Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:13
Oýunjak bolma, oýanjak bol!


OÝUNJAK BOLMA, OÝANJAK BOL!

Ýene özüme sowal berýän: «Näme üçin düýşler ýadymda galanokka?».
Ähtimal, özümiziň uly bir düýşüň içindeligimiz sebäplidir?! Düýşdäki düýş unudylgyç bolýandyr, mümkin?!
Aslynda, düýşmükä beri şu? Labirintden çykalga agtaryp ýörene meňzeýän bolaýmasa halymyz daşyndan gören göz üçin?!
Biziň bu ahwalymyza tomaşa edip duran ýiti nazaryň barlygyna-ha şek-şübhe ýok. Käbir hereketlerimiz bolsa özüne tomaşa edýänlere görünjek bolup, göterilýän, gomalýan, bolmajysy bolýan çagajygyň hereketleri ýaly bolsa gerek. Körpe çaga-da töwerekdäkiler gop berse, şol bir hereketini zol-zol gaýtalap, uly bir, hil bir iş edýän ýaly bolýar. Käte öz eden işine özi gülýär, paşmasa, aglaýýaram käte. Ýene köşeşdirýän oňa syn edip oturan ulular bolýar...
Käte menem ýokaryma seredip, Uludan goldawa garaşýan. Sebäbi Onuň ýanynda biziň çagadanam ejiz bolmagymyz mümkin. Emma çagadan tapawutlylykda, gözüm bilen gögi deşäýjek bolsam-da, bir nokada bakmakdan gözüm ýaşaryp, nemlenip gitse-de, Oňa — Ula gözüm düşenok. Teselli sözünem eşidemok. Beýleki bir tarapdan bolsa, çagadan parhlylykda, bize görünmeýäni görmek başarnygy hem berlen bolaýmasyn?!
Belki, ony göz bilen däl, akyl bilen, aň bilen görmelidir?! Ýa-da belki, başga bir syna bilen syzmalydyr?! Esasy zat, şol Ulynyň bardygyny, bakýanlygyny nähilidir bir ýol bilen aňýan-a.
Ýöne bu aňyşda unudylan düýşi huşa getirjek bolup çytraşmak ýaly bir ahwal bar.
Bir gün-ä bu yhlasym hasyl bolar. Ol gulply gapylaryň açaryny taparyn.
Ol Uly Düýşüň açary her säher ýadyma saljak bolup çytraşýan kiçi düýşlerimde ýygşyrylandyr öýdüp çaklaýan. Her bir çaklamada-da, sähelçe-de bolsa, Haklyk bar. Şojagaz haklygyň ujuny bir uşlap bilsem, soň çöşläbermeli bolar bu çylşyrymly ýüplük ýaly düşünjeleri. Soň ýumak edip sara, ör, iş, doka — öz işiň ol.
Soň näme? Ol dokaýan, örýän zadyň kimdir biriniň ýoluny germejek kerep bolaýmaz-da, hernä?! Ýa özüňi çäklendirjek kapasa?! Bolup biler.
Belki-de, ol pikirlerden süýüp alnan şu setirler ýaly, düşnüksiz bir zatlar dokalar?! Okalmajak zatlaryň ýazylyşy ýaly.
Belki-de, bu okalmajak däl-de, ýok bolmajak zatlardyr!
Esasy zat, oýunjak däl-de, oýanjak bolmagyň özi bir haýyr ahbetin. Oýanmalam. Düýşleri huşa-da getirmeli. Gizlin açaryň haýsy künçdediginem tapmaly. Uly Düýşüň gapysynam açmaly…

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 161 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 11:50, 22.05.2024
Ekbere öz dilimizde Uly  diýmegi gyzykly bolupdyr.

Allaha gul bolmadyk, gula gul bolar - diýýäler.
birine oýunjak bolandan, oýanjak bol....
gula gul bolandan... oýanjak bol.
oýanmak ýamanam bir kynaý, ýadaw bolsaň-a hasam...

oýanmak üçin ölmelimikä?
"...biz ölümi we ýaşaýyşy ýaratdyk..." (Mülk)
ilki ölümi agzaýar we soň ýaşaýyş...
biziň ýaşap ýörüşimizem düýşmikä?

goý, bizi Uly oýandyrsyn we gaflat ukydan gorasyn.
avatar
0
2 sussupessimist • 12:08, 22.05.2024
Düýş içre düýş hakda Nejebiň dosty Edgar Po'da genial goşgy bar.
Hemem meň dostum Horhe Luis Borhes'de genial hekaýalar bar: "Письмена Бога" hemem "Круги руин"
avatar
0
3 Мango • 12:11, 22.05.2024
2-ä.
onno, bizem dosuň bilen dos et.
avatar
1
4 sussupessimist • 14:25, 22.05.2024
"Biribaryň ýazgylaryny" terjetmek planymda ýok däl
avatar
3
5 Seýrаn • 14:16, 22.06.2024


Oýa batdyk,
Gereksiz zatlar barada

Oýa gaçdyk
Tekiz ýolda
Çelgi ýok eken iki arada

Oýa wagtymyz
Aýakda ýatdyk
Oýanjakdyk.
Oýunjakdyk,
Oýny öwrenjek bolman
Oýunça öýkündik ýördük.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202