Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:01
Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly
NÄDIP YNJALYKSYZLYGY BES WE ÝAŞAP BAŞLAMALY

Nýu-Ýorkly bir aýaly tanaýan. Ol elmydama ýalňyzlygyndan nalap ýör. Garyndaşlarynyň hiç biri hem ondan habar tutanok — munda geň galar ýaly zat ýok! Eger onuň bilen ýekelikde galyp gören bolsadyňyz, ýegençileri üçin iňňän köp iş edenligi barada ol size ençeme sagatlap hem gürrüň berip bilerdi. Çagaka olaryň gyzamyk, hapgyrtma, gökbogma ýaly dertlerine em edipdir. Kemala gelensoňlaram ençeme ýyllap onuň öýünde ýaşapdyrlar. Birine biznes mekdebine girmäge kömek edipdir, beýlekisini durmuşa çykýança öz ýanynda ýaşadypdyr.

Eger siz ýegençileriniň görme-görşe gelýänligi ýa-da gelmeýänligi barada sorasaňyz, ol şeýle jogap berer: «Elbetde, gelýärler, ýöne diňe borçludygy üçin gelýärler». Hakykatynda bolsa, olar beýle myhmançylykdan edil otdan gorkýan ýaly çekinýärler. Olar ençeme sagatlap öz daýzalarynyň aýlawly, gümürtik gürrüňlerini, tykyramalaryny diňlemeli boljakdyklaryny bilýärler. Özara bolýan söhbet tutuşlygyna onuň soňy gelmeýän zeýrenç akabasyny, gussaly halda uludan-uludan dem almasyny gürrüňdeşiniň üstüne eňtermesine syrygýar. Igenç bilenem, zeýrenç bilenem, haýbat bilenem öz ýegençilerini gelmäge göwnetmek başartmadyk ýagdaýynda, ol öz tutgaýlarynyň birini ulanýar. Onuň ýüreginden tutýar.

Hakykatdanam, ýüreginden tutýarmyka? Hawa, lukmanlar onuň «tutgaýly ýüreginiň» bardygyny we tahikardiýadan (ýüregiň çalt urmagy) ejir çekýänligini aýdýarlar. Şonuň ýaly-da, olar bu ýagdaýda etjek alaçlarynyň ýokdugyny, çünki onuň keseliniň sebäbiniň duýgy (emosiýa) bilen baglydygyny belleýärler.

Bu aýala dünýäde iň ýetmeýän zat mähir hem üns. Özi welin muny minnetdarlyk diýip atlandyrýar. Emma ol hiç haçan mähre-de, minnetdarlyga-da mynasyp bolmaz, çünki olary talap edýär. Ol muny özüne berläýmeli zat hasap edýär, özüni muňa haklydyryn öýdýär.

Adamlaryň arasynda bu aýal ýalylaryň müňlerçesi duşýar. Olaryň ählisi gadyrbilmezlik, ýalňyzlyk we töweregindäkiler tarapyndan üns berilmezligi zerarly kösenýärler. Olar mähre mätäç, ýöne mähre diňe bir ýol bilen mynasyp bolmak mümkindigine welin düşünenoklar — munuň üçin talap etmegi bes edip, özüň mähir eçilip başlamaly. Öwezine söýgi tama etmezden, söýmegi başarmaly.

Ähtimal, siz bu zatlaryň bary bulutlaryň arasynda gaýyp ýörmek ýaly hyýaly bir zar diýmekçisiňiz? Bu beýle däl. Hakykatda, bu örän sagdyn mana eýe. Bu ymtylýan bagtymyza ýetmegiň mümkin bolan ýeke-täk usuly. Men aýdýan zadyma belet. Atamyň-enemiň göreldesi hemişe gözümiň öňünde ör-boýuna galyp dur. Ejem bilen kakam elmydama özgelere höwes bilen ýardam ederdiler. Biz örän garypdyk, hemişe boýnumyzda bergi bary asylar durardy. Näçe garyp bolsak-da, atam-enem Aýowa ştatynyň Kaunsil-Blafs şäherinde ýerleşýän ýetimler öýüniň salgysyna her ýyl biraz pul ugratmagyň alajyny tapýardylar. Ejemem, kakamam hiç haçan ol ýerde bolup görmändiler, resmi hat ýüzünde agzalan bolaýmasa, olara iberen pullary üçin hiç kim hiç haçan minnetdarlyk hem bildirmändi, şeýle-de bolsa, olar munuň üçin özleriniň serpaýyny alýardylar. Olaryň serpaýy kiçijek çagajyklara kömek edendiklerine akyl ýetirmekleridi.

Düýp öýden göçüp gaýdanymdan soň men her Roždestwoda atam-eneme çek ugradýardym we ugradan pulumy diňe özlerine harçlamaklaryny haýyş edýärdim. Ýöne olaryň haýyşyma gulak asýan wagtlary seýrek bolýardy. Baýram bellemek üçin her gezek garry öýe gelenimde, adatça, kakam çül-çagasy köp bolan, güzeran aýlara, azyk-owkat, odun satyn almaga gurby bolmadyk haýsydyr bir dul zenana kömür we gök-sök alyp berendiklerini aýdardy. Olar adamlara — öwezine hiç zada garaşmazdan — nämedir bir zat sowgat edip bilýändiklerinden uly lezzet alýardylar.

Men kakamy Aristoteliň ideal adama — bagta iň mynasyp adama beren kesgitlemesine doly derejede diýen ýaly gabat gelýän kişi hasaplaýan. «Ideal adam özgelere ýagşylyk edýänliginden lezzet alýandyr» diýip Aristotel aýdypdyr.

Ynha, bu bolsa şu bölümde üns bermegiňiz gerek bolan ikinji ýagdaý: eger biz bagta ýetmek isleýän bolsak, minnetdarlyk we gadyrbilmezlik baradaky pikirler bilen özümize ezýet bermegi bes edip, özgelere ýagşylyk edenimizde alýan lezzetimizde üns jemlemelidiris.

Indi on müň ýyl bäri ata-eneler öz çagalarynyň gadyrbilmezligi zerarly saçlaryny ütýärler.

Şekspirde korol Liriň sözleri ýadyňyzdamy: «Ah, çagalarda gadyrbilmezlik döredenden ýylan çakany gowudyr».

Öwretmesek, çagalarymyz minnetdarlyk duýgusyny nirden bilsin? Gadyrbilmezlik edil haşal otlar ýaly tebigydyr. Minnetdarlyk duýgusy bolsa — ajaýyp bägül. Islendik bir bägül babatda bolşy ýaly, oňa-da idi-yssuwat gerek — dökün bermeli, suwarmaly, ideg etmeli we sowuk ýellerden goramaly.

Çagalarymyzyň gadyrbilmezligine kim günäkär? Belki, özümiz günäkärdiris? Eger biz olara özgeler babatda minnetdarlyk duýgusyny öwretmedik bolsak, muny özümiz babatda nädip talap edip bileris?

Men özüniň eklenjindäki ogullyklarynyň gadyrbilmezliginden nalamak üçin esasly bahanasy bolan çikagoly bir adamy tanaýaryn. Ol karton fabriginde gul ýaly işläp, hepdede kyrk dollardan köp gazanmandyr. Ol bir dul aýala öýlenipdir. Aýal ony öz yzyna düşüp gelen, är çykyp barýan iki ogluny kollejde okatmak üçin pul karz almaga-da göwnedipdir. Bu adam hepdede alýan kyrk dollaryny azyk-owkada, öýüň kireý tölegine, peje salar ýaly kömre we geýim-gejime ýetirmeli bolupdyr. Şol puldan boýnunda duran karzynyň üssesini — göterimini hem tölemeli bolupdyr. Bu ýagdaý dört ýyl dowam edipdir — ol halys tapdan düşýänçä işläpdir, ýöne bir gezegem ykbalyndan nalamandyr.

Nähili pikir edýärsiňiz, munuň üçin oňa kimdir biri minnetdarlyk bildirdimikä? Hiç kim. Aýaly onuň bu edermenligini öz-özünden bolaýmaly zat hökmünde kabul edipdir, ogullary hem şeýle. Özleriniň kakalygyna borçludyklary baradaky pikir, hiç bolmanda, minnetdarlyk sözleri aýtmak pikiri hem olaryň kellesine-de gelmändir.

Bu meselede kimi günälejek? Ogullyk alnan çagalarymy? Elbetde. Ýöne olaryň ejesiniň hem günäsiniň az-küş däldigini aýtmak gerek. Olaryň näzijek ýaş göwünlerine dürli hili borç ýüküni urmagy ejeleri peslik hasaplapdyr. Ol durmuşa ýaňy gadam basýan ýaşlar bu ýola özlerini kimdir biri babatda borçly duýup başlamaly däl diýen pikirde bolupdyr. Ýeke gezegem: «Öweý kakaňyz size kolleje okuwa girmäge kömek etdi. Bu, hakykatdanam, şalaryň edip biljek derejesindäki peşgeş!» diýmek hakda pikir etmändir. Gaýtam, seňrik ýygryp: «Hiç bolmanda, şuňa-ha gurby çatdy!» diýipdir.

Şeýle etmek bilen, ogullaryny goraýan, aýaýan ýaly hem bolsa, hakykatda, ol zenan çagalarynda tutuş dünýä olara bergidar bolmaly diýen ýaly howply düşünjäni döredýärdi. Durmuşa bolan şeýle garaýşyň abanyp biljek howpy uzak garaşdyrmandyr: oglanlaryň biri öz başlygyndan pul «karz almaly» diýen karara gelipdir we gözenegiň aňrysyna düşüpdir!

Çagalarymyzyň berýän terbiýämize görä kemala gelýändigini ýatda saklamak gerek. Daýzam Wiola Aleksander çagalarynyň gadyrbilmezliginden zeýrenmäge hiç hili bahanasy bolmadyk ajaýyp zenan hökmünde nusga alarlyk adam. Çagajykkam Wiola daýzam ilki öz ejesini — mamamy, soňra bolsa adamsynyň ejesini — gaýynenesini Minneapolisdäki öýünde öz penasyna aldy. Iki zenana-da tüýs ýürekden mähir hem hamraklyk bilen ideg etdi. Gözümi ýuman badyma, bu iki garry zenany Wiola daýzamyň fermadaky öýünde ojagyň başynda oturan halda aýan görýärin. Şu ýagdaýlar bilen bagly daýzamyň aladasy artdymyka? Elbetde. Bu iki garry oňa birneme görgi görkezendir. Ýöne daýzam hiç haçan aladasyny ýüzüne çykaranokdy. Ol bu garry eneleri gowy görýärdi. Özlerini edil öýlerinde ýaly duýmaklary üçin elinden gelenini edýärdi, yhlasyny gaýgyranokdy. Ýogsam, Wiola daýzamyň özüniňem alty çagasy bardy, olaryň ugruna seretmegem ýeňil-ýelpaý iş däldi. Ýöne daýzam asla zeýrenmezdi, öýünde iki sany garra idi-yssuwat edýänligi üçin özüni başynda keramat halkasy ornaşmaly gahryman hem hasaplanokdy. Onuň üçin bu adaty bir bolaýmaly işdi. Ol öz ýerinde bolsa, hemme kişi hem şeýle hereket eder diýen pikirdedi.

Wiola daýzamyň öz ýagdaýy nähili? Onuň dul galanyna eýýäm ýigrimi ýyldan gowrak wagt bolandyr. Onuň bäş sany öýli-işikli çagasy bar — ählisi hem ony öz ýanlarynda ýaşatjak bolup jan edýär. Dogrusy, onuň öz öýlerinde düşlemek nobatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar ejelerini juda eý görýärler, öýlerinde näçe wagt bolsa-da, barybir, az ýaly duýulýar. Şeýle etmek bilen, olar öz minnetdarlygyny bildirýärmikäler? Ýok, bu söýgi — päk hem mukaddes söýgi. Häzir öz maşgalalarynyň kakalary we ejeleri bolan bu adamlar çagalykda adamzat gatnaşyklarynda öwezine zat talap edilmän görkezilýän yhlasyň gözli şaýady bolupdylar, hoşniýetli ynsan gatnaşyklarynyň mährini we şatlygyny özlerine siňdiripdirler. Indi bolsa, şol mähir-söýgini yzyna gaýtaryp berýärler.

Bize bir ýönekeýje zady ýatda saklamak gerek — minnetdarlyk duýgusyna eýlenen çagalary kemala getirmek üçin, özümiziň töweregimizdäkiler bilen gatnaşyklarymyzda minnetdarlyk duýgusyndan ugur almagymyz gerek. Kiçijek bezzatlaryň gulagynyň uly bolýandygyny ýadyňyzda saklaň we aýdýan gepiňize üns beriň. Birdenkä, olaryň ýanynda kimdir biriniň size eden ýagşylygynyň ähmiýetini peseltmek meýli dörese, gowusy, diliňizi dişläň. Hiç haçan şular ýaly sözleri aýtmaň: «Gör-le muny, Sýu daýza Roždestwo baýramyny gutlap näme ugradypdyr, bolgusyzja elýaglyk. Muny özi örüpdir. Bahasy gara şaýy». Munuň biziň üçin dil ujundan aýdylyp goýberilýän leji çykan sözler bolmagy hem mümkin, emma çagalar diňleýändirler we aňyna ýazgy edip oturandyrlar. Gowusy, şeýleräk sözler bilen tarypyny ýetiriň: «Eý Hudaý, Sýu daýza bu elýaglyk, gör, näçe wagt iş bolandyr. Tüweleme, yhlas edip bilipdir! Geliň, oňa häziriň özünde minnetdarlyk sözlerini ýazyp, gutlag hatyny ugradalyň!». Şeýle ýagdaýda çagalarymyzyň aňastyaňynda ýagşylygyň gadyryny bilmek we ony edýänleriň ählisine minnetdarlyk bildirmek endiginiň kemala gelmegi juda mümkindir.

Şunlukda, gadyrbilmezlik sebäpli lapykeç bolmakdan we alada galmakdan saplanmak üçin ýatda saklamaly.

Üçünji kada:

A. Gadyrbilmezlik sebäpli ynjalyksyzlanmagyň deregine, özüňizi oňa taýýarlaň. Bir gezek Isanyň on sany pis açanyň derdini dep edenligini — Oňa minnetdarlyk bildirmek üçin diňe bir kişiniň galanlygyny unutmaň. Isanyň özüne rowa görülmedik minnetdarlyga biziň garaşmagymyz zerurmyka beri?

B. Bagta ýetmegiň ýeke-täk usulynyň minnetdarlyga garaşmakdan däl-de, özgelere edýän ýagşylyklarymyz üçin şatlanmagy başarýanlygymyzdan ybaratdygyny ýatda saklaň!

Ç. Minnetdarlyk duýgusynyň dogabitdi berilýän ýagdaý däldigini, munuň kemala getirilmeli ýagdaýdygyny, çagalaryňyzyň minnetdarlyk duýgusyna eýlenmegini isleýän bolsaňyz, muny olara öwretmegiň zerurdygyny ýatda saklaň!

© Deýl KARNEGI

Terjime: © Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 175 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Orazmyrat Myradow, Deýl Karnegi | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 23:05, 03.03.2024
Kompyuteriñ arhiwinden tapdym, kopyalap goýupdyryn bir zaman, çeşmesi näbelli))
avatar
0
2 Küle • 00:17, 04.03.2024
Adyny okandan Karnegidigini bilip bolýa. Şul awtory (asyl şu tipde ýazylan zatlaryň hihisini) hiç okabilemok.
avatar
0
3 sussupessimist • 02:28, 04.03.2024
Şu meselede Umyt bn pikirdeş. Men hatda bu garaýyşda has radikal bolmagymam ahmal. Edebiýat diýen zatdan okyjyny/puly/ähmiýeti ogurlan - şu žanr hasaplaýan.
Muňa edebiýat diýmeg-ä asylam gabahatlyk. Bu edebiýat däl-de - imitasiýa (aslynda başga bir latyn söz, ýa-da Ýakup pygamberiň öldürilen agtygynyň ady bn bagly söz kelläme geldi welin... bolýa, ondan saklanaýyn).
Garaz, seň etmeli pikiriňi, toplamaly tejribäňi, her dürli ýagdaýlardan baş alyp çygmagy... seň ýeriňe edip berýärler.
Aslynda bu kitaplaryň adamlarda terbiýelejek bolýan häsiýetleri (alçaklyk, erjellik, zähmetsöýerlik, sabyrlylyk, yhlas, ýanbermezlik, dogumlylyk, işiňi-durmuşyňy-wagtyňy dogry gurnamak ukyby...) adamyň özünde bolmasa, aýdyp-öwredip bolýan zatlar däl.

Meselem, durmuş gurmak, "söýgiňi/bagtyňy tapmak" bilen bagly kitaplara mätäçlik çekýän aýal-gyzlaryň aglabasy - gaty gitse teselli tapaýmasa, şo-ol ýalňyzlygyna gezip ýörendir (ol kitaplara at goýuşlaram aýratyn bir mahinasiýa - "Gitmeli miyim, kalmali miyim", "Her şey vaktini bekler", "Senden bir tane daha yok", "Kalbi temizse hikayen mutlu biter", "Hayat kaybettiğin yerden başlar"...)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203