21:49 Gan | |
GAN Dantes – syýasatdyr, Syýasat – gorkak! Ýagşy bilýänsiňiz Puşkini menden. Ümsüm synlap duran doňbagyrlaryň Bihaýa gözleri – sekundant, gel-gel! Lermontow, Mäşäni neçüýn gysmadyň? Birje ok, bolmanda, ýeke ok, uçup, Başyna degerdi ýa-da gursagna Hem aman galardy pitnedir hyjuw! Usman – Ýüregimi çeýneýär itler, Usman – Gabra çenli gaýtalar şygrym. Ýüzleri, galamy, kalby pelitler, Ah, seni ýok etdi, wah, pälwan Şirim. Eý, ajal, körmi sen? Tüýkürdim saňa! Göriplikden ahyr gidersiň ýanyp. Haçana çen şahyr deger janyňa, Şunça şirinmidir şahyryň gany?! Bu hal dowam eder entek bigüman, Süňkleri çüýrükler barýarlar örňäp. Eý, Zemin, eý, asman, eý çäksiz umman, Men seni bir setir şygra sygdyrdym, Sen meni özüňe sygdyryp gör-dä! Siziňçe, şahyry öldürmek – oýun Ýa-da lezzet tapmak janyny alyp. Görkezýän aýnany döweniň bilen, Düzedip bolmaz-a batgalyklary. Goýuň öz erkine: ýaşasyn, ýazsyn, Ondadyr muhabbet, ýigrenç joşguny, Wyždan oýanarmy merdana sazsyz? Bu dünýäni bozmaz depder goşgusy. Barybir peýdasyz, Gyrgygöz jellat Yzyndan sulba deý peýlär-de ýörer, Maksadyna ýeter ahyr bir gije – Gursagyndan gurşun paýyny berer. Ýeter iňirdilem, Düşündim birden, Bulanyp gidende bu Zemin günä, Şahyryň mukaddes ganyna her dem Täret alandan soň päklener dünýä. Eger size mydam eýlesek hüjüm, Aýlanar bu beýik çarhymyz dynman. Bu gözel topragy saplamak üçin, Doglup duruň şeýdip, şahyrlar, synmaň! © JANTEMIR (Özbegistan) Özbek dilinden terjime: © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 18 | |
| |