TÜRKMEN EDEBIÝATY


14:47
«Gözümi baglaýan perde ýyrtyldy...»

***

Gözümi baglaýan perde ýyrtyldy,
Dagady darlygyň galyp-ülňüsi.
Jokondanyň juda täsin ýylgyrşy,
Žester-Sitaň juda gözel gülküsi
Göründi, eşdildi — gulagym, gözüm
Heýjandan heserläp,
Bakdy eserdeň.
Aňymdaky ýesir duşagyn çözüp,
Beýnimdäki hassa dyndy keselden.
Kebzämiň içine düýrlenip salnyp,
Iňňebagjyk bilen çatlan ganatlam
Perişde pikirden güýç alyp,
Galkyp,
Döwüp arkamdaky pyşdyl çanaklam,
Sanjak ýaly göge galkdy pelpelläp.
Alyp onuň iň bir ýiti ýelegin,
Syýa deý syrygýan ganymdan ölläp,
Maňlaýyna
Perde tutan pelegiň
Ýazdym ülňüleriň, perdeleriň-de
Bir gün ýyrtylýanyn, dagaýanlygyn.
...Gördüm Jokondanyň, Žesteriň bile
Meň halyma gyýlyp aglaýanlygyn...

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 98 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Mekan2 • 14:57, 26.01.2024
öňler bagşylar aýdym aýdanda diňleýjileň joşup: "hä", "hawa-la"... diýşi ýaly menem şu goşgyny okap "ýeri-i" diýdim.
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE