13:02 Janserek - roman / 17 | |
Exclusive JANSEREK (dowamy) [Öňi: Janserek - roman / 16] ONUNJY BAP Oba imi-salalyk aralaşdy. Rahman ony apy-tupandan soňky ümsümlige deňedi, ýöne ümsümlik onuň keýpini götermedi. Ýyl hassasyna ýatan adamyň bedenindäki ysgynsyzlyga meňzeş perwaýsyzlyk Rahmanyň kalbyndan çykmady. Täze dikilen öýe-de perwaýsyz garady. Şol öýde Asman bilen ýaşamalydygy, şol öýde oglunyň dünýä inmeginiň ähtimaldygy hakydasyna geldi, emma guwanç duýmady. Täze tünek oňa geçmişiň dowamy bolup görünmedi, ara üzülipdi. Şol üzügi duýmazlyk üçin hemme zady ýaňadan başlamalydy. Ýaňadan başlamaga bolsa, onda hiç hili höwes ýokdy. Rahman töweregine garanda öňi bilen kölegesini görýärdi, diňe şol kölegäniň özüne degişlidigini duýýardy. “Meniň bilen bile kölegämem ýitip gitmeli” diýýärdi. Hemişe Rahman üçin kölegesiniň gapdaly bilen Asmanam ýitip gidäýjek ýalydy. Rahman öte geçen ekeni. Rahman bolmasyn, barybir, Asmanam ýaşar, oglam dünýä iner. Indi olar Rahmanyň kölegesi däl! Asman ýene göwresindäki çaga bilen bagly süýji arzuwlara maýyl bolup ugrady. Rahman onuň şatlygyny, kanagatyny görýärdi, ýöne duýup bilenokdy. Şonuň üçinem wagtal-wagtal aýalynyň bolşy ýasama, has dogrusy, hile ýaly bolup görünýärdi. Asmana gahar etmezdi, “ähtimal, şeýle-de bolmalydyr” diýerdi. Asmanyň aladasy hemişe hilä golaý bolmalydy. Asman: ─ Senem, Rahman, il ýaly şura bar: “Ýer beriň” diý, ýer bererler, pagta ekeli ─ diýip ýalbardy. Rahman “hä” diýmedi. Mundan beýläk örküňi iki atyz ýere baglap goýmak oňa gorkunçdy. ─ Tohumam şuraň özi berýämiş, Medet agalaram “alýas” diýdi. Howlukmasak, gijä galýas, Rahman. “Ýandak bir garşa ýetende, tüýs ekmeli wagty” diýýärler. Ýandak eýýäm bir sere bolupdyr, şonda-da haýdasak ýetişýäs, Rahman. Rahman “hä” diýmedi. Oňa “daýhan bol” diýýärler. Rahman çöli küýseýär, ýöne çöle gitmekden gorkýar. Çölde iki adamyň mazary galdy, olar Rahmanyň okundan öldi. Çölüň sapasy gutardy, ony çölden aýra saldylar. Asman: ─ Ýaýdanyp oturma, Rahman ─ diýdi. ─ Ýeke bolaryn öýtme. Sen gowaçasyny ýetişdir, pagtasyny saňa azar etmäýin, özüm ýygaýyn. Weý, pagta agarýança, galynyp gidýän-ä! Halymyň ýetdiginden ýygjak ýörjek. Biziňem öz ýerimiz, öz ekinimiz bolar, Rahman!.. Rahman “hä” diýmedi. “Bu örän kyn mesele” diýdi. Indi uzak eglenmän, Agahanyň obada peýda boljagyna ynanany sebäpli şeýle diýdi. Ol Rahmana nähili ýol salgy bererkä? Asman hüjüm etdi: ─ Şura hökümeti “pagta ekiň” diýýämiş. “Pagtaň bahasam galjakmyş” diýdiler. ─ Kim diýdi? ─ Medet agadan sorap göräý. Olara-da pul gerek, “Ýazjany öýlendirmeli” diýýä. Bizem diýýän-ä, Hudaý, birgiden pul gazanyp oturybersek!.. Öňi bilen ak öý satyn alarys, Rahman... Sekiz ganat ak öý, meýdan ýaly giň. Batly sallançak guraryn. Ýeri, bi hütdügiň niresinde sallançak gurjak, edil bir gapyrjak-da! Onsoňam, depäňdäki tüýnügiň amanat bolmasyn-la... Rahman “hä” diýmedi. Asman gepläp otyrka, Rahmanyň Gaýrat ýadyna düşdi. Asmana Gaýratyň täsiri ýetipdir. Onuň täsiri köp adama ýetdi. Hol-ha, Medet ýetimiň ogly Ýazja “söýşüp öýlenmeli” diýip gygyryp ýör, galyň berip öýlenmejegine eýýäm telim adam bilen jedel edenmiş. Gaýratdan öň obada beýle zatlar edilenokdy ahyry. Gaýrat gitse-de, obada onuň gürrüňi ýatmady. “Ol şäher türmesinde oturanmyş” diýýärdiler. Onuň etmişini Hümmediň ölümi bilen esaslandyrýan adamlar: “Görüň, şura hökümetinde baýlaryňam gany soraljak ekeni” diýdiler. Agahanyň neberesi ýene gylaw alyp ugrady. Birnäçe adam bolsa Hümmedi hasaba-da alanokdy. Olar: “Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz” diýen sözi gaýtalap, esasy garşylygy Köse bilen Gaýratyň arasyndan gözleýärdiler. “Gaýratyň kokunyny kesen Kösedir” diýip, özleriniň mamladyklaryna asla, birjik-de şübhelenmeýärdiler. Rahman bu pikirleriň biriniňem tarapynda durmady, umuman, Gaýratyň gürrüňini etmek oňa ýakymsyzdy, ýöne wagtal-wagtal ýüreginde Gaýratyň ahwalyna nebsi agyrmak ýaly duýgy döreýärdi. Şol pursatyň özünde-de, emele gelen duýgyny öçürmek üçin alada galýardy. Hut, jenaýat eden adamyň özüni aklajak bolşy ýaly, emelsiz ýagdaýa düşüp: “Gaýrat çakyny bilmedi, hetden aşdy!” diýýärdi. Bu ýöwsellikden oňa peýda ýokdy, gaýta, ýüreginden sogrup zyňjak bolýan duýgusy edil pyzylan jykjyk ýaly ýene hötjetlik bilen onuň kalbyna dolýardy. Düýn şura hökümetiniň ýoluny tutan Gaýrat bu gün şura hökümetiniň türmesinde otyr. Kösäň heşelle kakyp ýörenine Rahman ynanýar. Mamur ejäniň ukudan galyp, oglunyň hesretinden saralyp-solanynam bilýär. “Görgüli, iki gezek şähere gidip, iki gezegem uç tapman gelenmiş” diýýärler. Indi Ýazja dagy gitjekmiş. Oba ýaýran gürrüňe görä ol: “Gaýraty boşatdyrarys ýa-da bizem Gaýrat bilen bile oturarys” diýenmiş. Medet ýetimiň yňdarma oglunyň diýäýjek sözi! Raýondan gelen ýogyn murtly adamyň ýanyna Rahmanam çagyrdylar. Ony uzak saklamadylar, iki sowal berdiler. Rahman birinji sowala jogap berende, satyn alyp gelen öýüniň otlanandygyny tassyklady. Ondan “kim günäkär?” diýip soramadylar. Ikinji soraga: “Hawa, men şol mahal gulp astynda otyrdym” diýip jogap berdi. Ýene: “Kim seni gulp astynda oturtdy?” diýip soramadylar. Asyl, Gaýratyň adynam tutmadylar, “gaýdyber” diýdiler. Rahman: “Men hiç kime töhmet etmedim, diňe bolan ýagdaýy tassykladym” diýdi, emma şol ýagdaýy Gaýratyň garşysyna ulanmak maksady bilen soralanyna häzir şübhe etmedi. Agşamlyk Rahmany Ýaran baýlara çagyrdylar, Agahan gelipdir. Daýysynyň öňem bir gezek gelip gidenini eşidipdi, “Hümmediň ýerine görnüp gidendir” diýipdi. Idelmäni üçin kemsinmändi, gaýta, ýakymly arkaýynlyk duýupdy. Bu sapar weli, ol ýönelige gelen däldir. Asman: ─ Gitme! ─ diýip özelendi. ─ Seniň eden hyzmatyňy daýyň erte oglundanam görmez. Rahman aýalynyň howsalasyna düşündi, ýöne gulak asmady. Agahanyň gapdalynda del adam ýok ekeni, öz neberesiniň adamlary bilen otyrdy. Rahman garyndaşlyk babatda, olara garaňda, daýysyndan bir ädim gaýra durýandygyny hemişe-de duýýardy, häzirem duýdy. Ol gapydan salam berip girende, oturanlaryň bolşuny halamady. Olar duýdansyz gelen keseki adam zerarly pynhan gürrüňiň arasyny kesmäge mejbur bolan ýaly dymdylar. Agahan: ─ Ýegen, töre geç ─ diýdi. Oturanlar göwünsiz süýşüp, oňa ýer berdiler. Nahar çekildi, gep-gürrüň galdy. Dodaklaryň şapbyldysy bilen çorba içýänleriň hopurdysyndan başga zat eşidilmedi. Aýratynam Ýaran baýyň şap-şupy ýeserdi. Iki dyzyny epip, gara çanagyň üstüne abanyp oturan Ýaran baýyň başagaýlygyny Rahman däne çigitleýän ýalmana meňzetdi. Ýaran baý häli-şindi: ─ Işdäňiziň baryndan haýdaberiň, haýdaberiň, tüweleme, nahar kemi ýok, süýji bolupdyr! ─ diýýärdi. Hakykatda weli, gaýnadylan et porsan ekeni. Agahan çemçesini taşlap, gaýra çekildi, beýlekileriňem iýip ugry bolmady. Ýaran baý bilen Sytdyh tä tabagyň düýbüni görýänçäler aýrylmadylar. Agahan: ─ Ýegen, bi günler pişäň näme? ─ diýdi. ─ Ýatandyrys, daýy. ─ Dem alýan diýsene... Oturanlar Agahanyň sözüni dowam ederine garaşdylar. Bu alamat Rahmany gorkuzdy. Ähtimal, olar Rahman babatda belli karara gelendirler, Agahanyň şol karary çaltrak aýtmagyna garaşýandyrlar? Näme üçindir edil şu pursat Rahmanyň ýüregine Asmanyň howsalasy doldy. Birden, ýene hemişekisi ýaly, Asmansyz galmagyň betbagtçylygyny duýdy. Bu adamlary büs-bütin özüne keseki saýdy, çöldäki ýigrenji nökerlerden olaryň tapawudyny bilmedi. Ýakymsyz garaşma Rahmany gynady, onuň süňňüne der geldi. Agahan: ─ Dem-dynç alan bolsaň, senlik ýumuş bar ─ diýdi. ─ Ertir ýola düş, çetki guýuda süri bardyr, näçe goýun saýlap berseler, alyp gaýt. Öňki getiren ýeriňe getirip, öňki tabşyran adamyňa-da tabşyrarsyň. Agahan “gep gutardy” diýen manyda dymdy. Rahman: ─ Bolýa, daýy, bolýa, sen arkaýyn bol ─ diýdi. Onuň äheňinde kyn ýagdaýdan özüni halas eden adama minnetdarlyk bardy. ─ Özüň üçinem iki janly alyp gaýt, Gurban baýramy gelýär. ─ Biri bolanda-da ýeterlik, daýy. ─ Sen iki janly öldürmeli! Rahman daýysynyň aýdanyna düşünmese-de, soramaga ejap etdi. Agahan sözüniň gutarnyklydygyny aňan adamdan sowal eşitmegi halamaýardy. Agahan bilen tabakdaş bolany üçin, öňünde goýlan çanagy taňkyratman goýberenine içi ýanyp oturan Ojar: ─ Agahan däde, namys astyndan çykylaýmasa, göze uky gelýän däldir ─ diýdi. ─ Aý, galamasynam özüň gowy bilýänsiň. ─ Bilýän, Ojar han, gaty gowy bilýän. ─ Yşarat etdigiň, men-ä taýýar. ─ Haýsy, haçan... men size yşarat edip ýörmeli! Hümmedi edil bäbenegiňiziň alnynda it atan ýaly atypdyrlar, size başga nähili yşarat gerek?! ─ Aý... o mahal el galdyrar ýalymy?! ─ Ojar oturanlardan raýdaşlyk gözledi. ─ Olaň elinde ýarag... walla, barymyz ölerdik. ─ Öläýen bolsaňyz, mazaryňyzyň başynda aglardym! Agahan ýüzüni sowdy. Oturanlar: “almytyňy aldyňmy?” diýen gyjalat bilen Ojara tarap otlukly garadylar. Ýaran baý gyssandy: ─ Toba etmelidir, Agahan, Toba etmelidir. “Öli arslandan diri syçan” diýlipdir. Bu ýigitleň gerek ýeri bolar, hawa-hawa, entek galmagal öňde. Bu ýigitleň, tüweleme, janyny gaýgyrjagy ýok. Ojar yzyny ýetirdi: ─ Duz ursun, edil şu gijäň özünde Gaýratyň on dört ýaşlyja uýajygyny süýräýin! Ojar öte geçdi, Agahanyň ýakymsyz seredenini görüp, müýnli ýaly dymdy. Ol märekede otyrýerine buýrup bilmän, masgara bolan adama meňzedi. Agahan ýylgyryp goýberdi. Rahman: “Ojaryň işi gaýtdy” diýdi. ─ Sazak... ─ Häh... ─ Hany, sen bi pälwan ýigit bilen perreňleň toýuna gidenmişiň? Agahanyň sowaly Sazagy aljyratdy. ─ Gidipdik öz-ä... ─ “Şol toýda Ojar pälwanlyk edenmiş” diýýärler, hany, maňa-da aýdyp ber. ─ Aý, däde, eşidensiň-le... ─ Eşidemok! Sazak alňasady. Agahanyň bolşy nähili? Onuň soraýan wakasyny asyl gülmän aýdar ýaly däl-ä. Eýse, häzir gülkiň ýerimi?!. Oňa aýtmadan başga alaç galmady. Ol ötünç soraýan ýaly Ojara seretdi. Ojar edil sokyň gara daşy kimin gymyldysyz otyr. Sazak gülüp goýberdi, beýlekilerem ýylgyrdy. Sazak bu sapar bokurdagyny hykyrdadyp güldi. Oňa aýdyp berjek wakasynyň tomaşasy ýetişdi. Sazak Agahanyň kalbyny ýumşatmaly. Oturanlar şu umyt bilen Sazaga seretdiler. Ýaran baý gyzykdyrdy: ─ Häý, peläketler... Ojaryň bolan ýeri gülküdir-le. Olar Agahanyň ýüzünde peýda boljak gülkä umyt bilen garaşdylar. Agahan gülmedi. ─ Ojar ilki göreşe çykarman däldi weli, muny Hudaý urdy. Adamyň başyna bela diýilýän zat iki barmak dilden gelse, Ojaryň ýagysy ─ garny. ─ Oturanlaryň hikirdisi köpeldi, Sazak ynamly dowam etdi. ─ “Ýykanyň baýragy ─ çebiş” diýdiler weli, durup bilmedi-dä. Asyl iliň öňüne çykyp dur. “Göreş” diýseň, dowzaha iberiljek ýalydyr weli... Hudaý urjak bolsa, muňa alaç bolmaz ekeni. Indi guşak tapman azara galdylar. Ojaryň garnyna özüňiz belet. Edil öň ýanyndanam tutuş bir kersen ýagly dogramany gapgarypdy. ─ Lal bolup otursana, gotur. Ojaryň öýkesi Sazagy gyjyklady, ol kelpeň gülküsi bilen hikirdedi. Agahan gülmedi. ─ Aýdyber ─ diýdi. ─ Wah, aýtjak-la! Ojaryň garnyndan gorkdularmy, nämemi, asyl tutuş märeke kürtdürdi duruberdi. ─ Ýeri bakaly! ─ “Ojar pälwan bilen kimiň hyýaly bar?”. Eger-eger! Bir gygyrdylar, çykýan ýok, iki gygyrdylar, çykýan ýok. “Çebiş-ä biziňki boljag-ow” diýdim. Ýeri, Ojar lal-jim durubermeli weli, oňarmady! Işigaýdanyň özi gygyryp ugrady: “Çykyberiň, haw, gaty ýykman”. Çykdy bir agajet pyýada. Pälwandygyny soraman biläýmeli. Ojar jan, dogryňy aýt, şony göreňde nätdiň? Sytdyh: ─ Iýeni bir kersen dograma bolsa, nädeni belli ─ diýdi. Gülki ýaňadan başlandy. Diňe Agahan gülmedi. Rahmanyň göwnüne bolmasa, olar Agahany güldürjek bolup, içegelerine zor salýardylar. Sazak haýy gaçyp barýan ýaly agzyny ysgynsyz açyp, içini tutdy: ─ Eý-waý-eý... Gyzyklysy soň boldy. ─ Ol burnuny çekip, gotur ýüzüne ýaýran gözýaşy aýasy bilen süpürdi. Oturanlar oňa umyt bilen garadylar. Olaryň garaýşynda: “Gaýrat et, Agahan şu sapar hökman gülmeli” diýen many bardy. ─ Orta çykan ýigit uçursyz pälwan ekeni. Ojar emelden geçen, çekize halta ýaly asylyp ýatyr. Ýaňky pälwan bir nagra dartyp dyzanda, Ojaryň aýagyny ýerden üzdi. Suwly meşigi galdyrdymyka diýdik, jugurdap erbet ses eşidildi. Oňa çenlem pälwan ýigit ýüňli ganary silkýän ýaly... Eý-waý, içim gyryldy, ...ýok, suwly meşik ýaly Ojar neressäni julkuldadyp bir ýere urdy weli... hi-hi-hi-i-i, eý-waý, waý, ...nädendir öýdýäňiz?.. Ähli bujagy açyldy ýatyberdi. Bir görsek, çägäň üsti dograma boly-yp ýatyr! Hi-hi-hi-i-i... Sopy sakgalyny ýatdan çykaryp, arkan-ýüzin gaýdyp güldi. Ýaran baýyň ker ogly Möwlamam iki öwre hahahaýlady. Ol gülýänlere gülýärdi. Agahan gülmedi. Oturanlar Agahanyň gülenini görýänçäler bes etmejege meňzeýärdiler. Rahman: “Agahan gülmez ─ diýdi. ─ Agahan üýtgemändir”. Gülýänler Agahany ýylgyrdyp bilmändiklerine kemsinýän ýaly ahyry dymdylar. Agahan gabak astyndan Ojara garap: ─ Ili güldürmäňi bes et! ─ diýdi. Oturanlar Agahanyň hemlesine indi düşünip, biri-birinden utandylar. Agahan gahar bilen dowam etdi. ─ Obaň ykbaly elimize geçjek bolup durka, biz ony Gaýratyň uýasyna çalşyp bilmeris. ─ Hak söz, akyl söz! ─ Şura kolhoz gurup başlady, iliň maly-emlägi kolhoza geçjek, eýýäm geçen ýerlerem bar. Biz iň soňky pellä ýetdik, ýa alarys ýa-da öleris! Kolhoz belasy gara ýel ýaly biziň oba-da golaýlaşyp gelýär. Belany “bela” diýibem ile-güne düşündirmeli. Düşüneni ýalkarys, düşünmedigi bolsa... Adamlara görmedik zadyny ynandyrmak aňsatdyr. Eger meniň başym dik bolsa, şu obaň maly kolhoza miýesser etmez! Kolhoza berip, günä galandan, goý, Hudaýyň ýoluna gurban edip, sogaba galsynlar. Gurban baýrama bir hepde galdy, bize şondan amatly pursat bolmaz. ─ Hak söz, akyl söz! ─ Ýaran, ertir juma agşamy, mollalary çagyr: hem-ä Hümmede aýat okarlar, hemem maslahat bar. ─ Enşalla, enşalla! ─ Ýöne molla halky ynjykdyr, bize iýdirişiň ýaly, eger olara-da porsy et iýdirjek bolsaň-a bolmaz. ─ He-heh, he-heh... Tüweleme, Hümmediň maly ýatagyna syganok, soýarys, enşalla! Sen, çaky, doýup gelipsiň, Agahan, nahar kemi ýokdy, biz-ä hezil edip iýdik. Agahan Ojara garanda, onuň toýdaky masgaralygy indi göz öňüne gelen ýaly ýeke ýylgyrdy. ─ Belent dagy görüp durkaň, depä höwes etmeginiň, Ojar han! ─ Aý, neresse, hezil edinäýjekdi-dä. Ojar Sazaga azgyryldy: ─ Indi bir otursana lal bolup! Kemi bardyr öýdenok, tök işigaýdan. ─ Ony Gaýratyň uýasyna gezek gelenden görkezäýmeli bor. ─ Görkezýän bolsaň, aýalyň dogrardy-la. ─ Aý, seň ýalyňam bir... ─ Bes ediň!.. Rahman: “Bular bes etmezler ─ diýdi. ─ Bular Agahanyň başyny iýip, onsoň bes ederler”. Bu dünýäde edil Rahman ýaly onuň daýysam ýalňyz. “Bu oturanlar onuň garyndaşlaram bolsa, olar Agahanyň kölegesine öwrülip bilmezler. Olar Agahansyz ýaşarlar, ýöne Agahan bularsyz ýaşarmyka?..” Rahman bu sowaldan gorkdy. Entek bu sowalyň çözgüdi onuň öz öňünde durdy. “Sen Asmansyz ýaşap biljekmi? Sen Asmansyz ýaşap biljekmi?! Onuň göwresinde seniň ogluň ýatyr, sen şolarsyz ýaşap biljekmi?!”. Bu sowalyň çözgüdiniň hökmandygyny Rahman ölüm diýen zadyň gutulgysyzlygy bilen deňedi. Ony der basdy. * * * Dowamy: Janserek - roman / 18 © Tirkiş JUMAGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |