TÜRKMEN EDEBIÝATY


15:35
Gassap / hekaýa

Exclusive

GASSAP

«Так, верно, те, которых ведут на казнь, прилепливаются мыслями ко всем предметам, которые им встречаются на дороге», — мелькнуло у него в голове, но только мелькнуло как молния; он сам поскорей погасил эту мысль… Но вот уже и близко, вот и дом, вот и ворота…

Ф. Достоевский «Преступление и наказание», часть 1, гл.6


Gapyny nädip gulplamalydygyny görkezenimden soň, näme üçin beýle aladalanýandygymy düşündirdim:
– Bütin ömür ýaşan öýüňi ýat kişä ynanaýmak aňsat däl. Goýberen kwartirantyň içerini arassa saklarmy, öýüň goşlaryny aýawly ulanarmy – biljek gümanyň barmy?
– Düşünýän. Arkaýyn boluň, biz arassa saklarys.
– Gaýrat edip, agyr mebelleri ýerinden gozgamaň. Käbir maşgalalar baran ýerinde dizaýny özleriçe üýtgetjek bolup, goş-golamy bir eýläk geçirip, bir beýläk süýşürip, ne gözel mebeli kül edýär.
– Bize öýüň şu durşam ýaraýar. Owadan, rahat öýüňiz bar eken.
– Bärde garrylarymyz ýaşaýardy – diýdim. – Kakam geçen ýyl, ejemem ondan öňki ýyl ýogaldy. Bulaň bary şolaň zatlary. Köneje bolsa-da, ýadygärlik-dä.
– Yzlary ýarasyn! Hiç zady üýtgetmeris. Alada etmäň. Ýöne... neme... hiç kim gelip, azar berip durmaz-la?
– Ol tarapyna ýasy ýanyňyz ýerde bolsun. Uçastkowy meň köne tanşym. Göze-başa düşüp ýörmeseňiz, adyňyz tutulmaz. Birden sorap-idäýselerem, özüňe öý eýesi Eseniň inisi diýiber. Ikimiz meňzeşem ekenik. Eseniň özi men diýseňem, ynanman durmazlar.
Aman ýylgyrdy. Gür gara saçy ykjam daralan uzynak hem saýyrdyň ýigidiň hoşamaý, şol bir wagtyň özünde-de birneme agras ýylgyrşynda sowukganlyk görünýär, hereketi saldamly. Beýle adamlar tölegi eglemeýär.
– Biz köplenç öýde tapdyrmarysam – diýýär. – Ikimizem uzakly gün işde bolarys. Nesip bolsa, aýalym dekrede çykýança şeýderis.
– Tüweleme, köpeljek bolýaňyzmy? – diýip soradym.
– Howwa, ýöne entek wagt kän.
– Arendany dört aýlyk gürleşendiris...
– Ýadymda.
– Birden göçmäge hyýallansaňyz, öňräginden duýduryň. Hernäme bolsa-da, iki aýyň puluny-ha geçirdiňiz. Soňam galjak bolsaňyz, tölegi gijikdirmäň.
– Gijikdirmeris.
– Men siz ýaly... nemeleri... kwartirantlary gününe goýman, häli-şindi gelip, içerini barlap gidýän was-was öý eýelerinden-ä däl, şolar ýalylary özümem halamok, sizem ellibizar bolansyňyz. Şoň üçin halallygyňyza, tertip-düzgünliligiňize bil baglaýan. Kynçylyk dörese ýa, bilmedim, bir zat döwüläýse, jaň edip, duýduryň. Bir ýerik uzak wagtlyk gidäýseňiz, suwy-gazy düýbünden öçürip gidiň.
– Bor, Esen aga. Baryny aýdyşyňyz ýaly ederis.
Öýden çykjak bolup, eýýäm köwşümi geýip durkam dälizdäki kitaply guta gözüm düşdi.
– Bulary kim okaýa?
– Boş wagtym meň okaýmam bar – diýýär.
– Görsem, garşy bolmarsyň-a?
– Görüber. Ýöne köpüsi iňlisçedir.
Gabaraly guty ýumşak daşly kitapdan doly eken, köpüsi maňa nätanyş. McEwan, Zinger... ine, muny bilýän, «Crime and punishment»... Jenaýatly bölegini okasamam, jezasyny bilmäge sabyr-kanagatym ýetmän, taşlapdym. Bosagada çommalyp, kitaplary gözden geçirýänçäm ýanymdan aýrylman, üstüme abanyp duran Amanyň nazary astynda özümi oňaýsyz duýdum.
– Ýeri bolýar. Ýurt garşy alsyn! – diýip, daş çykdym-da, lifti çagyrdym.
Girelgäň öňünde goýan maşynyma münüp, açary towlan badyma, aňyrdan Dilberiň gelýänini gördüm. Bir elinde kiçijik torba, beýlekisinde içi çörekli paket. Uzyn gyrmyzy köýnekde, saçy ýeňsesine ýygnalan, göze gelüwli akja gelin. Garnynyň çala güberip duranyna indi üns berdim. Oňa garap, ýaýdanyp oturdym, kän bir golaýlamanka-da, ýüzümi öwrüp, sürüp gitdim.
Uly köçä ýetmän, çolarak ýoda sowuldym-da, maşyny gür agaçlygyň kölegesinde togtatdym. Gapdalymdaky kürsüde ýatan planşedi elime alyp, töwerege garanjakladym, hernä, hiç kim ýok. Ikonasynda ullakan göz şekillendirilen programmany açyp, paroly girizdim.
Ekranda iki sany reňksiz wideo peýda boldy – adam-garasyz boş otaglaryň görnümi. Bir salymdan ümsümligiň içinde gapyň zaňy ýaňlandy. «Barýan!» (güňleç erkek sesi). Suwy dolýan unitazyň şabyrdysy.
Uzak garaşdyrman, däliziň görnüminde hajathananyň gapysy açylýar. Içinden çykan Aman kemerini ildirip barşyna, daşky gapa tarap howlukýar, soňam öýe giren gelniň uzadan çörekli pakedini alman, banýa haýdaýar.
– Elimi ýuwaýyn. Ýaňy tualetden çykdym.
– Eýýäm giräýdiňmi oňa? Uludanmy?
– Dagy näme? Islendik ýurda diňe şol ýere meýdan edeniňden soň öwrenişip başlaýanyňy bileňokmy?
– Ýetişik-läý sen. Men birinji öwrenişäýjekdim-dä. Içini dem alar ýaly eden dälsiň.
– Arkaýyn giribersene. Oswežiteli sepdim – Amanyň güňleç sesi indi banýadan gelýär.
– Toksikozy agyr geçirýänimi bilýäň-ä. Ýönekeý nahar ysyna ýüregim bulanýar...
– Entegem araky kesellerden soň ys alýanyňa şükür etsene...
Adamsynyň sesi çala eşidilýär, ýöne gelin oňa kän bir üns berýäne-de meňzänok, gürläp bolýança köwşüni çykaryp, ilki aşhana tarapda gözden ýitýär, soňam, eýýäm eli paketsiz, ýatuw jaýyna geçýär. Ol ýerden:
– Ajygan bolsaň, gyzgynjak çörek getirendirin – diýip gygyrýar. – Zir-zibil salarlyk gara pakedem aldym. Ýaňy öý eýesinem gördüm, aşakda maşynda oturan eken, meni görmezlige saldy-da sürüberdi. Bir tüýsli adam öz-ä.
Aman banýadan çykyp, aýalynyň ýanyna barýar:
– Howwa-laý, sakyrdap, ýürege-bagra düşäýdi.
Indi ikisem bir kameraň gözünde. Bu görnümi tutuş ekranlyk ulaltdym.
Gelin çemedany açyp, içindäki zatlary çykaryşdyryp otyr. Geýim-gejimini, içki eşiklerini ýekänme-ýekän şifonere salýar. Aman bolsa ýatalgaň üstünde gyşarýar:
– Hemme zat bilen işi bar onuň. Okumyşsyrap, kitaplaryňam açyşdyryp gördi. Üstesine-de, daş gapyny gulplamagy öwreden bolýa. Ine, şuny towlamaly, munam bärik süýşürmeli diýip. Çaga düşündirýän ýaly.
– Gowja öwrendiňdämi?
– Ýörite seň geleriňe garaşyp, bahana bilen eglenen kişi boldumyka diýip durun.
– Goýsana, oglan. Toba-tagsyr, maňa näme üçin garaşsyn?
– Saňa seredişini halamok şoň.
– Nähili seredýämiş?
– Açgözlük bilen, hyllygyny akdyryp seredýär. Birinji gezek jaýy görmäge gelemizde bolup ýörşüne dagy üns bermediňmi?
– Wiý, ýalan sözlemesene! Göwnüňedir... Ýöne beýle müňkür bolsaň, bäri göçmelem däl ekenik-dä.
– Jaýy giň, raýony gowy, töleginem oňuşdy, o diýen gala däl. Üstesine-de, seni gören erkek göbekliň barynyň maňa gözi gidýär-ä. Haýsy biri bilen dawalaşyp, sögüşip ýöreýin?!
– Gabanjaňlygyň gözüni çykaraýýaň.
– Çynym aýtsam, men-ä seni gabanmakdanam lezzet alýan.
Aman ýatalgada süýşenekläge-de, uzyn köýneklerini asgyja dakyp duran gelne golaýlaşýar, ýerinden dikelip, onuň arkasyny, bilini sypamaga başlaýar, soňam eli ýuwaşjykdan aşaklygyna inýär.
– Şulary neneň gabanmajak diýsene!
Ýerinden turaga-da, goluny gelniň goltugyndan geçirýär. Dilber gyjygy tutup, gülümsiräp, ärine gysmyljyraýar.
– Aman, beýtmesene – diýip näzirgeýär.
Aman ony has beter özüne çekip, göwsüni gysýar.
– Bir zatlary döwesim gelýä. Gel, ilki bilen bu öýüň krowadyny çagşadaly.

Çugutdyryp oturan ýerimden et çapýan, pudarlaýan. Öňlügim ýok, egnimde işe geýýän ak köýnegim, boýnum galstukly. Aram-aram eşigime, ýüz-gözüme, saçyma, agzyma goýaňsy gan syçraýar. Boýnumdan gaýdýan ýyly damjalar – ganmy ýa der, özümem bilemok – aşaklygyna akyp, tä gasygyma çenli ýol ýasaýar.
Et eräp ugran mesge ýaly aňsat kesilýär. Käte pyçagyň böwründe öz ýüzüm görünýär, ýöne ol ýerdäki keşbe seretmäge utanýan.
Saklanyp bilmän, çig etli süňkleriň ýiligini sorjak bolýan, agzyma zat ilmänsoňam, süňki gahar bilen ýere kakýan. Şark! Şarrk! Şarrrk!
– Wah, ejeňi...! Eý-waý, seň bajyňy... – diýip, çynym bilen geňirgenip sögünýän.
Dogram-dogram edilen bagyr-öýkeniň arasynda togalajyk zada gabat gelýän. Onuň bir tarapyndan bagjyk ýalyjak guýruk et sallanyp duransoň, iribaşa çalym edýär. Barmagymy ýalap, togalagyň ýüzüni süpüremde...

Şeýtany bolup oýandym.
Çalaja myrlap ýatan ýassykdaşymy turuzmazlyga çalşyp, seresaplyk bilen ýatalgadan galdym-da, banýa bakan daraklygyna höküdikläp gitdim.
Alasarmyklykda içki eşigimi ýuwdum, soňra wagty bilen ýylamadyk suwa girip, ukudan açyldym.
Eşigimi çalşyrynyp, banýadan çykan wagtym sagat ýaňybir üçden işleýärdi. Daşary sowuk, gözedürtme garaňky, käte penjiräni ýalap geçýän hazlawuk şemaldan başga ses-seda gelenok.
Gulaklyk bilen planşedi aldym-da, myhman jaýyň gapysyny şarkyldamaz ýaly ýuwaşlyk bilen bekläp, diwanyň üstünde süýndüm. Planşedimdäki kitaphanany açyp, okap ýören romanymy galan ýerimden dowam etdim. Öňümden çykan dibbuk, sikkub, inkub ýaly nätanyş düşünjeleri Google’da gözledip, has giňişleýin düşündirişini öwrendim.
Kireýine tabşyran jaýymdaky kameralar hakda oýlandym. Pursadyny arap bildigim, barmaly-da, olary aýryşdyrmaly diýip, eýýäm bir aý bäri tekrarlap ýören kararymy öz ýanymdan ýene bir ýola gaýtaladym. Ýogsam bu ýagdaýdan ganyň ysy gelýär. Ol ýerde kamera oturtmak pikiri ilkibaşda öýüň talanmagyndan howatyr edip ýörkäm serime bolgusyz, hiç hili ähmiýet bereniňe degmeýän samsyklaç oýun hökmünde gelipdi. Beýdenim bilnäýse, ile wejera bolup, adamlaň menden gaça durjagyna akylymam çatýardy, ýöne, bir tarapdan, jaýy görmäge gelenleriň köpüsi ynamymy gazanyp bilmänsoň, üstesine-de kwartirantlar bilen bagly gulagyma ýetýän gürrüňleriň täsiri bilen, öýi gözegçilik astyna almak zerurlygyna ymykly ýykgyn edip ugradym. Aman bilen Dilber öýi synlamaga geleninden soňam, bu pikirimden dänmedim, gaýtam ol gelni göremde...
Men howpsuzlyk ulgamyny ornaşdyrýan guramada işleýän, şoň üçin kameralary görünmez ýaly edip oturtmak çep elimden gelýär. Kiçijik kameralaryň birini ýatuw otagyndaky, beýlekisinem dälizdäki wentilýasiýa gözeneginiň içinde ýerleşdirdim. Aşhanadaky ýa-da banýadaky asma potologyň içki tarapyna ýene bir göz goýaýsammykam diýip kän ikirjiňlendim, ýöne öýde zowwam şemal boldugy potolokdaky panelleriň ýerinden gozganýandygy ýadyma düşende, bu niýetimden el çekdim.
Jaýy ýaş çatynja tabşyranyma üç aý dolup barýar, emma Aman bilen Dilberiň düşekdäki oýunlary maňa henizem aýgyrlyk gerdejigi ýaly täsir edýär. Her gezek şol sahnalara tomaşa edenimden soň, ýadawlykdan ýaňa dünýäni bilmän ýatan aýalymyň gujagyna girip, onuň ah-wahyna garaman, şorumy ýatyrýan, ýöne hiç mahalam göz öňüne getirişim ýaly maza alamok.
Ol ikisiniň bolup ýörşüni synlamda welin, Amanyň käbir hereketlerine aňk bolýan. Dilberiň göwreli halyna onuň edýän birentek gödekligi meni hasam geň galdyrýar. Ol ýigdiň kellesi göçdügi, gözüne zat görnenok – agyraýak gelni rezin ýaly epleýärmi, uýlugyna-guýrugyna zarply şarpyk çalýarmy, saçyndan çekýärmi...
Dilber bir tarapdan lezzet alýan ýaly görünse-de, bu zatlaryň göwnüne ýaramaýanlygy, ony biynjalyk edýäni, hatda gorkuzýanlygy mese-mälimdi.
Her gezegem şondan soňky haşşyldyň arasynda ol öýkesini, nägileligini çykaryp galýardy.
– Saňa çaga gerek dälmi, Aman? Beýtseň, düşürersiň-dä! Seresabrak, azajyk mähirli bolaý-da.
– Bagyşla... Her sapar keýpden ýaňa kelläm göçýär...
Şonuň üçin öňňin Dilber ahyryn çydaman, goşlaryny düwüp gideninde, birjik-de geň galmandym. Ondan öňki gije ýene lezzetden ýaňa seri göçen Aman onsuzam ýüregi bulanyp ýören gelniniň agzyna işdäsi almajak zadyny gysdyrdy. Olam urnup-urnup, zordan adamsynyň aşagyndan çykdy-da, ögäp-ögäp, yzly-yzyna gaýtardy. Ýorgan-düşegi leýs etdi.
Soňam demi-demine ýetmän, dyzynyň üstünde aglap, ýanynda gadymy ýunan heýkelleri ýaly doňup duran çyplaň Amany ýumruklamaga başlady.
– Sen bir gyram aladamyzy edeňok, gözüňe menem, çagaňam görnenok. Diňe ***iň gaýgysy bilen ýaşaýaň. Tas öldürýädiň meni.
Gijäň galan bölegini ol ýatuw jaýda gulplanyp oturdy, äriniň ýalbar-ýakaryny diňläp, uklap galdy. Ertesem oňa ýüz bermän, işe gidýänçä garaşdy-da, paty-putusyny ýygnaşdyrdy.
Işden gelen Amanyň onuň duýdurman gitmegindenem beter, jaňyna jogap bermeýänligi myrryhyny atlandyrdy. Ýeke özi öýüň içinde ol otagdan bu otaga gatnap, sögündi ýördi, konýak guýnup içdi.
Kitapda ünsümi jemläp bilmämsoň, gyra taşlap, gulaklygymy dakyndym, onam planşedime birikdirdim.
Paroly ýazamsoň, ekranda ýene şol iki görnüm peýda boldy.
Daň atyp barýandygyna garamazdan, öýdäki çyralaryň bary ýakylgy, içeri ýagty, ýöne ýatuw jaýda-da, dälizde-de yns-jyns ýok. Dym-dyrslyk. Aşhana tarapdanam hiç hili ses gelenok.
Ýazgyny yza saratdym, soňky birnäçe sagadyň dowamynda öýde hiç hili hereket görmedim.
Bäş sagat öň ýatalgaň üstünde ýaşajyk nätanyş gyz ýeke özi telefona dümtünip oturan eken. Bir salymdan aşhanadan eli iki bulgur içgili Aman çykdy. Gyzyň ýanyna baryp, bulguryň birini uzatdy. Gyz oňa çalaja dodagyny degirdi-de, içginem, telefonam ýatalgaň gapdalyndaky tumbada goýup, ýerinden turdy. Içip duran Amanyň köýneginiň iliklerini ýazdyryp ugrady. Gyzyň boýy keltejik, çepiksije, hatda ýigdiň kemerini çözmäge-de güýji ýetmejek ýalydy.
Aman elindäki içgini goýup, özi herekete geçdi. Gyzy göterägede, «wiýh» etdirip, ýatalga taşlady. Indi ol hiç bir gypynçsyz güýç görkezip bilýäninden melul bolana meňzeýärdi, gülüp ýatan gyzyň köýnegini sypyryp:
– Ýene çagyramda uzak garaşdyrsaň, şeýdip ýenjerin – diýdi-de, götüniň gümmezine şarpyk çaldy.
Muňa gyzyň göhi gelip, wakyr-wakyr gülüp başlady. Öz ýanymdan ýaňky bulgur ilkinjisi däl bolmaga çemeli diýip, çak urdum.
Amanyň hereketleri barha dogumlanyp, gödekleşip barýardy. Açgözlük bilen gyzyň bütin endam-janyny bir-de ýalap, dişläp, bir-de penjeläp çykdy. Ol awunyň üstüni basan wagşy ýyrtyja çalym edýärdi.
Gyzyň indi gülmäge-de mejaly galmadyk borly. Ol bahymrak gemrilmegine kaýyllyk bilen garaşýan ýaraty jereni ýada salýardy.
Ine, Aman ýene şol birsydyrgyn hereketlerine girişdi. Dilberiň üstünde özüne her-hesip erk etmäge synanyşan bolsa, häzir dolulygyna huşuny goýberdi, agyr haşşyldap, haýdady. Bir pursat şumjaryp ugran gyzyň sesine ünsi sowulanynda, dessine onuň agzyny ýumup, işini dowam etdi.

Banýaň içinde çommalyp, aldygyna gaýtarýan. Gusugym goýy. Goýylygyndanam beter, agzymdan yzly-yzyna bişmedik jylka et çykýar. Bogazym halys çöwrülip barýar. Agzym ajap, sarym gaýnaýar. Öz bolşuma, gusugymyň porsy ysyna ýüregim bulanyp, öňki çogduranymyňam üstüni ýetirýän.
Bu ýagdaýyň heniz kesilmejegine gözüm ýetip duransoň, et böleklerini hatara düzüşdirýän.
Bir dikelip seretsem, daş-töwerek – bazar. Özem gyzyşan çagy.
Haýdap, etleri tertipläp, öňümdäki tekjede ýerleşdirýän.
«Ine, bu ýeri budy, bu-da gapyrgasy, bularam bagyr-öýken, dalak, ýürek... Adamlar, geliň-eý! Geliň...»
Alyjylar ýüzüme nebsagyryjylyk bilen garap, başlaryny ýaýkaýarlar. «Gynanjyňyzy başyma ýapaýynmy? Harydyma hyrydar tapylsa bolany».
Gapdalymda beýleki gassaplar barmagyny agyzlaryna sokup, ögeşip durlar. Olaryň eti süňklek çykýar, şoň üçin arzan bahadan satýarlar. Söwdamyň oňmaýanlygyna şolar günäkär.

– Eý, tur! Tur diýýän saňa...
Aman gymyldaman, göm-gök bolup ýatan ýalaňaç gyzyň gany gaçan ýaňaklaryna şarpyk baryny ýagdyrdy, gaýta-gaýta böwründen dürtgüledi.
– Bol, tur!.. Oýan, ejeňi...
Gyzdan jogap bolmady. Onuň indi ýatalgadaky ýassykdan, ýorgandan, otagyň içindäki islendik mebelden tapawudy ýokdy.
Aman çete dykylyp, özi bilen oýnalmaýanyna öýkelän oglan ýaly bir ýumruk bolup, gysylyp oturdy.
Indi näme etmeli? Indi näme etmeli?
Bu sorag meniňem aňymda zol-zol gaýtalandy. Özümiňem kelläm doňup, bolan zatlara akyl ýetirip bilmän, bir elimde planşedimi gysymlap, beýleki elim bilenem saçymy penjeläp, tümlügiň içinde diwaryň gyrasyna göwrämi goýberipdirin.
Indi nätmeli?
Garaňky otagyň çüňkünde oturan ýerimden görmesiz zadyň şaýady bolanyma düşündim, ýöne bu zatlary akylyňa aýlamaga juda dury aň gerek. Meniň aňymda beýle aýdyňlyk ýok. Bu wagt diňe ähli zady owarrama salagada polisiýa ýa tiz kömege habar bermäge derek, eglenýänim üçin özümi ýigrenýän. Özümi şeýlebir zyr ýigrenýän welin, hatda ölesim gelýär, özümi öldüresim gelýär. Ýöne ekranyň ýüzündäki jansyz sudur gözüme ýoklugyň düýpsüz çukury bolup görünýär, gorkuzyp, tutuş süňňümi gagşadyp barýar.
Şu galagoply gapma-garşylygyň içinde alasaňsar bolup otyrkam, ekranda hereket göründi. Aman şol çyplaňlygyna aşhana geçdi. Ol taýdan birgeňsi şygyrdy eşidildi. Bir salymdan dälizde göründi, banýaň gapysyny giň açyp, çyrasyny ýakdy, gapysynda durup, içini synlady. Ýene birki ýola iki otag arasynda gatnanyndan soň, ýatalgaň ýanyna baryp, gyzy galdyrdy. Hamala, şu ikarada göwresi agralyp ýetişen ýaly, kynlyk bilen göterdi-de, ony banýa saldy. Soňra gyzyň telefonyny alyp, ýene bir ýola aşhana baryp gaýdandan soň, banýaň gapysyny içinden bekledi.
Mundan soň öýüň içinde uzak wagtlap hereket kesildi. Ähli otaglaryň çyrasy ýakylgylygyna galdy. Imi-salalyk. Planşediňem, gulaklygyňam sesini hernäçe gataltsam-da, apparaturanyň birsyhly şyggyldysyndan gaýry ses gulagyma ilmedi. Birdenem bu ýazgyny bäş sagat yza geçirip görýänim ýadyma düşüp, öňe saratdym...

Barmagymy ölläp, ýüzüni süpüren togalak etim – göz bolup çykdy.

Aman birtopar gara pakedi göterip, heniz jahan ýagtylmanka öýden çykdy.

– Etiň porsapdyr-a, agam!
Öňümde nurana ýüzli oglanjyk ýylgyryp dur. Pyňkyrman, zordan saklanýar.
– Jigim jan, bu meň etim däl – diýip, ýagdaýymy düşündirjek bolýan.

Yzyna günortan çaglary, siňeklän ýaly üsti-başyny kakyp geldi.

Onuň öňünde ýöne ýere aklanjak bolmaýanymy özümem aňýan. Ol ýönekeý çaga-ha däl.
– Muny men pudarlamadym – diýýän. – Öldürenem men däl. Oňa kän bir dahylymam ýok meniň. Ýöne et nämüçindir ala-böle meň bogazymdan çykýa.
– Ol seň etiň, agam.
– Ýo-ok – diýip başymy ýaýkaýan. – Meň üstüme atjak bolma.
– Düşüneňokmy? – diýip, kikir-kikir gülýär. – Bu eti çapanam özüň, çapylanam.

Üçünji aý dolmanka jaýy boşatmaklaryny soramagyň ebeteýini gözläp ýörkäm, hernä, özleri öňürtdi. Dilberden jaň geldi. Onýança ol adamsynyň ýanyna dolanyp gelipdi. Gitmek isleglerini bahana bilen berkitjegem bolmadylar, menem sebäbi bilen gyzyklanyp durmadym.
Ýaşaýjylary çykarmaga barmaly güni zordan özüme buýurdym, ol öýe aýagymy sekesim gelmedi.
Baramsoňam, ýüzümi kese sowup ýördüm. Hoşlaşamda welin, islesem-islemesem, Aman bilen elleşmeli boldum. Şonda ellerimizi mäkäm gysyp duran ýerimizden, nazarymyz kaknyşdy. Gaharymy ýuwdup, dişimi gyjyrdadyp, göni gözüniň içine garadym. Syryny bilýänimi dil ýaryp aýtmasamam, otly nazarym arkaly aňdyrasym geldi. Ol muny dogrudanam duýan ýaly, birden ýüzi üýtgedi. Ýöne aljyramady. Gaýtam ýaňsyly ýyrşaryp, bir gözüni gypdy.
– Dogry aýdypdyň, agam. Ikimiz gaty meňzeş ekenik – diýdi. – Özüme Esen diýibersemem, ynanman durmazlar.
– Ýok – diýip, garşy çykdym. – Aramyzda hiç hili meňzeşlik ýok.
Ol içýakgyç ýylgyrjaklap durşuna egnime kakdy:
– Meňzeş, meňzeş...

– Şu porsy et – sen!

Öý boşan badyna kameralary ýygnaşdyrdym, emma ýeke galanymdan soňam, göwnüme, meni hem kimdir biri yzarlap duran ýaly boldy.
Şondan soň uzaga çekdirmän, jaýy satdym. Amatly baha kesemsoň, tiz eýe çykdylar. Şol gijäni ýatladyp biljek närseleriň ählijesinden dyndym.
Emma ep-esli wagt geçenine garamazdan, ýatdygym, mydama şol bir düýşi görýän, ol sebäpli uklamaga-da gorkýan.
Bu edil gorky-ürkem däl. Belki, utançdyr? Belki: «Sen – şu porsy et! Muny çapanam özüň, çapylanam» diýip, halys günüme goýmaýan gülek oglandan utanýandyryn?
Megerem, maçja et bolup ýaşap ýörenimi boýun alasym gelýän däldir.
Ýöne men entegem nämedir bir zadyň bolaryna garaşyp ýörün. Henizem gözümi aýyrman, hemmeler bile ekrana seredip otyryn.

© Maksat BÄŞIMOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 216 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
0
1 sussupessimist • 15:53, 04.02.2024
Exclusive...
avatar
0
2 garagar • 00:01, 05.02.2024
Gözden ýaňa teswir ýazyp bolanok.
avatar
0
3 Mekan2 • 10:54, 05.02.2024
gara-la
avatar
0
4 Mekan2 • 11:10, 05.02.2024
gözden-dilden gorasyn.

gowy hekaýa bolupdyr.

gözüň içinde eti sypyrylan, çakyr kelle bar.
avatar
0
5 Мango • 11:22, 05.02.2024
...men entegem (kimdir biriniň) nämedir bir za(t) (ýazaryna) garaşyp (otyryn). Henizem gözümi aýyrman, ...ekrana (monitora) seredip otyryn.

ýyzzyllary welin ýakdym.
avatar
0
6 garagar • 12:53, 05.02.2024
Esen Amandan öňem düýşlerden bez bolup ýören eken.
"Ýöne men entegem nämedir bir zadyň bolaryna garaşyp ýörün. Henizem gözümi aýyrman, hemmeler bile ekrana seredip otyryn" — bu sms bizemi?!
Bolan zatlara bizem şärik bolduk.
avatar
3
7 Мango • 13:11, 05.02.2024
Öňümden çykan dibbuk, sikkub, inkub ýaly nätanyş düşünjeleri Google’da gözledip, has giňişleýin düşündirişini öwrendim.

dibbuk - персонаж еврейской мифологии, злой дух в ашкеназском еврейском фольклоре, являющийся душой умершего злого человека.

sikkub Sukkub - Суккýб, cуккýбус — в средневековых легендах — демон похоти и разврата, посещающий ночью молодых мужчин и вызывающий у них сладострастные сны...

inkub - в средневековых легендах распутный демон, ищущий сексуальных связей с женщинами, персонаж низшей мифологии народов Европы.

---
gysgaça
dibbuk - (ýewreýlere görä) ölen erbet adamyň ruhy;
sukkub - erkeklere şehwet (şöwket) taýdan azar berýän şeýtan;
inkub - bu-da edil sukkub ýaly aýallara azar berýän şeýtan
avatar
0
8 Мango • 13:36, 05.02.2024
hekaýaň başynda Amanyň maşgalasy (özi) negözel maşgala ýaly göründi, emma gizli kamera öwrülip bakaňda Amanyň предпочтения-sy diýmelimi... garaz, öz işem welin... wagşy göründi. onuň soňam jenaýat...

ýatak jaýa gizli kamera goýmak - bu-da gowy zat däl, göz zynasy, göz gybaty, garaz.... jenaýat.

et gusýan düýşleri - hadysy ýada saldy. "gybat edip doganyňyzyň etini çig-çig iýmäň" diýen ýaly. bu-da çig eti gusýa, diýmek iýen bolmaly ol eti, ýa özüniň parçalaryny gusýamyka?

@garagaram bellän eken, şolar ýaly menem pikir etdim, bizi hem ol kamera arkaly ähli zada şaýat edýär.
dymmak - bu-da bir jenaýatmyka ýa.
jenaýatlara şaýat bolup "bir zadyň bolaryna garaşyp" dymyp ýörmek...

Aman bilen Eseniň meňzeşligi nämede?

çynymy aýtsam bu hekaýa kellä hapa bolup ýokuşdy, yz galdyrdy... häzir işde welin meni hem bir kamera synlap duran ýaly :-)
hekaýany haladym.
begendim, ýazyp bilýänler bar bizde-de diýip.
bu ýerde eksklýüziw okadanynada begendim.
avatar
0
9 Мango • 13:58, 05.02.2024
ol "dogram-dogram edilen bagyr-öýkeniň arasynda(ky) togalajyk za(t) – göz, meniňem gözüm ýaly bolup duraý...
avatar
0
10 Mekan2 • 14:33, 05.02.2024
okanyňdan soň birnäçe wagt dumkada gezdirýän eserleri gowy görýän. bulam şolaň biri bolupdyr.
avatar
0
11 garagar • 21:32, 05.02.2024
Eseniň görýän düýşüniň ýorgudy:

1. Çig et görmek — düýş görýän adamyň örän ýakyn wagtda şum habar aljakdygyny aňladýar. Bu düýş, umuman gowy diýip düşündirilmeýär. Çig et—töweregiňizden geljek erbetlige yşarat. Çig eti görmek töweregiňizdäki zyýanly adamlardan seresap bolmagy habar berýär.

2. Et dogramak— Düýş görýän üçin erbet zat. Bu düýş betbagtlyk hökmünde düşündirilýär; Düýş görýän adama betbagtlyk getirjek bir zadyň "yşgyna düşen" diýip düşündirilýär. Düýş görýän, peýdasyz iş bilen meşgullanar we çynlakaý maddy– ruhy zyýan çeker.

3. Et gusmak– ýakyn wagtda meseleleriň çözüljeginiň alamaty.

4. Et satmak— Ýitgileriň boljagynyň yşaraty.
avatar
0
12 garagar • 21:33, 05.02.2024
1. Gyz nirede?
a. Öýde dur
b. paketde äkidildi.
ç. okyjynyň kellesinde

2. Eserdäki kamera durmuşda näme?

3. "Diriler gezip ýör gysyp dişlerin,
Ölenleň ölümine sebäpkär ýaly" – şu setirler bilen baglanyşygy barmy eseriň?

4. 100 ballyk sorag: Ýokardaky Raskolnikowyň içgepletmesi bilen eseriň baglanyşygy näme?
(Ýatlatma: Raskolnikowa jenaýatçylyga barýarka, derwezäniň öň ýanynda gelen pikirler).
avatar
0
13 usher_imp • 13:39, 06.02.2024
ine, muny bilýän, «Crime and punishment»... Jenaýatly bölegini okasamam, jezasyny bilmäge sabyr-kanagatym ýetmän, taşlapdym.
...diýmek bilen awtor özüniňem hekaýanyň jezaly ýerini ýazmaga sabyr-kanagadynyň ýetmändigini aýtjak boldumyka?
avatar
0
14 usher_imp • 13:53, 06.02.2024
Hekaýany howlugyp ýazylan ýaly gördüm. Gahrymanlaryň psihologiki ejir çekişinem oňaryp beýan edip bilen bolsa... onda eser başgaça bolardy.
avatar
0
15 Mekan2 • 10:01, 10.02.2024
Surata üýtgeşme girizilipdir.

ýeser.

megapikselini görkezýän zatlarmy, nämemi, olara deregem hekaýaň ýazylan wagtyny goýsaň hasam ýeser boljak eken.
avatar
0
16 Küle • 15:21, 10.02.2024
Hekayan oz cunlugam az dal welin setirarlarynda diyilyan zatlaram Mariana coketligi yaly. Gaty halapdym, indi has gaty haladym.
"Mother" filminem yatladyp goyberdi.
avatar
0
17 Mekan2 • 19:23, 10.02.2024
Bäh, Külä bir topar zat yazdyrdy bu eser.
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE