Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:00
Düwün

DÜWÜN
hekaýa

Çagalar hassahanasyndaky otaglaryň birinde üç ýaşly gyzjagazym bilen ýeke galdym. Lukman ýaňy çykyp gitdi. Ol gyzym bilen degşip, gülümsiräp gepleşdi, ýöne otaga girmänkäk gürleşemsoň, ýagdaýyň öwerlik däldigini bilýärdim.
Ejesi daşynda bir ýerlerde (megerem, hajathanada) aglap oturandyr.
Gyzym o diýen kakaçyl däl, ýöne häzir onuň duýgularyny bukmaga ysgynam, islegem galmadyk bolarly, maňa juda naýynjar mähir bilen garaýar.
Şeýle ýagdaýda iň agyr degýän zat – eliňden hiç zadyň gelmeýänligi.
Gyzym arkan öwrülip, balykgulak ýaly towlanyp ýatanynda, elim bilen onuň buýra saçlaryny darakladym. Bir garyş şar-gara saçlarynyň ujy barmagymyň bogunlaryna ilişende, kellesini agyrdaýmaýyn diýip, seresap hereket etdim. Gyzymyň şeýdip saçyny sypaýşymy gowy görýändigine men belet, aslynda muny halamaýan çaga barmyka beri? Hatda itdir pişiklerem şuňa meňzeş mährewe zar ahyryn.
Ýyly eliň astynda çagaň gabaklary agralýar, ol meýmiräp başlaýar.
Birden men gyzymyň saçynyň bir topar tarynyň düwün edilip daňylandygyna üns berdim. Darak degmese olaryň towlanyp, bulam-bujar boljagy belli, ýöne bu ýerde saçlar bir-birine bulaşman, olaryň her biri aýratyn çigin bolupdyr. Hamala, kimdir biri olary ýörite daňan ýaly.
Yrymçyl däldirin welin, hatda menem bu çiginlerde ýaman niýetli doga-jadynyň alamaty barmyka diýip, iňkise gitdim.
Gyzyma bildirtmän, bu düwünleri bir-birden çözüp başladym. Saçynyň her kirşinde ikiläp-üçläp daňy tapdym, olary haýaljykdan çöşledim. Bu işi etdigimçe gyzymyň saçy uzaberdi. Onuň uzynlygy bahym tirsegime ýetdi.
Gözümiň köküni gyryp, palatanyň gögümtil çyrasynyň astynda bu işimi dowam edýän. Dura-bara saçy bir gulaç bolýar.
Düwünleriň baryny çözdügim, gyzymyň hassalykdan gutuljagyna ynanýan. Daşyndan çaga timar berip oturan telbä meňzeýän bolmagymam ahmal, ýöne men bu başagaýlykda ajala garşy aldym-berdimli söweş alyp barýan.
Bir salymdan gyzym asuda uka gitdi, hassahananyňam duşuşyk wagty tamamlandy. Men bolsa ýeke özüm muňa ähmiýet bermän, henizem gyzjagazymyň saçyny çöşläp ýörşüme, boşap galan dälize çykypdyryn.
Ine, birdenem gapdalymda aýalymyň sesi eşidildi:
– Gyýw, bärde näme işläp otyrsyň?
– Menden şu wagt hiç zat sorama – diýip, edip oturan işimi taşlaman, başymam galdyrman jogap berdim. – Gowsy, çöşlemäge kömek et!
– Weý, munuňky aňsat-la. Wagtyňy gidirme... – diýip, ol bir ýerlerden kiçijik gaýçy çykardy-da, men häh edip ýetişmänkäm saçyň ujuny kesip goýberdi.
Uzyn gara tarlar ýylan kibi süýrenip, otagyň içine gitdi. Yzyndan kürsäp palata girdik. Ýatalgada gyzymyz ýokdy. Oňa derek, uzyn saç potologa urnup duran reňbe-reň şarjagazlaň göbeginden sallanyp dur.

© Maksat BÄŞIMOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 169 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 sussupessimist • 10:10, 27.04.2024
"Her awtor iki eser döredýär - birini aňynda, beýlekini - kagyz ýüzünde" diýipdi Horhe Luis Borhes (ýalňyşmaýan bolsam). Şu hekaýajygymy - hyýalymdaka kagyzdakyny iň golaýladyp bilen eserim hasaplaýan
avatar
0
2 Мango • 12:13, 27.04.2024
..."hassahananyň duşuşyk wagty"-ny "...görüşme wagtyna" öwürseň dowry dämi?
----
magsatdan ýene bir düwüni çözülmeli hekaýa...
kim çözmeşek.
----
surat bet.
edil hekaýaň 100-de 100 ilýustrasiýasy.
ýöne ýekeje bärden gaýtma gidipdir: "...uzyn saç potologa urnup duran reňbe-reň şarjagazlaň göbeginden sallanyp dur."
suratda şarjagazlaryň ýerine şarjagaz baken.

berekella.
avatar
0
3 sussupessimist • 12:38, 27.04.2024
aslynda-ha suratsyz goýmalylaý, ýa düýbünden başga bir zadyň suratyny goýmaly. Okyjyň fantaziýasyna hüjüm etmän...
avatar
0
4 Medicall • 08:12, 28.04.2024
Düşünjek bolup gaýta okadym, barybir iñ soñynda näme bolanyna hijem düşünmedim.
avatar
0
5 Aýgül_Garaýewa • 23:06, 29.04.2024
Her zat pikir edýäň...
avatar
0
6 Medicall • 23:13, 29.04.2024
Hekaýañ soñuna indi düşündim, düşünmek üçin adaty däl, başgarak pikirlenmeli bolýa.
avatar
0
7 Мango • 13:25, 30.04.2024
6-a.
hiş-kime eştdirmäni gulagyma aýdaý düşüneniňi... näm-çüp aýal aňsadyna bakyp saçy kesdi...
avatar
0
8 Medicall • 13:51, 30.04.2024
7-a, düşünmekçürip biraz maksizmleşmeli bolyo)

Aýala aýallañ özleri düşünenok))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203