11:51 Sadap | |
SADAP hekaýa Gyzymyň äberäý diýip tutyp duran gurjagyny görüp, inim tikenekläp gitdi, – Ýok, gyzym, seret, hol ullakan hem owadan eken. Men şol gurjagy satyn almag-a däl, gyzymyň görüp durmagynam islämokdym. Ýöne nätjek, çaga – çaga-da, bir depen ýerini depip dur, kejir. Näme etseňem bolarly däl. Bolmady, almaly boldum. Gyzymyň elinden tutup gelşime, gök gözli gurjagyň meni tisgindiren taryhyny jikme-jik aklymdan geçirdim. *** Şo habary ilki ejem tapyp geldi. – Gyýw, goňşyň Sadap däliräpdir. Men Olla goňşy bilen gidip sorap gaýtjak häzir – diýip, ol hil bir buşluk habar ýaly edip dabara bilen aýdanda, dogrusy, men-ä ynanmadym, dädemem ilki gaty biperwaý kabul etdi. – Al-aýt, heleý, senem gulagyňa çybyn girse, agzyňdan pil bolup çykaýmasy bar-da halys. O görgüliň-how däliremäge wagty bardyr öýdýäňmi, özi äri bilen oňuşmany atasy öýünde oturan naçar bolsa, görgüli... – Gepem şonda bolsa bildiňmi, dädesi, ol görgülini bi heleý sygdyran däldir... – Bä, indi Olla goňşyň ikiňizem oňa nebsiňiz agyryp soramaga barýaňyz-da onda? – Hawa, näme, gep gözläp barýandyr öýdýäňmi, toba! – Näme diýip barjak şo ýere? – Nirä? – Kadyr golagyňka. Sadap däliräpdir diýmediňmi, bärden baragetdin «gyzyňyz-a ýeldirgäpdir, sag-aman gutulsyn» diýip bolmaz-a, heleý, a-how, muň ýalyda özleri şol dertlisinden zeýrenmese, soralyp ýörülse aýyp bolmazmy? – Waý-eý, dädesi, ýaman ustawçyl boldyň-la meň başyma, biz bir baryp geleli, baranymyzda zeýrener ýörerler-dä. Ejem howlukmaç çykyp gitdi. Kakamam öz aladasy bilen dümtünip ýör. Menem howludaky ýaňy pyntyk ýaryp başlan agaçlary pudamaga çykmakçydym welin, halys elim işe barmady. Sadap eje hakda ýaňky eşdenlerim böwrüme sanjy boldy durdy. Sadap ejeli çagalyk döwrüm göz öňüme getirjek boldum, uly bir waka ýadyma düşenok, çalaja sudurly ýatlamalar. Heniz mekdep ýaşyna ýetmänkäm ejem bilen dädem meni Sadap ejeme goýup işe giderdiler, menem Sadap ejeme iş bolardym. Ejem bilen kakamdan-a öler ýaly gorkardymam welin, Sadap ejemiň ýanynda baý betlik edendirin-ä. Kakam içgili gelse zat etse-de ejem meni Sadap ejemlere eltip gaýdardy. Özem ýolboýy kakama gargynyp gelýändir. «Kakaň ýene awulygyny içip gelipdir» diýip, ýogsa kakam serhoş gelende gaty alçak şadyýandy welin, onuň ýaly ýagdaýda ejemiň iňňirdisini eşideniňden Sadap ejemlere gideniň kemem däl. Şolar ýaly ýagdaýlarda öz ýanymdan «Sadap eje meň ejem bolaýmal-a» diýip pikir ederdim, şonuň şeýle bolmanyna gynanardym. Ejemiň igenjeň hem gaharjaňlygyna gaharym gelerdi. Sadap ejemiň gujagynda ençe gezek rahat uklandyryn. Soň mekdebe gatnaldy, wagt geçýär, Sadap eja berkidilýän wagtym gaty azalýar, soň ulaldyk, indi Sadap eje diýip gujagynda ýatyp ýörenimiň – obaň telim oglanlaryny yzynda sil-sepil edip ýören ulugyzdygyna düşündim. Ana, şeýdibem şol ulugyzy sekizinji synpa geçen ýylym kejebeläp goňşy oba göçürdik. Gynandym dogrusy, nämä gynananymam bilemok. Ondan soň dört ýyl dagy geçdi. Mekdebi gutardym. Sadap ejem bolsa gyşdan bäri atasy öýünde. Ilki-ilkiler gezmäge geldi diýdiler, soň şähere golaý bolansoň bärde bejergi alýar diýdiler. Indi-indi önelgesizligi sebäpli baran ýeri bilen oňuşmanlygy hakda gürrüň çykyp ugrady. Garaz, gyşda gelen gelin heniz yzyna gidenok, howaň sowugy sowlup, baglar pyntyklap başlady, ine, men elim gaýçyly agaç pudajak bolup ýörün, gepiň gysgasy, üýtgeşme köp, Sadap ejem bolsa henizem öýünde... Bu habar bir ýalan bolaýady-da diýip oýlandym. O barmana ejem ýetip geldi. Kakamyň gara görnümden uzap gaýdan dili ejemi heniz agaç sekä ýetmänkä garşy aldy: – Ýer-ow, goňşysyny gaýgyrýan heleý, geldiňmi? Bi jana-jan goňşyň abat ekenmi özi? – It iýsin-le şo goňşyňy, bizde kelle ýok, adam diýip, şonam soramaga barýas-a... – Beh-h, ne beýle gyzyberdiň-le? – Kowup diýen ýaly goýberdiler. «Sadap jan ýaranokmyş, gyz» diýdik welin, «Name bolupmyş oňa, kim diýdi şony, şu adamlara-da gybat gerek» diýen bolup, golagyň heleýi tasan bolýa, gyz. – Be-e, diýmek, ýalan eken-dä, sen kimden eşidip ýörsüň-eý asyl şo habary, bir hil-ä bolupdyr ol, dogrudanam. – Ýalan bormy, gyz, ýalan bormy! Sadap – zynjyrlaýmaly zyr däli aslynda, ilden gizlän bolýa enesi, eý waý-eý, aňryňdan Gün görnüp dur welin, meň başyma arsyz boldular. Ejem dogry aýdýan eken, şondan soň geçse iki gün ýa geçdi, ýa geçmedi. Olla gelnejemiň kiçi gelni Altyn suw ýaly çagajygyny göterip, bir zat üçin köçä çykandyr-da, Sadap ejem bir ýerlerden çykyp, çagasyny elinden kakyp alypdyr, Altynyň jynssyz sesine menden başga-da ylgap gelenler az däl. Biz baramyzda çaga eýýam Sadap ejemde ekeni, Altyn diş-dyrnak çagany almaga çytalaşýar, özem uly ili bilen aglaýar. Sadap ejem bir eli bilen çagany bagryna basyp, beýleki eli bilenem gaýtawul berýär. Şol barmana gatyrak itip goýberdi welin, Altyn tüwdürlip gitdi. Elindäki çagany bagryna basyp durşuna, daşyny gabsap duranlara howsalaly seretdi, töwerekdäkileň aljyraňňy halyndan peýdalanyp, çagany ogşap samrap başlady: – Meňki, meňki, bermen... – birdenem ap-ak göwsüni çykaryp, çyrlap duran çagaň agzyna tutup ugrady, – Emäý balam, em... Sadap ejäniň hassahanadaky näsaglaryňka meňzeş giň köýnegi, ýaýylan saçy gaty eýmenç görünýärdi. Şo durşuna-da aglaýar. Belki şondandyr, oňa birbada degmäge çekindiler. Dädem bize: – Ýuwaş, çaga bir zat edäýmesin – diýdi-de, özi ýuwaşjadan Sadap ejeme tarap ýöräp ugrady. Sadap ejem dädemden haraý isleýän ýaly agy gatyşykly sesi bilen: – Meňki gerek, meň çagam-a şü – diýip elewredi. – Hawa, Sadap jan, seňki, seňki, hany, çagany maňa ber. Geň ýeri, Sadap ejem kän çekişmesizden çagany dädeme berdi, soňam birden yza tesdi-de, bir zatdan gorkan ýaly, eli bilen ýüzüni penalady. – Çagam, çagamy beriň, urmaň meni. Çagany alansoň ýerli ýerden aýallar Sadap ejeme ýapyşdylar, ana, diňe şondan soň Altyn zenanlaryň ilkinji ýaragyny haýbat bilen bulaýlap başlady: – Ýerçeken, haram heleý, özüň-ä topugyňa gan degirmedik tula welin, iliň çagasyna göz dikip ýörşüň şu bolsa, dertden gözüň açylmaz. Ilem walla däli depegine-de eýe çykanok-la, gyz, köçede geçene ýapyşyp ýörjek bolsa, milisä aýdyp ýygnadaýmaly bolar-da... Her kim ýerli-ýerden göwünlik berensoň, Altyn çyrlap duran çagasyny bagyrtlap, öýüne gaýtmak bilen boldy. Adamlar dargaşdy. Sadap ejemiň derdem indi düşnükli. Hemmeler haldan habarly. Obaňkylar çaga-çugasyna göz gulak bolmasyny beketdiler. Has kiçi çagalary bolsa: «Gir öýe, hana, Kadyr golagyň gyzy Sadap gelýär» diýip gorkuzyp öýe ýygnardylar. Ýene birki ýerde çaga topulanmyş, hakyt çaga jyny düşüpmiş diýen gürrüňler häli-şindi çykyp dur. Ýöne, näme, dert gutylgysyz bolsa, janly adamy gözden sypdyrmazdan saklamak kyn. Birde bolmasa, birde säwlik gidýär. Bir gezegem ýene bir goňşymyzyň gyzjagazy gurjak oýnap otyrka Sadap ejeme duşaýmazmy. Çagajygyň öz-ä gaçyp gutulýar welin, gurjak elinden gaçyp galýar. Galyň görgüli ýene gurjak bilen oňsa kaýyl-la. Şo gurjagy Sadap ejeme bagyş etdiler. Şondan soň ol köşeşdi, çaga kowalamasyn-a goýdy. Ýöne gurjagy hemişe ýanynda. Ýekde-seýrek dili ýellilerden görgüliň adyny «Gurjakly däli» diýip tutýanlaram bar. Ol aralykda men okuwa girdim, oba-da gaty seýrek barýan. Bir öwrümde baranymda, Sadap ejemiň gaty ýarawsyz ýatanyny eşidip, görmäge bardym. Garrapdyr, görgüli. Kim geldi, näme üçin geldi, ol zatlary bilenok. Diňe: «Wah, çagam ulalmady» diýip, şol gurjagy sypalap ýatyr. «Sag bol, Sadap eje!» diýip, turjak bolanymda, «Eje diýdi» diýip, bärsine öwrüldi, bir gurjaga, birem maňa seretdi. Görgüli şol eje diýen söz nirden çykanyny aňşyryp bilmedi öýdýän. – Eje, eje – diýip, gök gözli gurjagyny silkeledi. Gurjajyk dünýäniň gohyndan habarsyz, gözlerini oýnadyp dur. – Eleşdirme, kellesi zat almaýar – diýip, Kadyr goňşyň körpe ogly meni oňaýsyzlykdan halas etjek boldy. Şondan soň uzak ýaşamandyr, görgüli. Meniň göz öňümde bolsa iň soňky görenimdäki bolşuna galdy. Gök gözlüje gurjak, we ony «Eje, eje!» diýip silkeläp oturan Sadap eje. Perzende ýüzi düşmedigem bolsa, men tarapdan ykrar edilen «Eje»... Ana, indem şol gök gözli gurjak bilen edil bir almany ikä bölen ýaly meňzeş gurjajyk gyzymyň elinde. – Kaka, gurjagyma näme at dakarys? – Sadap dakarys, gyzym. Sadap. © Merdan BAÝAT | |
|
Ähli teswirler: 18 | |
| |