11:50 Itli pyýada | |
ITLI PYÝADA – Başlyk diýleni beýle ýüregedüşgünç bolar oguşýan. Telefonymy öçürip goýdum, ýogsam dynç güni bolsa-da jaň edip, günüme goýanok. Berýänem şol bir tabşyryklar. Bar işi bitirendigimi näler düşündirdim, onda-da gorkaklygy galjak däl, zol-zol gaýtalaýar. Barypýatan züwwetdin eken-äý... Muny aýdanymda, öýümüziň penjiresinden garap durdum, stoluň başynda oturan aýalym tikini bilen başagaý halyna sözlerimi makullady: – Beýle was-wasy bolsa, iş ýeriňi çalşaýarlar. Bilimiň-hünäriň bar wagty, kösenesiň ýok. Onsoňam... Dowamyny eşitmedim, aýalymyň sözleri tikin maşynyň güňleç sesine owranyp gitdi. Äpişgämi çarçuwa edinen giň manzara ser saldym. Uzakdan Köpetdagyň belent gerişleri seleňläp görünýär. Tomsuň jöwzasynda onuň gögümtil reňki asmandan çala tapawutlanýar. Dagyň etegindäki giň baýyrlykda kiçeňräk tüweleý kä towlanyp, kä köwlenip, ýene gaýyp bolýar. Şäheriň ol çetindäki edara binalary nyzama goýlan ak lybasly esgerleri ýada salýar. Bärräkde kärhanadyr fabrikler kök urupdyr, aralarynda bolsa dürli kysymdaky ulaglar tow berlen ýaly ikiýana tigirjekleşýär. Jokrama yssyň tüýs höküm sürüp ugran möwsümi, töwerekdäki baglaryň ýapraklary süllerip, otlara-da Günüň reňki ýokuşypdyr. Öýümiz bilen uly ýoluň arasyny insizje kanal kesip geçýär, ony iki tarapyndan gabawa salan arçalar özboluşly tebigy dälize ogşaýar. Ençeme tanyşlygy, söýgi oýunlaryny, aýralyk gözýaşyny görýän bu seýilgähde häzirki dymyk howada adam-gara görnenok. Garaz, öwrenje nakgaşyň eli bilen çekilen bu suratda göz egläre zat ýok. Şol pursat kanalyň boýunda ýany itli bir pyýada peýda boldy. Ol howlukmaç ýörap gelýärdi, çalymtyl itjagazam eýesinden galmajak bolup, ýetişibildiginden gapdalyndan seňkildeýär. Men bu jübüte geň galyp, siňe seretdim. Şunuň ýaly howurly gün haýsy tentek itini gezdirýärkä diýip, pikire batdym. Onýança ýaňky pyýada haýdap jaýymyza tarap gaýtdy, birdenkä başyny galdyryp, penjiräniň öňünde duranymy gördi-de, elini bulaýlady. Salgyma aldanypdyryn. Gapdalyndaky itdir öýdenim onuň kölegesi eken. Pyýadanyň özi bolsa – başlygym. Ýok, ho-ol uzakda hatarlanyşan ol jaýlar esgerler däl-de, jynaza duran ak redaly ahunlar bolmaga çemeli, ulaglaram – olaň ýüpi üzülen tesbilerinden pytrap gaçan monjuklar. 2015 © Maksat BÄŞIMOW | |
|
Ähli teswirler: 15 | |
| |