08:42 Çary Ataýewiň goşgulary | |
Gatnaşyklar Her adam — bir göwünlik, Her göwün — bir halatly. Kimler — ýeke görümlik, Kimler özün halatdy. Her gatnaşyk — bir duýgyň Ýa pikiriň täsiri. Kim — guwanjyň, Kim — gaýgyň, Düşnüksizem käbiri. Kimi günde görmeli, Kimler — aýlyk, hepdelik, Käbiriniň derňewi, Gider ýaly seplenip. Kim — her hili öwseniň, Kim derdiňe gatyşdy. Kimsi aby-köwseriň, Suwy bolup ýetişdi. Kim — kösenip, kösäniň, Kim gussaňy egisdi... Her pursatda küýsänim, Sen haýsyna degişli? Täsinlik Hem-ä gar ýagyp dur, hem Gün çykyp dur. Bu täsin hadysa beýnime dömmüş! Zeminde — doňaklyk, Asmanda — umyt. Seň söýgiňi ýatladyp dur bu görnüş. Nirä baksaň gamaşdyrýar gözlerňi, Täsin howa gowrup barýar sowguna! Seň şeýle durkuňy, häsiýetiňi Men mydama ýorjak boldum gowluga. Uzakly gün dowam etdi bu görnüş: Nirä baksaň — aýaz, Nirä baksaň — nur! ...Gün ýaşsa-da, garaňky däl bu gije, Gün ýaşsa-da, durmuş dowam edip dur... Şol gün Şol gün pikir etdim garyplyk hakda, Atanak çekemde söýýän kärime. Dişlerimi gysdym! Ah, ýöne şonda Iki damja gözýaş damdy pälime... Şol gün pikir etdim aýralyk hakda, Ýüzüm sowan günüm ylham-jadydan. Her setir soňunda görüp keşbini, Çagalarmyň... Surnugan hem ajygan... Şol gün pikir etdim halallyk hakda, (Ol hakda men pikir etmän bilmedim!). Borjum hakda, Hakym, hukugym hakda. Olary gürletmän, özüm iňledim. Şol gün... Ol günden soň kän zat üýtgedi, Niçe aglan asman şonça-da diňdem! Nämeleri terk edenmi bilýän men! Nämä erk edenmi bilemok şindem... Şol gün ýel turmandy, ýagyn ýagmandy, Şeýle bir, şeýle bir durudy asman! Iki damja ýaňaklarmy awadyp, Bir dükan öňünde durdum men sarsman... Ýokuş gördi Çatrykda-da çatyşmadyk, Ýollar bizden ýokuş gördi. Gelnaljymyz çapyşmadyk, Gollar bizden ýokuş gördi. Sen — müň näzli, Näzleň mende. Menem — erke erksiz bende. Uzatsaň — eller ýetende, Diller bizden ýokuş gördi. Aýry göwün, Aýry ýarly, Gyş jöwzaly, Tomus garly, «Beýle-de bir duýgy bormy?!» — Iller bizden ýokuş gördi. Ýokuş gördi ertiru-şam, Gijelerden ýok nam-nyşan, Gülýapragny bize düşän, Güller bizden ýokuş gördi. Şahyra Daga gidip, ýör, birsellem ýaýnaly, Gygyraly — ýürekde pos goýmaly! Dag lerzana gelip, ýaň salan çagy, Sen ýaňlaryň suratyny çekip ber! Ýör, çeşmä baraly — ýürege ýakyn, Çeşmäň sesin sal goşgyňa aýratyn! Duýman galsak düşeninem garaňkyň, Ak daňlaryň suratyny çekip ber! Men çagyrsam, çakylygma gelmedik, (Ýa näz eden ýa-da gelip bilmedik), Öň eştmedik mukamymy diňledip, Aýdymlaryň suratyny çekip ber! Bir setiriň dostum bolup garasyn, Biri leýlisaçyň zülpün darasyn, Biri bilen gozgap köňül ýarasyn, Melhemleriň suratyny çekip ber! Ýürek joşsa, galamyňy al ele! Her sözňi söý — oňam ýüregin diňle! Isle söýgiň, isle gazabyň bile, Şypa sözleň suratyny çekip ber! Men sözüň aşygy — söz bilen görýän, Söz bilen suratyn çekip ber dünýäň! Ýa bolmasa, gürlemänkäň düşünýän, Söýýän gözleň suratyny çekip ber! Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/5/2700. 17.01.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |