi şol bolansoň aýdýan.
avatar
1
3 Çary5306 • 17:38, 29.01.2024
Bu oba-da diýseň owadan oba eken, ýöne biziň obamyzyň jaýlarynyň üçekleri ýaşyl reňkde ))
avatar
1
4 Mekan2 • 17:47, 29.01.2024
google da bagyryň her hili suraty bar eken. elde çekileni, köne döwrüňki, häzirki ýagdaýy, nusaý galasy görnüp durany...
avatar
1
5 Çary5306 • 18:05, 29.01.2024
"Minnetdarlygymy" kabul et diýmegi undupdyryn! Minnetdardyryn
avatar
1
6 Medicall • 18:06, 29.01.2024
Men-a Çary agañ nirelidigini bilmedim, "oba" diyip gözletsemem türkmen oba çykarmqdy, "eziz obam" diysem şu surat çykdy. ýaşyl üçekli oba tapayarys ony :)

Size-de minnetdar, ýetirip duruñ!
avatar
1
7 Мango • 00:58, 30.01.2024
Çary däde, belligim bar...

Seň bilen ylhammyň bady güýçlendi.

"ylhaMMyň" geňräjik eşdildi.

"bagşy" we "şahyr" meňzetmesem başgarajygam bolsa gaýtalanan ýaly göründi...

Seň daglaň bagşydy,
Çeşmeleň — šahyr!

Seň özüň aýdymmyň
Ýa-da goşgumyň?

ýyzzyla basdym.
avatar
1
8 Çary5306 • 02:27, 30.01.2024
@Mango, bellikleriňe sag bol!
"Ylhamly" ýeri bilen 100 °/° ylaşýan diýip, ony "Seniň özüň" ylgamymyň güýjùdiň" edip gitseňem boljak, "Ýok, şeýtseňem bolýa" diýip, özüňkini tasa getirjek bolsaňam, oňa-da tas bir postluk düşündiriş ýazmaly boljak.
"Aýdym" we "goşguly" ýeri bolsa, ýörite şeýle edilen, ýagny bu zatlaryň şeýle bolmagyna asyl seň özüňiň aýdym ýa goşgy bolmagyň "günäkärmi"?" diýen manyny bermeli. Şony berip bilmedik bolsa, olam meň günäm.
avatar
1
9 Çary5306 • 02:31, 30.01.2024
Esasy zat — Begenç gelipdir. Şu gün Sungatam girjek bolaryna diýdi (Maks ýene bir gezek ýatlatsa). Şeýdip toplanyşyberseler, bu ýerem "tüweleme, göz degmesine" öwrüler
avatar
1
10 Küle • 06:45, 30.01.2024
Çary aga, has güýçli ýazyp bilýädiňiž diýip hasaplaýan.
Bu goşgy size ruhy taýdan ýakyn bolup biler. Meni welin ynandyryp bilmedi...
avatar
1
11 Çary5306 • 07:38, 30.01.2024
Umyt, bolup biläýjek zat, çünki şu ýaşdan soňam bolsa, şeýle stilde ýazyp göresim geldi. Dowam edibersem, belki, bir zat çykar? Haýdan-haý köpçülige hödüpläp ýalňyşan bolmagymam mümkin.
avatar
1
12 Lacrymosa • 08:17, 30.01.2024
iÝ-WAÝ! Men ýokkam bärde kiçiräjik üýşmeleň bolan ýaly-la! bu ne ýa?! Gammarsyz toý bolýanmydyr?!
avatar
1
13 Lacrymosa • 08:18, 30.01.2024
Çary aga, Salam! Goşgyňyz üçin, ýazanyňyza, goýanyňyza, okadanyňyza, asyl barlygyňyza, saýta geleniňize we aktiw gatnaşmagy wada berýän ýalak bolýanyňyza sagja boluň!
avatar
1
14 Lacrymosa • 08:40, 30.01.2024
KIME: 1-nji teswire---- @ Myhmana (bu arada adyňam halanýan at däl)
HAT:Bagyr biziň tagt şäherimiziň annesidir. Şonuň üçinem anne oba degip bolmaýar. Anne anne bolýar, ony kosmetikalasaň bolmaýar. Ol Beýik oba. Asyl şu töweregiň obalarynyň hemmesi-de tebigy gözellikleri bilen saklanylmaly taryhy ýerler. Hemmesini UNESKO salyp, goramaly.Ol obalar tutuşlygyna muzeý edilmeli. Şol obalaryň üsti bilen turizmi ösdürse bolýa. şol obalardan nähili alymlar, sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlar çykdy. şol obalar nähili beýik ogul-gyzlary ýetişdirip berdiler, diňe bir türkmen halkyna däl, bütin adamzada! olaryň öz ýaşaýyş medeniýetleri bar. Şol gymmatlyklar goralmaly. Türkmen kino sungatyndaky şedewr eserler şol obalarda, şol obalaryň adamlary bilen düşürildi. Kinolarymyzdaky şol obalarda düşürilen ajaýyp-ajaýyp epizodlar nesilleriň hakydasynda ýaşamaly we olary milliligimizi gorap saklamaga, dowam etmäge çagyryp durmaly. siti-piti diýen ýaly titi sözlersizem ol obalaryň şan-şöhraty gözgamaşdyryjy ahyry.
P.S. oba --- bu medeniýetdir. özi-de şäher medeniýetinden asyl-ha pes bolmadyk, ösen medeniýetdir. oba durmuşy ynsanýetiň ýaşamagyny, dowam etmegini şertlendirýän iň ygtybarly.... hümmmmm....bir zatdyr.
avatar
1
15 Lacrymosa • 09:10, 30.01.2024
Atlary nämä degenok, nähili owadan: Ýasmansalyk (Jasmin diýen ýalak), Bagyr (bagyrmak, gygyr diýen ýalak, bagly gyr, baglak ýer, bagçylyk diýen ýalak) Herrikgala (erkgala diýen ýalak), Köşi, Gämi(şahyrana eşidilýär), Garadamak (prozalaç eşidilýär). Şu atlaryň özleri maddy däl medeni gymmatlyklar ahyry.
avatar
1
16 Mekan2 • 09:48, 30.01.2024
goşgy maňa täsir etdi.

öňem obamyzy gowy görýän. üstüne "köleke" abanjak bolsa, hasam ölüp barýan ekeniň. göwnüme, ýokarky goşgam şonýaly täsir bilen ýazylan ýaly. soňky iki setiri şeýledir diýdirýä.

biziň obamyz Kelejar. Mikelanjeloň "adamyň ýaradylmagy" freskasyndaky ýaly, bir dag bilen barmak barmaga bolup duran oba. irden bir dagyň kölegesi düşýä, ikindin aýrylýa. umyt bilen umytsyzlygyň arasynda ýaşap ýörüs.
avatar
1
17 sussupessimist • 11:39, 30.01.2024
Obaly bolmamsoň, maňa-ha täsir etmedi. Umumanam lokalny goşgulary ýazmagyň manysyna kän bir düşünemok, uniwersal bir many berilmese.
Dogduk depäň ezizligi hakda baryp, eýýäm Gomeriň "Odisseýasynda" bar zat aýdylyp geçilen ýaly.
Seýrek ýagdaýda, mysal üçin, Ezizowyň "Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim, galplygam etmedim..." diýip başlaýan goşgusy ýaly ýagdaýlarda täsir galdyrýar.
Ýöne, "Düýşlerme-de diňe sen girýäň...", "Men seň dereleňde ulaldym...", saňa goşgy düzdüm, okap berdim...
Çary aga mundan has täsirli eserleri ýazyp bilýänini bilemsoň...
avatar
1
18 sussupessimist • 11:41, 30.01.2024
Diňe obadaşlaryňy begendirmek üçin ýazýan bolsaň, onda düşnükli...
avatar
1
19 Mekan2 • 12:07, 30.01.2024
obamyzyň mekdebinde gurlany bäri ulanylmaýan boçka bar. dört gat öýüň beýikligindäki wyşkaň üstünde. hiç zada ýaramaýan posly demir üýşmegi. ortarada obaň gazygy ýalak bolup dursa-da, hiç kimiň gözüne ilenokmyka diýýän. menem kän üns berip ýöremok. ýöne şony "ýykjakmyşlar, aýyrjakmyşlar, ýerine has peýdaly zat gurjakmyşlar" diýip eşitsem gynanaryn. Ýazmyrat Çörli şo hakda goşgy ýazsa, maňa täsir eder. nosdalgiýa duýgusy dörär...

sebäbi kiçikäk şoň üstünde kän oýnadyk. tomus gijelerinde boçkaň düýbünde (4 etaž jaýyň beýikligi) armatur gözenegiň aşagyndan aýagymy sallap sagatlarça oturanymy bilýän. Alla gorapdyr, birinji etažyndan ýykylybam gördüm. 3-nji gatynda iki eliň aýasy ýaly reýkaň üstünde ýöreýädik...

garaz, ýaşasyn mekdebiň boçkasy.
avatar
1
20 sussupessimist • 12:22, 30.01.2024
Bular, elbetde, temperamente, adamyň ýasawyna bagly subýektiw duýgulardyr
avatar
1
21 Mekan2 • 12:29, 30.01.2024
onýaly gylyk-häsiýetde, ýasawda bolmasaňam, ýagdaýlar şoňa eltip bilýä. boçkaň ýykylma howpy ýok bolsa, şo hakda epos ýazsalaram täsir etmez, belki.
avatar
1
22 Seýrаn • 13:57, 30.01.2024
"Obam" kategoriýasyna degishli goshgulary yazyanlaryn bary dine oz obasyny wasp edyar, bolany. Simwolika ya gocme many yok. Hemma bahbidi yok, ulaldyalar.
Gurbannazaryn topragy bolsa umuman toprak, adamyn yaradylan narsesi barada aydylyar.
avatar
1
23 sussupessimist • 14:47, 30.01.2024
21-nji teswire

boçkaň ýykylmajagy ýokdyr
avatar
1
24 Mekan2 • 18:17, 30.01.2024
teswir 23-e.

dogry, diňe boçkalaň dä, eşekleňem ýykylmajagy ýok. ýükü haýsyna ýükläniňde-de parhy ýok.

onda-da...

toý-da-baýram edip bolanok. ähtimallygyny eşitseňem gyýylýaň.
avatar
0
25 sussupessimist • 22:32, 30.01.2024
Adam yykylyar, onsoň nostalgiya bilen bagly efemer närseleriň yitip gitmegi uly bir tragediya dàl. Gutulgysyzlyk.
avatar
1
26 Lacrymosa • 09:15, 31.01.2024
ýeri, myhman, şo boçka şu gün irdenem dur ekenimi?
avatar
1
27 Mekan2 • 09:56, 31.01.2024
seretmändirin.
avatar
0
28 Küle • 10:35, 31.01.2024
Boçka söýgiň ýabygorly bolarly...
avatar
0
29 Мango • 16:33, 31.01.2024
myhman daýy.
sen bu 26 we 28-däki prikollara üns berme.
öz döwründe eýfel başnýasyna-da "parižiň ortasyndaky metal ýygyndysy" diýip gaty kän kritika eden ekenler.
bularam seniň obaň ortasyndaky o demir boçka düşünenoklar. :-)
oňaryp bolsa-ha ony sponsor tapyp zalatiska (altyna) boýamaly.
avatar
0
30 Lacrymosa • 18:12, 31.01.2024
Eger ol entegem duran bolsa, onda seniň düýnki teswirleriňi marylylar okan däldirler,
ýoksa-da sen aýt, Kelejar başnýasynyň awalon bolmagyny isleýäňmi ýa haýlander?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202