00:11 Gar adamlar / nowella | |
Bu gyş şeýlebir galyň gar düşdi welin, paýlasaň hemmä-de ýetjek. Bazarda çagalar gar adam ýasaşyp, ber-başagaý bolşup oýnadylar. Uly bazar bolansoň, bu ýeriň mydama märekesi ýetik. Birentek edaralaryň penjirelerem şol taýa bakyşyp dur. Bazar bolsa muňa hiç hili ähmiýet bermän, gaýta gitdigiçe gyzyşmak bilen. Ine, çagalaram onuň orta gürpräginde gyk-bak edişip, gardan gülkünç adam şekilini ýasadylar. Ilki bilen ullakan gary tokgaladylar. Bu garyn boldugy. Soň kiçeňrägini — bu onuň eginleri bilen ýagyrnysy. Soňra has kiçijigini kelle ýerine oturtdylar. Ykjamja ildirer ýaly, ilik deregne gara kömür bölejikleri dakyldy. Burun ýerine käşir sanjyldy. Garaz, adaty gar adamy. Gyş günleri bu zeýilli adamjyklaryň set müňüsine ýurdumyzyň islendik künjünde-de duş gelse bolýar, sebäbi bizde gar gytçylygy ýok. Bu güýmenje çagalara egsilmez şatlyk paýlaýardy. Olar, bir söz bilen aýdanyňda, bagtyýardy. Ötegçiler birsellem gar adamsyny synlaşyp, ýene ýollary bilen ötägidýärdiler. Edaralaram hiç zat bolmadyk ýaly, öz gündelik hysyrdylary bilen gümrady. Çagalar arassa howada oýnap, ýaňaklaryny gyzardypjyk, öýe işdäleri açylyp gelende, kakalary monça boldy. Emma agşamaralar, bütin maşgala öýe ýygnanan çagy, birdenkä kimdir biri gapyny kakdy. Bazardaky gazet satyjysy gelen eken. Ol giçlänligi üçin ötünç sorady, ýöne käbir pikirlerini çagalaryň ene-atasy bilen paýlaşmagy özüniň mukaddes borjy hasaplaýandygyny aýtdy. Elbetde, çagalar entek juda gögele, uzynly gün göz-gulak bolaýmasaň, dili gysga edäýmekleri ahmal. Ol beýle mesele bilen gelmegi uslyp bilmese bilmezdem welin, ýöne, nätjek-dä, neme-dä… o tüki, diňe çagajyklaryň hatyrasy üçin, häki bir terbiýeçilik maksady bilen geldi-dä. Hawa, bärde gürrüň gar adamynyň käşir burny barada barýar. Näme üçin ol gyzyl bolmalymyş? Dogry, satyjynyň özüniňem burny gyzyl, ýöne ol arak zerarly däl, sowuklamadan gyzarýar. Bu çagalara uly iliň öňünde onuň burnuny ýaňsylamaga esas bolup bilmez ahyryn. Garaz, ol indi beýle zadyň gaýtalanmazlygyny soraýar. Bu-da ýöne, häki bir terbiýeçilik maksady bilen-dä. Satyjynyň şikaýaty çagalaryň kakasyna örän ýokuş degdi. Dogrudanam, goý, biriniň burny gyzarypmyşam-da, ýa başga bir zat bolanda-da, tapawudy ýok, hiç kimiň üstünden gülmeli däl. Muňa olaryň entek doly akyly çatýan däldir. Ol çagalaryny ýanyna çagyryp, gazet satyjysyny görkezdi-de: — Siz gar adamyna, dogrudanam, şu daýynyňky ýaly çym-gyzyl burny bilgeşleýin oturtdyňyzmy? — diýip hemle atdy. Çagalar bir-birine aňalyşyp, garaçynlary bilen geň galdylar, ilkibaşda olar nämäň gürrüňi edilýändigine-de doly akyl ýetirmediler. Ahyry düşünenlerinden soň, beýle zat barada eger-eger pikirem etmändiklerini ýaňzytjak boldular. Ýöne kakalary, häki bir göz üçin, temmi hökmünde çagalary agşamlyk naharyndan kesdi. Gazet satyjysy minnetdarlyk bildirip ötägitdi. Ol çykyp barýarka, işikde ýerli ýaşaýyş-jaý edarasynyň ýolbaşçysy bilen gabatlaşdy. Başlyk içeri girdi-de, özüni — gadyrly myhmany gara-gadyr garşylan (näme diýseňem, başlyk adam-da) öý eýesi bilen salamlaşdy. Ol çagalara gözi düşenden ýüzüni kürşerdip, bir zatlar hüňürdedi, soňra: — Bu sümükçileriň üstüni basanym gowy bolaýdy — diýdi. — Siz olara berkje daraň! Olar heniz dynnym ýalyjak bolsalaram, gaty köpbilmiş eken. Şu gün edara ammarynyň äpişgesinden bakanymda, daşarda näme görendirin öýdýäňiz?! Olar arkaýyn gar adamyny ýasaşan bolup ýör… — Hä-ä, sizem şo burun barada aýtjak bolýansyňyz-ow… — diýip, kakalary welilik satan kişi boldy. — Burun — owarram-la! Göz öňüne bir getirip görüň-ä, olar ilki bir topbak gar tokgaladylar, soň ýene birini, soňra üçünjisini. Ahyrynda-da olary biri-biriniň üstünde oturtdylar. Eýse, bu barypýatan bihaýalyk dälmi! Öý eýesi nämäniň nämedigine düşünmedi. Başlyk öňküdenem beter gyzyp gürledi: — Düşüneňizokmy? Olar beýtmek bilen biziň edaramyzyň ogry-jümrüleriň mesgenidigine kakdyrýar, bu ýerde ogryň üstünde ogry otyr diýjek bolýalar. Töhmet, barypýatan töhmet bi! Beýle habarlar metbugatda çap edilse-de edilýändir, ýöne oňa delil getirmeli. Her öňýeteniň bazarda bu hakda ile peçan edip ýörmegine ýol bermeris. Şundan soň başlyk olaryň entek çagadygyny, oýlanyşyksyz hereket edendiklerini göz öňüne tutup, jogapkärçilige çekmekden saklanýandygyny aýtdy, ýöne dagy-duwara bu zeýilli hokgalaryň gaýtalanmazlygyny talap etdi. Çagalardan gar tokgalap, biri-biriniň üstüne goýanlarynda, dogrudanam o ýerde ogry üstüne ogry oturandygyny ýaňzytdyňyzmy diýlip soralanda, olar başjagazlaryny ýaýkaşyp, gözjagazlaryny petredip, şumjaryberdiler. Barybir, kakasy sapak bolsun diýip, olary burçda duruzdy. Ýöne munuň bilen bazar sowulmady. Bir ýerlerden paýtunyň jyňňyrdysy eşidilip, sesi edil daş işikde kesildi. Gapyny birbada iki adam kakdy. Biri egni gymmat içmekli semiz pyýada, beýlekisem hut şäher geňeşiniň başlygynyň özi bolup çykaýsa nädersiň! — Biz çagalaryňyz hakda gepleşmäge geldik — diýip, bularyň ikisem bosagadan ätläp-ätlemänkä biragyzdan dillendiler. Şeýle myhmanlaryň gelip-gitmesine eýýäm öwrenişiberen öý eýesi olaryň kimdigini anyklaryna, oturgyç äbererine mähetdel, geňeş başlygy dessine söze başlady: — Siz jemgyýetçilige zyýan ýetirýän güýçler bilen bir öýde neneňsi ýaşap bilýäňiz? Ýa syýasat bilen gyzyklanaňzokmy? Boýun alyň! Öý eýesi özünden syýasat hakda soralmagynyň sebäbine-de düşünmedi. — Bu hereketleriňizdenem bildirýär. Halk häkimiýetini ýaňsa almaga kim het edip bildi? Siziň çagalaryňyz! Meniň iş otagymyň penjiresiniň gabat garşysynda gar adamyny goýan şo tüpbozanlar dälmi, eýsem? — Düşünýän… — diýip, öý eýesi öz ýanyndan mydyrdady. — Bu ogry üstüne ogry otyr diýildigi… — Ogurlyk owarram-la! Geňeş başlygynyň penjiresiniň öňünde gar adamyny ýasap goýmaklygyň nähili gabahatlykdygyny bir bilýäňizmi?! Adamlaryň men hakda näme samahyllap ýörendiginden habarym bar. Näme üçin çagalaryňyz, aýdaly, Adenaueriň penjiresiniň öňünde beýdenoklar, hä? Näme üçin? Diliňizi ýuwutdyňyzmy? Agzyňyza suw alan ýaly aňalyp durmagyňyzyň özem köp zady aňladýar. Mundan degişli netije-de çykararyn, berk çäre-de görerin. «Çäre» sözüni eşiden badyna başlygyň gapdalyndaky semiz pyýada zöwwe ýerinden turdy-da, yzyna gaňryla-gaňryla, daraklygyna basyp, gapa bakan ýöredi. Daş işikden ýene jyňňyrdy eşidildi. Ol ses gitdigiçe peselip, uzak-uzak bir ýerlerde doňup galdy. — Şonuň üçin, gadyrdan, sen mazalyja oýlan! — diýip, geňeş başlygy aýdanlaryny tekrarlady. — Hä-ä, ýene-de bir mesele bar. Öýde eşigimiň iliklerini ildirmän gezýänligim — meň öz işim. Çagalaryňyzyň munuň üstünden gülmäge haky ýokdyr, howwa. Gar adamynyň ilikleriniň hemmesini ildirip goýan bolup, näme diýjek bolýandyklaryny gowy bilýän. Ýene bir gezek gaýtalap aýdýan, islesem, öz öýümde jalbarsyzam gezerin. Çagalaryňyzyň munuň bilen hiç hili işi bolmaly däl. Şony bek belläň! Öý eýesi bir çetde gözlerini tegeleşip, müýnürgäp duran çagalaryny çagyrdy-da, olardan gar adamy ýasamak bilen, jenap başlygy göz öňüne tutandyklaryny, üstesine-de, ähli iliklerini dakmak bilen, başlygyň öýünde döşüni açyp gezýändigine kakdyrandyklaryny boýun almagy talap etdi. Çagalar ýerli-ýerden möňňürişip, gar adamy hiç bir sebäpsiz, häki bir oýun, güýmenje üçin ýasandyklaryny, hiç kese ýamanlyk islemändiklerini ynandyrjak bolup jan etdiler. Ýöne kakalary indi çagalary diňe burçda duruzyp, agşamlyk naharyndan kesmek bilen çäklenmedi, üstesine, olara gaty ýerde, dyzlarynyň üstünde oturmagy buýurdy. Şol agşam gapy ýene birnäçe gezek kakyldy, emma öý eýesi ony açman oturdy. Ertesi, seýilgähiň deňinden geçip barýarkam, çagalary ýene şol ýerde gördüm. Bazarda oýnamak olara gadagan edilipdir. Çagalar nämä güýmenjegini bilmän duran ekenler. Olaryň körpesi ekabyrraklaryna sala saldy: — Geliň-eý, ýene gar adamyny ýasalyň! Beýleki biri: — Aý, ýönekeý gar adamy ýasajakm-aý? Ýürekgysgynj-a! — diýdi. Üçünji çaga-da jedirdedi: — Boluň, onda, gazet satýan daýyny ýasalyň. Oňa çym-gyzyl burun oturdalyň. Burny arak içýäni üçin gyzarýan eken. Düýn özem boýun ald-a. — Aý, meň-ä şo-ol edaraň başlygyny ýasasym gelýä! — Menem geňeş başlygyny ýasajak, sebäbi ol pis adam. Özem oňa köp-köp ilik dakjak, ýogsam öýünde ýakasyny açyp gezýä. Jedel gyzyşdy. Ahyrsoňy gezekli-gezegine olaryň hemmesinem ýasamak kararyna geldiler. Şeýdip, çagalar ýene-de ala-şowhun turzup, işe girişdiler. © Slawomir MROŹEK (Polşa) Terjime eden: © Maksat BÄŞIMOW | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |