Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:07
Kakalar ölmeýär eken

KAKALAR ÖLMEÝÄR EKEN

Muny geňem görmegiňiz mümkin, ýöne hiç kime aýdyp bilmeýän bir derdim bar. Ony şeýdip aýdaýmasam iki-çäk oturyp adama gürrüň berip bilmejegimi bilýän. Gelşiksiz görünmegem mümkin welin, aýtsam derdim ýeňlär diýen tamam bar, onam, dogrusy, anyk bilemok.
Düýşüme kakam pahyr girýär. Köplenjem käýeýär. Ilki badalar onuň käýemesine kän üns bermedim. Kakamyň dirikä-de häsiýetidi, köplenç bize käýýärdi. Üstesine sesem gatydy. Ýok, nähak ýere käýýäp ýörmezdi. Garrasa-da şol galdawlygyna galan kakam her işiň wagtynda edilmegini islärdi. Menem köplenç ediläýmeli işi gijä galdyryp, iň soňky güne çenli gijikdirip ederdim. Indi gidensoň, şol käýinçleriň bolaryny näler küýseýän. Diri bolan bolsa, bu işi gijä galdyrmazdym diýýän.
Ýadyma düşýär, o wagtlar bolaýsam 10–12 ýaşlarymdadym. Agabaý aga diýip kolhozyň ýaşuly çopany bolardy, öýmüze kän gelerdi. Kakam bilen könäni ýatlap gürrüň edenlerinde ýanlarynda oturyp, gürrüňlerinden doýup bilmezdim. Bir günem gapyny açdym welin, Agabaý aga edil işigiň öňünde otyr, gözlerinden akýan ýaşam sakgalyndan syrygýar. Kakam bolsa oňa şeýle bir käýemek käýýeýä. Derrew gapyny ýapyp çykdym. Soň soraşdyrsam, Agabaý aga öýüniň golaýynda ekilen 1–2 gektar ýorunjany kolhozyň goýunlaryna iýdiripdir. Kakam “Sen ýorunjaň bir orumyna zyýan etdiň. O bilýäňmi näçe maşyn bede boljakdy?!” diýip käýýäpdir.
Emma düýşüňde…
Düýşüňde kakaň zol käýýäp dursa adam biynjalyk bolýan eken. Uzak günläp oýlanyp gezýän: “Kakam pahyr nämä käýindikä? Bir telek edýän ýa-da etjek işim barmyka?” diýýän. Kä halatlarda bolsa eden ýalňyşym ýadyma düşüp, “Häk, şoňa gynanandyr” diýip oýlanýan. Bir ýagşy, iki ýagşy. Soňa-baka ýatmazymyň öňünden: “Şu gije bir kakam käýemä bilsedir” diýip ýatýan gijelerimem boldy. Gündiz biriniň ýanynda “Biz dagy, otdan kül dogan. Kakam pahyr eýledi-beýledi” diýip onuň gowy häsiýetlerini, bitiren işlerini gürrüň bersem, agşam düýşüme girip: “Şony bilýän bolsaň näme üçin…” diýip käýinýär. Hat-da bir gezek telewizorda biri Soltan Sanjaryň gürrüňini edýär welin, içimden “Bäh, munuň düýşüne Soltan Sanjar giräýse näder?” diýip pikir edenimi duýman galypdyryn. Öýdäkiler: “Sadaka ber, tebärek çykart” diýýä. Emma bu derdiň sadaka edip, Hudaýýoly çörek edip, ile paýlanyp dynylaýjak dert däldigini ýüregim syzýa.
Kakasyny gowy görmeýän barmy, menem kakamy gowy görýädim, şu wagtam gowy görýän. Ýöne “Gowy görýän” diýen söz kakama bolan duýgularymyň, belki, müňde birinem aňladýan däldir.
Ol ömrüniň soňky döwründe arkasyny owkaladardy. Juda köp owkaladardy. Gijäň ýaram bolsa, hatda daňa golaýam çagyraýardy. Şolar ýaly gijeleriň birinde o maňa: “Oglum, seň eliň ýakymly. Saňa çäkmenimi beräýeýin” diýdi. Bu onuň “Menden saňa ýadygärlik galsyn” diýdigidi. Şonda başymdan geçen duýgulary dil bilen, söz bilen düşündirmek mümkin däl. Ýary gijeden soň, alagaraňky otagda diňe süňk bolup galan, 86 ýaşly kakam. Elimiň sandyrap gidenini duýdum. Men nädip: “Ýok, kaka, gerek däl” diýenimi duýman galdym. Kakam geň galyp: “Näme üçin?” diýdi. Maňa kakamdan ýadygärlik zat alamak onuň bilen hoşlaşmak ýaly görnüpdi. Onam nädip dilime alaýyn?! Zordan çykalga tapdym: “Agajana (inime) beräý. O seň başyňy, sakgalyňy syryp berýä” diýdim. Kakam göwünsizräge-de “Bor-da” diýdi. Men welin, ol: “Başymy syryp ber” diýse, hiç göwnemezdim. Bir bahanajyk gözlärdim. Sebäbem emelsizligimi edip birden ganadaryn öýdüp gorkýardym.
Soň pahyr ýogaldy. Kakamy içki jaýyna salmak maňa nesip etdi. Şol pursat begenmek näçe aýybam bolsa, muňa begenipdim. Häzir şol pursady ýatlaýan. Şeýdip dünýeden ötsem, çala gyňyrragam bolsa, meni gowy görýän oglum içki jaýyma ýerleşdirse…
Kakamyň düýşüme girýäni üçinem närazy däl. Hiç girmese, şonda näderdim? Hiç zadam edip bilmezdim. Mümkin, “Kakam näme üçin düýşüme girmeýärkä? Ony käýiden gezeklerimi ýatlap ökünmeýänim üçinmikä?” diýibem pikir etmezdim. Seni käýitmezlik bolsa gaty kyn. Ýöne gaýrat edýänim saňa aýandyr. Ýogsa, düýşüme girmezdiň. Aslynda kakalar ölmeýär eken. Näme üçin muňa şeýle giç düşündimkäm?!

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.aman....c4c1d1e
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 138 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Pero • 15:26, 08.11.2023
Suratdakylar Hydyr,Ylýas agañ çagalygymyka?? Meñzeṣje ekenler. Meñem ekiz çagalarym bar,emma meñzeṣ däl. Bir oglan,bir gyz.Orslarda meñzeṣ we meñzeṣ däl ekizleriñ atlandyrylyṣy aýratyn. Türkmen dilinde ṣo ýokmyka?
avatar
0
2 Pero • 15:36, 08.11.2023
Hydyr aga,diýipsiñiz-ä,kakamyñ käýinjini hem küýseýän-diýip. Diýmek,"Ölä aýan,dirä güman" diýiṣleri ỳaly kakañyza ony juda gowy görüp küýseýṣiñiz aýan bolýandyr. Ṣonuñ üçinem size biraz teselli bermek üçin düýṣiñize girýändir.
avatar
0
3 Мango • 14:23, 09.11.2023
Öýdäkiler: “Sadaka ber, tebärek çykart” diýýä. Emma bu derdiň sadaka edip, Hudaýýoly çörek edip, ile paýlanyp dynylaýjak dert däldigini ýüregim syzýa.

Hydyr agaň ýokarky sözleminden "bu dert ile paýlanyp dynylaýjak dert däl" diýip, sadaka bermegiň manysy ýok düşünjesi çykýan bolsa - men-ä ylalaşamok. dogry derdiň ýeňlemän biler, ýöne beren sadakaň hem boşuna bolmaz.
gysgaça: sadakalar berlip durmaly, sogaplar bagyş edilip durmaly.

---
biziňem kakamyz ýok.
kakamyzy göresimiz gelýäni biziň egomyzdanmyka?
kakamyz diri wagtam, kä wagt salama barylar ýakyn ýaşaýan bolsak, uzakda ýaşaýan bolsaga her bazar güni bir sagatlyk oturyp gaýdylar...
onsoň käbir "kakamy, ejemi göresim gelýärli" ýazgylara seresap seredesiň gelýär. hiç kimi günäkärlämok, özümi terezä salýan. ters düşünmäň.

ýöne, ýitiren zadymyzyň gymmatyna giç düşünýäs.
bu dogry.
avatar
0
4 Мango • 14:24, 09.11.2023
hawa, suratdakylar Hydyr agaň arhiwinden. özleri bolmaly. medium saýtda hem şu suratlar bar.
avatar
0
5 Kyyas • 14:16, 10.11.2023
Kakalar ölmeýär eken şu mediumda okap has ýürege ýakymly kabul etdim. Şu derdi menem çekýän...
avatar
0
6 Garlawac • 12:52, 13.11.2023
Öwezini dolup bolmajak küýseg
:'(
avatar

Старая форма входа
Total users: 203