TÜRKMEN EDEBIÝATY


20:57
Komediýa / hekaýa


195...-nji ýylyň güýz güni belli aktýor Şyhmyrat dramaturg dostunyň salkyn howlusynda oturandygyna garamazdan, alyp gelen gazeti bilen ýüzüni ýelpedi. Onuň juda yssylanda ýa-da gyssaga düşende ýüzüni ýelpemek endigine dosty beledem bolsa, galapyn eli gazetli gezip ýörmesini diňe ýelpewaç gerek bolany üçin edýär diýip biljek däldi. Köçeden barýan şlýapaly adamyň elindäki gazete medeniýetliligiň hem okumyşlygyň nyşany hökmünde garalýar diýen pikir entek il arasynda ýitmändi.
Aktýor başyna düşen ahwalaty dostunyň soraryna sabyr etmedi.
— Gurban Babaýewiçiň ýanyndan gelýän — diýdi. — Gyssaga düşüpdir özi, soňy eýgilik bilen gutarsa ýagşy... Durmuşda her kimiň göterýän ýüki bar, çakyndan artyk ýük ursaň, düýe janawaram bagyryberýä, adam ogly neýlesin! Teatryň agyr ýüküni çekip ýörün-ä men. Biziň ýükümizi terezä salyp bolanok, şo ýeri karam, sungat diýilse agramsyz bir zatdyr öýdýäler, samandyr öýdýäler, ýöne samanyňam agramy bar-a. Bir akmak: samanyň bir tonnasyny götärin diýýämiş.
Aktýor bu sözleri sahnada monolog aýdýan şekilde, zeýrenç bilen süýndürip aýtdy, soňam saýada iki ýana gezmeläp başlady. Dramaturgyň göwnüne, ol hemişe duran ýerini sahnadyr öýdýär, aýdýan sözlerem oýnan rollarynyň birine degişli ýaly. Çaga kimin ynanjaňlygy mahal-mahal ony gülküli ýagdaýda görkezse-de, päkligine zeper ýetirenokdy, gaýta şol mahal oňa nebsiň agyryp, düşünesiň, çyn ýürekden hemaýat beresiň gelýärdi.
Bu saparam şeýle boldy.
Aktýor deşli göwresini salpy görkezýän ýüpek kiteliniň iliklerini ýazdyryp, döşüni ýelpedi.
— Gurban Babaýewiç maňa eser ýaz diýdi. — Ol bu habary kinaýasyz aýtdy, özüne diýlen sözüň çyndanlygyna şübhe goýmady. — Ýazyjylara gahary gelipdir. Eger ýazyjylara gahar edeni üçin maňa ýaz diýen bolsa... onda-da maňa diýmejek ýaly, men aktýor-a, men obraza girýän, aýdýan sözümi ýazýan başga adam, siz! Gurban Babaýewiç düşünýändir-ä muňa!.. Indi şeýdip kelle döwüp oturmaly-da... düşünişmäge-de maý bolmady, maý bolaýanda-da tersine düşüner, ol adama beled-ä men: diýdi — gutardy! Sözüni gögertjek bolar. Öňünde spisok ýatyr, alajym ýok, gardaş!
Aňyrsy iki aýdan Moskwada edebiýatyň hem sungatyň uly gözden geçirilişi başlanýardy. Elbetde, onuň üstünlik bilen geçjekdigine hiç kesiň şübhe etmeýändigi belli zat. Hormatly ada eýe boljaklaryň, orden-medal dakynjaklaryň spisogy bireýýäm taýýar. Şyhmyrat haýsy spisoga düşenini anyklap bilmän kösenip ýörenleriň spisogyna girenok. Ol halk artisti diýen ada eýe bolmalylaryň spisogynda durdy.
— Göriplerden gorkym az däl, şolaň oýun gurýan bolmagy gaty ähtimaldyr. Aktýorlygyma at dakyp biljekmi olar? Ýa men içýänmi, çekýänmi, heleýiň yzynda ylgap ýöremok. Esasy işinden ünsüni sowmaly diýlip edilýän bolsa, a-ä? Aklym haýran, Gurban Babaýewiç göriplik edibilmez-ä maňa... Eger şona-da täsir edibilýän bolsalar, olary zor görmeli. — Aktýor başyny ýaýkap, elindäki gazet bilen dyzyna urdy. — Adalatsyzlygam emgek ýaly bir zat-da, gör-ä, garaşmadyk mahalyň gapdalyňdan çykýa.
Dramaturg dostuny pajyga salan ahwalatyň anygyna ýetdi.
Ideologiýa işine ýolbaşçylyk edýän Gurban Babaýewiç birgiden adamy kabinetine çagyrypdyr. Çagyrylanlar kileň il arasynda tanalýan adamlar. Her kim mertebesiniň ýokarydygyny mazamlaýan görnüşde aňyrdan apaň-apaň basyp gelse-de, Gurban Babaýewiçiň belent hem agyr gapysyny açanlarynda bada-bat üýtgäp, giň kabinetiň eýesinden pesdiklerini meýletin boýun almagyň özleri üçin ýakymlydygyny duýdurmaga howlugýardylar. Bu alamat olary parhsyz köpçülige öwürýärdi.
Gurban Babaýewiç gaşlaryny çytyp, ýakymsyz gürrüňe garaşmalydygyny aňlatdy. Ýygnananlar onuň sebäbi hakda oýlanman, eýýäm aýdyljak ajy sözleri sabyrlylyk bilen diňlemäge kaýyl bolup otyrdylar. Gurban Babaýewiçiň kimdigi, nireden gelip bu belent kürsä eýe bolandygy, onuň nähili äheňde gürläp, takmynan näme diýjegi oturanlara aýandy. Onuň asly käri orta bilimli agronom. Ýönekeý agronomlykdan MTS-iň direktorlygyna çenli ösüp ýetişenini ömür ýolunyň irki pursatyndaky üstünlik hökmünde nygtaýardylar. Soňra partiýa mekdebini tamamlaýar. Sähel salymdan oblispolkoma orunbasar belleýärler. Birdenem asly käriniň agronomdygy ýada düşen ýaly, oba hojalyk ministri edýärler. Ministr döwründen söz açylanda, şireden çekinmän ak ýüpek kostýumy bilen gowaça keşlerine girip gidiberýän ekeni diýerdiler. Ministrler Sowetiniň başlygynyň orunbasary bolup işlände halkyň medeni derejesini ösdürmekde bitiren hyzmatlary barada ýatda galarlyk zat aýdylmasa-da, ideologiýa işini ele alan dessine paýtagtyň uly teatrynda taýýarlanan täze oýny rehimsizlik bilen ýatyrdy. Syýasy taýdan beýnisi bekemedik ýaş režissýor sahnada ak telefon apparatyny ulanyp, günbataryň buržuaziýasyna häsiýetli alamatlara baş goşupdyr.
Gurban Babaýewiç söze başlamazyndan öňinçä diwarlaryň öňünde hatar goýlan oturgyçlary dolduryp oturan adamlaryň ýüzüne ýekän-ýekän garap, aýdyljak söz hemmäňize degişli diýen manyny berdi. Soňam mesaýy äheňde:
— Ýaramaz işleýäs, ýoldaşlar — diýdi. — Jogapkärli ekzamene taýýarlyk işleri plan boýunça alnyp barlanok, gijä galýas. Türkmen halkyna edebiýatda we sungatda gazanan üstünliklerini Moskwada görkezmäge hukuk berildi. Siz welin, şeýle wajyp syýasy çäräniň hakyky mazmunyna entek gereginçe göz ýetirip bileňzok. Düýn pilormoniýanyň programmasyna ýörite baryp seretdim. Pilormoniýanyň derektiri, tur ýeriňden! — Buýra saçly garynlak adam zöwwe galdy. — Seniň hojalygyňda ýagdaý ýaramaz, ýoldaş derektir.
— Düzederis, Gurban Babaýewiç.
— Nämäni düzetjek?
— Ýaramaz ýagdaýy düzetjek. Ýörite baryp, biziň programmamyzy görüp gaýdanyňyz bizi biçak begendirdi, Gurban Babaýewiç. Kollektiwimiz siziň görkezmäňize garaşyp otyr.
Gurban Babaýewiç öz görkezmesine garaşylýandygyndan minnetdar bolsa-da, alamat bermedi, öňküden beter gaşlaryny çytdy.
— Sen pilormoniýaňda «Bibijan» tans edilýä, «Pyýala» tans edilýä, emma biziň döwrümiziň guwançly alamatlaryny görkezýän tans ýok.
— Bolar, indi bolar! Anyk görkezme bereniňiz üçin minnetdar, Gurban Babaýewiç.
— Inedördül gämikläp ekmek usuly nämeden ybarat, aýdyp ber bize?
Garaşylmadyk sowal direktory seňseleden ýaly etse-de, bada-bat aýňalmagy başardy.
— Gowy usul! Kolhozçylar we kolhozçy aýallar goldaýalar şony, Gurban Babaýewiç, biziň kollektiwimizem goldaýar.
Direktor jogap berse-de, duýdansyz sowalyň näme sebäbe ýüze çykandygyny aňyp bilmän kösendi, gyssanjyna töwerekdäkileriň ýüzüne howlukmaç seretdi, ýöne öz derdiňi özüň çek diýen alamatdan başga zat duýmady.
— Eýse, gowy usuly tans üsti bilen görkezip bolmazmy?
— Bolar! — Ýeňillik bilen beren wadasynyň yzynda durmak meselesi paýhasyna ýetişende direktor ýöwselledi. — Bi görkezmäni tans ansamblynyň öňünde programma edip goýarys. Olar, Gurban Babaewiç, tans sungatyny esasan adamyň duýgusy bilen baglaýalar. Sungatyň öz dili, öz çeperçilik kanunlary bar.
— Diýmek, sen meni sungatyň kanunlaryndan bihabar adam hasap edýäň-dä?..
— Ýok, men... men...
— Sungatyň kanuny elýetmez galadyr diýjek bolýarmyň? Hany, orta çyk sen, çyk, çyk! — Gurban Babaýewiç haly düşelen boşlugy görkezdi, özem ýerinden turdy. — Şu oturan adamlary kwadrat boýunça nyzama düz. Turuň, ýoldaşlar...
Her kim gelşiksiz oýna gatnaşmaga mejbur edileni üçin gapdalyndakynyň raýdaşlygyny küýseýän şekilde utançly garap, buýrulan ýere ýöneldi.
Direktor adamlara durmaly ýerini görkezeni bilen oňman, tä göwnejaý durýançalar gapdalyndan aýrylanokdy. Soňam raport berdi.
— Durdular, Gurban Babaýewiç, eýlägem hatar, beýlägem hatar. On iki adam, alty kwadrat!
Gurban Babaýewiç hatarlary kanagat bilen synlady.
— Şu hatarlary gowaça hatary diýip göz öňüne getireliň — diýdi. — Her adamam bir gowaça gämigi diýeli. Gämikleri tans etdirip bolar-a.
— Şularymy?
Direktor duranlara buýruk bermäge häzirlendi.
Gurban Babaýewiç dowam etdi.
— Hatarlaryň arasyndan külte basýan traktor geçsin, suwçular geçsin. Bejergiden soň gämikler boý alýa, şoňa duýgy diý-de düşünäý.
Ortaky hataryň yzynda duran maňlaýy sakar kinorežissýor üstüni ýetirdi.
— Şatlyk duýgusy diýmeli, çaga-da garny doýsa şatlanýar-a, he-he...
Gurban Babaýewiç onuň hemaýat berjek bolmasyny halamady, duýsun diýen manyda gaşlaryny çytdy, äheňine ýowuzlyk aralaşdy.
— Gämikler şatlyk tansyny oýnarlar.
Direktor Gurban Babaýewiçiň keýpini götermekçi boldy.
— Şatlanyň-da, ýoldaşlar, şatlanyp, duran ýeriňizde böküberiň.
Ilki özi bökdi, kinorežissýoryňam böküp başlanyny görüp höweslendi, hä diýmän hemmeleriň bökjegine, uly kabinetiň şatlykdan doljagyna begendi. Emma belli ýazyjy onuň tamasyna talaň saldy. Ol protest hökmünde hatardan çykdy-da, dil ýarman, ýerine baryp oturdy. Duranlaryň gözüne onuň boýun bolmazlygyna ýaşynyň elliden geçendiginden beter döşündäki lowurdaýan laureatlyk nyşany esas boldy. Gurban Babaýewiç ýazyjynyň äsgermezçiligine çydamady.
— Bökü-üň — diýip gygyrdy. Bu sapar bökýänleriň sany bäş-alta ýetdi, bökmediklerem gymyldysyz durmaga çekinip, göwrelerini herekete getirdiler. — Aňyrsy bir hepdäň içinde şu tans taýýar bolsun!
— Bolar, Gurban Babaýewiç!
Direktoryň jogabyndan soň bu meseläniň çözülendigine hiç kim şübhe etmedi, ýöne kabinetdäki dartgynly ýagdaý has güýçlendi. Gurban Babaýewiç:
— Ýazyjylardan kim bar? — diýip, ýerliksiz sowal bilen olary äsgermeýändigini duýdurdy. Ýüz keşbinden heniz ýigitligiň alamaty gitmedik, daýanykly, görmegeý adam ýerinden turup, mugallymyň käýinjine garaşýan edepli okuwçy kysmy taýýar durdy. — Ýazyjylar näçe kitap ýazdy?
Ýazyjy sowalyň berliş äheňine düşünmän birbada sägindi, ýöne goşmaça düşündirişiň bolmajakdygyna gozi ýetenden soň jogap bermäge gyssandy.
— Bi gün-erte iň soňky kitap çykýar, şonluk bilen uly synaga gabatlap çykarylmaly kitaplardan ýüz prosent dynýarys. Çykan kitaplar bada-bat Moskwa ýollanýar, çykyş etmeli adamlar eýýäm okap ýörler, günde gepleşip durus. Tankytçylaryň biri Ukraina giden ekeni, ejesi ölüpdir, aşyny-suwuny berdigi geler, eglenmez diýdiler. Ol adam poeziýamyza baha bermeli, hemme ýerde pikiri diňlenýän adam. Bu möhüm işe meşhur tankytçylary çekjek bolýas. Elbetde, olaryň talaby ýokary bolar, şoňa garamazdan, pikirleriň esasan položitel boljagyna ynanýas, sebäp diýseň, bu ugurda-da görmeli adamlary görüp, alada edip ýören ýoldaşlarymyz bar.
Gurban Babaýewiç kanagatlanmady.
— Şu ýylyň dowamynda seň ýazyjylaň näçe kitap ýazdy diýip soraýan. Ýolbaşçy hökmünde öz hojalygyňda kimiň näme edip ýörenini bilmeli sen!
— Gurban Babaýewiç, ýyl entek gutaranok.
— Gutaranda näçe kitap ýazylar?
— Ýazyjylar işläp otyrlar, Gurban Babaýewiç.
— Ýazyjylar ýaramaz işleýäler! Näme sebäbe uly kitaplar ýazylman, bölek-büçek zatlar ýazylýa? Okyjylarymyza galyň kitaplar gerek. Kitaby ele alansoň bir aý, iki aý okasyn, hezil etsin. Kitap çalt gutarsa, okyjylaryň gynanýandygyndan siz bihabar. Ýoldaş lawurýat! — Gurban Babaýewiç tans etmedik ýazyja ýüzlendi, laureat ýerinden turmady, aýdyber diýen manyda gabagyny galdyrmak bilen oňdy. — Senem soňky döwürde bölek-büçek ýazyp başladyň.
— Bölek-büçegiň ady bar, hekaýa diýiň, powest diýiň.
— Biz senden uly eserlere garaşýas. Üç tom kitap ýazdyň, döwlet baýragyny berdik. Indi sen dört tomluk kitaba topulmaly, sen welin, öňe gideňok, yza gaýdýaň. Senden okyjylar närazy, bizem närazy. Nebitçiler hakda uly kitap ýazjak diýip söz berdiň, ynandyk, henize çenli kitap ýok. Nebitçiler sözlerinde tapylyp, her ýyl plandan daşary million tonna gara altyn çykarýarlar, sen haçan sözüňde tapyljak?
— Çeper eser ýeriň astyndan çykarylýan nebit däl.
— Seň çeper edebiýatyň gara altyndanam gymmatmy indi? Gara altyn işçiler synpynyň asylly zähmetiniň miwesi, oňa kembaha garamaga rugsat bermeris.
Laureatyň gapdalynda aktýor otyrdy, Gurban Babaýewiç ýüzugra oňa ýüzlendi:
— Sen näme ýazýaň?
Eýýäm aýak üstünde duran aktýor gollaryny ýazyp, özüne dogry düşünilmegini towakga edýän şekilde:
— Men ýazamok, Gurban Babaýewiç — diýdi. — Men oýnaýan.
— Bes ediň oýnuňyzy! Senem ýaz!
— Ýazarys, hökman ýazarys.
Aktýor şol pursat Gurban Babaýewiçiň deminden ýeňillik bilen sypanyna monça bolsa-da, beren wadasynyň ezýetini soň, giň kabinetden çykanda duýdy. Howsala ony dramaturg dostunyň ýanyna getiripdi.
Bolan ahwalaty başdan-aýak göz öňüne getirip oturan dramaturg:
— Mundan gowy komediýany toslabam tapyp bolmaz — diýdi. Aktýor düşünmedi. — Isle bile ýazaly, isle ýeke özüň ýaz, kömek edeýin.
Aktýor öýke etdi.
— Men seň ýanyňa çynlakaý gürrüň bilen geldim, sen muny komediýa öwürjek bolma. Ýolboýy pikir edip geldim, Gurban Babaýewiçiň aýdan usuly amatly ýaly. Agronomlar bilen duşuşaly. Sen konflikt tapmaga ökde, galan zady meň boýnuma. Baş rolda-da özüm oýnaýyn.

Gurban Babaýewiç bilen soňky duşuşykda aktýor ony begendirmäge howlukdy.
— Menem ýazyp ýörün, Gurban Babaýewiç.
Gurban Babaýewiç düşünmedi, geňirgendi.
— Näme ýazýaň? — diýdi.
— Eser ýazýan.
— Hä, gazanjyň azlyk edýämi?
— Ýok-ýok, Gurban Babaýewiç, gazanç üçin işlämzog-a,
— Beýle bolsa, eseri ýazyjylar ýazar, sen oýnaber.
Aktýor Gurban Babaýewiçiň öňki duşuşykda aýdan sözüni unudanyna geň galdy, dogrusy, gynandy. Ol soňky günlerde ýazyjylygyň höwesine düşüpdi.

1990 ý.

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 96 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 sussupessimist • 03:02, 03.12.2023
Bolan waka diyip eşidipdim. Şundakyň prototipi Suhan Babaýew bolmaly. Lawuryat-yazyjam, elbetde, Berdi Kerbaba.
avatar
0
2 Lacrymosa • 09:01, 03.12.2023
Pes eken-aý SSSR döwri. Ömründe döredip görmedik, döredijilikde eden işi ýok --- ýüzi ýok, döredijiligiň nämediginden bihabar, orta bilimli agronom adamy döredijilik adamlaryna başlyk edip goýup, peslik edýän eken. Komediýa däl-ä bi. SSSR-iň ýykylmagynyň baş sebäbi bi, içgin pikirlenilse. Bular ýaly başlyk dikdüşdi bolýa-da, dörediji adam üçin 1937-iň repressiýasyndan agyr jeza bolýar gaýta. Ine, şol pesligem ulanypdyr SSSR we içinden çüýräp ýok bolup gidipdir. Şeýle jezalar bilenem gowy eserler döredipdirler türkmen sowet edebiýatynyň wekilleri. Ýatan ýerleri ýagty bolsun bendeleriň. Aramyzda gezip ýörenleriniňem ömürleri uzak bolsun!
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE