16:51 Entek ir / hekaýa | |
ENTEK IR Awtobusa yzky gapysyndan münüp, gönümel garşymdaky oturguçda ornaşdym, beýleki orunlaryň bary eýeli. Elimde telefonymy gysymlaýan, oňa baglanan gulaklygymdaky sazyň daşyna-da eşidilýäninden habarym bar. Köçede şäher durmuşynyň adaty wagyrdysy höküm sürýän wagty, meň kellämde köplenç rep aýdymlary güwleýär. Gözüm bolsa ýanýodadan ýöräp gelýän owadan gyzlarda... Birdenem nazarym ýetip gelen duralgamyzdaky kelte boýly, çala bili bükülen hor gojada eglendi. Başy gara silkme telpekli, bir garyş sakgalynyň ujy küle batyrylyp çykarylan ýaly, egnindäki donam şol kül bilen reňkdeş. Ýüzi Güne ýanyp, derisi gurap, etsiz-gansyz süňküne ýelmeşip giden. Dodagyny çala müňküldedip, tesbi sanaýar. Ýaşy segsenden-ä, hatda togsandanam agan bolmagy ahmal. Awtobus pyşşyldap, gojanyň gabat garşysynda gapysyny açdy. Ýaşuly çala küýkerlip, äwmezlik bilen basgançakdan galdy-da, agyr ýazygy bar ýaly boýnuny burup, demir tutawaja söýendi. Oturanlaryň ýaşkiçisi men bolamsoň, dessine telefonymdaky aýdymy öçürdim, gulagymdakynam sogrup, simini goşaryma oradym-da, goja ýerimi hödür etdim. – Ýaşuly, geçiň, oturyň. Ol üns bermän, başga tarapa bakdy. Bilegine çalaja barmagymy degrip: – Eşidýäňizmi, ýaşuly, boş orun bar – diýenimde, ol birden öwrülip, gözümiň içine dikanlap seretdi. Tukat, öçügsi göreçlerini görüp, göwrümim daralyp gitdi. Garrynyň gözlerinde irginlik syzylýar, olara agyr ýyllaryň ejiri, ýitgileriň hasraty möhür basan ýalydy. Nazaryndan ýaňa sandyranymy bilmän galypdyryn. Şonda-da ondan ýüzümi sowmadym: – Geçiň-dä, ýaşuly. – Ýok, köşek, özüň oturyber, maňa entek ir – diýip, goja näme üçindir, ýüzüme naýynjar garady. Men onuň aýdanlaryna düşünmedim. Nämä irmiş? Ýa bu işigaýdan özüni entegem juwan hasaplaýarmyka? (ýaşyň gaýtdygyça işiňem gaýtmaýarmy näme?) – Ýok, atam, siz aýak üstünde dursaňyz, oturyp bilmen – diýip, menem ýeň bererli däl. – Dogrymy aýdýan, köşek, hormatyň üçin sag bol, ýöne diýenimi et-de, özüňjik geç-de otur-aý. Bomy? Hany, bol, otur bakaly. Gojanyň ýalbaryp, oturmagymy soraýşy, hamala, jellatdan bir çemçe ganyny geçmegi dileýäne döndi. – Otursana, oturaý-da özüň... Onuň bolşuna hiç akyl ýetirip bilmedim, belki, özüm ýagdaýdan ýalňyş netije çykarandyryn? Ýa aňyny ýitirdimikä, görgüli?.. Ol bolsa sözüni dowam etdi: – Gulak as, balam, maňa sarpa goýýanlygyň çyn bolsa, geç-de, otur özüň şol ýerde. Uly adam haýyş edip durka, hötjetlik etmezler. Şonda-da bu maňa başartmady, oturgyja syrtymy goýdugym, dünýä tersligine çöwrüläýjek ýaly. Onsoň gaňryşyna gaýtdym: – A-how, ýaşuly, gelşiksiz bolar-a. Beýtsem, menem özümi ýakymsyz duýaryn. – Duýmarsyň-laý, gaýta dynç alarsyň. Ýeri, besdir, otur hany! Sanaşyp durma. Gojanyň sesi birneme gaharly ýaňlandy. Diýleni edäýmelidir welin, dikdüşdiligim-dä, hüňürdäp ugransoň beter etdim. – Gowusy, şol oturgyç boş durubersin onda, men-ä oturjak däl – diýip çürt-kesik etdim. – Otur diýdim, bederra! Bu gezek goja has beter azm urdy, ýöne men kesgitli netijä gelemsoň, ýagşydan-ýamandan sesimi çykarman, el telefonyma dümtünen kişi boldum. – Häý, akmagyň biri – diýip, ol başyny ýaýkady. – Beýle-de bir özdiýenli çaga bolar oguşýa! Eşek diýsänim, indi özüň ökünersiň... «Jähennemiň oduna ýanarsyňam diý indi!» diýip, içimi gepletdim, ýöne sesimi çykarmadym. Uly iliň öňünde aňkasy aşan goja bilen gep gaýtaryşyp durmak gelşiksiz boljak. Ol sesine bat berip geplese-de, adamlar biperwaý otyrdylar. Awtobus indiki duralga ýetende, duýdansyz silkinip saklandy. Goja: – Waý, bilim-eý – diýip, arkasyna elini ýetirdi. – Jan Hudaý, özüň medet bereweri, oturaýmasam boljak däl-ow... Goja ahyryn boş oturgyjy eýeledi. Ýeňiş gazanan ýaly begenip, ýüzüne seretdim, ýylgyrşymy saklamak kyn düşdi. Barmaly ýerime ýetýänçäm, bütin ýol menden nazaryny sowmadyk ýaşuly bolsa: «Häý, nalajedeýin» diýýän terzde, sakgal-murtynyň arasyndan çala görünýän dodagyny gyşardyp, başyny ýaýkady oturdy. Nämüçindir özümi uly hata goýberen ýaly duýup ugradym. Ýüregimden labyr sallanan ýaly boldy. Şäheriň eteginde awtobusdan düşenimde-de, şol duýgulardan saplanyp bilmedim. Salkynjak duralga özümi atdym, meni düşürip giden awtobusa ýene yzyna öwrülip, tä şähere tarap siňip gidýänçä garap galdym. Birbada eňkim gaçdy, başym aýlandy. Ýykylman, aýak üstünde zordan saklandym. Meger, gün urandyr, gyzgynda kän gezenligimdendir? Oturgyçda oturan talyp ýigitleriň biri ýapyrylyp duranymy görüp, ugrumyň ýokdugyny aňdymy nämemi, derrew ýerinden turdy: – Geçiň, oturyň, ýaşuly! Ol başga birine ýüzlenendir öýdüp eýläme bakdym – menden öňňe aýak üstünde duran adam ýok. – Oturyň – diýip, ýene gaýtalady. – Ýok, arkaýyn oturyber, maňa entek ir – diýip, indi beri hiç hili jedele girmezlik üçin aýdym ýakjak bolanymda, goşarymda gulaklyga derek tesbiniň saralgy duranyny gördüm. © Maksat BÄŞIMOW | |
|
Ähli teswirler: 28 | |
| |