Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:11
Janserek - roman / 18
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 17]
* * *

Töre işanyň sesi adamlara Gurban baýramynyň başlanandygyny duýdurdy. Ýerli-ýerden pyçaga ýapyşyldy. Ýatakdaky gözi möle goýunlar hemişekileri ýaly eýelerinden ot hantamadylar. Bu sapar olara ot deregine suw berildi. Aç garna-da bir suw bolarmy? Janawerler geňirgenme bilen eýelerine seretdiler, göwün isleglerini beýan edip, uzyn-uzyn mälediler.
Töre işanyň sesi barha batlandy. Ol ses inçedi, tukat äheň zerarly ýüregedüşgünç bolup eşidilýärdi, wagtal-wagtal dem ýetmän arasy üzülýärdi, ýene erjellik bilen dowam edýärdi. Soňabaka adamlar ol sesi ýas aýdymyndan tapawutlandyryp bilmediler.
Goýun janawerleri art aýagyndan dartyp ýatakdan çykardylar. Olar sypmak üçin çarbaýlyk etdiler, bolmady. Dillerini bir garyş uzadyp mäläp gördüler, bolmady. Ahyry dört aýagyny güýlüp, täzeje gazylan çukuryň gyrasynda ýatyrylan mahaly, arassa asmana garap dymdylar. Olaryň haýwan garaýyşlarynda ykbala boýun synmadan başga-da, ele pyçak alan eýeleriň ähtiýalanlygyna gahar bardy.
Töre işanyň azany dowam etdi. Ol haýwanlaryň gaharynyň tersine, adamlaryň kalbynda egsilmejek kanagatyň bolmagyny küýseýärdi. Adamlar şu pursat Allatagalanyň öňündäki borjuny berjaý edýärdiler. Bu borç ýer ýüzündäki ähli jandardan ýokary bolmaly. Eger derwaýys bolsa, adam ähli jandary Hudaýyň ýoluna gurban edip biler. Bu taýda hiç hili wagşylyk ýokdur...
Emma goýnuň damagyny çalmak üçin onuň bokurdagyna dyzyny dirän adamlar golaýda duran çagalary kowdular. Çagalar damak çalnanyny görmeli däldi. Olaryň bu zady wagşylyk hökmünde kabul edip, ömürboýy ýatda saklamaklary ähtimaldy. Bu ulularyň halamaýan zadydy.
Kesilen bokurdakdan arassa, ýyljak gan akdy. Ol gan ilki çukuryň düýbüne siňdi, soňam kem-kemden galyp ugrady. Tä çukur dolýança, eli pyçakly adam dyzyny aýyrmady. Ýerinden galmazyndan öňinçä, pyçagynda galan ganyň ýokuny goýnuň derisine çalyp arassalady.
Indi gezek çagalaryňkydy, olary ýekän-ýekän damakgana çagyrdylar. Olaryň köpüsine bu çakylyk tanyşdy. Olar öňi bilen jansyz ýatan kellä seredýärdiler. Goýun janaweriň gözlerindäki şöhle öçüpdir, bäbenegiň ýüzüni kül reňkdäki perde gaplap alypdyr. Bu gös-göni ölümiň alamatydy. Ol alamat çagalaryň kalbyna tukatlyk salýardy, ýüreklerindäki ynjyny gizlemäge entek olar endik etmändiler.
Her kim ýyljak gandan maňlaýyna çalmalydy. Çagalar bu kadanyň manysyna düşünmeýärdiler, ýöne ulularyň ýörelgesine eýermelidigini bilensoňlar başlaryny egýärdiler. Ulular olaryň maňlaýyna gan çalyp, olaryň öwredilen sözi gaýtalaryna garaşýardylar. Çagalaram edil ulular ýaly: “Kabul bolsun!” diýýärdiler. Bu sözi eşitmek ululara ýakymlydy. Bu söz çagalar bilen ulularyň arasyndaky birligi dikeldýärdi. Bu söz ulularyň etmişini aklaýardy. Indi çagalaryň gözüne ganly çukuram, kesilen bokurdagam, şöhlesi öçen gözem wagşylygyň alamaty bolup görünmeli däldi, mukaddesligiň alamatyna öwrülmelidi.
Asman keýpsiz turdy.
Rahman yzly-yzyna iki goýun öldürdi. “Näme üçin iki goýun öldürdiň?” diýip, ondan soran bolmady. Asmanam soramady.
Rahmanyň öňünde bir gazan et gaýnap durdy, ýene bir gazanlyk et gara öýüň töründe serilgi ýatyrdy.
Asmanyň sulhy öçük, ýüzünde keselbent adamyň ysgynsyzlygy bar, ýöne gözleriniň ýitiligi Rahmany has gorkuzdy.
Olar telim gün bäri bir gapydan girip-çykýarlar, emma ysnyşyp bilenoklar. “Asman menden derdini gizleýär” diýen öýke ýene Rahmanyň kalbyna şol aýylganç pikiri dolap getirdi: “Asman Rahmansyz ýaşap biljegine ynanýar!”
Bu pikir kalbyna dolup, oňa ezýet berip başlanda, Rahman adam üçin ten jezasynyň hiç zatdygyna düşünýärdi. Ýürek jezasy iňňän aýylgançdy. Rahman ýagty ýalançyda diri gezip ýörkä dowzahyň oduna düşdi. Asmanyň keýpsizligini görüp: “Ol menden iripdir ─ diýdi. ─ Asmanyň ýüregindäki söýgini ýigrenje öwürdiler. Muny diňe tersokanlar, jadygöýler edip biler. Gaýrat dagy jadygöý, tersokan! Olar Asmanyň ýüregini daşa dönderdiler!”
Ol Asmany özüne näçe keseki saýdygyça, Asman şonça-da onuň gözüne rüstem görünýärdi. Bu rüstemlik Rahmanyň mertebesini peseldýärdi. Ol ejir çekýär, çykalga gözleýär. Ýene aýalynyň göwresindäki çaga umyt baglaýar. Şol çaganyň dünýä inmegi bilen olaryň durmuşyna öňki ysnyşyk, öňki mähir dolanyp gelmeli!
Çörek dograp oturan Asman garaşylmadyk soragy orta atdy.
─ Rahman, Agahanyň howlusyny kim otlady?
Rahman öňi bilen şu sowalyň aýdylyş äheňinden gorkdy. Ol äheňe görä, bu ýerde esasy mesele kimiň otlanyny bilmek däldi, Rahmanyň ynsabyny barlamakdy. Asman üçin bu sowalyň aýdyňlygyna Rahman bada-bat göz ýetirdi. Asmanyň kalbyna çöken ynamy ýoga çykarmagy häzir hiç bir adamyň, şol sanda Rahmanyňam başarmajagy belli. Asman diňe bir zada garaşýar: özi üçin şübhesiz hakykaty Rahmanyň gaýtalaryna garaşýar. Eger onuň diýeni bolmasa, olaryň arasyndaky gamyş köpriniň ýumrulmagy ähtimal...
─ Men otladym, Asman.
─ Saňa “otla” diýendirler!
Rahman baş atdy.
─ Öz öýüňi özüňe otlatdylarmy?
─ Ýok... o gije men çölde galdym, daýym dagy oba gaýtdy.
Hakykaty aýdany bilen Rahmanyň kalbyna ýeňillik aralaşmady. Agyr howsala bilen Asmanyň nan owradýan barmaklaryna syn etdi. Inçe, uzyn barmaklaryň hereketi ýygjamlandy, barmaklar nany gahar bilen tüýdüp başlady.
─ Biz günä galdyk, Rahman... ─ Asmanyň gözüne ýaş indi. ─ Baýnamarys, Hudaý bize göz görkezer. Sen “düýşe ynanma” diýersiň, neneň ynanmajak?! ─ Asmanyň sesi gysylan bokurdakdan zordan çykdy. ─ Gapdalymda gundaga dolangy çaga ýatyrmyka diýýän... Bi düýşi hiç kime aýtmaýynam diýdim, ýöne saňa aýtjak...
─ Menden zat gizleme, Asman.
─ Gundagdaky çaga çirkin sesini edip aglaýarmyka diýýän, hakyt iňňäbäbegiň sesi!.. “Emdireýin” diýip ýüzüni açsam... ─ Asman iki eli bilen ýüzüni tutup eňredi. ─ Eý, Huda-aý... gundagdaky çaga däl ekeni, çaga derek bedroý güjük ýatyr!..
Asman egnini silkip aglady, onuň bolşunda betbagtlygyň öňünde çykalgasyz galan adamyň alaçsyzlygy bardy.
Rahman aljyrady. Ümsüm oturman, häzir iň bolmanda, Asmany köşeşdirmek maksady bilen bir zat diýmegiň zerurdygyna gözi ýetip dursa-da, diline badak atylan ýaly, ýeke söz diýip bilmedi. Has beteri, agzyndan çykjak söze Asman ynanmaz öýdýärdi.
Rahman aýdýan sözüne Asmanyň ynanmaýanyny duýanda, ogurlygyň üstünde tutulan adamyň alaçsyzlygyny başdan geçirýärdi. Eger häzir Asman: “Näme üçin iki goýun öldürdiň?” diýip soraýsa... Rahman ony ynandyryp bilmejegine düşünýär, onuň sowal bererinden gorkýar.
Gaýrat gidensoň, Agahan oba dolanmadygam bolsa, eýýäm onuň emri öz güýjüni görkezip başlady. Asman muny hökman duýmaly!..
Hol-ha, Gandym agaň öýlendirip bilmän ýören ogly Pürli tasap barýar. Rahman onuň howsalasyny aňýar, aňsa-da oňa hemaýat edip bilmejegini bilýär. Onsoňam, Pürli Rahmanyň ýanyna gelenok, ol Ýazjanyň ýanyna barýar. Ýazja bu mahal köne donuny ýasgynjak alyp, aýakýolundan gelýärdi.
Rahman: “Häzir Ýazja azar bermeseler gowy ─ diýdi. ─ Goý, ol jigileriniň arasynda oturyp, dogramadan doýsun, obanyň ýaş-ýeleňleri bilen goşulyşyp hiňňillik uçsun! Köpüň üýşen ýeridir, Nury agaň uly gyzyna duşaýmagy ähtimal. Baýramçylykda olary hiç kim geňlemez”.
Ýazjanyň söýgüsi, Dürnabadyň begenji Rahmana ýakymly hem bolsa, ol häzir agyr düýşüň täsirinden çykyp bilmeýän adamyň ykbalyndaky gorka meňzeş howsala duýdy.
Ýazja bilen Pürliniň duşuşygy Gün dogmanka başlandy. Ýazja tomaşa bilen:
─ Ýeri, haw, Kelhan, tasap gelşiň ýeser, gelnalyja çagyrjakmy?
─ Gyýjyt berýäniňi bilýän, Ýazjam, beriber, beriber... “Kelhan, Kelhan” diýib-ä işimi gördüňiz.
─ Kel bolsaň, “kel” diýerler-dä.
─ Gardaş, men şo kelligi diläp alamok ahyry!
─ Hä, ýene kowuldyňyzmy?
Pürli uzyn göwresine kybapdaş uzyn boýnuny ysgynsyz sallap durşuna, gözýaşyň öňündäki ejizlik bilen:
─ Gardaş, meňki boljak däl-le! ─ diýdi.
Onuň sesi sandyrady. Ýazjanyň oňa nebsi agyrdy. “Ýeri, Hudaý öňem-ä bu neressä görk-görmek bermändir, kellesiniň kelligi näme diýsene!..”
Pürli tahýasyny bir ýana süýşürip, kellesini gaşamaga durdy. Ýazja azgyryldy.
─ Gaşaman dur-la, şonsuzam kelligiň belli. Hany, “o gyzyň bir gözi çaşymyş” diýdiler-ä?
─ Gardaş, iki gözi çaşy bolaýsyn, men razy.
─ Bäh, ejizläpsiň-ow!
─ Ejizlemez ýaly boldumy, Ýazjam! Dört ýyl bäri “häli bolar, şindi bolar”. Şu sapar bolmaz öýtmändik.
─ Otrýady taşlasaňam bolmaýşyny diýsene...
─ Gardaş, otrýad diýeniň her haçan tapylar, ýöne gyz tapylanok. Sen ol tarapdan maňa käýinjek bolma. Mende maňlaý ýok ekeni. Halsähet, Jumaly, Pygam kel dälmi?
─ Kel, üçüsem jyrun kel.
─ Allanäme heleýleri bar.
─ Sende heleý bolmaz!
─ Gardaş, sen bir beý diýmesene!
─ Diýjeg-aý! Ol üç keliň elinde emlägi bardy, üçüsem satyn aldy. Seniň weli, kisäňem kelläň ýaly takyrap ýatyr. Bolşuň şu, otrýady taşlamaň näme?
─ Gardaş, otrýadyňdan maňa heleý bolanok.
─ Gör, synpy düşünjäň ýok! Otrýad seni öýlendiribem biler. Nädersiň, aňyrsy iki aýdan heleýli bolaýsaň!..
─ Ýazjam, saňa oýun gerek, men seň ýanyňa gyssagly iş bilen geldim weli...
─ Ýok, gel, jedel edeli!..
Pürli Ýazjanyň özüne tarap ynam bilen el uzadanyny görüp, kürtdürip durdy, soňam çalarak ýylgyryp:
─ Beýtmesene, Ýazjam ─ diýdi. ─ Şu heleýli meselede men gaty ynanjaň bolupdyryn. Sen, gardaş, meň üstümden gülme. Oýun edýäň-ä, käşgä otrýadda birlän-ikilän gyz bolsa...
─ Söýşüp öýlenmeli...
─ Wah, gardaş, jähennem, men öýlenemsoň, söýmäge-de kaýyl.
─ Akmak, öýleneňsoň söýgi bolarmy? Öýleneňsoň çaga bor-da.
─ Wah, şu sapar bolmaz öýtmändik! Gardaş, o gyz birki ýola düýşüme-de girdi.
─ Bäh, sen ony gördüňemmi?
─ Göremok. “Jumalyň heleýine meňzeş” diýdiler.
─ Merez diýdiler, iliň heleýini düýşüňde görmäge utanaňokmy?
─ Maňa neme diýip aýtdylar: “Bir gözüniň agy köpräk diýmeseň, Jumalyň heleýini gör-de, şo gyzy gör”.
─ Hä, şu sözüň Jumala bir ýetsin, o dünýäden bärde gyz gözlemez ýaly eder.
─ Gardaş, sawçylaryň aýdanyny aýdýan.
─ Bir gözi çaşy gyzdan saňa heleý bolmaz.
─ Jumalyň heleýine meňzeş bolsa, men ikelläp razy.
─ Ependiňem alan heleýiniň bir gözi çaşy ekeni.
─ Gardaş, seň oýun edesiň gelýär.
─ Ependi öýüne näme getirse, çaşy heleýiniň gözüne iki bolup görünýärmiş.
─ Wah, maňa geregem şol! “Az” diýip iňirdäp otursa nätjek.
─ Soňuna gulak as... Ependem ilki begenipdir, ýöne bir gün nahar iýip otyrkalar, aýaly Ependä seredip: “Gapdalyňdaky oturan kim?” diýipdir. Ha-ha, ýeri, muňa näme diýjek?.. Ependi görgüli: “Heleý jan, nämäni goşalandyrsaň goşalandyr weli, äriňi bir goşalandyrmaweri” diýipdir, ha-ha-ha...
─ Gardaş, men seň ýanyňa...
─ Dur-la entek!.. Mämmediň uýasyny nähili görýäň?
─ Aý, walla, Ýazjam, sen-ä bejeräýdiň muny!
─ Heý, soňky döwürde gördüňmi şony?
─ Ötüşipdir-le, aý... gyza-da meňzänok şol-a.
─ Senem özüňi Görogly hasap edip ýörme.
─ Gardaş, edil Jumalyň heleýi ýaly bolmasa-da...
─ Duz ursun, Mämmediň uýasyny söý, gözüňe Jumalyň heleýindenem gowy görner. Ýaz çykaly bäri ýylmanaýypdyr. Akmak bolma, goşa-goşa ogul dogrup berer. Söýşeniň nämä degenok. Otrýada gel, men seni Mämmetlere äkideýin. Hojalygyna kömekleş, Mämmet keselbent adam, monça bolar. Bize-de abraý, özüňem... heý, deýýus, günüň geljek-le. Walla, özüm-ä Nury agaň gyzy dünýä inmedik bolsa, Mämmediň uýasyny sypdyrmazdym.
─ Ýazjam, men başarman!
─ Gözüne gül salarsyň! Mämmediň uýasynyň ýürejigine bir ot taşla, onsoň, ýöne çoýunyp oturmalysyň!.. Akmak, sen entek söýgi diýlen zady bileňok.
Ýazja lezzet bilen başyny ýaýkap, gündogara tarap seretdi. Gündogar tarapda, bu ýerden sesýetim daşlykda, köne haýatyň gabat garşysyndaky gara öýde onuň Güljesi ýaşaýardy. Alaça köýnekli, nogta saçly, derek boýly Gülje. Oba gyzlarynyň naýbaşy, merdi-merdanasy, ýürek mährini Ýazja bagyş eden Gülje!..
Barha gyzaryp, ot alyp, lowlap barýan gündogaryň ýalkymy ýazjanyň gödeksi meňzine täsin bir mylaýymlyk çaýdy. Onuň uzyn eňeginiň tagaşyksyzlygy, aşaky dodagynyň salpydygy, ýüzüniň süýrüdigi göze ilmedi. Bagtdan püre-pür möle gözleri barha giňelip, çaga sadalygyna meňzeş arassa duýgy bilen ýaldyrady. Göreçlerinde gündogaryň ody ýandy. Ýazja Güne derek, şol täsin ýalkymyň arasyndan parlap dogjak Güljesine garaşdy. Alaça köýnekli, nogta saçly, derek boýly Gülje! Ol Günden zyýada, asmandan arassa!..
Pürliň oňa gözi gitdi. Söýgi diýen zadyň manysy birinji sapar onuň beýnisine urdy. Ol söýgi diýen zadyň, hut, özüni gördi. Ol Ýazjady. Eger söýmek bagty Pürlä-de miýesser edäýse, gaýdyp hiç bir adam ony “Pürli kel” diýip kemsitmez. Eýse, Ýazjany kemsidýän barmy?! Ýogsa, Ýazjanyň görk-görmegi kimiňkiden artykmyş. Şonda-da obanyň iň görmegeý ýigitleri oňa göriplik bilen garaýar, sebäp, Ýazja olaryň köpüsiniň başarmaýan zadyny başarýar: aç-açan söýüp bilýär!..
─ Aý, Ýazjam, men başarman, gaýta, öňküden beter ile gülki bolaýmaýyn.
─ Sen onsuzam masgara, düýşüňde görýäniň iliň heleýi.
─ Nireden aýdypdyryn-aý...
─ E-eý, jyrun kel, bi dünýäň hözirinden dadan ýeriň barmy?!. Mämmediň uýasyny söý, men näm boljagyny aýdyp bereýin...
─ Sen özüňe osma.
─ ...asyl ýöne gijäň-gündiziň süýji düýş ýaly ýakymly bir zada öwrüler duruberer. Hemişe aýdym diňläp ýören ýalysyň.
─ Aý, biraz üstüne-de goşýansyň-la.
─ Ilki söý, onsoň diý näme diýjek bolsaň.
─ Gardaş, ine, ikimiz Mämmetlere bardygam-da?..
─ Mämmedi güýmemek meň bilen.
─ Näme diýmelidigini aýt, Ýazjam, edil öwredişiň ýaly, Mämmediň uýasyna aýdaýyn-da.
─ Äý, näme diýmelidigini bilmejek bolsaň, sendenem bir kel bormy?! Kel diýeniň bir ot ýaly bor-a, walla!.. Beýle namut bolsaň, onda: “Öten agşam Jumalyň heleýi düýşüme giripdir” diý.
─ Şeý diýsem, gabanar gerek?
─ Häý jän-ä!..
─ Aý, gardaş, sen-ä meni masgara etjeg-aý... Senem ilki bada Güljä şeý diýäýen dälsiň-le?
─ Diýemok, sebäp men iliň heleýini düýşümde göremok-da!.. Mämmediň uýasynyň ady nämedir-ä?
─ Döndi.
─ Heý, kel, diýseňem, öňden göwün berip ýören-ä dälsiň-dä?
─ Gurhandan ant içýän, Ýazjam, arada guýyň başynda tötänden gabat geldik.
─ Şonda söýmeli ekeniň-dä.
─ Gardaş, meň utanjaňlygym gursun!
─ Sargydym bolsun: bir göreňde söýgüniň, uzaga çekdigiň bolmaz. Galan işe gar ýagar. Söýjegiň çynyň bolsa, bararys weli: “Döndi, öten agşam sen düýşüme giripsiň” diý.
─ Ynanaýsa diý?
─ Ynandyrjak bol.
─ Munça bolanyna görä, sen beletsiň, Döndiň näme diýjeginem aýt, gardaş.
─ Nä, meni Mämmediň uýasydyr öýtdüňmi?! Ýöwselleme, kelhan, Döndi köňül berensoň, siziň öňüňizde müşgil zat bolmaz. ─ Ýazja ýene gündogara garady, ýene öz köňlüne maýyl bolup gep urdy. ─ Şo-ol böwri ýykyk haýatyň aňyrsyndaky garaja öýde bir gyz oturandyr. Häzir baryp sorasaň, Pürli jan, meň ýüregimiň islegini ýalňyşman aýdar beräýer. Gapylarynda ýolbars ýaly it daňylgydyr, şol it günüň bir ýerinde hökman boşanmalydyr. Ilden öňürti baryp tutmalam mendirin. Men-ä tutup, itlerini gapysyna elterin, ol görgülijigem maňa ýylgyryp garar. Bi zatlardan bihabar Nury aga-da it janawere käýinen bolar...
─ Wah, gardaş, Mämmetleň iti boşanaýsa diý!
─ Ha-haý, kelhan, kelhan... Döndi “boşan” diýse-hä boşanar, “boşan” diýmese-de... Bu gün bi Töre işanyň azany gutarmady-laý?..
Pürli boýnuny süýndürip zeýrenmäge durdy:
─ “Gurban baýram” diýip, obaň malyny gyrgyna berdiler, gardaş. “Mämmediň uýasy” diýdiň, başymy-gözümi aýladyň, ana, Günem dogdy. Kakam ýatakdaky janawerlerden zat goýan däldir. Aý, meňki bolmaz-la. O bäş tokly üçin eşegimizem satdyk. “Kolhoz guruljakmyş” diýýäler.
─ Akmak! Sen-ä bir akmak, kakaň sençe-de ýok.
─ “Iliň maly kolhoza geçjekmiş” diýýäler, çynmy şol?
─ Gaýrat bize näçe sapar aýtdy: “Ýalan, haw, şol, aldanyp ýörmäň” diýdi.
─ “Gaýrat şura hökümetiniň duşmany” diýýäler.
─ Ýene bir şeý diýeniňi eşitsem, duz ursun, edil owurdyňa berýän! ─ Ýazja egnindäki köne dony düýrüp, gahar bilen egnine atdy. ─ Ýör, kakaň ýanyna gitdik. ─ Ýazja germeçli ädim urup barşyna käýindi. ─ Şeýdip, Töre işana aldanyberiň bakaly, uçguryňyzdan başga zat galarmyka. Töre işan baýlaryň elindäki adam, akmak, şoňa bir düşün ahyry!
─ Baýlaryň özem öldürýä!
─ Goý, öldürsinler!
─ Ýaran baýyň öldüreni üçe ýetdi.
─ Göz edýändir.
─ Onda, gardaş, Rahmana näme diýjek? Ikisini öldüripdir.
Ýazja ýarasyna basylan dek gygyrdy:
─ Rahman ─ baý guýrugy, hammal!.. Dur-la!.. ─ Ol öýlerine garap, sakga durdy. Kakasynyň toklyny idirdedip barýanyny görende, gaşlarynyň arasy tapyşyp, süýri ýüzi ikä bölündi duruberdi. ─ Kaka!..
Kakasy toklyny saklap, ogluna garaşdy.
─ Kaka, başyňa döneýin, kaka, sen bir häzir duraweri!
Medet aga alňasaman jogap berdi:
─ Weý, oglum, il deňinde Gurban baýram etmesek, gelşiksiz bolmazmy?
─ Ertir bar, birigün bar, sen bir şu gün mal öldürme, kaka. Seň öldürip duranyňy görseler, duz ursun, meň sözüme ynanmazlar. Gaýrat ýok, baýlaryň güni geldi. Kaka, kim sorasa, “baýlaň aýdýany ýalan” diý. ─ Ol gyssanjyna Pürlä öwrülip janygdy. ─ Eý, akmak, özüň düşünäý: daýhanyň malyny aljak bolsa, onda hökümet daýhana ýer berip nätsin?! Kaka, bulara şonam ynandyryp bolanok, haw! Ynha, alynjak bolsa, baýlaryň maly alynmaly. Alynjagyny Gaýratyň özem aýdýardy. Kaka, sen meni ýüňsakgal etme, walla! ─ Toklynyň arkasyny sypanda, onuň sesi hasam mylakatly çykdy. ─ Bi janawerjigi ýatagyna salsana, ejeme-de “galmagal etme” diý, onsuzam galmagal gyt däl, kaka.
Medet aga ilki oýurganyp durdy, soňam sesini çykarman, toklyny ýatagyna alyp gitdi. Ýazja göwnühoş ýylgyrdy, gaşlary ýazylyp, süýri ýüzüne öňki bütewilik dolanyp geldi.
─ Hä’k, hemme adam meň kakam ýaly bolaýsa diý! Okadylýandyr özi... Kelhan, sen meň kakamça-da ýok. Otrýada barman, ynamdan düşdüň, men şony saňa ýene bir öwre aýdýan!
Olar säginmän Pürlülere gitdiler, biýol gitdiler. Çöp-çalamdan sowulmadylar, ýap-salmadan towsup geçdiler. Pürli boýnuny süýndürip, kä Ýazjadan öňe geçýärdi, kä yza galýardy, maý tapdygyndan gepleýärdi.
─ Gardaş, seresap bolgunyň... kakamyň ýanynda... Mämmediň uýasy hakda dil ýaraýma.
─ Sen Mämmediň uýasyna mynasyp däl!
─ Kakamyň göwni... “Ýene bir gezek bagty synaýsam” diýýä. Indi kowsalar, onda men Mämmediň uýasyna razy.
─ Haý, akmak.
─ Beý diýme, Ýazjam, o gyz has ýaşajykmyş... Duz ursun, “owadan” diýdiler. Nesibe çekip, öýlenäýsem, gardaş!.. Oň ýüzüni ilden öň sen görersiň.
Olar gara öýe arkasyny berip oturan Gandym agany gördüler. Onuň gapdalynda, gamyş düşegiň üstünde et ýaýrap ýatyrdy. Ýazjanyň bu adama haýpy geldi. Bu adam jepa üçin dünýä inip, gara güýji bilen at alan adamdy. Onuň jahyl döwründe gazy-haşara gatnaşyp, iki adam boýy ýaplardan gum zyňyşyny henizlerem ertekä çalymdaş äheňde aýdyp berýänler bardy. Ol mahabatlandyrylýan göwreden süňk bilen damar galypdyr. Onuň düýrülip, bir gysym bolup oturyşyny synlan adam ýyllar boýy sarp edilen güýjüň ylla harabaçylyga gygyrylan ses ýaly manysyz geçip gidendigini tassyklamakdan başga näme aýdyp bilerkä?!
─ Kaka, ynha, Ýazja hemme boljak zady bilýän ekeni, öz gulagyň bilen eşit. “Garybyň malyna kolhozyň dawasy ýok ─ diýýä. ─ Alynsa, baýlaryň maly alynmaly” diýýä. ─ Pürli kakasyny ynandyrmagyň ýeke özüne kyn düşjegini bilip, Ýazjany gyssady. ─ Düşündirsene!.. Ýaran baý irden gelip näme diýdi diýsene: “Kolhoza diňe garyplar girmelimiş, gireniňem, öňi bilen, maly alynjak” diýdi. Ýaran baýyň gepine ynanmalymy? Ýok, gardaş, sen kakama şony aýt!
─ Ýaran baýyň, heý, ömründe dogry gep aýdan ýeri barmy?!
─ Hä-ä, eşitdiňmi, kaka?..
Oglunyň dabarasy Gandym aga ýetmedi, ol: “Sen näme heşelle kakýarsyň?” diýen manyda ogluna seretdi. Onuň çukur gözlerinde perwaýsyzlyk, terkidünýälik bardy. Bu alamat boljak işiň bolandygyndan, düşündirjek bolup azara galyp durmagyň manysyzlygyndan habar berdi.
Olar boşan ýataga garap dymdylar. Öýüň gapdalynda iki kelle bilen sekiz sany aýak ýatyrdy. Ölen goýunlaryň derisi ýokdy, bolmalam däldi. Gurban baýramyň kadasyna görä, olary Töre işanlara eltip bermelidi.
Pürli Töre işanyň azan sesiniň galandygyny edil şu mahal aňşyrdy. Ol ses hazan ýeli ýaly aýylganç ýatlama bolup ýigidiň ýüreginde hemişelik galdy.
─ Bir zat diý-le, kaka, ýoklan bolsaň, “ýokladym” diý!..
Gandym aga baş atdy, ajy hakykaty boýun almak oňa agyr düşdi. Birden gözüne ýaş indi. Gözýaşy gizlemek ýaşula başartmady, bada-bat ýüzüni aşak salanam bolsa, gabakdan dökülen uly damja takyr ýere syçrap düşdi, kem-kemden ýere siňdi, siňdik saýy ýaýrap, tegelek gara tegmil emele getirdi.
Gandym aga bolşundan utanýan ýaly hasam düýrüldi, hatda ýag ýokundan ýaňa gök damarlary ýaldyrap duran elini nirede gizlejegini bilmedi. Gahar bilen burnuny çekdi.
Bolan wakany Pürliniň ejesi aýdyp berdi. Sümsünip geçmiş Ýaran baý, asyl, ýönelige gelmän ekeni. Şum habar aýdyp, ýaşulynyň başyny aýlany bilenem oňmandyr. Üç toklyny maýryk eşege çalşyp gidipdir.
Pürli galmagal turuzdy:
─ Şol husydyň maýryk eşegi biziň gapyda dursa görýäs-dä! Üç toklyny nejisiň özüne sürdürip getirmesem...
Gandym aga sandyrap aýak üstüne galdy:
─ Musulmana gelişmejek iş etme!
Pürli ahmyr bilen başyny ýaýkap, lampa özüni ýere goýberdi. Häzir alaçsyzlykdan ulili bilen möňňürse-de, kakasyny raýyndan gaýtarmak üçin onuň aýagyna ýykylyp ýalbarsa-da, oňa gelişjekdi. Häzir gahar onuň gulagyny gapyp, ýüregini daşa öwrüpdi. Gaharyň güýjüne çydaman, gara ýeriň üstünde togalanmagam ähtimaldy.
Ýazja gep atmakdan ätiýaç etdi. “Jany ýanan taňrysyna gargar” diýen ýaly, häzir islendik sözüň manysyna Pürliniň ýalňyş düşünmegi mümkindi. Alagadan, Ýazjany kişiň hesretine düşünmezlikde aýyplaýsa nätjek! Dogrudanam, Ýazjanyň ykbaly Pürliniňkä garanda ganymat. Edil şu pursat Ýazja öz ganymat ykbaly üçin alada galdy. Pürliniň öňünde ýazykly ýaly oňaýsyzlyk duýdy. Sessiz-üýnsüz onuň hesretine garap durmaga çydamady, goşulmaňam ebeteýini tapmady, aýagyny süýräp gaýtdy. Bu gaýdyşyny namartlyk hasap etdi, ýöne şu namartlygam oňa çykalgady.
Ýazja hiç ýerde säginmän, oba şurasynyň jaýyna tarap gitdi. Obanyň beýle çetine çykýança köp zat gördi. Öý saýy ojak gazylyp, gazan atarylypdyr. Gazana ot salyp duran obadaşlary Ýazja höwessiz seretdiler. Ýazjanyň howsalasyna olaryň düşünesleri gelenok. Olaryň gözi gapylypdyr. Ýazja-da olara: “Gurban baýramyňyz kabul bolsun!” diýmedi. Ýazjanyň olardan öýkesi bardy. Olar beýnisi bekemedik çaga meňzeýärler...
Diňe Agahanyň ýurdundan tüsse çykanok. Bu alamat Gaýraty ýatladýar. Wah, bu oba Gaýrat ýetenok!.. Gaýrat gideli bäri, bu howly Ýazjanyň gözüne başgaça görnüp ugrady. Gaýrat barka boşan howly Agahana urlan zarbanyň göze ilip duran nyşanydy. Indi çola howly Ýazjanyň gözüne “eýeli” haraba ýaly gorkunç göründi. Ýigit öz göwnündäkini tekrarlady: “Şu howlyny ýer bilen ýegsan etmeseň, entek biziň oba düzelmez!.. Wah, Gaýratyň gerek ýeri!.. Gaýrat giden güni otrýadyň arzysy gaçdy. Köse oglanlary ýeke gezegem çagyranok. Iň bolmanda, Ýazjanyň täk özüni çagyryp: “Otrýada özüň eýelik et” diýse-de boljak weli, şonam edenok. Diýmese, diýmänler geçsin! Gaýrat diýip gitdi, oglanlaram eşitdi. Ähtimal, otrýada baştutanlyk etmek üçin Köse başga bir adamy gözläp ýörendir. Gözläbersin, Ýazjadan mynasyp adamy tapasy ýok. Ýazjanyň aýdanyna ene-atasy gulak asýar. Ýazja aç-açan söýşüp bilýär. Ýazjanyň galyňsyz öýlenjegini tutuş oba bilýär. Asyl, şu obada şura hökümetiniň ýoluny Ýazjadan gowy tutýan beri barmy? Ýok, ýok!..”
Ýazjany öwünýändir öýtmäň, Ýazja hakykaty aýdýar. Hakykat barha gerim alyp, birdenem obanyň ykbaly tutuşlygy bilen Ýazjanyň gerdenine düşdi duruberdi. Ýazja ýegşerilmedi, gaýta, ýakymly buýsanç onuň mertebesini belende göterdi. Ol şol belentlikden oba garady. Öňi bilen Agahanyň ýurdunda ýumurtga togalabermeli tekizlik gördi. “Ýerini sürägeden, arpa sepmeli” diýdi.
Ýaran baý Gandym aga bilen Pürliniň aýagyna ýykylyp aman soraýar. “Sorabersin, bagyşlamak bolmaz, eger bagyşlasak, özümizi kemsitdigimiz bolar” diýdi.
Pürli guýyň başynda, bütin obadaşlaryna göz edip, Mämmediň uýasynyň näz-kereşme bilen uzadan suwly küýzesinden teşne ýüregini gandyrýar. “Meniň göreldäme eýeren adam gaýdyp hiç mahal otrýady taşlamaz” diýdi.
Obadaşlary toý gazanlaryny atarypdyrlar, olar Töre işanyň azan sesine gulak asanoklar, olar Ýazjanyň gowy habar aýtmagyna garaşýarlar. Ýazja olara Gaýratyň gelýändigini buşlaýar. Toý, şagalaň başlanýar. Bu dabara oba şuranyň başlygy Kösä ýaranok. Ýaramasa, ýaraman geçsin! Indi adamlar Ýazjanyň göwni bilen, olar Ýazja ynanýar! Ýazjanyň diýeni bolan ýerde hiç mahal Kösä hormat bolmaz!
“Köse, saňa jan gerekmi, pyçak?”
“Wah, jan gerek, Ýazja jan, jan gerek!”
“Sen meniň aýagyma ýykylyp, özüňi paş edýäň, Köse! Haýýarlyk bilen meniň ýüregimi eredip bilmersiň. Ýazja adalatly adamdyr. Adalatly adamyň ýüregi hemişe adalatsyzlyga gezek gelende rehimsizdir. Tur, beýdip masgara bolup ýatma, üst-başyň gumuny kak!..”
“Ýok, tä günämi ötýänçäň, ýerden galman, aýagyňa çolaşaryn ýataryn”.
“Köse, biziň obada saňa orun ýok. Sen wezipäňden boş! Seni boýnuňa şakyrdyk dakyp kowmaly!”
“Ýazja jan, rehimiň insin, meni çagalarymdan aýra salma! Ýeri, men obadan çykyp nirä gideýin?”
“Nirä gitmelidigiňi Ýaran baýyň maýryk eşegi aýdar. Men seni şol eşege ters mündürip, kowup goýbermegi makul bildim. Meň sözümi perman hasap et!”
Ýazja öňündäki belent gapyny bat bilen itip, permanynyň gutarnyklydygyny subut edýän ýaly, haýbatly gadam bilen içeri girdi. Onuň öňünde eli sapançaly Köse durdy. Ýazja çyndan alňasady. Ýat ýerde ýatyp, turanyna ynanmaýan adam ýaly geňirgenme bilen töweregine garady. Soňam utançly ýylgyrdy.
Köse jabjyndy:
─ Ýagy döküldimi?
─ Ýok-la...
Köse sandyraýan elindäki sapançany stolunyň tahylynda goýdy.
─ Äl, bolsa-da, Medet ýetimiň ogly, sen-ä zährämizi ýardyň...
Köse höwessiz ýylgyrdy. Bu sözden gorkanyny gizläp bilmedik adamyň mejbury aç-açanlygy duýuldy. Onuň gany gaçan ýuka dodaklary kem-kemden reňkine geldi. Ol stoluň gyrasynda duran telpegini iki eli bilen göterip, emaý bilen kellesine geýdi. Öňündäki kagyzlary rejeläp, tahylynyň düýbüne bussurdy. Hysyrdysy gutarýança birgiden zady aýtmaga ýetişdi. Öňi bilen ýaşamagyň iňňän howpludygyndan zeýrendi. Gazetleriň ýazmagyna görä, basmaçylar gün-günden guduz açýarlar. Olar ýene üç sany oba şura başlygyny rehimsizlik bilen öldüripdirler.
─ Hudaýa şükür, henizem biziň oba imisalalyk. Umuman, meniň pikir edişime görä, oba dökülmäge Agahanyň bogny ysmasa gerek...
Ol: “Sebäp, men oba şuranyň başlygy!” diýen äheň berdi. Bu göz-görtele magtanmakdy. Ýazjanyň gahary geldi. Onuň aýagyna ýykylyp, aman soramaly adam, gaýta, öwünjek bolýar. Ýeri, ölermiň-ýitermiň!..
─ Ýaşuly, obada bolýan bişeýkel ýagdaýdan habaryňyz barmy?
─ Habarym bar, obada Gurban baýram edilýär. Asyrlar boýy edilip gelinýän däp-dessury men gadagan edip bilmen. Biz gadagan edemizde-de, halk unamaz. Halkyň tersine gitmäge bize hiç bir adam hukuk berenok. Asyl, beýle zat şura hökümetiniň kanunynda-da ýazylmandyr.
Köse: “Indi näme diýerkäň?” diýen manyda tomaşa bilen Ýazjanyň ýüzüne çiňerildi.
─ Ýaşuly, ilaty maldan çykardylar, haw!
─ Bilýän, habarym bar. Ýer astynda ýylan gäwüşese, men habarly. Şura hökümeti şu kürsini maňa peşgeş berendir öýtmäň. ─ Köse keýpsiz gülüp, aýdanynyň dogrulygyny görkezýän ýaly, howlukman oturgyjynda oturdy. ─ Üstüme abanyp durma-la, otur hany... Agahanyň neberesiniň oda düşýänini geň-taň görmegin, hökman bolaýmaly zat. Emläk elden gidip barýar, Günleri ýaşjak! Mollalary ýygnap edilen maslahatdanam habarym bar. “Iliň maly kolhoza nesip etmesin” diýipdirler. Mämi çopanyň gapysynda iki goýny bar ekeni, ikisinem öldüripdir. Şady goýun öldüreni bilen oňman, öküzçesiniňem damagyny çalypdyr. Gün dogýança, obada üç sygyr öldürdiler.
─ Gandym aga görgüliň toý üçin ýygnan maly gitdi.
─ Dogrudyr.
─ “Dogry” diýip oturmalymy onsoň?
─ Alajyň näme? Meýletin edýärler, her kimiň öz maly.
─ Ýaran baý dagy olary aldap ýör, haw!
─ Goý, aldasyn, bize geregem şol-da! Sen ýaşkiçi, meň sözüme gulak as. Häzirki wagt ilatyň başyna mojuk synag düşdi. Synag! Häzir iňňän seresap bolmaly. Sebäbini aýdaýynmy?.. Eger biz Töre işanyň wagyz-nesihat edýändigini nazarda tutup, aýdaly, oňa temmi bermeli diýsek... Hany, aýt özüň, biz kimiň gözünden düşeris? Halkyň! Sebäp diýseň, halk entek Töre işana ynanýar. Goý, ynansyn! Erteki gün olar nähili adama ynanandyklaryny bilerler, şeýle dälmi?! Bilen günleri Töre işana ynam gaçar! ─ Köse kyn meseläni aýdyňlaşdyrmak aňsat başardan ýaly, göwnühoş ýylgyrdy. ─ “Sabyrly gul dura-bara beg bolar!” Gaýrat, ine, edil şu meselede hata goýberendir. Howlukdy. Adamyň matlaby etmişi bilen ýüze çykýar ahyry, goý, göwünlerindäkini etsinler, ýogsa, olaryň kimdigini bilip bolmaz-a!..
Kösäniň göwnüne aýdýan pikiriniň dogrulygyna şübhe bolmaly däldi. Bu arassa, ümsüm otagyň içinde öz pikiriniň mamladygyny subut edip bilmejek bolsa, hany onuň okumyşlygy?! Onuň garşysynda beýnisi bekemedik, ýönekeý bir daýhan ýigit otyr. Iň esasy zat, oňa böwşeňlik berme, şübhelenmegi ähtimal. Hüjüm etmeli, diňe hüjüm etmeli!
Köse çeýe göwresini ýaýbaň stoluň üstüne taşlap, ezberlik bilen dowam etdi.
─ Biz oda düşmänimizde-de, şura hökümetiniň güýji zordur, özüne ýol açar. Men muny näme üçin diýýän: ýeňmek üçin hemişe aýaga ýapyşmaly diýip düşünmäň. Şu mahal, aýdaly, kimiň güni ýaman? Baýlaryň! Goý, onda baýlar ot alsyn! Olar biziň garşylygymyza garaşýarlar, olara dawa-jenjel gerek. Güýçli adamyň ajaýyp bir häsiýeti bolmaly: ejizi äsgermän heläk edýär. “Sen barmysyňam” diýenok, öz işi bilen. Biz häzir şeýle etmeli. Olaryň içi ýanar, guduz açarlar.
─ Berbatçylyk ederler, pida köp bolar-da?
Köse garşylykly sowala garaşyp oturan ýaly, aýratyn bir tutanýerlilik bilen:
─ Pida bolmaz ýaly etmeli! ─ diýdi. ─ Nädip etmeli? Häzir men saňa düşündireýin... Şu günki ýagdaýy alaly. Baýlar: “Malyňyzy öldüriň” diýýälermi? Goý, diýsinler! Şolara ynanyp, öldürýän barmy? Goý, öldürsinler, azar bermäliň. Olar guduzlady diýip, bizem guduzlap bilmeris-ä! Ýok, guduzlajak diýseň, onda topalaň turar, baýlaryň diýeni bolar. Bigünä adamlar öler... Siz akmak bolmaň, janyňyzy aýajak boluň, jahyl janyňyz bar, siz şura hökümetiniň ertirki güni üçin gereksiňiz! Eger baýlaryň islegi mal bolsa, goý, öldürsinler! Mal diýeniň tapylar, adam tapylmaz! Ine, özüňden mysal tutaly: alagadan, duşman güllesinden öldüň-dä, saňa derek Medet aga müň süri goýun berende näme haýry bar?! Goý, adam ölenden, mal ölsün!
Köse oturgyja arkasyny berip dymdy, gürrüňi gutardy hasap etdi, Ýazjanyň sesini çykarman turup giderine garaşdy. Medet ýetimiň daýhan ogly turup gitmedi, onuň ýaýdanýan ýaly bir zatlar diýjek bolup oturyşy Kösäniň yhlasynyň ýerine düşmändigini aňlatdy.
Ýazja diýjegini morta diýip goýberdi.
─ Mal ölse, adamam öler-dä.
─ Ölmez.
─ Öler! “Malym ─ halym” diýipdirler-ä.
─ Sen bi meselede ata-babaň aýdanyny tutaryk edinjek bolma.
─ Näme diýseň diý, ýaşuly, ähtimal, siziňkem dogrusa, dogrudyr weli, baýlaryň gaty gidýäni belli zat! Men-ä otrýady ýygnamaly diýjek.
Köse laňňa ýerinden galdy.
─ Şol otrýad dälmi, Gaýratyň başyny iýen?! ─ Gygyranda Kösäniň sesi inçelýärdi, damary ýüzüne çykyp ugrady. ─ Basmaçy dökülen mahaly otrýad ýygnalar, bolmasa... Parahat obanyň arasynda ýarag şakyrdadyp, adamlaryň kalbyna dowul salyp ýörmek ─ iň aýylganç zat! Otrýadly meseläni gutardy hasap edäý. Indi bolsa, Medetiň ogly, saňa degişli söz bar. Otrýadyň ady bilen adamlary aldatmagy bes etmek gerek!
Ýazja ýüzüne tüýkürilen ýaly oňaýsyzlyk duýdy.
─ Men kimi aldanmyşym?
─ Nury agalara barmak üçin otrýaddan başga bahana tapmadyňmy? Otrýadyň wezipesi her kimiň ýerini sürüp, odunyny daşamak däl. Nuryň giýewsi bolasyň gelýän bolsa, oňa garşylygym ýok, ýöne şahsy hyzmatyňy otrýadyň üstüne ýüklemegi, şu günden şeýläk gadagan edýärin! Seniň şahsy bähbidiň otrýadyň wezipesine girenok! ─ Köse paşşyk burnundan ýel goýberip, öňkä görä ýuwaş gürledi. ─ Syýasy taýdan goýberen gödek ýalňyşlygyň üçin men seni otrýadyň hataryndan çykarmagy makul bildim. ─ Köse tahylyndan bir tagta kagyz çykaryp, güjeňleýän ýaly elinde galgatdy. ─ Şu ýerde seň adyň bolmaz.
Ýazja mölterilip durşuna, sarsman, sabyrlylyk bilen Kösäni diňledi, soňam birden ajy ýylgyryp goýberdi.
─ Hany, göreli bakaly, mensiz otrýad düzermikäň!?
─ Ine, otrýad!
─ Ha-ha, onyň-a bir tagta kagyz!.. Ojagaz kagyzyňa bar-a, ýaşuly, git-de ... süpür!
Köse sapançasyna ýapyşdy.
─ Hetdiňi tana!
Ýazja alňasaman, gapa ýöneldi, bosagada aýak çekip:
─ Otrýadyň agzasy hökmünde edil häzir şähere gitjek ─ diýdi. ─ Obanyň ýagdaýyny bolşy ýaly aýdaryn, göreli bakaly, näme diýýäler?!.

Dowamy: Janserek - roman / 19

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Aýgül_Garaýewa • 11:05, 30.04.2024
Töre işanyň azany dowam etdi. Ol haýwanlaryň gaharynyň tersine, adamlaryň kalbynda egsilmejek kanagatyň bolmagyny küýseýärdi. Adamlar şu pursat Allatagalanyň öňündäki borjuny berjaý edýärdiler. Bu borç ýer ýüzündäki ähli jandardan ýokary bolmaly. Eger derwaýys bolsa, adam ähli jandary Hudaýyň ýoluna gurban edip biler. Bu taýda hiç hili wagşylyk ýokdur...

Onuň düýrülip, bir gysym bolup oturyşyny synlan adam ýyllar boýy sarp edilen güýjüň ylla harabaçylyga gygyrylan ses ýaly manysyz geçip gidendigini tassyklamakdan başga näme aýdyp bilerkä?!...

Bu gaýdyşyny namartlyk hasap etdi, ýöne şu namartlygam oňa çykalgady...

Janserek
avatar
0
2 Mekan2 • 11:27, 30.04.2024
aslynda Töre işan ertir namazy üçin azan aýdandyr. gurbanlyk mallaryň damagy bolsa baýram namazyndan soň çalynýa. 1. baýram namazy üçin azan aýdylmaýa; 2. baýram namazy Gün naýza boýy galandan soň okalýa.

wakaň bolan döwri bilinse-de, eseriň ýazylan döwri bu zatlary gowy bilinýän däl bolmaly.

başga-da bar şonýaljak zatlar.
avatar
0
3 Merdan • 16:02, 30.04.2024
Ýok ol azan dăl, başga bir zatlaý, menä "kuran okalýar" diýäýýän. Garagalpagystana gidemde göripdim. Gurbanlyga aýlanýan jemagat üýşip metjide barýança üzlem saplam okalyp durulýar. Soñ ymam adamlar aýtýar "Gurbanlyk ilki pylanylardan başlayandyr, soñam pylany, ondan soñam pylany ýa pylany haysysynyñ nahary ilki tayyar bolsa girăyiñ, isrip etmåñ halaýyk iyilmejek bolsa ertire goýyñ" diýýär.
avatar
0
4 Мango • 12:11, 02.05.2024
ýazyjy şu bölümde azajyk tarap tutjak ýaly edipdir...
---
"─ Akmak, öýleneňsoň söýgi bolarmy? Öýleneňsoň çaga bor-da."
genialnyý! :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203