Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:44
Maksat

MAKSAT

Merdanlar ilkije bäbeklerine, onda-da ogul bäbege garaşýadylar. Gelni bilen dünýä injek bäbegiň adynam tapyp goýupdylar. Gelni ilki Seýran diýdi, Merdanam “Sergezdan diýen ýaly” diýip kän göwnemedi. Soňam Maksat daksak diýdi, gelnem halady. Häzirem gijäň ýary. Ondördi gijäň Aýy ýatak jaýy ýagtyldyp dur. Gije ýakylýan ýörite çyrajygam ýanyp dur. Maksatjygam bäbekhanadan düýnjik geldi. Sagat bir bolup barýa, onsoň düýn bolýa-da. Myrlapjyk ýatyr Maksatjyk. Ejesem süýji uka gidipdir. Ýadandyr. Merdan bu görnüşi düşeginde oturşyna uzak synlady. Birdenem içinden “Menem kaka bolaýdymmaý? Kakalygyň nämediginem bilemog-a” diýenini duýman galdy. Ikinji soragy ony has dikeltdi: “Men maksadyň nämedigini bir bilýänmi?”

* * *

Hakykatdanam biziň höwes edýän maksadymyz nämekä? Bir uly işiň başyny tutup, şoň hötdesinden gelmekmikä? Hötdesinden gelip bilmeseň näme? Maksadyňa ýetip bilmedigiňmi? Şol işi bitirdiň diýeli, onda täze maksat tutmalymy? Maksat diýilýän çalşyp bolýan, ütgäp duran zatmyka? Seň maksatdyr öýdeniň maksadam däl ekendigine soň düşünseň, onda-da giç düşünseň näme? Mysal üçin, kaka bolmagyň nämedigine ogluň ýaşy kyrkdan geçensoň aklyň ýetip galsa? Dur, oglum men düşünmändirin, ýamaşgan bäbek bol diýjekmi?

Uly maksat, kiçi maksadam diýýäler. Maksadyň ulusy kiçisem bolýamyka? Bäbejik Maksad-a bar, Maksat aga-da bardyr. Mümkin gaty köpdürem. Maksat adyny göterýänlerem, şu sözüň manysy, agramy hakynda ýary gije pikire gidýärmikäler?

Maksat — göz öňüme, ýetmesi kyn, tutuş ömrüňem oňa ýetmäge az bolaýjak belentlik ýaly bolup görünýär. Tutanýerlilik, paýhas, sabyr, kanagat… bular maksada tarap seni alyp gidýän merdiwanyň basgançaklaryna meňzeýär.

Ýa maksat — ömrüň manysymyka? Ömrüň manysynyň nämedigi hakynda gaty agirt akyldarlar dürli pikirleri aýdypdyrlar. Ömrüň manysyna her kim birhili düşünýär. Maksada-da her kim özüçe düşünýärmikä? Kim gijeler ýatman pikir edip, kelle agyrdyp maksada akyl ýetirýär, kim asla oň pikirinem etmän maksatly ýaşaýar.

Ýadyma düşýär, bir gün doganym Baýramguly kakamlara bir çopan eslije geçi getiripdi. Sany ýadyma düşenok, ýöne geçiler uly agyly dolduryp durdylar. Çopan “Baýramguly geçileriňi ýygna, men indi eýgeremok, garradym” diýýär. Nämäň nämedigine soň düşünip galdyk. Baýramguly kakam kiçijikkä kakam bir owlajygy tutup, oň bahasyny çopana berip, şu Baýramgulyňkydyr diýipdir. Kiçijik Baýramguly owlak bilen gaýdýançalar oýnapdyr. Soňam owlagy goýup gaýdypdyrlar. Owlagam ýatdan çykyp gidipdir. Ýyllar geçipdir. Ol owlak köpelipdir. Iň soňunda-da çopan garrap, geçileri Baýramguly kakama getirýär. Çopan haky diýip alan geçileriniňem sanyny aýdýar. Haýran galaýmaly, çopan o mallary getirmedik bolsa-da ondan hasap sorajak ýok. Häzir bu waka rowaýat ýalam eşdilýä, ýöne harama el uzatmazlyk çopanyň nämediginem bilmän ýaşan maksadymyka? Diňe halal iýip ýaşap geçmek ýa-da diňe dogry sözli bolup dünýeden ötmek — nähili ägirt maksat.

Ýene bir waka hiç ýadymdan çykanok. Kakamam, ejemem garry ýaşlarynda-dy. Oraza aýam bolsa agyz bekleýän iki sany gelnejem bilen garry ejemdi. Bir günem ejem ýaramajak boldy. Şonda kakam “Ýaramasaň agzyňy açaý” diýdi. Ejem: “Ýok açjak däl, gün ikindi boldy” diýip agzyny açmady. Bu megerem ejemiň, tutuş ömründe, kakama etjek däl diýen ýeke gezegidir. Belki, şo wagt ejemden “Eje, durmuşda maksadyň näme?” diýseň, anyk jogabam berip bilmez. Ýöne onuň imanly ötmek maksadyny başyma täç etsem. Maksat diýlen hil-hil bolýar eken.

* * *

Çaga irden turup mekdebe gitmäge taýynlanýar. Entek jahanam doly ýagtylmandyr. Agşam giç ýatansoň, kakasam gözüni owkalap, ukudan doly açylyp bilenok. Emma etjek alajyň ýok, çagaňy hökman okuwa äkidäýmeli. Olaryň ikisinem, çaganam, kakasynam süýji ukudan turuzýan maksat bar. Olaryň maksatlary bolmasady, Gün asmana galýança ýatardylar. Çagaň maksady mekdebe gitjek, okajak, bir zatlar öwrenjek, bäşlik aljak, ejesini, kakasyny, atasyny, enesini begendirjek. Kakasynyň maksadam çagasyny okuwly etjek, ulalansoň ýokary bilim aldyrjak, nesibesinde bolsa gowja işe ýerleşdirjek, garransoň özüne seretdirjek. Bu maksatlaryň nämesi kem?

Başga biri halal zähmet çekip baý boljak, güýji ýetse, ýetirnip bilmeýäne kömek etjek. Bu maksadam hiç bir maksatdan peslär ýaly däl. Aslynda, her bir janly-jandarda, haýwanatda-da, ösümliklerde-de maksat bar ýaly. Hatda maksadyňy gözlemegem bir maksat.

Ýöne biziň gowy görüp okaýan şahyrymyz Gurbannazar Ezizow bir goşgusynda “Maksatsyz ýaşadym ýördüm ebedi…” diýýär. Bu setirde şeýle çuň gussa duýýan. Maksatsyz ýaşalan günlere bolan gussa. Maksatsyzam ýaşap bolýamyka? Belki, maksatsyz ýaşap ýöreniňi bilmezlik, duýmazlyk iň erbedidir. Birhili, dilime “Sen maksadyňy aýt, men saňa kimdigiňi aýdaýyn” diýen sözler gelýär. Hakykatdanam biziň kimdigimizi, nähili ýaşaýandygymyzy, dünýeden nähili gitjekdigimizi kesgitleýän, bizi diri ýaşadýan, maksadymyz bolaýmasyn?!

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/m-a-k-s-a-t-f35e8e70c0de
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 98 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Мango • 09:09, 04.11.2023
– Oglumyzyň adyna Seýran dakalymy?
– Ýok, birhili Sergezdan diýen ýaly... Gowusy Maksat dakaly.
– Bolar. Maksat gowy at. Ýöne sowremennyý bolar ýaly Maks diýsek näder?
– ...

käwagt Maksatlar Maks bolýar, Kerimler Keşa bolýar, Hudaýberdiler Hudaýka, Allaberdiler Allaş... bolýar...
***
iňlis dilinden okadýan bir mugallym şeý diýýädi okuwçylaryna:
– men sizden bir zat barada sorasam, siz "howa" ýa "ýok" diýip gysga jogap bermäň, has giňişleýin jogap beriň, kän sözlemler guruň, bilýän sözleriňizi ulanyň mysal üçin, "näme üçin sapaga gijä galdyň" diýip sorasam "ýatyp galdym" diýip gysga jogap bermän, wakany has giňeldiň, "ýatyp galdym, sebäbi düýn giç ýatdym. kino gördüm. pylan kino, pylan pysmydan...., " diýip dowam ediň"

şoň ýaly Hydyr aga hem "Maksat?" diýäýede maksatly gürrüňi giňeldip gidip barýa, giňeldip gidip barýar.

gowy oýlanma.
avatar
1
2 Myhman1185 • 10:17, 04.11.2023
Garry çopanyñ geçileri getirmesi bir hadysy ýatlatdy. Üç sany kişi ýagyşdan goranmak üçin gowaga girýäler welin, bir uly daş togalanyp gowagyñ agzyna gaçýa-da, petikleýä...

yzyny tapyp, her kimiñ özi okamaly.
avatar
0
3 Pegas • 22:33, 04.11.2023
Maksatsyz biridigim barada menem şu wagt pikir etdim.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203