TÜRKMEN EDEBIÝATY


15:49
Gutulgysyz / hekaýa

GUTULGYSYZ

Kitap okap oturan ýerinde uklap galdy. Işden ýadaw gelensoň, agşamyň alagaraňkysynda gözi smartfondan düşýän ýagtylyga öwrenişen badyna, gabaklary agralyp ugrady. Uky kitabyň iň gyzykly ýerinde gürpbasdy etdi.
Ýaňyja-da öýüniň golaýyndaky tanyş köçäniň ugry bilen ylgap barýardy; garaňky ýodalaň eteginde bukdaklap, gara-görnüm arada adam-gara görünmese-de, yzyndan kowgy gelýänini bilensoň, gabrystanyň daşyna aýlanan beýik diwaryň gapdalyndan gaçyp barýar. Ol häzir göwresiniň içinde özüni başga bir adamyň gäbini geýen ýaly oňaýsyz duýýar, bedenini eşik çykaran kibi sypyraýasy gelýär.
Yzyna gaňrylman, garaňky ýodada çabjap ýörşüne, indi köçäniň beýleki tarapyna aşmalydygy kellesine gelýär. Neneňsi gyssansa-da, ýoly gadagan ýerden geçmäge ýaýdanýar.
Mazut ýaly gara asmanda ýyldyz görnenok, ýollar çola. Iňlär siňek ýok, diňe fonar lampalarynyň ýagtysynda çybyn-çirkeý gaýmalaýar, olaryň hyzzyldysy transformatorlaryň birsydyrgyn güwwüldisine garyşýar. Howanyň düzümine garylan, burnuňa dartyp bolýan bu sesler ýüreginiň gürsüldisi güýçlendigisaýy goýalyşyp, dem almany kynlaşdyrýar. Ol göze görünmeýän howp-hatardan başyny gutarmaly. Başyny gutarmaly welin... bir jümlede başlabam, gutarybam bolýarmyka?
Gaçgak awtobus duralgasynyň deňinden geçýär, birdenem aýlawly çatrygyň edil ortarasyndaky depesi altynsow domalan şekilli äpet nägehandan gorkup, aýak çekýär, sögünip, başga tarapa eňýär.
Gaty uzakda kimdir biri azarlap gygyrýar. Sag gapdaldaky haýatyň aňyrsyndan – öwlüýäden doga-dilegler eşidilýär. Pyşyrdydan çala batlyrak bolsa-da, gulaga ýetýär. Mazarlygyň daşyndan bu diwary şeýle pyşyrdylardan, üstüňe çozup gelýän tukat pikirlerden goranmak üçin gurdularmyka? Ýa-da bu diwaryň üsti bilenem şol aýbygadym demirgazyk ýagy bilen ara serhet çeken boluşlarymyka? Hamala, şeýdeniň bilen seni içindäki gara gabyr garşy almajak, içki jaýyna salmajak ýaly.
Köçäniň beýleki tarapyndaky iki sany belent jaý gaçgagyň üstüne abanyp, ýokarky gatlaryndaky äýnege çalymdaş tegelek penjireleri bilen ýüzüne garap dur. Häzir bu depesi gönüburçly minýonlaram oňa haýbat atýarlar.
Ol özüni nirä urjagyny bilmedi, hut şol pursatam gursagy sandyrady. Ilkibada munuň nämedigine özem düşünmedi. Döşündäki smartfony galdyryp, ekranda tanyş ady görensoň, uludan demini alyp, ýaşyl düwmäni süýşürdi.
– Allo – diýeninde gözüni açdy. Sesi asuda otagyň içinde güňleç ýaňlandy.
Ýatalgasynda uklap galan eken, gapdalynda aýalam dünýäni bilmän ýatyr. Giň otagyň içi sesleriň matamhanasyna öwrülipdir. Daşary daňyň alagaraňkysy. Ýa bu çagda ýagtylyk hüjüme geçeni üçin, üstesine-de onuň ýeňiş gazanjagyna gözüň ýetip durka alaýagtysy, alyýagtysy diýmelimikä?
Jogap berendirin öýden telefony ýassygynyň aşagynda ýatyr. Diýmek, onuň jaňyna däl, özi öz sesine oýanypdyr. Ýüzüni açyp, wagta seretdi. Altydan işleýär. Beýle ir oýanan halaty ýokdy. Ýene ýassyga kellesini goýanynda, gabaklary aňsatlyk bilen bürüldi, edil şol pursatam ýuwaşlykdan daşky gapy kakyldy. Pessaýja tarkyldy.
Ol ýerinden galmaga howlukmady, häki bir şemalyň-ýeliň oýnudyr öýtdi. Daň bilen duýduryşsyz geljek adam ýokdur-la.
Ýaňy bir şeýle pikire gözüni ýumduran badyna, tarkyldy gaýtalandy.
Ýatan ýerinden galjak boldy, emma düşnüksiz bir güýç ony düşeginde duşaklady. Eli-aýagy güýlene döndi.
Gapy ýene kakyldy. Bisabyrlyk bilen. Bu gezek tarkyldy has batly çykdy.
Ol ýene-de turmaga dyrjaşdy. Bedenine buýrup bilmedi. Aýalyna garady, olam öli ýaly ýatyr, butnaýynam diýenok. Diriligi çalaja myrryldaýşyndan aňdyrýar.
Kellesine birgeňsi pikir geldi: galmak başartmaýan bolsa, ýykylmaga synanmaly...
Bir öwrüm agdy-da, bütin göwresi bilen jalkyldap, sowuk polda ýüzin ýazyldy. Burny agyrdy, sähel ganjardy. Süpürmän, aýaga galdy. Süňňüniň şeýle ýeňlänine özi haýran galdy.
Ýok, bu düýş däl eken. Gapy ýene kakyldy. Ýaňky tark-turkuň üstüne düňküldi goşuldy.
Dälize çykyp, ýaýdanyp durdy. Henizem hiç kim gapyny açmaga barmandyr. Aslynda sähel pol jygyldasa galpyldap ýören aladaçyl ejesi bilen igenjeň kakasy öz otagynda parahat ýatyr.
Daraklygyna basyp, daşky gapa golaýlady, gözjagazyndan seretdi.
Howwa, şol eken. Dagy kim bolsun? Gapyň aňyrsyndan onuň has-hasy eşidilýär. Gaty daljygypdyr. Maňlaýynda der, gözünde gorky ýaldyraýar.
Indi ol gapyny öňküsindenem batly kakýar. Bu ses gündizem adamy tisgindirjek welin, saba ümsümliginde has gorkunç hem näbelli howp-hatary üstüňe küşgürýän ýaly ýaň berýär.
Onuň özi gapyny açmaga ýürek etmedi, eje-kakasynyň, iň bolmanda aýalynyň dälizde gara bererine garaşdy. Olar wagty bilen oýanarly däl. Ahyrsoňy çydap bilmän, otaglaryna girdi-de, kakasyny yralady, netije bermänsoň silkeläbem başlady. Goja o tarapyna agyp, ýorganyna öňküden beter dolanyp ýatdy. Ejesini yralamaga dözmedi.
Ýene dälize çykdy. Ony ýalňyzlyk basmarlady. Gorkyň ornuny gam-gussa garyşan aljyraňňylyk eýeledi. Ýekelikde iki baka ýöräp, näme karara geljegini ölçerip dökdi. Meger, oňa başga ýerde bukalga gözle diýmelidir? Ýa daşymdan gulplap gitdiler, açarym ýok diýmelimi? Bu-ýa bir çagalaç bahana bolýa. Ynanmaz. Diňe iki ýoly bar. Ýa öýe salmaly, ýa özi gidýänçä garaşyp durmaly. Içeri goýberseň, öz başyňa bela indermegiň ahmal. Ýöne işigi açmasaňam – näme boljagy belli däl, soň bu labyry göterip ýaşamaga gurby çatarmy?
Birdenem aşakdan itleriň gaharly üýrüşi eşidildi. Aşhana ylgap baryp, tutyny süýşürmän penjireden garady. Daşarda yns-jyns ýok. Hatda agaçlaram doňňaradaş bolupdyr. Emma itleriň sesi gitdigiçe güýçlenýär.
Gapydaky indi işigi hiç bir gypynçsyz depip başlady. Düňküldisi öýüň içinde ýaň berýär.
Sanalgyja pursat galdy. Wagt puryja berenok. Ol daş işige baryp, tutawajyna elini goýdy. Aşak egdigiň – açyljak...
Itleriň sesi golaýlady. Olaryň penjesine düşdügiň, çeýnem-çeýnem etjegi haýbatyndan bildirýär.
Indi gapy kakylanok, oňa derek daşyndan agy gatyşykly sandyrawuk pyşyrdy eşidilýär: «Açaý-da... açaý...»
Ýogsa-da, gapy dogrudanam daşyndan gulplanan bolaýmasyn?
Munuň özem onuň yzyndan gaýtalasy geldi:
– Açaý-da... özüň aç...

noýabr, 2017

© Maksat BÄŞIMOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 sussupessimist • 16:01, 08.02.2024
Bu hekaýa Ahmet Meläň "Basgy" eserine parallel ýazylan.
Onuň ýok ýerinde - bu özüni egsik duýar, munuň ýok ýerinde - ol...
avatar
0
2 Mekan2 • 16:12, 08.02.2024
"Gaty daljygypdyr. Maňlaýynda der, gözünde gorky ýaldyraýar."

gana üns bermändir. seýilgähde bir bomžyň çüýşesine degip maňlaýy deşilipdi.
avatar
0
3 sussupessimist • 16:27, 08.02.2024
yzýany ýazylanok haw, parallel
avatar
0
4 Mekan2 • 16:36, 08.02.2024
men onyny bilemok, şoň maňlaýynda gan bola:ýmaly.

(özümi kowguçylara degişli ýaly duýdum :-))
avatar
0
5 Mekan2 • 16:46, 08.02.2024
şu ýeri:

Kellesine birgeňsi pikir geldi: galmak başartmaýan bolsa, ýykylmaga synanmaly...
Bir öwrüm agdy-da, bütin göwresi bilen jalkyldap, sowuk polda ýüzin ýazyldy.


Kafkadan bilgeşleýin çilnen bolmaly.

Bu bilgeşleýi çilmegem "çapgy ýassygyny" ýatlatdy.

ýüzüňe öwdügim däl, gowy ýazýaň. gaýbanadan eliňi gysýan.
avatar
0
6 sussupessimist • 17:06, 08.02.2024
Zamzaly allýuziýa üns bereniň üçin menem gaýybana eliňi gysýan. Dogry okaýaň... Sagja bol
avatar
0
7 Seýrаn • 08:38, 09.02.2024
Gowy suratlar bilen paýlaşýaňyz. Berekella. Diliň yzyna düşürýär. Zamzany bir gün okaryn menem.
avatar
0
8 Lacrymosa • 22:44, 09.02.2024
Düýn Ahmet Meläň ,,basgysyndan’’ soň; ,,birki gün hiç zat okaman, şu eseri gowy görüüüp gezeýin-le’’ diýdim. Beýlekiler birden onuň Tadyny gaçyrarlar öýtdüm. Saklanybilmän ,,gutulgysyzy’’ okadym, bu-da onuň üstüne çilek oldu. Zehiniňiz dury, paýhasyňyz ýiti, sözleriňiz ötgür,kompýuterleriňiz doňmaýan bolsun, arkadaşlar!
Ýoksa-da ,,bedenini eşik çykaran kibi sypyraýasy gelýär’’ diýen ýerde bedenini sypyrman, derisini sypyrsa näme, Derisinedüýrügeniň dosty?!
avatar
0
9 Мango • 23:04, 09.02.2024
teswir 8-iň eýesine:
gaýrat edip "Ýoksa-da" diýmägaýda. (galan sözüňe dawam ýok).
"ýogsa-da" diý.
ýoksa her gezek internetdäki türkmen daýzaň "türkiýäň gelejegi JOK güzel olajak" diýişini ýada salýa.
avatar
0
10 Мango • 00:29, 10.02.2024
(diwar salanyň) bilen seni içindäki gara gabyr garşy almajak, içki jaýyna salmajak ýaly...
GOWY hüňürdili iňirdi!

---
"Ol özüni nirä urjagyny bilmedi, hut şol pursatam gursagy sandyrady. Ilkibada munuň nämedigine özem düşünmedi..."
:-) menem düşünmedim ilki başda... telefon eken-ä...

---
bäh, indi gapyny kim açmaly?
gyzykly.
avatar
0
11 Lacrymosa • 07:55, 11.02.2024
teswir 9-y ýazana (9-yň eýesine diýen däldirin, üns beriň şyjagaş ýerine)
Böh-böh, Hojoş! Hany, şu teswiri beýleräjik süýşübem bir ýazjak bol-la!
ÝOKKKSA-DA birki günlükde Mango daýzam ikiňiz ýürejik iýdiňizmi? Hääää, bellli wolly, ýürejik iýipdirler, ýürejiiiiik! Haý, garagollaaaaar!!! Ýürejik iýipdirler-ä bylar!
Tekrar ÝOKKKSA-DA, Mango daýi, meniň şu günler ,,Gaddar” görýänimden haberiň olsun!
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE