TÜRKMEN EDEBIÝATY


09:27
Eje

EJE

Bu gije ýatyp bilmedim, eje,
36 ýaşyň gorkusy bardy içimde.
Meni 37-ä geçiren gijäniň
ㅤㅤㅤㅤㅤsäherinde sowuk bar,
Üşedim, eje!
Bütin gije
Sesiň geldi gulaklaryma —
Geçmişden sesiň gelýärdi:
«Ulal, gyzym,
Ýöre, gyzym,
Dil aç, gyzym!» diýerdiň...
Ulaldym, eje,
Taryhyň iň rehimsiz ýyllarynda ulaldym.
Dil açdym, eje,
Durmuşyň iň kötel ýollarynda
Ýöredim, eje!
Rehimsiz uranam boldy,
Ýykylyp-turanym boldy...
Turmasyna turdum,
ㅤㅤㅤㅤemma janym çoh agyrdy,
Kalbym çoh agyrdy, Eje...
Sen maňa bu dünýäde
Zenan bolmagyň
Beýle kyn düşýänligini
Aýtmandyň ahbetin...
Aýak üstünde durmak,
Namysly bolup ýaşamak,
Hak hasaplan zadyňy aýtmak isleseň,
Zenan bolmagyň jogapkärçiligi
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤjuda agyr eken, eje!
Sen maňa beýle diýmändiň ahbetin...
Hiç kime görkezmedim gözýaşlarymy,
Içden aglamagy öwrendim, eje,
Bagtlylyk roluny oýnamagy...
Ýüregim aýamdaka hem
Başymy dik tutup gezmegi.
Meni uranlary begendirmezlik üçin,
Ýykylmazlygy öwrendim, eje!
Ýalandan gülmegi şeýle bir öwrendim welin,
Çyn gülkini unutdym.
Bagtly bolan bolmagy
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤşeýle bir öwrendim welin,
Bagtlylygyň, aslynda,
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤnähili bolýanlygyny unutdym...
Bu gije sesiň geldi gulaklaryma —
Maňa erteki aýdyp bererdiň,
Haýryň hemişe Şeri ýeňjegini aýdardyň.
Men 36 ýyllap Haýryň ýeňşine garaşdym,
Şer üstün çykanda agladym, eje!
Seniň ertekileriň beýle gutarmazdy ahyry...
Seni diňleýärdim, eje,
«Bir bar eken, bir ýok eken» diýerdiň.
Meniň ertekimde
«Bir ýok ekenler» juda köp boldy-la...
Ulaldym, eje,
Men indi öňki gyz däl,
Agyry hem gözýaşlar bilen
Kemala gelen zenan men...
Ýadyňdamy, eje,
Käbe ýolundan barýarkak
Sen pessaý doga okaýardyň,
Birden senden
Kim üçin doga okaýanyňy soradym.
Ýüzüme bakyp:
«Eje bolaňda bilersiň» diýdiň,
Men eje bolmadym, eje...
Emma sähelçe bolsa-da, saňa düşünýän...
Arkadan uran dostlary,
Kalbymy beren söýgüliniň
Öweý bakyşlaryny göremde,
Düşündim, eje,
Sen söýenip biljek
Täk barlygymsyň...
Begenjimi paýlaşdym seniň bilen,
Emma örtenmesin diýip,
Gussamy paýlaşmadym, eje,
Derdimden köýmesin diýip.
Ilki söýgim daşa urlanda,
Maňa diňe sen düşündiň.
Men sende gördüm adama düşünmegiň nähili
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤsessiz bolýanlygyny...
Söýenim maňa:
— Sen meniň üçin hiç zatsyň! —
ㅤㅤㅤdiýeninden bäşje minut soňra,
Sen maňa:
— Sen meniň barlygymsyň! — diýdiň.
Sen maňa muny diýeňde,
Men seniň däl, onuň barlygy bolmak
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤisleýärdim.
Emma hemişe şeýle boldy —
Ýanymda hemişe sen bolduň, eje...
Seniň gözleriňde
Gazaplaryň iň gözeli bolardy,
Kimdir birleri meni aldadanda...
Bosgunlaryň ýurt hasratyny,
Taşlanan körpeleriň gözýaşlaryny
Süňňümde syzdym.
Täleýi ters gelenleriň ürkek bakyşlaryny
Süňňümde syzdym.
Söweşde ýitiren dostlarymyň
Gözlerini, arzuwlaryny, hyýallaryny
Hiç unutmadym, eje...
Meni agyry-yzalar ulaltdy,
Has-da güýçli boldum, eje!
Ýaşlygyň, yşkyň, söýginiň dady
Yzalarda, söweşlerde ýitip gitdi.
Soňra söýgä akylym ýetende,
Ol indi menden gaçýardy...
37 ýaşa ýetdim, eje,
Ataşa atylan Žannadan,
Watan ugrunda Kiriň başyny kesen
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤTomarisden,
Isgendere adalat dersini geçen Nüşabeden,
Yşkyň şehidi Leýliden
Has köpräk ýaşadym, eje!
Emma ne Tomaris bolup bildim,
Ne Nüşabe, ne Žanna,
Leýli hem bolup bilmedim, eje...
Öwezine seniň barlygyň boldum,
Meni çagalygyma äkit sen, eje,
Soňy bagtly tamamlanýan ertekiler
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤaýdyp ber.
«Bir bar ekenleri» köp bolsun,
37 ýaşymyň ilki säherin
Seniň ertekileriňe ynanyp garşy almak isleýän.

© Ganire PAŞAÝEWA (1975—2023), azerbaýjan şahyry

Terjime: © Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 114 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Ganire Paşaýewa, Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Mekan2 • 10:46, 16.04.2024
Düzü, mən heç də çox təsirlənmədim.
Həm də çox uzundur
avatar
0
2 Мango • 10:59, 16.04.2024
awtoryna bakman okadym ilki.
özmüzkilerdendir öýtdim.
ilki başlarynda gaýtalanmalar kän eken diýip pikir etdim.
ýöne soňlary güýçlenýär.
awtory azeri eken.
düşünýän "Taryhyň iň rehimsiz ýyllarynda ulaldym... Durmuşyň iň kötel ýollarynda Ýöredim, eje!" -diýýänine.

---

"urulmak"
* Rehimsiz uranam boldy,
* Meni uranlary begendirmezlik üçin, Ýykylmazlygy öwrendim, eje!
* Arkadan uran dostlary...

"zenan bolmak"
Zenan bolmagyň (kynlygyny) Aýtmandyň ahbetin...
Zenan bolmagyň jogapkärçiligi juda agyr eken, eje!

"bagtlysyramak"
Bagtlylyk roluny oýnamagy... öwrendim, eje!
Bagtly bolan bolmagy şeýle bir öwrendim welin...

---
azeri (karabag) tragediýasy we şahsy tragediýasyny aňladýan ýerleri täsirli eken.

Söýenim maňa:
— Sen meniň üçin hiç zatsyň! —
ㅤㅤㅤdiýeninden bäşje minut soňra,
Sen maňa:
— Sen meniň barlygymsyň! — diýdiň.

Eje diýlen mähriban bir tarapy agyr basan terezini nähili deňleýär...
avatar
0
3 Rowaç • 19:13, 16.04.2024
Başlarynda kän gaýtalanýar "eje" sözi. Birneme uzyn, käbir şowly setirlerem uzynlygynyň "ýüzüni" ýuwup bilenok. Gaty bir üýtgeşik ýa "waw" diýdirýän ýerleri ýok, bizde gaýtalanýan "zeýrençlere" meňzeýär. 
Aýak üstünde durmak - näme diýmek?
avatar
0
4 Балканов • 19:07, 20.04.2024
Näme üçindir, ýaş şahyrlar terjimede köplenç werlibir (erkin ak goşgy) ýoluny saýlaýarlar. Bu iň hupbatly usullaryň biri, ahyry. Bu usuly ussat, kämilligiň depesine çykan şahyrlar ulanýarlar.
avatar
0
5 Hoshniyetli • 19:38, 20.04.2024
Goşgy däl-de kyssa eserine meňzeýä:)
avatar
0
6 ToylyOraz • 20:46, 20.04.2024
Гозеллик гозеликден дореяр мыдам,
гозеллик гозеллиге боляр гонезлик..
Эжеде гозеллик гызам гозеллик
Эже оз гызына боляр гонезлик..

Эжелер махрибандыр, эжен болжак екдыр.. Эсасанам Эже-гызын сойгиси хасам екары боляндыр.. говы эсер !
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE