TÜRKMEN EDEBIÝATY


12:25
Meniň deý ýadap görüpmidiňiz?!

***
Heý, meniň deý ýadap görüpmidiňiz?!
Haýdap gördüňizmi
Meniň ýaly, heý?!
Her günde bir ýola ölüpmidiňiz?
Dirilipdiňizmi
Içip ajy meý
Deý ajy kofeni,
Täzeden jana
Gelip gördüňizmi,
Gözler ýalpyldap?!
Ýürek galpyldap,
Ýarylyp gördümi çydaman gussa?!
Argynlygyň agras daryndan sallan
Tanaba çolaşyp, bogulyp tüssä,
Asgyryp janlanyp,
Soň ölüp pallap,
Gämik deý gögerip,
Dogulyp assa,
Howlugyp ajala görüpmidiňiz?
Nesimä, Hallaja, Meşrebe meňzäp,
Aýdyň, siz şu gün, heý, ölüpmidiňiz?!
Nädip ýaşaýaňyz ölmän, heý,
Geň zat!

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 146 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 4.4/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 23
avatar
0
1 sussupessimist • 12:29, 30.01.2024
Şuň ýaly goşgulary üçin özüm-ä Orazmyrat Myradyň goşgularynyň muşdagy. Köpräk şeýdip ölüp-direlip duraly, agam, içip ajy meý deý (meýt ýaly ýaňlanşyna dagy sered-ä) ajy kofeni! Saglyk bolsun!
avatar
0
2 Küle • 12:50, 30.01.2024
Tasirli.
avatar
0
3 Seýrаn • 13:36, 30.01.2024
Awtor entek ölup gormandir. Hezil edinip yaşap, namaniñ nalyshyny ceken bolyar?
avatar
0
4 sussupessimist • 14:42, 30.01.2024
Niresinde nalyş gördüňiz, dogan? Geň...
Ýa heý diýýän ýerlerini waý diýip okadyňyzmy? :)
avatar
0
5 Seýrаn • 16:09, 30.01.2024
Tutush ozunde gordum nalyshy.
avatar
0
6 sussupessimist • 16:27, 30.01.2024
Onda... (iki elimi dyzymyň üstünde goýup, dikje, gymyldaman oturup:) Dogry belläp geçýärsiň...
avatar
0
7 Küle • 16:58, 30.01.2024
avatar
0
8 Çary5306 • 17:08, 30.01.2024
Goşgyny okap otyrkam, tanaýan adamlarymyň köpüsi gözümiň öňünden gecip giden ýaly boldu-da, şolaryňam köpüsinde eserde suratlandyrylýan ýagdaýlaryň bolup geçendigi barada pikir etdim, ýöne Sussupessimist bilen Ses agzalara bir zat aýdasym gelýär: goşga ol zatlar bilen baha berlenok. Gurbannazary gören ýaşulylarymyzyň hemme zatda diýen ýaly Gurbannazary mysal getirişleri bilen indi öwrenişibem barýardym welin, şu gün siziň ikiňiziňem ýazan teswirleriňizde onuň adyny ulanmagyňyz gynandyrdy. Siziňem poeziýa diýilýän
dünýä Gurbannazaryň täsiri bilen giren bolmagyňyzam mümkin, ýöne başgalaryň döredijiligine, pikirlerine,Gurbannazaryň dünýäsi bilen çemeleşjek bolşuňyza düşünesim gelmedi. Prozamyzda şeýle bir şahsyýetiň ýokdugyna-da şükür diýesiň gelip dur.
Öz goşgyma-da şeýle göz bilen garalany üçindir öýdülse, ýene gynandyrjak, çünki eser analizlemegiň nämedigini öwretjek bolup azara galmagymyň gerek ýa gerek däldigini siz ýaly sowatlylarda görüp bilmesem, manyny nämeden gözlejegimem bilemok.
avatar
0
9 Çary5306 • 17:15, 30.01.2024
Orazmyradyň goşgusy barada aýtsak welin, ol hadysalar öz şahsyýetine güýçli täsir edip, özgelerde şol derejede bolmadyk ýaly bolup görnendir, ýöne Orazmyrat ýaly ussadyň (onuň ussatdygy "sönetler çemenininiň başgalarda ýok formasyndanam görünýär) goşgusynda goýberen nogsanlyklary gynandyrýar. Belki, has erkinräk boljak bolandyr, ýöne meň üçin hemme zadyň bolmalysyndanam ideal derejesini oňaran wagtynda onuň has erkindigi duýulýar
avatar
0
10 sussupessimist • 22:28, 30.01.2024
Onda ya-ha ozuňize çekipsiňiz ya-da yalňyş düşünipsiňiz, Çary aga. Men ol teswiri "hemme kişi Gurbannazar yaly goşgy yazmaly" diyen manyda yazmandym. Men SIZ goşgyny diňe siziň yazyp biljegiňiz yaly yazmagyňyzy isleyän. Islendik awtordanam garaşyanym şol. "Seň ucin gül yygdym, ondan çemen däl, goşgy bogdum, sen düyşüme giryäň, obam..." bu zatlar siziň derejäňiz däl, umuman, hatda kan bir poeziya dal diyjek boldum.
Yone poeziya-da her kim öz agzynyň tagam alşyna görä baha beryär.
Gurbannazardan öň men Gomerem agzadym, name uçin şo hakda "Gomeriň dünýäsi bilen çemeleşjek bolşuňa düşünesim gelmedi" diyeňzok, mysal uçin.
Ya indi başgalaryň Gurbannazary kop agzamagy onuň ady agzalan islendik pikiri klişe owuryarmi?
avatar
0
11 sussupessimist • 22:43, 30.01.2024
Bu yerdàki goşgy babatda:
Çary aga, barokko hakdaky makalaňyzda-da, şu yerde-de bir pikiriňize gabat geldim.
"Belki, has erkinräk boljak bolandyr" diyyaňiz. Men-a şony hut ERKIN hasaplayan, name ucin islendik erkinligi "erkin boljak bolmak" synanyşygy hokmunde kabul edyäňiz?
Ya men düşünyän daldirin, duşundirseňiz minnetdar bolardym. Haysy nogsanlyklaň gurruňi gidyär? Formasyndamy? Konkret analiz edip berayseňiz, peydasy kan bolardy hemmamize.
avatar
0
12 Çary5306 • 22:46, 30.01.2024
Maks, men Gomerem agzajakdym welin, gepi süýndirmäýin diýdim. Hatda goşgy barada dąl-de, proza gezek gelende Kafkadan başlap Borhese çenli mysal getirilip deňelýändiginem aýtjakdym, ýöne onam artykmaç gördüm.
avatar
0
13 sussupessimist • 22:50, 30.01.2024
Sizem Mayakowski bn deňeyaňizmi onda?

Ya hiç kimi agzamaly dalmi? Agzamak = deňemek?
Men, howwa, şo yazyjylary gowy goryan, yone deňän, ya olary ölçeg ya terezi daşyna öwren yerim-a yokdyr.
avatar
0
14 Çary5306 • 22:56, 30.01.2024
Ol zatlar barada-da ýazjakdym, ýöne bir dostumyň dogulan gününe gitmeli boldum. Ýaňyrak öýe gelip oturşym. Indi welin ony ýazanymdan Gurbannazaryň ussatlygy barada ýazsam has gowy bolarmyka diýip otyryn Arada şol agzan ýaşulylaryma-da, ýaşlara-da "Siz Gurbannazary näme üçin gowy görýärsiňiz?" diýip sorasam, hiç kimden belli jogap alyp bilmedim. Ýa ony näme üçin köpçüligem, EDEBIÝATYŇ özem gowy görýär? Razylaşaý, bu örän seýrek duş gelýän zat. Özüme çekenligimdir öùden pikiriňi "aý, görmändir öýdýän" diýip geçäy — ünsüňi sowarlyk pikir däl.
avatar
0
15 Çary5306 • 23:00, 30.01.2024
Orazmyrada bolsa diňe "Howlugyp ajala görüpmididiňiz?" setiri üçinem käýinç berseň boljak welin, oňa-da öz düşünjäň bile"jedelli mesele" diýip bilersiň.
avatar
0
16 sussupessimist • 23:12, 30.01.2024
Hehe, mugallymlyk endigiňiz edebiyatdan lezzet almaga pasgel beryar, Çary aga. Şo yerde "ajala howlugyp görüpmidiňiz" diyen intonasiya bilen okalyany düşnüklimikä diyyan. "yok!", "ajala" sözi görüpmidiňize beyle yakyn durmaly däl, yerini çalyşmaly diyeňizde, goyjak bahasyny peseldyän agras grammatika mugallymy göz öňüme gelyär. Umumanam, grammatika mugallymynyň nazary kan zatdan mahrum edyär.
Ustesine-de, bu yerde bir zada düşünmeli - goşgyň goylan yeri – sayt. Kitap däl, źurnal, gazet däl, her kimiň eseri paylaşyp bilyän SAYTY. Onsoň bu yerde neşir edilyän goşgulardaky birgiden zynjyr yok – redaktor, korrektor...
Biriniň elinden geçse, beylekiň düzedip biljek zady bu yerde gonumel goyulyar. Prosesde düzedip bolyan zat. "Ajala howlugyp görüpmidiňiz" diyip düzedildi diyeli. Başga nogsanlyk?
avatar
0
17 Çary5306 • 23:22, 30.01.2024
Maks, öňem bir gezek belli bi eseri derňäp bermegimi köplük bilen bilelikde haýyş edeniňde, menem oňa çynmyka diýip, gara çynym bile çemeleşdim welin, şol gezegem "bu ýeri likbez geçilýän ýer däl, erkin saýt" diýipdiň. Beýle pikirdäkem, mugallymlygymy näçinji gezek ýaňzydýanam diňe sen däl. Arada "Poeziýa we grammatika" diýip bir makala ýazypdym. Oňa-da şular ýaly bir pikir sebäp bolupdy. Meniňem ol makalamyň gazet-žurnallarda çykaryljagy nägumana, şoň üçin şony garalamadan geçirip bilsem, erkinräk ýer diýip, şu ýerde paýlaşmakçy
avatar
0
18 sussupessimist • 23:31, 30.01.2024
Paylaş, agam, okayas edip hezil :)
avatar
0
19 Çary5306 • 23:33, 30.01.2024
Begensegem, gynansagam, Orazmyradyň özünden soraýmasam:"Setirleriň beýdip ýöne baş harp bilen başlanyp durmagynyň manysy näme?" diýip, seniň onam hiç hili nogsanlyk hasaplaman, meniň yrsaramagym bilen düşündirmegiň mümkin.
avatar
0
20 sussupessimist • 23:41, 30.01.2024
Yok, ol uly nogsanlyk!
Men oňa üns bermändirin. Goşgyny okaman, diňlän adamlara-da aydayyn muny :)
Aslynda maňa-ha otur-nokadyny goymanynda-da kan bir ahmiyeti yok, yone her kim men yaly radikal bolmaly diyen zat yok. Borhes-ä otursyzam yazyardy ;)
avatar
0
21 Çary5306 • 23:58, 30.01.2024
Men-ä asla hiç hili sözsüz,asyl harpsyz ýazylan poeziýany has gowy görýän, şoň üçinem baýyrlary,daglary, çeşmeleri okamaga gidýän; saz diňleýän
avatar
0
22 sussupessimist • 00:24, 31.01.2024
Şolaryňam arasynda yone öz "otur-nokady" bar, agam. Oňa "serhet", "çäk" diyilyär.
Men-ä şo "otur-nokatlaram" kan bir halamok. Sebabi adamlar böldi olary, artygy, jomartlygy bn berlen dunyani paylaşyp bilmän
avatar
0
23 Мango • 17:00, 31.01.2024
özümçe ýadap gördüm.
ajy kofe bilen janlanybam gördüm.
tüsse bilen welin ugrum bolmady...
diýýäň: "Aýdyň, siz şu gün, heý, ölüpmidiňiz?!
Nädip ýaşaýaňyz ölmän, heý..."
aslynda her dem ölüp-direlýäs.
dem alýan - direlýän,
dem berýän - ölýän.... soň ýene direlmek üçin dem alýan. ölmek üçinem dem berýän.
soraga jogap: şeýdip ýaşap ýös ölüp direlip.

aýyň aýagyna-da ölüp ýetýes...
olam başga gep. :-)
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE