02:08 Kesim kesilen günler / Kör zolak / hekaýa | |
KESIM KESILEN GÜNLER / KÖR ZOLAK ...Bular dagy razy boldy. Dört ogly bolan birini bеrdi – üçüsi galdy. Üçüsi bolan birini bеrdi – ikisi galdy. Ikisi bolan birini bеrdi – biri galdy... Kitabyň şu ýerine ýeteninde telefonyna wideojaň geldi. Ilaman aga ýekesiräp otyrdy, Filadelfiýada ýaşaýan ogly hem onuň maşgalasy bilen gepleşenine göwni göterildi. Hernä, janlary sag, hor bolanoklar. Ogly hatda birneme ýognapdyram. – Bu nä boluş, özüňe seret ahyryn. Garyn çykarypsyň. Ertirlerine ylgamagyňy goýduňmy? Ýatdan çykarma, onuň ýaly abraýly işde solidno görünmelisiň – diýip çalaja gatyrganan boldy. Ogly iş arasynda ylgamaga ýetişenok eken, indi jime gatnamakçydygyny aýtdy. – Jimiň kimdigin-ä bilemok, horlanmaga ýardam edýän bolsa, gatna welin, saglygyňa zeper ýetiräýme! – diýip tabşyrdy. Tüweleme, agtyjagy Maks ese-boýa galan eken, çagalar bagyna gatnaýar, ýöne oňa öz ýanyndan mekdepdir öýdüp ýör. Körpeje gyz agtygy Jänete (atasy üçin – Jennet) dil bitipdir. Birenaýy edip: «Ha-aý, ata» diýip, eljagazyny bulaýlaýar, soňam «däddi-däddi» diýip, bir-de agzyny, bir-de gulagyny, bir-de gözüni eli bilen bukýar. Ilaman aga bu näme etdigikä diýip gyzyklananda, ogly onuň tekjedäki maýmynjyklaň heýkellerine öýkünýändigini aýtdy. Gyzjagaz aýasyny ogşap, posa baryny ýollaýar. Bärden ejesi öwredip duran borly. – Gelne salam aýt. Çinua Açebesini* okadym, gowy, ýüregagyrdyjy kitap eken. Maslahaty üçin sag bolsun. Ogly telefonuny öwürende, gelniň özem kamerada göründi. 30-35 ýaşlaryndaky göze gelüwli afrikan aýal žurnal okap otyr, başyna afro terzde ýaşyl-sary reňkli ýaglyk daňynypdyr. «Hello, salam» diýip, baş atýar, ýylgyrýar. «Bularyň barysynyň dişi ap-ak». Ilaman aga amerikan kinolaryny göreninde, mydama artistleriň dişine geň galýardy, o taýlarda ýönekeý adamlaryňkam şeýle oguşýan diýip, içini hümletdi: «Iýýän-içýän zadyňa baglydyr-da, elbetde...» Hoşlaşyp, telefonuny öçürende, öýdäki gum-gukluk Ilaman aga öňküsindenem çökder göründi, beter sustuny basdy. Kitapda ünsüni jemläp bilmejegine düşünip, penjiräň öňüne bardy. Şeýtmänliginde, gopan alasarmyk ahwalatdan bihabar ýaşar ýörerdi. Hemmeler ýaly. Ol äpişgäni açyp, gijöýlän çalaja serginleşip başlan howany demine dartdy, gözýetime garady. «Aňry dokuz sagat yza galýar, diýmek, ýaňy ertirligini iýip bolup, jaň edişleridir, bu gün dynç alýandyrlar...» Ol jelegaýlar hakdaky düşünjesi Ilaman aganyň diňe kinolardan hem-de edebiýatdan bilýän zatlary bilen çäklenýär. Oglunyň gürrüň berşinden gowy adamlaryň ol ýerde-de kändigini, yhlas etseň, başarnygyňy görkezseň ösmek üçin birgiden mümkinçilikleriň bardygyny, ýaşaýyş şertleriniň amatlydygyny bilýär. «Özüni oňarýanlar bärde hor bolmaýar» diýýärdi ogly. Ýöne gorkunç, uruşly-dawaly, manýakly kinolar öte kän görüldimi-nämemi, ýa ir döwürden gulaga mazaly guýlupmy – ol ýurt goja üçin gaty garaňky görünýär. «Azgynlyk, eden-etdilik, köçelerindäki, hatda mekdeplerindäki atyşyklar-ölüşikler, kolumbaýn, teraktlar, rasizm, feminizm, gitdigiçe harpy köpelip barýan LGBT, wejeralyk...» Ilamanyň ýene bir ogly maşgalasy bilen Peterburgda ýaşap ýör, ol ýerdenem ýa Polşa, ýa-da inisiniň ýanyna aşmagyň hyýalynda. Onuň bilen-ä soňky döwür oňly habarlaşmagam başardanok, haçan görseň: «Пап, я на работе, позже перезвоню» diýer, soňam guýa gaçan ýaly. «Başagaýsyran bolýar» diýip gaharlanýar Ilaman aga. Özi seslenýänçä adyny tutmaýynam diýýär welin, ýene ynjalman jaň edýär. Bir tarapdan, şol «pap, perezwanýusy» bilen jogap berse-de kaýyl. Öýüň içi gum-guk diýse, daşarda-da ses-selem ýok. Ne çagalar oýnamaga çykypdyr, ne-de çigit çigitläp, gybat urýan aýallar. Başga wagt edil aşaky – dördünji gatda ýaşaýan goňşusy Permanam transformatoryň saýaly tarapynda çommalyp, garnyny gujagyna alyp oturandyr welin, bu gezek olam gara berenok. Diňe aram-aram mähelläniň ilersindäki gurluşykdan dymyk tark-turklar eşidilýär. Bärleri köplenç şeýle. Yssyda adam-gara öýden çykanok, salkyn günlerde-de peýwagtyna gezip ýörenleri kän görmersiň, şäheriň indi gurlup ýören çet ýeri bolansoň, jemagat bu ýerde heniz ýa doly ornaşanok, ýa öwrenişenok. Gezjekler ulagyna atlanyp, merkeze gaýdyberýär. Ulagsyzlaram, meger, ýadawdyr, awtobusda bütin şäheri aşyp, özlerini öýlerine taşlandyrlar, daşary çykmaga höwesi ýokdur. Bir zat welin anyk: töwerekde janly-jemende bolanlygynda, belki, şol düşnüksiz ahwal ýüz bermese, bermezdem. Ilaman aganyň ünsüni haýdap, gursagyna çöregi ýatladýan tegelek bir zady gysyp gelýän 7-8 ýaşlaryndaky gyzjagaz çekdi. Ol raýonyň ilersinden, şol gurluşyklaryň gidýän tarapyndan tas ylgap diýen ýaly gelýärdi, megerem, şol ýandaky dükandan gaýdandyr. Aýagyndakysy şypbyk bolsa gerek, ylgaýşy tagaşyksyzdy, ýeňsiz uzyn köýnegem hereketini agraldýan ýalydy. Edil yzyndanam açyk çal reňkli miniwen ýetip gelýär, şäherde kän duş gelýän Siennalara çalymdaş. Gyz zir-zibil taşlanýan konteýnerleriň duşundan geçip, jaýlaryň köpçülik bolup duran ýerine özüni taşlamaga howlukýana meňzeýärdi. Özem daljygyp aglap gelýän deý birtüýsli ýegşerýärdi. Ulag derrew onuň bilen deňleşdi, sürüjiň gapdalyndaky gapydan çykan gara köýnekli daýaw ýigit oňa nämedir bir zatlar diýip, dessalym gyzy bileginden tutagada, ulaga tarap süýredi. Ilaman aganyň göwnüne bir pursatjyk gyzyň çirkin gygyrşy eşidilen ýaly boldy, emma muny anyk aýdyp biljek däldi. Hiç zady aňyp ýetişmänkä, ýigit gyzjagazy göterip diýen ýaly maşynyň yzky gapysyna dykdy-da, özem şol ýere sümüldi. Miniwen çalt sürüp, tizara uly köçä çykdy we özi bilen reňkdeş san-sajaksyz ulaglaryň arasynda gözden ýitdi. Ilkibada Ilaman aga nätjegini bilmän, geňirgenip durdy, saçynyň ujundan başlap, tä dabanyna çenli gyzgyn suwa çalymdaş tok akyp gaýdan ýaly duýdy özüni. Şaýat bolan sahnasynyň öňüni hem dowamyny göz öňüne getirmäge, üstüni ýetirmäge synandy, wakalary serinde çarçuwa saljak boldy. Özüne göwünlik berdi: «Äý, bu bir maşgala içinde bolaýýan bir dawadyr, ol oglan – agasydyr, roluň başynda-da kakasy oturandyr... gyz nämedir bir zatdan öýkeläp, kejirligine tutdurandyr, bularam maşyna südenekledip mündürmeli bolandyrlar. Gündiziň günortany iliň çagasy göterip gidiberilýän ýurtda ýaşamzok»... Bu çaklamalar onuň özünem doly ynandyryp bilmedi. Penjiräniň öňünde oýurganyp galan goja doga okajak bolup, aýatyň soňuny ýatlap bilmeýän ýaly iki eliniň aýasyna aňaldy durdy. Jenaýat agtaryş bölümden iberilen adam polisiýa habar edilenden soň ýarym sagatdan uzak garaşdyrman geldi. Telegepleşige gatnaşýan ýaly ütükli uniformada. Pogony dört ýyldyzly, bugdaýreňk, inçemik, eňegine päki degrip görene meňzemeýän ýalaňýüz ýigit. Kapitan Daýanç Bezirgenow işe gönümel çynlakaý çemeleşdi. Protokola görä hereket edip, şaýadyň görkezmelerini gylyny gyşartman ýazyp aldy, wakalaryň bolan wagtyny, ähli jikme-jiklikleri belledi. Dogrusy, Ilaman aganyň aýdara üýtgeşik maglumatam ýok: uzakdan, penjireden synlan eken, ulagyň ne belgisini görüpdir, ne-de markasyny anyk aýdyp bilýär. Maşynlardan başy çykanok. – Asfalta çalymdaş reňkli miniwen öz-ä – diýip, diwanda iki elini dyzynyň arasyna salyp, oňaýsyz küýkerilip, birgysym düýrülip otyr. Ýeke ýaşaýar, aýalynyň ýogalanyna ýedi aý bolupdyr, iki oglunyň ikisem daşary ýurtda ornaşan. Gojanam ýanlaryna çagyrypdyrlar, ýöne bu ýaşda ähli zady taşlap gitmekde many görenok, «aňyrda agtyklary çagalar bagyna ýa-da mekdebe gatnatmakdan gaýry funksiýam bolasy ýok» diýen pikirde. Soňam kapitanyň ýüzüne çiňerilip seretdi: – Şu ýagdaýda başga zatlaryň gürrüňine güýmenip oturmak dogrumyka? – Dogry däl, ýaşuly, ýöne bärde edil häzir-ä kimdir biriniň ýitirim bolandygynam kesgitli aýdyp bolanok. Öz çak edişiňiz ýaly, ol gyzy hossarlary alyp giden bolmaklaram ähtimal. Biziň ýurdumyzda aňsat-aňsat gündiziň günortany adam alnyp gaçylanok. Ylaýta-da, bize entek hiç hili arz-şikaýat edilmedi, şonuň üçin heniz iş gozgara tutarygymyzam ýok. Her dürli jaňlar gelýär, adamlaram hil-hil. Onsoň ilki kim bilen gepleşýäniňi anyklamasaň, kimiň gözüne näme görünjeginiň bellisi ýok. – Aýdanlarymy özümden toslap tapandyryn öýdýäňmi? – Ýok, ýaşuly, men ony diýemok. Emma ýalňyş düşünen bolmagyňyz welin, ahmal. Hemme kişem ýalňyşyp biler. Ýöne muňa biperwaý garap bilmänligiňiz, elbetde, gowy zat. – Çaga ýitende iň wajyby – ony ilkinji 72 sagadyň dowamynda tapmak diýip, bir ýerden-ä ýadymda galypdyr. – Ýok, ilkinji üç sagadyň dowamynda diýip öwretdiler bize. Şonda diri tapmak ähtimallygy uly hasaplanýar. Mysal üçin, Amerika ýaly uly döwletde çagalar ýitirim bolanda, togsan dokuz göterimi sag-salamat öýüne dolanýar. Olaryňam ýarysyndan gowragy ilkinji üç sagadyň dowamynda tapylýar. Ýitýänleň ikide biri – özi meýletin öýden giden bolup çykýar, galanlarynyňam aglabasyny hossarlary alyp gaçýar, köp halatda – aýry ýaşaýan kakasy ýa ejesi. Ýylda, takmynan, sekiz ýüz müň çaga dagy ogurlanýan eken. – Amerikadamy? – Howwa. – Orslarda nähilikä? – Olar hasabyny ýöredenok öýdýän, ýa-da aýdanoklar. Şondan kän bolmasa, az däldir. Kä adamlar çaga ýitende iküç gün garaşmasaň, polisiýa arzasynam kabul etmeýändir öýdüp ýalňyşýar. Nireden beýle pikir kellelerine gelip ýör, Hudaý bilsin... Zol-zol eliňize seredýäňiz welin, bir zat boldumy, ýaşuly? Ilaman aga birden kellesini galdyrdy, berlen sorag aňyna ýeteninden soňam: – Hä, ýok, ýok, hiç zat bolanok – diýip, başyny ýaýkady. Kapitanam bir pursat öz eline garady, onda hiç hili üýtgeşiklik görmän, şeýle boljagyna asyl şübhelenibem görmedik adamyň arkaýynlygy bilen «heh» etdi. Diwanda Ilaman aganyň gapdalynda duran kitap gözüne kaklyşdy, sahaby tanyş. – Gorkut atamy? – Bumy? «Kitaby dädem Gorkut». Okap gördüňmi? – Çagakam okan bolsam okandyryn, ýöne hiç ýeri ýada düşenok. Kitap okasam ukym tutup başlaýar. – Bilýäňmi, inim, kitaplar hiç haçan tötänden ele ilmeýär. Okamaga kitap saýlandyryn öýdersiň welin, aslynda onuň özi seni gözläp tapandyr. Kapitan sözüni bölüp ýetişmänkä goja dowam etdi. – Şu kitapda Depegöz atly adam iýýän nägehan bar – ol özüni ekläp ýetişdiren oguzlaryň atyny, mallaryny talaýar, iň edermen gerçeklerini heläk edýär. Göçüp gitjek bolsalaram goýberenok, yzyna gaýtarýar. Onuň bilen güýjüňem deň geljek däl. Ahyrsoňy şertleşmek üçin Depegözüň üstüne Gorkudy gönderýärler, olam barýar-da, söwdalaşmaga başlaýar. Nägehan iýmäge günde altmyş adam soraýar welin, Gorkut ata ýüz goýun, iki adam bereli diýýär. Düşünýäňmi, inim? Adamlar şeýle şerte razy bolýar. Hiý, şonuň ýaly ylalaşyga gelip bolarmy?! – Ertekidir-dä, ýaşuly. Okan ertekiň ürküzen gurbagaňa degenok diýipdirler-ä. Men, gowusy, öz aýdyşyňyz ýaly, eglenmän, şol görkezen ýeriňizi gözden geçireýin. Bir zat anyklasak, sizem habardar ederis. Ilaman aga nämedir bir zat diýjek ýaly etdi-de, ýene dymyp oturyberdi. Daýanç Bezirgenow öýden çykyp barýarka, goja ýerindenem turman, yzyndan seredip galdy. Kapitan daşary çykanynda, Gün gözýetime çökse-de daş-töwerek ýagtydy. Jaýyň garşysyndaky transformatoryň gapdalynda garynlak bir pyýada bordýurda çigit çigitläp oturan eken. Çakanyny ýumrugyna salýar, ýogsam öňi gabykdan doly. Daýanç onuň ýanyna baryp, salamlaşdy. – Şu ýerde ýaşaýaňyzmy? – Howwa, şu jaýda, şu çykan padeziňde. A näm boldy? – Bäşinji etaždaky Ilaman agany tanaýaňyzmy? – Howwa, edil üstümizdäki ýaşok. Näme, şoňa bir zat boldumy? – Ýok, hiç zadam bolanok. Nähili adam şol? Pyýada haýaljykdan aýaga galyp, otyrýerini kakyşdyrdy. Kakyp duran elinden çigit gabyklary iki tarapa syçrady. – Waý, musuryň elimdeligi ýatdan çykypdyrarow... Nähili diýýäňmi? Aý, erbet däl, köp bilimli adam, ylmuran. Özlerem baý, iki ogly daşary ýurtda ýaşap ýör, geçen ýyl aýaly... – Bolýa – diýip, kapitan onuň sözüni böldi. – Haçandan bäri otyrsyň şu ýerde? – Ýarym sagat bolandyrlaý. Ýa kyrk münt töweregi... Aý, howwa, ýarym sagat bolandyr. – Üýtgeşik hiç zada üns bermediňmi? – O näili? – Meselem, dawa-jenjel boldumy şu töwerekde? – Wah, uruş boldy diýsene bärde? Meň habarym ýog-a. Bu gezek giç çykdymdaraý. Bärleri köplenç ümsüm. A näm bolupdyr, aýdaý-da? Kapitan jogap bermän, Ilaman agaň penjireden görkezen ýerine ýöneldi. Zir-zibil taşlanýan konteýneriň ýanyna baryp, gojaň ýaşaýan jaýyna seretdi. Penjirede Ilaman aganyň suduryny saýgardy. Soňra töwerekde galan-gaçan bir zatlar barmyka diýip, gözden geçirdi, taşlanan boş plastik gaplardan, paketden, dürli zyňyndylardan öňňe zada gözi ilmedi. Azyk-harytlar dükanynyň iki gat binasy ileride, uzagrakda ýeke özi bärligine keserip dur, galdyryp gutarylmadyk hataran jaýlar bolsa gurluşykçylaryň ýoluň ugrunda oturdan demir haýatyny penalap, gapdallygyna uzap gidýär. Daýanç Bezirgenow dükana baryp, ol ýeriň işgärlerini sorag etse-de, ibaly jogap almady: hiç zat göremzogam, eşidemzogam... Daş çykanynda, bu ýerlerde heniz ýekeje «gözüň» hem oturdylmanynyň magadyna ýetdi – kör zolak. Ýitgi hakda arza-şikaýat edilmedik ýagdaýda, ýok işi derňäp, wagt ýitirip ýörmegi bimany hasaplan kapitan yzyna, Ilaman agalara dolanyp bardy. Gapynyň zaňyny basmanka, ýaýdanjaň öwfüldäp, gaty uludan demini aldy, ýadawlyk bilen ýüzüni sypady. Zaň ýaňlananda, içerden: «Giriň» diýen ses eşidildi. Gapy açyk eken. Ýüzi ýygyrt atan goja diwanda müzzerilip otyr, elinde-de köneje kitaby. Daýanç onuň garşysyndaky kürsiniň arkasyna iki tirsegini goýdy-da, öý eýesine garap: – Alada edere zat ýok eken, ýaşuly. Hiç zat bolmandyr – diýdi. – Hemme zat gülala-güllük. Siz arkaýyn boluberiň. Goja onuň ýüzüne dikanlap seretdi, aýdylana birjik-de ynanmaýanlygy kinaýa gatyşykly ajy ýylgyrşyndan göze dürtülip dur: – Inim, biz indi haçana çenli Depegözi doýurmaly? © Maksat BÄŞIMOW | |
|
Ähli teswirler: 37 | |
| |