TÜRKMEN EDEBIÝATY


15:52
Gazamat / hekaýa


«— Aýnaň döwük eken, deşik ýeri bar — diýýärsiň, hamala, şol gyzyň harydy bilen çynlakaý gyzyklanan ýaly.
Gyz:
— Onuň iň gymmatly ýeri şol — diýip, deşikden ýüp geçirýär-de, halkajygy barmagyna ildirip, aýnany ýüzüň görner ýaly edip saklaýar.
— Deşik iň gymmatly ýerimi? Belki, maňa aýnasyz, diňe deşigiň özüni satarsyň?
— Men beýle işler bilen meşgullanamok. Utanaňzokmy, jenap?»

Milorad Pawiç – «Deşikli aýna»

«...muňa diňe jan salaýmak galypdyr».

Hudaýberdi Hally – «Gurjak»

Öňňindimi ýa ondanam öňki gün? B***, anyk ýadyma düşenok, öňňin bolaýmagy ahmal. Gijelerine ýatmamsoň, günleriň sepgidini ýitirdim. Şonuň üçin pikirimi birneme çylşyrymly hem alasarmyk beýan edýändigime düşünýän. Oýlanmamyň yzyndan ýetişip bilmeseňiz, öz ukuçyl akylyňyzyň telperliginden görüň! Meniň-ä günäm ýok. Ünsli okamasaňyz, aýtjak bolýanlaryma düşünmersiňiz. Men bolsa aňyňyza gümürtik bolsa-da, wajyp zatlary ýetirjek bolýan. Naskädiňize birazajyk zor salaýyň, bajyňyzy...!
Ýeri bolýar, gyzmalygymy geň görmäň. Onuň sebäplerine öňi-soňy düşünersiňiz.
Geçen dynç ýa bazar güni (kimiň alyjy, kimiňem satyjydygyna bagly) köne dostum Rehmediň eli paketli, ýeke özüniň mys-mys gülüp, Dilberiň ýaşaýan jaýyna girip barşyny gördüm. Oňa tötänden gabat geläýdim. Ulagymda dükanyň deňinden geçip barýarkam, Rehmediň ondan ýüklenip çykanyny görüpdim. Palta Camry’sini şol dükanyň ýanyndaky agajyň saýasynda goýup, özi ýokary galdy. Menem üns çekmezlige çalşyp, ara saklap, ulagymdan düşmän synladym oturdym.
Dilberiň öýüne baranlygy ikuçsyz. Ol şu dört gat jaýyň bäşinji gatynda ýaşaýar. Tahyr bu ýere gelemizde, mydama şeý diýip degşerdi. Liftsiz jaýyň bäşinji gatyna galmak, – özüňiz bilýäňiz – görgi.
Içimden ikisine: «Häý, ganjyk! Wah, deýýus!» diýip sögünip garaşdym. Rehmet 20-25 minutdan soň bukdaklap, derini süpürip çykdy. Uly iş bitiren ýaly, ak köýneginiň ýeňinem çermän bolupdyr.
Töweregine ýaltaklap, maşynyna mündi-de, gitdi. Menem yzýany onuň boşadan kölegesinde ulagymy goýup, kellämiň gyzgynyna bir demde bäşinji gata galdym. Basgançakda ýürekbulanç ys duýdum. Jaýyň ýerzemininde pişik ölen borly.
Gapynyň zaňyny basdym. Içerden güňleç «zowk» ýaňlandy, soňam golaýlaşýan ädim sesi. Edil işige ýetiberende ähli sesler tapba kesilip, gapyň gözi garaňkyrady. Ýöne hiç kim açmady.
Ýene üç-dört gezek zaňa basdym. Dilberiň edil garşymda durandygy baradaky pikir hyjuwymy hasam odukdyrdy. Birtüýsli, maslygyň gözüňi ajydýan kokunyň arasynda onuň süýjije atyrynyň ysynam alan ýaly boldum.
Jübimden telefonumy çykaryp, jaň etmäge hyýallandym. Edil şol wagt gapynyň gözündäki göz aýrylyp, içeriniň ýagtysy göründi. Telefonunyň sesini öçürmek üçin ýelk ýasan bolmaga çemeli.
Muny aňyp, jaň edibem durmadym. Onsuzam jogap berjegi gümana. Oňa derek pursady peýläýin diýdim-de, endigime görä ulagymyň açaryny dikuçaryň peri deýin barmagymda towlap, daşary çykdym.

Ganyny sarkdyryp ugranynda, ejesini, bajysyny goýman, zol-zol beýtjek däldim, bagyşla meni, bagyşla diýip gaýtalap, hatda tiz kömek çagyrmaga-da hyýallandym. Mende hiç haçanam beýle zalymlyk bolmandy.
Ýöne, soň pikirilenip görýän welin, ol eýýäm üstüni gürpbasdy edip baranymda ähli boljak zadyň bolanyna düşünen ýalydy. Menem şeýle. Gutulgysyzlygyň mehanizmindäki çarhlar eýýäm ikinji ýa üçünji gatyň basgançagynda yzyndan ýeten badyma herekete gelen borly.
– Salam, Dilber!
Ýüzi ak tam boldy. Getir kömekleşeýin diýip, garşylygyna garaman, elinden çörekli pakedini aldym. Öz elimde-de süýji-kökeli, üç görnüş şireli, bananly, almaly paket bardy, elim boş barmaýyn diýip, öňünden birneme ýüklenipdim. Bu pursada daşardaky petiş howada korollamyň içinde oturyp, iki sagat töweregi garaşandyryn. Guşluk nahary üçin nan almaga çykan bolsa gerek. Birhili ebeteýsizlik bilen, birek-biregiň sözüni bölüp, hal-ýagdaý soraşdyk.
– Bilbilem ýagşymy? Alyp gelmeli ekeniňiz – diýip, aýalymyň ýagdaýyny sorady. Göýä diýersiň, biz öňden maşgala bolup gatnaşýan ýaly. Kä üýşmeleňde ýa ene-atalar ýygnagynda gabatlaşaýmasalar, Tahyr ikimiziň aýallarymyzyň, dogrusy, jyny jyňkyryşyp baranokdy.
– Şatlygam, tüweleme, tijenjeg-ä bolýar – diýip, okuwyndan, umuman ýer ýüzündäki durmuşyndan pleýsteýşni has gowy görýän oglumyň gürrüňini açdy. Hamana, men şoň ýetişigini bilmäge gelen ýaly. – Matematika üşügi bar onuň. Dillerden, edebiýatdan bahalary pes, ýöne hasaba, informatika gezek gelende ökdeje. Arada...
– Minnetdar, Dilber mugallym! – diýip, ýaňsyny kän bir bukjagam bolman, sözüni böldüm, ýogsam gürrüň başga ýana sowlup barýar. – Öňem oňa şeýle ünsli boljagyňyzy bilemsoň, siziň mekdebiňize beripdim. Ýöne okuwyň gürrüňini soň ederis.
Onýança biz onuň gapysyna ýetdik. Ol işigi açmaga howlukman, bir pursat maňa arkasyny öwrüp durdy, gulp bilen başagaýsyrady. Ownuk gülli goňras köýnegi inçe billi bedeniniň ähli öwrümlerine öýkünip, hasam agzymy suwartdy. Saçyny ýeňsesine ýygnansoň, akja boýnundaky ownujak meňjagazlar gözüme kaklyşdy.
Göwünli-göwünsiz, ýuwmarlaman aýdanyňda, gaýtam tüýs göwünsiz:
– Girjekmi, çaý goýaýyn ýa kofe? – diýip sorady.
– Edil çaý-kofe içib-ä oturjak däl, ýöne sowujak suw hödürleseň ýüz öwürmezdim – diýip, içeri girdim.
Öý mydamakysy ýaly arassa, ýöne gum-gukluk. Hatda köne jaýdygyna garamazdan, goňşulardanam hiç hili ses-seda eşidilenok. Diňe aram-aram aşhanadaky balkon tarapdan raýonyň içinden geçýän seýrek maşynyň çalaja wazzyldysy gulaga ýetýär. Öýde hälki duýan atyryma gyzgyn çöregiň ysy garyşdy, ýöne maslygyň ysam eýýäm üstüme siňip ýetişipdir.

Dilber bäri bakman, stoluň üstünde paketleri goýup, elini ýuwmaga duranynda, ýakamy, goltugymy ysgap gördüm. Üstüme Günüň, deriň ysam siňen eken welin, maslygyňky has aýylganç.
Aşhanadaky oturgyja çökdüm. Öýüň bikesi bulgura sowadyjydan iki bölek buz atyp, üstüne suw guýýança özüm dil ýardym.
– Tahyryň ýagdaýy ganymatmy? Haçan soňky gezek yzyndan bardyň?
Ol howwa, şükür, diýip, bir zatlar jogap berdi, men diňlemän, indiki aýtjak sözümi oýlandym. Ulagda näçe garaşsam-da, gürrüňi nämeden başlamalydygy hakda pikirlenmändirin. Onuň sözleriniň içinde Rehmediň ady ýaňlananda:
– Näme? – diýip, biygtyýar sesimi gataldanymy bilmän galypdyryn.
Dilber birtüýsli seňrigini ýygyrdy:
– Rehmet düýn Mara baranynda oduk-buduk geçirip gaýdan eken diýýän. Özi bilen görşüp bilmändir. Karantin diýipdirlermi nämemi?
– Meň maslahatymy alsaň-a, şo Rehmetden seresap bol. Daşrak durmaly onuň ýalylardan. Gowy adam däl. Päli ýamandyr. Özem haçan görseň sümsünip, ysyrganyp ýör. Tahyryň basylmagyna-da şoň dahyly bar bolaýmagy ahmal.
– Hany, siz öň ýegre dostmukaňyz diýýädim. Tahyr üçiňiziň araňyzdan gyl geçenokdy. Onsoňam, sag bolsun, bize-hä henize çenli eden ýamanlygy ýok. Gaýtym kän ýerde kömek etdi.
– Kömek eden bolsa, bir zatlara hantamadyr. Dostum bolsa-da aýdaýyn. Niýeti düzüwdir öýdemok. Ýöne ýere häzirki döwürde hiç kimdenem ýagşylyga garaşma! Mydama arada bähbit gözlenýär. Saňa islendik kömek gerek bolanda, maňa aýt, bomy?
Dilber ýüzüme seretmekden gaçýan ýaly, aljyraňňylyk bilen paketdäki getirilen zatlary yşgaplara ýerleşdirip başlady, stoluň üstünde saçak ýazyp, çöregi şoňa dolady, gyp-gyzyl almalary ýuwup, tabakdaky beýleki miweleriň üstüne goýdy.
– Ýok-la, Hudaýa şükür. Öz başymy çaraýan. Tahyryň ýanyna-da aýda bir barjag-a bolýan. Hossarlamam, hernä, ýetişip dur.
Elimde ulagymyň açaryny uçaryň peri ýaly aýlap durşuma:
– Dogrudyr welin, hojalykda erkek eli gerek-läý – diýdim. – Ony-muny bejermeli ýa götermeli bolanda, güýç zerur ýerinde aýal, näme diýseňem, naçar bolaýýar.
– Howumy basýan ýeke-täk zat – ýalňyzlyk. – Dilberiň sesi sandyrap ugrady. – Ol-a o taýda ýeke, men bärde. Iň bolman öýde çaga sesi ýaňlanyp dursady. Çagany kakasyz ulaltmak aňsadam däldir welin...
Ýerimden galyp, oňa tarap ýöredim. Dilber birbada maňa gözüni tegeläp, doňup durdy.
– Gorkma. Hiç zadam alada etme, Dilber. Bomy? Sen ýeke dälsiň – diýip, elinden tutdum. – Islän wagtyň aýtsaň, men geler duraryn. Çaga gaýtam artykmaç alada bordy. Saňa näme gerekdigini aýt, islän zadyňy öňüňe dökeýin.
Ol tarsa elini çekip, çete süýşdi, oturgyjyň arkasyna elini goýdy-da, sowuk-sala gepledi:
– Ýok, sag boluň. Maňa sizden hiç zat gerek däl, azara galmaň. Siziňem öz maşgalaňyz bar. Ogluňyz, aýalyňyz... Men-ä, çynym aýtsam, her dürli ýakymsyz gep-gürrüňdenem gorkman duramok. Öňem şunuň ýaly geleniňizde aýdypdym.
– Dilber – diýip, ýene oňa tarap ýöredim. – Men seni ähli gerek-ýaragyň bilen üpjün edeýin. Dogrymy aýdýan. Hiç zady alada etme. Bizden gep çykmaz. Men seni çynym bilen gowy görýän. Mydama seň pikiriňde gezýän. Bu döwürde ýeke ýaşamak aňsat däl. Düşünýäňmi? Islendik aýala-da erkek gerekdir. Biologiýa okadyp ýöreňsoň özüňem bilýänsiň, organizme witamin ýetmän, kesel bolýar erkeksiz aýallar. Sen juwan başyňa öz saglygyň pikirinem et ahyryn.
– Nää-me, ha-ha-ha – diýip, Dilber birden gaharly gülüp başlady. – Hä-ä, sen indi saglygymyň aladasyny bahanalap şeýle ýürekbulanç teklip edýäň diýsene?
– Aýdýanyň näme?! – diýip, elini tutjak bolanymda, ol:
– Çek eliňi, haram doňuz, güm bol öýümden! – diýdi.
– Rehmedem şeýdip kowýaňmy, hä?
– Düşünmedim?
– Ol deýýusyň bärik gatnap ýörşünden habarym ýokdur öýdýäňmi?
– Rehmet sen ýaly azgyn haramzada däl.
– Muny Tahyr biläýse näme diýerkä?
– Bar, islän zadyňy aýt oňa, eliňden gelenini gaýgyrma, bolýamy?
Meniňem ganym gyzyp başlady:
– Nämesi üýtgeşik şol ejeň... Rehmediniň? **** *****, hä? Nämesi üýtgeşik şoň?
– Howwa, **** ***, ýerçeken! Atyňky ýaly **** ***. Onsoňam, bilip goý, dünýäde halys erkek göbekli gyrlyp gutaraýanda-da, esräp, janym çykyp barýan bolaýsa-da sen ýaly bedroý nejis bilen ömürem çolaşmaýan. Demim gelip-gidip durka sen ýaly haramzadaň aşagyna girmek beýlede dursun, ýüzüňe-de seretmeýän – diýip, Dilber üstüme tüýkürip goýberdi.
Men hiç haçan ýüzüme tüýkürilip görlen adam däl. Kelläm gyzyp, elimdäki açary gönümel onuň boýnundan, uky damarynyň töwereginden sokdum.
Dilberiň ýüzi ýazylyp gitdi, wajyp bir zady aýtjak bolýan ýaly, agzyny balyk kimin sessiz gymyldatdy durdy. Açary çykaranymda, ýarasyndan aldygyna gan sarkyp başlady. Dogrudanam, göni damaryndan uraýdym öýdýän. Kellesini tutup, «Bagyşla meni, bagyşla» diýip, gözümi ýaşardyp, telim gezek ötünç soradym. Soňam gahardan ýaňa dişimi gyjap, bolanyna görä öňküje uran ýerimden ýene bir ýola bat bilen açar saldym.

Gullukdaky ýaş esgerleriň köpüsi yzynda galdyryp gaýdan söýgülileri ikilik eder, elden gider öýdüp, öler ýaly gorkýardylar. Gyzlary berk gysaçda saklap bilmeýänlerine içleri tütäp barýardy. Gözenegiň aňyrsynda oturan ýaş bendeleriň gabanjaňlygy-ha ondanam has beterdir.
Dostum Tahyr, iň bolmanda, şol gaýgydan-a dyndy.
Ýöne indi meniňem yzymdan gelseler gerek. Bu barada gije-gündiz oýlanyp gezýän, gapyň her tarkyldysyna, golaýlaşýan her çybşylda, ýa töwerekde saklanýan islendik maşynyň sesine böwrümiň bükgüldisi artýar. Yzymdan gelnerine garaşýan.
Gaýdan wagtym Dilberiň boýnunda eýýäm ýüregurgusy duýlanokdy, demi kesilip, gözüniň nury öçüpdi.
Ol öýden garamy saýlamankam, galdyran yzlarymyň ählisini başardygymdan syryp süpürdim. Getiren zatlarymyň daşyndaky paketlere bahasy görkezilen kagyz ýelimlenendigi ýadyma düşdi. Söwdanyň haçan haýsy dükanda edilenini bilip oturmaly. Barybam şol dükandaky kameralaryň ýazgysyna seretseň, ynha, doganyňy..., sadyk guluňyz – ganhor jenaýatkäriňiz.
Getiren süýjülerimiň arasynda Rafaello bardy. Ýetde-gütdelikde ýaşaýan, adamsy iki ýyl bäri gazamatda ýatan terje gelniň munuň ýaly kempuda pul çykarmajagy düşnükli. Dükanlarda-da ol 8-nji mart ýa fewralyň ortasyndaky samsyk baýram günleri bolaýmasa, beýle ýörgünli harytlardan däl. Özüm söwda-satyk bilen meşgullanamsoň, muňa belet. Şonuň üsti bilen götüm açylaýmasyn diýip, Dilberiň hälki başagaýlygynda ýerleşdiren yşgabyny açyp, ol ýerdäki akja owadan gutujygy alanymda, aňyrsynda ýene bir Rafaellonuň duranyny gördüm. Içimden ýene-de: «Häý, ejjeňi...» diýip sögündim.
Öýden çykanymda, ümsümlige diň salyp, basgançakda hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirip, ýuwaşlyk bilen aşak düşdüm. Hernä, hiç kimiň gapysynda kamera ýokdy. Şonda-da, göwnüme, adamlar her gapynyň gözünden meni yzarlap duran ýaly boldy.

– Aýrylsana, oglan, aňkap dursuň – diýip, gije düşekde sypap-sermäp başlanymda aýalym elimi aýyrdy. – Suwa dagyn düşäýerler.
Men özümde indi hiç hili ys duýamokdym, ýöne başgalaryň duýýanyny deňimden ýüzlerini mürşerdip geçişlerinden aňýan. Ondan bäri iküç gün geçendir, uklap bilmän alasarmyk ýagdaýda gezip ýöremsoň, gijäniň-gündiziň hasabyny ýitirdim, ýöne ençeme ýola suwa girip çyksam-da, üstümden şol ýakymsyz ysy aýryp bilmedim.
Özümem uzak oýlanmalardan soň, söwdany bahanalap, ýurtdan gaçyp-gitmek hakda hyýallanyp ugradym. Pekine gidip, o taýdanam başga şähere aşaryn diýip, uçara tizräk petek tapmagyň gamyny iýdim. Ukymy almamsoň, oýalykda her dürli ýagdaýlary göz öňüne getirýän.
Ine, birdenem gapymyzy urup, depip, döwere getirýärler. Bosaga ala-goh. Elimi arkama gaňryp, goşaryma «bilezik» dakyp, südenekledip äkidýäler. Men sesimem çykaramok. Olar eýýäm bar zatdan habarly. Günämi boýun almagym – häki bir gerekmejek formallyk. Bu döwürde niräni görseň – göz, bakan ýeriň – kamera. Meni jaýyň öňünde goýlan haýsydyr bir ulagyň wideoregistratorynyň üsti bilen tapypmyşlar.
Eýýäm tussaghanada otyrkam, ýanyma görüşmäge Rehmedi goýberýärler. Olam:
– Dostum, sen hiç zady alada etme. Öýüňdäkileriňe özüm serederin – diýýä. Özem gabak astyndan it ýylgyrşyny edýär...

Oglum Şatlygyň mekdepden getirjek şum habaryna garaşýardym, iň bolmanda Dilber mugallym näme üçindir işe çykanok diýen sözüne. Ol bolsa kompýuterinde atyşyp otyrka otagyna girenimde, göwnübir ýaly:
– Kaka, seň üstüňden Dilber mugallymyňky ýaly ys gelýärläý. Sapagynda zo-o-ordan oturýas-ow – diýdi.
– O nähili? – diýip, ör-gökden geldim. – Haýsy Dilber mugallym?
– Näme, bir zat çalynýaňyzmaý?
– Haýsy Dilber diýýän saňa, dalb**** oglanyň...?
– Tahyr daýymyň aýaly Dilber mugallym-da.
– Eý, sen oýun etmedänim, dogryňy aýt – diýip, ýeňsesine şarpyk çaldym. – Mekdebe beri gatnaýaňmy? Baraňok gerek? Igrotekalarda entäp ýörsüň gerek?
– Ýoklaý, kaka – diýip, Şatlyk urlan ýerini sypap, hüňür-hüňür etdi. Dodagyny kemşertdi. – Ynanmaýan bolsaň, gündeligime seredäý. Şu günjügem baha goýdylaý.
Gündelikde, dogrudanam, biologiýadan 3-lik, edil gapdalynda-da Dilberiň tanyş goly çekilgi dur.

Sapaklaryň gutarýan wagtyna dogrulap, mekdebe bardym. Jaň kakylyp, çagalar dargaşandan soň içine girdim. Biologiýa synpynyň gapysyny çekenimde, Dilber torbasyny egnine asyp, gaýtmaga taýynlanyp duran eken. Kellesine birenaýy edip öýme daňynypdyr. Boýnundaky ýarany gyňajynyň çowy bilen görünmez ýaly edip ýapypdyr. Maňa gözi düşenden, ýüzüme birgeňsi seretdi. Soňam:
– Salam. Gowmy ýagdaýyňyz? Bilbilem ýagşymy? Näme, Şatlygy gözleýäňizmi? Henizem öýe barmanmy? – diýip, gözüme dikanlap seredip dur. Gürleýşem gara-gadyr, ýöne nazarynda, sesinde nähilidir bir duýlar-duýulmaz sowuk ýasamalyk bar.
Bokurdagym gurap, aljyraňňy halda näme diýjegimi bilmän aňalyp durdum. Soňam ardynjyrap:
– Şatlyk öýe barandyr. Men... khü-m... seniň bilen gepleşmäge geldim. Garşy bolmasaň, öýüňe ugradaýyn... Gürrüňim bar.
Bile gaýtdyk. Dymyp ýöräp barýardyk. Mekdebiň daş gapysynda tam süpürýän daýza bilen girelgä göz-gulak bolýan gelin gybat kakyp oturan ekenler. Bile gelýänimizi görüp, ikisem birbada dymyp, bizi boýdan-başa synlady. Deňlerinden geçenimizde yzymyzdan tam süpürýän daýzanyň sözleri eşidildi: «Bäbek wagty emjeginiň ujy gysylmasa şeýle bolýa...»
Biz ýolboýy ümsüm gitdik, ýöne Dilberiň öýi goňşy raýonda bolansoň, ara mekdepden juda uzak däldi. Ýolda ne men oňa, ne-de ol maňa seredip bildi.
Ahyrsoňy öýlerine golaýlanymyzda hem-ä agyr dymyşlygy bozmak üçin, hemem nämeden gürrüň açjagymy bilmämsoň:
– Tahyr ýagşymy? Soňky gezek haçanrak yzyndan bardyň? – diýip soradym.
Ol nämedir bir zat diýjek bolup, gürläp bilmän, birtüýsli agras görnüşe girip, näzik dodaklaryny gymyldatdy oturdy, sesi çykmady.
Ulagy saklap, motory söndürdim, ol bolsa zol-zol şol bir nokada garap, dodagyny gymyldadyp otyr. Dilini ýuwdan ýaly, agzyny bir ýumýar, bir-de tirpildedip açýar, haraý gözleýän ýaly gaşlaryny ýokary galdyrýar. Ahyrsoňy geplemäge ýa hereket etmäge synanyşygynyň netije bermejegine ymykly göz ýetiren ýaly bolup doňup galdy.
Onuň bu bolşuna birsellem aňkarylyp oturypdyryn. Soňam duýdansyz gelen pikire boýun bolup, öýmesiniň çowuny ýuwaşlyk bilen süýşürdim-de, ulagymyň açaryny boýnundaky deşijege dykyp, tow berdim.
Dilber şolbada maňa tarap kellesini öwrüp, göwünli-göwünsiz... dogrusy, howwa... göwünsiz sorady:
– Çaý içjekmi ýa kofe?

© Maksat BÄŞIMOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 154 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Küle • 16:04, 30.11.2023
Bäh, bu kartinany halaýşymy
avatar
1
2 Mekan2 • 17:09, 30.11.2023
arçalar we taýaklar, (baş barmagymy dik ýokary tutup, ýumrugymy çeneýän) wo-ooo
avatar
0
3 Мango • 18:47, 30.11.2023
ukuçyl akylymyň telperligine janym ýanyp gaýta-gaýta okaýan...

"(Dilber) ...şu dört gat jaýyň bäşinji gatynda ýaşaýar".

4 gat jaýyň 5-nji gatynda Karlson ýaşaýa dämaý?
avatar
0
4 Sylapberdi • 23:29, 30.11.2023
Hekaýanyñ ilkinji okyjylaryndan biridim öýdýän, ýalñyşmasam. Bir almanahyñ içinde halanym şu we ýene Nejebiñ hekaýasy boldy.
avatar
0
5 Lacrymosa • 10:08, 02.12.2023
Käşkä, awtor muny dowam etse....

4 görnüşli hekaýa etse...muny. Indikide awtor özüni Rehmediň ýerine, 3-njide Tahyryň ýerine, 4-njide-de Dilberiň ýerine, 5-njide-de okyjyň ýerine özüni goýup beýan etse.....
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE