02:46 Eljernon üçin güller / 11 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 11 (dowamy) HASABAT №11 1 maý. Näme üçin şu wagta çenli Alisa Kinnianyň beýle gowujadygyny görmedimkäm? Onuň näzijek goňur gözleri we egnine düşüp duran buýra-buýra goňras saçlary bar. Gülümsirände dolgun dodaklary halka emele getirýär. Biz kino gitdik, soňundanam agşamlyk edindik. Birinji filmde kän zada düşünmedim, sebäbi bar oý-pikirim, onuň ahyrsoňy ýanymda otyrmagyndady. Onuň ýalaňaç goly iki gezek meniň goluma degdi, ikisinde-de gahary geläýmesin diýip, elimi özüme çekdim. Soňra öňümizdäki oglanyň goluny ýanyndaky gyzyň egnine goýanyna gözüm düşdi we menem Kinnian hanymyň boýnundan gujaklamak isledim. Baý-bow, nähili hallara düşdim... Howlukmak gerek däl... Elimi kreslosynyň arkasyna galdyraýyn... Soňra ýuwaş-ýuwaşdan... Ine-de, elim egniniň ýanynda... hamala tötänden ýaly... Ýürek edip bilmedim... Tirsegimi bary-ýogy onuň kreslosynyň tutawajyna goýmagy başardym, ýöne elimi eýelän ýerinden derrew çekmeli boldy – ýüzümiň derini gyssagly süpürmek gerekdi. Bir gezeginde hem atanlykda aýagy agaýygyma degdi. Ahyrsoňy çydar ýaly bolmady we ol hakda pikir etmezlik üçin özüme zor saldym. Birinji film uruş baradady, ýöne men diňe soňuny görüp bildim: bir esger Ýewropa gaýdyp gelýär we özüni halas eden aýala öýlenýär. Ikinji film meni gyzyklandyrdy. Biri-birini söýýän ýaly görünen, emma aslynda özlerini heläkçilige itekleýän bir erkek we aýal hakda psihologiki film. Ähli zat äriniň öz aýalyny öldürjek derejesine barýar, ýöne soňky pursatda aýal garabasmaly düýş görýär, ukudaka bir zatlar gygyrýar we äri öz çagalygyny ýatlamaga başlaýar. Ähli ýigrenjini, özüni mydama elhenç gürrüňler bilen gorkuzan, şeýdibem gymmatly «menliginde» bir jaýryk galdyran rehimsiz terbiýeçi aýala gönükdirmesi gerekdigi, onuň aklyna gelýär. Eden açyşyna kalbyndan tolgunan äri, begenjinden ýaňa şeýle bir gygyrýar welin, aýaly oýanýar. Ol aýalyny gujaklaýar we... ähli meseleler çözülýär. Ugursyz, biderek zat! Nähili bolsa-da, hakly gaharymy görkezen bolsam gerek – Alisa birden maňa näme bolýanyny sorady. Foýe çykamyzda: – Bihaýa, bolgusyz çypdyrma. Beýle zat bolup bilmez – diýip düşündirdim. – Elbetde, bolup bilmez – diýip güldi. – Kino – öýkünjeňleriň dünýäsi. – Mundan jogap bolmaz! – diýip öz diýenime tutdym. – Hatda toslanyp tapylan dünýäňem öz tertip-düzgüni bolmaly. Aýratyn bölekler bir bitewilige jemlenmeli. Şular ýaly filmler – ýalan. Senariýaçy ýa-da prodüsser, ol ýere degişli bolmaýan zady goşmak isländir, şol wagtam ähli zat eýläk-beýläk gidýän ýaly görünmäge başlaýar. Göz gamaşdyryjy yşyklardan doly Taýms-skwere gelip ýetdik. Alisa pikire batyp maňa seretdi. – Sen nähili çalt üýtgeýäň... – Men özümi ýitirýän. Näme bilýänimi, indi men bilemok. – Bu seni biynjalyk etmesin. Sen dünýäni görmäge we aňlamaga başladyň – diýip, hereketini töweregimizde ýaldyraýan neon yşygyna goşup elini galgatdy. Biz Ýedinji awenýu tarap öwrüldik. – Zatlaryň daş görnüşiniň arkasynda nämeleriň gizlenýänini bilmäge başladyň... Aýratyn bölekler biri-biri bilen sazlaşmaly, ine bu diýýäniňiz bilen ylalaşýaryn. – Aý, ýok-la... Men uly açyş edenimi hiç duýup bilemok. Özüm özüme düşünemok we geçmişimden baş çykaryp bilemok. Hatda ejemiň-kakamyň niredediginem, olaryň şekili-sypatynam bilemok. Haçan-da olary düýşümde görsem ýa-da ýatlasam, ýüzleri bulanyk görünýär. A meniň bolsa olaryň duýgylarynyň ýüzlerine şöhlelenmesini şeýlebir göresim gelýär! Maňa nämeleriň bolýanyny hiç haçan düşünip bilmerin, tä olaryň ýüzlerini görýänçäm... – Çarli, rahatlan. – Her kim bize seretdi. Alisa golumdan tutup, özüne tarap çekdi. – Gaýrat et, sabyrly bol. Başga kişileriň bütün ömrüni sarp etjek işlerini sen birnäçe hepdäň içinde başaranyňy unutma. Ýakynda sen aýratyn hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy tapyp başlarsyň we ilkinji bakyşda tapawutly görünýän bilim ugurlarynyň, aslynda täk bir bütewilikden ybaratdygyna düşünersiň. Sen hamala äpet merdiwandan gitdigiçe ýokarlygyna galyp, daş-töweregiňdäkileri has köp görýän ýaly. Elli dördünji köçedäki kafe girip mejimeleri alanymyzda, ol joşgunly gepläp başlady: – Adaty adamlar sähelçe zat görüp bilýärler. Özlerini özgertmek ýa-da belli bir derejäniň üstüne çykmak olaryň elinde däl, emma sen – geniý. Saňa her gün, ozal barlygyny guman etmedigiň täze dünýäler açylar. Nobatda duran adamlar täze dörän genini synlamak üçin öwrüldiler, men ýuwaşrak geplemesi üçin, ony çalarak iteklemeli boldum. Ol pyşyrdap: – Men ýöne, bu seniň zyýanyňa bolmaz diýip ymyt edýän – diýdi. Muňa dessine näme jogap berjegimi bilmedim. Iýjek-içjeklerimizi aldyk, puluny töledik we stola geçdik. Gürlemän naharymyzy iýdik, soňabaka bu dymyşlyk degnama degip başlady. Onuň nämeden gorkýanyny aňýaryn we ähli zady oýna öwürmeli diýip karara geldim. – Operasiýanyň maňa zyýan berjegini nirden bilýäň? Öňkimden-ä erbet bolmasam gerek. Eljernona syn et. Şonuň ýagdaýy gowuka, meniňkem gowy bolar. Ol sesini çykarman, bir bölek mesgäniň ýüzüne pyçagy bilen aýlawly çyzyk çyzýardy, äwmezden edýän bu hereketi meni bir salym gipnoz etdi. – Hem ýene-de, käbir zatlary bildirmän diňlemeli boldum – diýdim. Professor Nemur bilen doktor Ştraus jedel etdiler, Nemur hem netijäniň şowly boljagyna ynanýanyny aýtdy. – Umutly bolaly – diýdi. – Seniň üçin nähili gorkanymy hyýalyňa-da getirip bilmersiň. Ol elindäki pyçaga tiňkämi dikip duranymy aňdy we seresaplyk bilen ony öňündäki tarelkanyň ýanynda goýdy. Men gaýratymy jemläp: – Muny diňe seniň üçin etdim – diýdim. Alisa ýylgyrdy, men bolsa begenjime galpyldap başladym. Şol wagt onuň mähirli goňur gözleriniň bardygyny gördüm. Birden, ol gyzardy we aşak bakdy. – Sag bol, Çarli – diýdi-de elimden tutdy. Ömrüme hiç beýle zady eşitmändim. Oňa tarap egildim we gorkudan gözümi ýumup: – Men seni gowy görýärin – diýdim. Ol baş atdy we dodaklary bilen sähelçe ýylgyrdy... – Gowy görmekden has beter... Aýtjak bolýanym... Al kakmyş, näme aýtjak bolýanymy bilemok! Nirä bakjagymy, ellerimi nätjegimi bilmän, dym-gyzyl bolup oturanymy bilýän. Men wilkamy gaçyrdym, galdyrmak üçin eglenimde suwly stakany göni onuň köýnegine agdardym. Birden, ýene-de kemakyl we tagaşyksyz hala düşdüm we ötünç soramakçy bolanymda dilimiň ulananyny, agzyma sygmaýanyny duýdum. – Ullakan bolan zat ýok – diýip Alisa meni köşeşdirmekçi boldy. – Bu bary-ýogy suw. Öýe gaýdyşyn takside uzak wagtlap dymyp oturdyk, soňra ol sumkasyny gapdala goýup, galstugymy we döş jübimdäki ýaglygymy düzedişdirdi. – Sen gaty aljyraňňy, Çarli. – Özümi gülkünç duýýan. – Gürrüňlerim bilen seni gynandyrdym, utandyrdym. – Ýok, beýle däl. Meni biynjalyk edýän zat – duýýanlarymy köplenç aýdyp bilmeýänligim. – Duýmaklyk seniň üçin täzelik. Her bir zadam... aýdyp ýörmek gerek däl. Men onuň ýanyna süýşdim, elinden tutmakçy boldum, emma ol elini çekip aldy. – Beýtme, Çarli. Meniň pikirimçe, bu saňa häzir gerek zat däl. Men seniň öňüňde günäkär, bu zatlaryň näme bilen gutarjagam belli däl. Men ýene-de özümi şol bir wagtda kemakyl hem gülkünç duýdum. Özüme gaty gaharym geldi, Alisanyň ýanyndan süýşdim we aýna bakyp oturdym. Kyn soraglara berýän ýeňiljek jogaplary we ejeleriňki ýaly hüňürdisi üçin, öň hiç kimi ýigrenmedik ýaly ony ýigrendim. Dulugyna şarpyk çalyp, öňümde dyz çökerip emedekledesim geldi, soňra bolsa gujaklap, öpesim geldi. – Çarli, meni bagyşla. – Unudaly bu zatlary. – Emma, seniň bolup geçýänlerden baş çykarmagyň gerek. – Hawa-hawa, ýöne gel, näme-de bolsa bu barada gürleşmäli. Haçanda taksi onuň öýüne baryp ýetende, özümi dünýädäki iň betbagt adam ýaly duýdum. – Düşün, – diýdi Alisa, – bu meniň hatam. Men seniň bilen hiç ýerik gitmeli däldim. – Hawa, indi düşünýän. – Aýtjak bolýanym... Bize gatnaşygymyzy... duýgy esasynda gurmak bolmaýar. Seniň etmeli işiň şeýle bir kän... Durmuşyňa kürsäp girmäge meniň hakym ýok. – Bu eýýäm meniň aladam, şeýle dälmi? – Bu diňe seniň şahsy işiň däl, Çarli. Nemur we Ştrausyň öňünde däl, seni yzarlap gitjek millionlaryň öňünde borçly bolup dursyň. Bu barada näçe köp gepledigiçe, men şonça-da erbet bolýardym. Onuň bilen geçirilen agşam, şeýle ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmalydygyny bütinleý bilmeýänimi, ähli ebeteýsizligimi ýüze çykardy. Onuň gözlerinde men ýöne bir tagaşyksyz ýetginjekdim we mümkin boldugyça sypaýylyk bilen menden dynmak isleýärdi. Öýüniň gapysynyň öňüne gelip durduk. Alisa ýylgyrdy, hatda meni öýüne çagyrmak isleýän ýalam göründi. Emma, diňe pyşyrdap: – Gijäň rahat bolsun, Çarli. Ajaýyp agşam üçin minnetdar – diýdi. Hoşlaşamda ony öpmek isledim. Bu barada öň pikir edipdim. Bir zenan özüniň öpülmesine mydama garaşýarmyka? Meniň bilýän roman we filmlerimde, mydama erkek tarapy başyny başladýardy. Düýn ony öpmegi, pugta ýüregime düwüpdim. A birden öpdürmese? Oňa tarap ädim ätdim, ýöne Alisa menden has çalasyn eken. – Gel gowusy biri-birimize rahat gije diläli, Çarli. Derrew beýtmek bolmaz... Häzirlikçe bolmaz. «Häzirlikçe» diýeniniň nämäni aňladýanyny sorap ýetişmänkäm, öýüniň işigine aýak basdy. – Gijäň rahat bolsun. Ýene bir gezek minnetdar. Sag bol. Gapy şarkyldap ýapyldy. Şol wagt men özüme, oňa, tutuş dünýä gaharym gelipdi, ýöne öýe gelemsoň, onuň haklydygyna düşündim. Meni halaýanynam bilemok, ýa-da ol diňe rehimli boljak bolýar. Alisa meniň nämämi halasyn? Hawa, men ebeteýsiz, ýöne munuň sebäbi, öň beýle ýagdaýa hiç düşüp görmänligimde. Nireden bilmeli, bir adamyň başga biri bilen özüni nähili alyp barmalydygyny? Nireden bilmeli, bir erkegiň özüni zenanyň ýanynda nähili alyp barmalydygyny? Kitaplardan peýda az. Indiki gezek ony hökman öperin. (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 Eljernon üçin güller / 6 Eljernon üçin güller / 7 Eljernon üçin güller / 8 Eljernon üçin güller / 9 Eljernon üçin güller / 10 | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |