TÜRKMEN EDEBIÝATY


22:09
Tragediýa / hekaýa

Ýetmişinji ýyllaryň başynda Gamak Hanjary teatra çeper ýolbaşçy bellediler. Ýokardakylaryň emri bilen kabul edilen karara aç-açan garşy çykan tapylmady. Bü-de bir çykalga diýdiler. Režissýorlaryň jetleşigi zerarly üç topara bölünen teatra imisalalyk aralaşdy. Hernä, ýykylyp barýan ymarata aýny mahalynda direg uruldy. Gamak Hanjaryň direg kemi ýok, başyny belent tutup gelşi adamlaryň howuny basýar, ýogsa onuňky ýaly daýanykly göwre başgalarda-da bar, ýöne olaryň görnügi ýok. Gamak Hanjar köküni ýedi gat ýere uran daragt, sarsman dur, gapdalyndakylar boýa zor beren palaç, sähel şemala agdaryljaklar.
Gazetler onuň il arasyndaky meşhurlygyny tekrarlap, häli-şindi makala çap ederdiler. Bir ýagdaý welin, awtorlary köseýärdi: Gamak Hanjaryň döredijilik hem durmuş ýoluny geň galar derejede ýazmaga ýapyşalga bolaýjak täze faktlar ýüze çykyp ýetişenokdy. Özüne göwni ýetýän ýaş awtoryň tutumyna beled-ä siz, ol lenç edilen faktlary gaýtalamajak bolýar. Şonda-da isleg bilen hakykat hemişe gabat gelip duranok. Islesen, bu ýagdaýa-da sebäp tapylýar: meşhur aktýoryň döredýän ajaýyp obrazlary seýreklän bolsa, günäni teatryň agzala kollektiwinden gözle, emelsiz, çöňňe dramaturglaryň ýakasyndan tut. Olar beýik zehin bilen bir howadan dem alýandyklaryna düşünenoklar. Olaryň düşünerine garaşsaň, ömür gutarjak. «Baryň bilen bazar eýläp» haýdaber. Gaýtalamak aýyp däl-ä, ýöne özünçe gaýtala. Özleriçe gaýtalaýanlaryň tagallasy birle, Gamak Hanjar barha öňe omzap, teatryň binýadyny goýanlaryň hatarynda birinji orna geçdi. Ony öz wagtynda teatra getiren ýaşuly aktýorlaryň biri bu adalatsyzlygy gazet üsti bilen Gamagyň özi ýalana çykarar öýdüp garaşypdyr. Halys sabry gutarandan soň Gamagyň ýanyna baryp: «Sen teatra soň geldiň-ä — diýipdir. — «Soň gelen aşa batyr» etmäliň muny, utanç bolar».
Gamak darykman jogap beripdir: «Bi dünýäň haýsy bir ýalanyny düzedip çykjak, kim ýalan söz aýdan bolsa, şon özi utansyn».
Soňra ony basmaçylar bilen tutha-tutluklara işjeň gatnaşdyryp başladylar. Taryhy wakalar bilen aralykdaky ýyllar köpeldigiçe şaýatlar azalyp barýar. Şu delil Gamak Hanjaryň ýubileýine gabatlap ýazylan oçerkiň awtoryna erkinlik beren bolmaga çemeli. Oçerkde beýan edilişine görä, teatr çet obalaryň birine baranda, masgarabazlar geldi diýip, golaýdaky basmaçy toparyna habar düşýär. Masgarabazlaryň arasynda Gamak Hanjaryň bardygyny eşidende, toparyň serdary bagyryberenmiş: «Golaý barmaga hetdim bolmaz. Hakyň oky alaýmasa, oňa alaç ýok, biziň okumyz pys geçýä!»
Geçen tomusda ol dört gerçegini aldyrypdyr. Olary masgarabazlaryň oýnuna tomaşa gelen märekäniň içine iberen ekeni. Eginbaşyňyz ýeňiýoluklardan parhlanmasyn diýip sargapdyr. Olary içde saklap, özi daşdan çozmakçy bolupdyr. Galmagal galan dessine dört ýigit topulyp, Gamak Hanjary ele salmaly ekeni. Gamak Hanjara masgarabaz diýeniň bärden gaýdýar, oňa jadygöý diýmeli, haýýar diýmeli! Jadygöý bolmasa, masgarabazlyk edip duran ýerinden gerçekleri nädip saýgarjakmyş? Saýgarypdyr, märekä bukulyp oturan neresseleriň çat maňlaýyndan bir ok berýär, ýeke oky hata geçmändir, geçen bolsa gapdalda oturanlara degäýmeli, degmändir.
Bu garpyşyk okyjylara Amerikanyň kobwoýly filmlerini ýatlatdy, ýazan awtor atyşykly kinony eý görýän bolsa gerek diýdiler. Gamagyň deň-duşlary bolsa jibrindiler: Gamagyň oýnan roluny özüne ýöňkäýipdirler. Jibrindiler goýdular, ýalana çykarmaga hiç kesiň bogny ysmady, gaýta, biziňem adymyzy tutmaly ekeni-dä, teatrda Gamak Hanjaryň ýeke özi oýnanog-a diýip nadyl bolanlaram tapyldy. Garaz, basmaçyly gürrüň gitdigiçe örüsini giňeltdi, soňabaka ol köne aktýorlaryň terjimehalynyň möhüm faktyna öwrüldi galaýdy. Gurt arkasyndan guş doýmuş, peýda berjek ýerinde Gamak Hanjary kerwenbaşy diýip ykrar edäýmeli bolar.
Indiki wezipe çeper ýolbaşçynyň meşhur aktýordygyndan daşary onuň ajaýyp oýunlar goýup biljekdigini subut etmekden ybarat.
Ol sahnada tragediýa goýmagy ýüregine gaýym düwdi. «Tragediýa» sözüni eşidende her kim Şekspiri ýatlaýar. Emma Gamak Hanjaryň torç edilen ýol bilen gidesi gelenok, üýtgeşik bir zat tapmaly. Elbetde, sowet jemgyýetiniň bagtly durmuşyndan tragediýa ýasap, adamlary agladyp bilmersiň, oňa ýolam bermezler, ol ýoly Gamak Hanjaryň özem saýlap almaz. Tragediýa diýmek alaçsyzlyk diýmek. Ajaýyp adamlaryň ömür tanapy biwagt üzülýän bolsa, diýmek, gara güýçleriň zorlugy jemgyýeti lerzana getirýändir. Biziň jemgyýetimizde gara güýçlere ýol ýok, diýmek, tragediýa-da ýok! Özara gatnaşyklarda käbir gara ýürek adamlaryň wagtlaýyn ýeniş gazanaýmagy ähtimaldyr. Gazananda-da olary tragediýa döretmäge ukyply güýç hökmünde görkezmek bolmaz, sowet hakykatyny ýoýmagy aňladar. Tragediýanyň döremegi güýçli adamlara bagly. Güýçli adamlaryň ölümem ýurdy sarsdyryp biler. Ana, şol sarsgyny görkezmek seň paýyňa düşýär, Gamak Hanjar! Oýnuň soňunda zaly dolduryp oturan tomaşaçy lerzana gelsin, beýik sütünler sarsyp gitsin! Adamlar oýun görýändiklerini unutsyn!
Dogrusy, oýun sözi bi taýyk gabadam gelenok, Gamak Hanjaryň göwnüne, teatryň mertebesi peselýän ýaly. Programmadan şol sözi aýryň diýip buýruk bermeli bolar. Başga bir degerli söz tapylmajak bolsa, spektakl sözi alnanda-da bolman durmaz.
Gamak Hanjar graždanlyk urşy döwrüne göz dikdi. Uruşda ýagşy-da ölýär, ýaman-da. Ýagşydan tragediýa, ýamandan komediýa ýasap boljak. Ýagşylar Sowet häkimiýeti ugrunda başyny goýan adamlar, olar adalatly, olar güýçli. Güýçli adamlaryň ölümine tomaşaçyny aglatmak aýyp bolmaz, ýogsa-da soňky wagtda adamlar agyny, gözýaşy unudyp barýalar. Agy adamlaryň ýüregini ýumşadýar, aglamagy başarýan adam rehimlidirem. Uly zalyň märekesiniň bir adam ýaly aglap oturyşy Gamak Hanjaryň göz öňüne geldi. Oýun gutarsa-da, hemişeki ýaly gapa topulýan ýok, her kim eglenjek, aglap ýüreginiň gamyny, gaharyny egisjek. Duzly gözýaş bilen adamyň bedenindäki ajy çykýar, bi onuň saglygyna-da peýdaly. Esasanam syýasy tarapy göz öňünde tutmaly. Gözýaşa ýuwlup, kalby tämizlenen adamyň ýanynda biziň bagtly jemgyýetimize at dakjak bolup görüň! Dişiňi damagyňa iberer. Terbiýe meselesinde-de amaty az däl. Teatra gelýän ýaş-ýeleňleriň arasynda biedepleri bar, olar galmagal turzup, tomaşa päsgel berýärler. Zal gözýaş döküp otyrka, bozgaklaryň ýekesinden ses çykarmy! Olary mugyra getirmek üçin milisiýa çagyryp ýörmän, tragediýanyň güýjüni ulanmaly, bozgaklary aglamaga mejbur etmeli!
Gamak Hanjaryň höwesi artdy. Dramaturglary ýygnap, kalbyndaky joşguny beýan etdi.
Bir aý geçmänkä bäş pýesa ýazyldy.
Tejribeli, adygan dramaturglaryň hödurlän eserinden göwni suw içmedi, olar juda seresaplylyk edýäler, adam öldürmäge gorka çemeleşýäler, gan diýseň olaňky bolanok. Sen dogan-garyndaşyňy öldüreňog-a! Söz bilen tragediýa dörederis öýdýäler, tragediýany gan bilen döretmeli!
Şu hakykata düşünmäge ymtylan awtor ýaş taýdan beýlekilerden kiçidi. Ol pýesasynyň soňunda gahrymanlaryň mazaryny hatarlap goýupdyr. Dogry edipdir! Sungatda ýarym-ýalta diýen zat bolmaz. Rast ölümi görkezýäňmi, ölüm şekilli bolsun!
Entek pýesanyň käbir ýugrumy ýetmedik ýerleri bar, eýlemek Gamak Hanjaryň wezipesi. Neneňsi beýik režissýor bolaňda-da, Şekspiriň tragediýalaryny goýup, awtordan ýokary göteriljek gümanyň ýok. Bu ýerde göterilmäge mümkinçilik bar. Atly dramaturglar eserleriniň bir ýerine degseň, etinden kesiläýjek ýaly, ýaş awtor eliňe düşen palçykdyr, nirä ýelmäý, näme ýasasaň kaýyl bolar oturar.
Gamak Hanjar öňi bilen tragediýanyň gutaryşyny göz öňüne getirdi. Gerçekleriň hatar mazarynyň başynda halk gözýaş döküp dur. Ol işläp başlanda ilki şu görnüşden başlaýsamam bir diýdi, sebäp, bärki wakalar onuň gözüne ilenokdy. Soň bu hyýalyndan el çekdi. Tragediýa assa-assa barmaly diýdi, diýse-de yzynda taýy galan baýtalyň ýatagyna ýetmäge gyssanyşy ýaly, çaltrak mazarlara howlugdy. Bir aýa ýetip-ýetmän tragediýany soňlady.
Sungata düşünýän diýip ýören adamlary çagyryp, tragediýa diňe klassyka esasynda goýulýandyr öýdüp ýörmäň, görüň, bagryňyzy paralaň diýdi.
Oýun tamamlanyp, zalda çyra ýanan dessine ägirt tolgunma bilen oturanlara göz aýlady, haýran galdy, ýeke adamyň gözünde ýaş görnenok. Käýindi: «Bi doňýürek haramzadalary tragediýa neýlesin!»
Olar doňýürekliklerini, gözýaş diýlen näzik zady bireýýäm unudandyklaryny ak ýürek bilen boýun almagyň deregine, entek bi sahna eseri tragediýa hörpüne ýetmändir diýip baha kesdiler oturyberdiler. Ähli nagarany tejribesiz dramaturgyň üstünden inderdiler. Sen gowşak eseriň bilen sungatymyzyň ajaýyp wekili Gamak Hanjaryň režissýor hökmünde ganatlaryny ýazmagyna päsgel beripsiň diýdiler, onuň bürgüt mysaly belentden uçmalydygyny bilmediňmi sen diýdiler. Gamak Hanjar olaryň hilesine düşünip otyr: «Gyzym saňa aýdaýyn, gelnim sen düşün». Bular tilki, şir görmeseler bular amana gelmezler. Bularyň tumşugyna kakmak üçin ýeke-täk çäre bar: Oraz Şalarowiçi premýera çagyrmaly. Ol ýeke gelmez. Ol gelse, ministrlerem töwerekde gaýmalaşar ýörerler, gazetiň redaktorlaram häzirdir, suratçylar ötmäge-geçmäge ýol bermezler, ýazyň diýip oturmagyň derkary ýokdur, buýrulan ýalydyr.
Premýera güni ir sagat sekizde Oraz Şalarowiçe jaň etdi.
— Oraz Şalarowiç, siz bolmasaňyz çöregimizi huruşsyz iýýän ýaly-da, halys öwrenişipdiris. Düýnden bäri kollektiw meni oturdanok bir ýerde: «Oraz Şalarowiç premýerada boljakmy?» diýýäler. Aktýor diýlen adamda ujypsyz göwün bar. Oýnumyza Oraz Şalarowiç baha bersin, Oraz Şalarowiçe ýarasa, ile-de ýaraýa diýýäler. Siz geläýmeseňiz, şolar-a köşeşjek däller.
— Hezil zat görkezseňiz, barmaga ýaltanmarys. Araky oýnuňyz ýadyma düşse, henizem gülüp ýörün. Kino-da almaly şoň ýaly hezil zatlary. Doňuz hakda oýun goýlar diýip, kellä-de gelenok. Biziň halkymyz doňuz diýen haýwany halap baranok aslynda. Men siziň döwre düşünýäniňizi aýtjak bolýan. Häzir biziň öňümizde doňuzdarçylygy ösdürmeli diýen jogapkärli mesele durýar. Syýasat babatda-da şo oýnuňyz aktual ekeni. Biz türkmen halkyny doňuza öwrenişdirmezden düýpli meseläni çözüp bilmeris. Şo oýny köpräk görkeziň, eşidişime görä, tomaşaçysy egsilmeýän ýaly-la.
— Gün geldigiçe artýa, Oraz Şalarowiç, şol oýny görkezibilseň planyň gaýgysy boljak däl.
— Gördüňizmi, doňuz siziňem planyňyzyň dolmagyna kömek edipdir. — Oraz Şalarowiç loh-loh güldi. — Özümem gaýtadan bir görmekçi. Garaz, güldürse-dä... Siziň diliňizde gülküli oýna näme diýilýä?..
— Komediýa.
— Ýöne doňzy ýigren diýen pikir ýok o taýda, gaýta janawara haýpyň gelýä. Merkezi Komitet ýaş doňuzdarlaryň respublikan slýotuny geçirmegi karar etdi. Hökmany suratda baryp siziň oýnuňyzy görerler. Ony gören adam gaýdyp doňzy ýigrenmez. Ideologiýa işiniň möhüm wezipesi, türkmenleriň doňza öwrenişmegini gazanmak bilen çäklenenok, doňzy söýer ýaly ýagdaý döretmeli. Diňe şo ýagdaýda etiň bolçulygyny gazanyp bileris! Doňuz görkezip teatr planyny dolýan bolsa, biz näme üçin doňzyň etini satyp hojalyk planyny dolmaly däl?! — Oraz Şalarowiç ýene gülküsini gaýtalady. — Garaz, bi gün agşam hezillik boljak-da?..
Gamak Hanjar seresap jogap berdi.
— Bu oýnumyz gynançlyrak özi... tragediýa.
— Tragediýa?
Gamak Hanjar tragediýanyň nämedigini Oraz Şalarowiçe düşündirmeli diýen zerurlygy aňsa-da, saklandy, dogrusy, çekindi. Birdenkä ol, meni tragediýany bilmeýän tünt hasap edýärmiň diýäýse, ahli zadyň bulaşmagy ähtimaldy.
— Bi tragediýany özüm goýdum, Oraz Şalarowiç – diýdi. — Bi çaka çenli keseden adam çagyrmaly bolýady, indi öz güýjümize ynanmasak bolmaz-a...
Soňra Oraz Şalarowiçiň ýazyjy dostuna til edip, tragediýa diýilýän oýnuň manysyny sorandygyndan, onuňam položitel gahrymanlar sahnada öldürilse tragediýa bolýandygyny aýdanyndan Gamak Hanjar bihabardy.
Agşam Oraz Şalarowiçiň ýeke özi geldi. Ýeriň astynda ýylan gäwüşese bada-bat duýýan wezipeli adamlaryň telimsi bir sagat ön gelip, onuň ýoluny garawullaşyp ýördüler. Oraz Şalarowiç olara çigit ýaly üns bermän, Gamak Hanjaryň ugratmagynda göni tomaşa zalyna girip, tutuş boş goýlan birinji hataryň ortasyna çökdi. Gapdalynda amanat ýaly ýaýdanyp oturan Gamak Hanjara dumanly göreçlerini aýlady.
— Tragediýa görkezjek-dä... hany, görkez bakaly! — diýdi. — Oýun diýilse, hemişe gülüp ýörmelidir öýdýäs, wagtal-wagtal gynanmalam-da.
Gamak Hanjar onuň tragediýadan habarlylygyndan beter, gündiz oňa bu sözüň manysyny düşündirmekden saklanandygyna begendi, ýöne Oraz Şalarowiçiň humarly gözleri ony iňkise goýdy: sahnadaky wakalary içgin seljermäge keýp dumanyna dulanan göreçleriň ukyby çatarmyka?..
Oýun başlandy. Ikinji görnüşe geçilende Oraz Şalarowiç pallady. Sahnada dowam edýän gep-gürrüň, dawa onuň ünsüne ýetenok, bu ýagdaý uzaga çekse bi uklar. Atyşyk, tark-turk dördünji görnüşden başlanýardy, ona çenli çydamaz, uklar. Uklasa, nädip oýaryp bolar?
Sähel salymda Gamak Hanjaryň durmuşa, ýaşaýşa höwesi gaçdy, ykbal onuň elinden iň amatly utuşy alyp barýan dek, nämä ýapyşjagyny bilmedi. Hernä, Oraz Şalarowiçiň özi dil ýaraýdy.
— Gamak, tragediýa boldugymy şü, hany, bi, ölýän ýok-la?
— Biraz sabyr ediň, Oraz Şalarowiç, indiki görnüşde bir bolşewigi başaşak asarlar.
Oraz Şalarowiç wada berlen pursata çenli çydamaga boýun bolansoň, aýaklaryny has uzadyp, kreslo çümdi. Gamak Hanjarow tomaşa zalyndan çykdy, sahnanyň ýeňsesine haýdady. Ol ýok zady wada beripdi, hakykatda indiki görnüşde bolşewik asylanokdy. Diňe aklaryň ştaby görkezilip, hüjümiň plany biçilýärdi. Bu zatlar öňküsi ýaly galsyn, indi diňe bir zady goşmak zerur: sahnanyň burçunda kimem bolsa birini başaşak asyp goýmaly. Aklaryň ştabynda asylan adamyň kimdigini düşündirip oturmagyň tomaşaça geregi ýok, onuň synpy hüşgärligi aklaryň bolşewikden başga adamy asmajakdyklaryny oňa aýan etse gerek. Ýöne asara artykmaç adam tapyp bolsa diý.
Gamak Hanjar barşyna baş serenjam berijini tapdy. Edilmeli zatlary oňa düşündirip durmagy artykmaç saýdy, wagt ýok, bolanda-da, bu adam döredijilik tilsimlerine düşünjek kişi däl, ol diňe buýruga düşünýärdi.
— Seýdaly jan, bir adam tap-da getir meň ýanyma, bary-ýogy on bäş minut wagtymyz bar.
— Oraz Şalarowiçiň ýagdaýy gowydyr-da, jany sagmy?
— Tragediýa göresi gelipdir, çaltrak görkeziň diýýä.
— Kimi tapaýyn, artykmaç adam ýokdur, her kim işi bilen öz ýerinde...
— Tapmaly, ýeriň teýinden tapmaly welin, tapmaly. On minutdan bi görnüş gutarýa, indiki görnüş başlananda eýýäm sahnada bir bolşewik başaşak asylgy durmaly, söz berip gaýtdym. Çaltrak kimiň bolsa getir.
Seýdaly bu sözleriň asyl manysyny anşyrmady. Şonda-da buýruga çydaman, dar däliziň ugry bilen ylgap, aktýorlaryň kabinalaryna boýnuny uzadyp çykdy, iki minut geçmänkä Gamak Hanjaryň gaşynda sazanaklap durdy.
— Artykmaç adam ýok, ynanmasaňyz özüňiz...
— Grimýory getir.
— Bu gün Lýudmila işleýä, Gamak Hanjarowiç, aýal adamyny assak... Üç aýlyk çaga göwresinde. Öňki äri bilen ýaraşypdyr.
Gamak Hanjarow jibrindi.
— Indi şü uly teatrda asara bir adam ýokmy?
— Baryny asyň, men garşy däl, gündiz bolsady... häzir ýok, bi mahal gij-ä.
Şol wagt sahna maşinisti, boýny buga ýaly, garynlak, kelte boýly Weldurdy käýinip, olaryň gapdalyndan geçip gitdi.
Gamak Hanjar:
— Asyň şony — diýdi.
— Sahnany näderis, sahna durar. Soňky üç görnüşde bäş gezek sahna aýlanýa, kim aýlasyn?
— Özüň aýla!
— Weldurdydan başga tilsimini bilýän ýok, menem bihabar. Weldurdyny asanyňa degenok, Gamak Hanjarowiç, garny eşegiň garny ýaly, masgara eder, walla! Bolşewik diýeniň syrdam, agajet... ideýa görä-de görmegeý bolmal-a. Weldurdyňky ýaly garny bolan kişi rewolýusiýa etjekmi?
Gamak Hanjar ajy ýylgyryp, heçjikläp sorady.
— Diýmek, seň pikiriňe görä, bolşewikler uzyn boýly, saýyrdyň, agajet adamlar bolmaly-da?
— Hä, ideýa boýunça položitel gahrymanlar owadan bolýa, Gamak Hanjarowiç.
— Özüň ýaly görmegeý, deşli pyýadalar diýsene...
Gamak Hanjar göreji bilen başdan-aýak Seýdalynyň boýuny ölçege aldy.
Seýdaly rejäň geň däldigini aňyp, howsala düşdi.
— Siziň şofýoryňyz näder?
Gamak Hanjar hyýalyndan ünsüni sowman jogap berdi:
— Işçi synpynyň wekilini asmaga ideýa boýunça hakymyz ýok. Seýdaly jan, seň maslahatyň ummasyz dogry, şu görünýän adamlaň arasynda özüňden görnüklisi ýok, seni asmaly borus. Derrew bar-da egniňe şinel geý, bolşewik bol.
Seýdaly yza tesdi.
— Men munça ýyl teatrda işläp, hyzmat görkezip, Gamak Hanjarowiç...
— Taýyn bolşewik bolup ýetişdiň, haýda, wagt gidip barýa.
Seýdaly özelendi.
— Oraz Şalarowiç meni tanaýar-a, gelşiksiz bolar.
— Biz oýun oýnaýas. Şu gün at meseläňem çözýän, seň bähbidiňe bi zatlar.
— Böwregim harap, dawleniýe berýä, başaşak dursam ganym beýnä urar.
— Seresap asyň diýerin.
— Gulak asmazlar, Gamak Hanjarowiç, şo ýeksurun alkaşlaň eline bermäň meni, haram öldürerler.
— On minut gaýrat etseň bolýa, at alyp berýän, düşün-ä, haýwan bolma!
Seýdaly grim edip, eginbaşyny çalşyryp oturmaga pursat bolmady. Başyna köne gulakjyn, egnine agyr şinel, aýagyna ädik geýdirmäge ýetişdiler. Bilini kemer bilen mäkäm guşap, asmaga alyp gitdiler.
Gamak Hanjar oňa soňky gezek göwünlik berdi.
— Teatryň ody bilen girip, küli bilen çykýan adama ertiriň özünde hormatly at bereliň diýerin.
Seýdaly oňa ynanýardy.
Üçünji görnüş başlanmanka Gamak Hanjar Oraz Şalarowiçiň gapdalynda arkaýyn otyrdy.
Sahna syrylandan tukat zal oýandy, hümürdi başlandy, soňabaka tomaşaçylar hikirdeşip, düýpde gözgyny başaşak asylgy duran Seýdalyny biri-birine görkezip, aklaryň ştabynda dowam edýän ýygnaga ünsem bermediler.
Gamak Hanjar:
— Oraz Şalarowiç, tragediýa başlandy — diýdi. — Ana, şo başaşak asylgy duran, ýaňky meň bolşewik diýýänim.
— Häzir özüň asyp gaýdan bolma.
— Aklar ony ýaňy ele salan bolmaly. Indiki maksatlary ýaş Sowet häkimiýetini agdarmak, plan biçýäler.
— Bi, oturanlar galmagal turzuberdi-le.
— Tomaşaçylarymyzyň medeniýeti biraz bärden gaýdýar entek. Hakyky tragediýa başlansyn, galmagal, gülki ýatlaryna düşmez.
Gamak Hanjar hakykatda tomaşaçynyň gülmegine esas bardygyny boýun alyp otyrdy. Seýdalyny emelsiz asypdyrlar. Şinel aşak syrylansoň ütükli jalbar görnüp dur, galstugyny aýyrmaga-da ýetişmändirler. Heý, bir kollektiwde işleşip ýören ýoldaşyňyzy beýle gözgyny edip asmaga neneň dözdüňiz diý, doňýürekler? Goýun soýlanda şeýdip asylýar-a. Asaňyzda eli ýere deger ýaly bolsun diýip Gamak Hanjar görkezme berd-ä. Ýere degme nirede? Görgüli, gollaryny hallanladyp direg gözleýä. Eýýäm gany beýnisine urandyr, gözleri peträpdir. Prožektoram göni ýüzüne tutupdyrlar.
Oraz Şalarowiçe-de tomaşa ýetişdi.
— Beh, o asylgy duran orunbasaryň ýaly-la, ol artistligem edýämidi?
— Teatryň bosagasyndan ätlän adam artistdir, Oraz Şalarowiç. Seýdaly görmegeý, syratly adam bolansoň, bolşewigiň roluny oýna diýdik. Bolşewik diýip bedroý birini asyp goýsaň gynanjak barmy? Ähli tarapyny ölçemeseň, sungat döredip bolanok. Ýene şu adamlara berekella diýmeli, bereniň az. Biz Seýdalyny hormatly ada-da hödürlemekçi, siz tarapdanam garşylyk bolar öýdemzok.
Gamak Hanjaryň teklibi Oraz Şalarowiçiň ünsüne ýetmän galdy. Oraz Şalarowiç Seýdalynyň daýanç isläp, ellerini ýere ýetirjek bolup horlanyşyna, gapdalda tüpeňli duran soldata: «Boşat!» diýip hemle atyşyna hezil edip güldi.
— Sen bylaň baryny artis edipsiň, Gamak.
Soldatam ýöne duraýmady. «Sem bol!» diýip, Seýdalynyň ýagyrnysyna ädikli aýagy bilen depip goýberdi.
Zaldan şowhun göterildi.
Oraz Şalarowiçem kem oturmady, arkan gaýşyp güldi, arasynda maý tapyp, Gamak Hanjara gepem atýardy.
— Şüý-ä bolaýdy! Tragediýa diýeňizde-de, guler ýaly ýerjagazy bolmasa bolanok. Orunbasaryň-a artis boljak.
— Höweslendirsek, adamlaň etmejek zady bolmaz, Oraz Şalarowiç.
Ýene Gamak Hanjaryň sözi ünssüz galdy.
Ýaman ýeri, ak ofiserleriň rolunda oýnaýan aktýorlara aljyraňňylyk ýetişdi. Olar sözleriniň diňlenmeýändigini bilenlerinde, zalyň ümsüm bolaryna garaşmalymy ýa-da dowam edibermelimi, nätjeklerini bilmän janserek galdylar. Naýynjar halda Gamak Hanjara seredýärler, ondan yşarata garaşýarlar. Akmaklar, Gamak Hanjar nätsin! Sahnada duran siz, zal size seredýär. Ýagdaýa görä boluň-da, oýnuň akymyny eliňize alyň. Siz ofiser-ä, siz soldaty sem edip bilýäňiz, Seýdalyny aýryň, onuň haram ölüp barýanyny görýäňiz-ä, garagyňyz gapyk däl-ä! Etmezler, olar režissýorsyz gymyldap biljeklermi! Özlerinde pikir ýog-a bi haýwanlaň!
Seýdaly pakyr urundy, urundy, ahyry boşadyň diýip, zala ýüz tutup gygyrmaga başlady. Soldat ýene hemle atyp bardy, ýene depdi. Onuň çyndan diýýändigini Gamak Hanjar bilip otyr. Geçen aý repetisiýa gelmediň diýip, Seýdaly ony aýlyk premiýadan kesipdi. Häzir ol Seýdalyny öldürmäge-de taýýardyr.
Soldat sahnanyň beýemçisine öwrüläýdi. Indi ol zaly güldürjek bolup, horaz kimin petekesini gaýşardyp, iki ýana gezmeleýärdi. Her gezek Seýdalynyň gapdalyndan geçende:
— Gapyl, sem bol! — diýip hemle atdy.—Ahyry meň girime düşensiň, ölmän sypasyň ýok. Hojaýynkaň edeniň öňüňden gidýärdi, bizem görd-ä indi.
Oraz Şalarowiç:
— Şü artisiň-ä zor oýnaýa – diýdi.
Masgaralyk soň başlandy.
Soldat elýeterden geçende Seýdaly gark bolup barýanyň samandan ýapyşyşy ýaly onuň ädigini garbady. Soldat aýagyny boşatjak bolup dyzady. Boşajak gumanyň barmy, Seýdalynyň eli atagza döndi. Soldat ýykyldy, şonda-da Seýdaly goýberenok. Zalyň şowhuny olaryň garpyşygyna aýratyn bir gyzyk berdi. Ahyry soldat aýagyny boşatdy, ädik Seýdalynyň elinde galdy. Seýdaly bir ugur tapyp, ädigi soldatdan aýlap zyňdy. Ädik soldata degmän, sahnadan aşyp, birinji hataryň öňündäki boşluga gütläp düşdi. Öňdäki hatarlarda oturanlar gürre örüp, ädigiň düşen ýerine garadylar. Ýere düşen zadyň hakykatdanam ädikdigine göz ýetirip ynjaldylar. Görenler görmediklere habar berdi.
— Çyn ädik-dä, kirzowoý ädik.
Bir ýetginjek ädigi sahna oklady. Soldat ädigi geýmäge oturdy, zala ýüzlenip diliniň keýpini gördi.
— Adamlar, görüň, bi balşawigiň bolşuny, asyl-asyl, jany bokurdagyna gelse-de, toba diýjek däl, başarsa zyýan etjek.
Seýdaly çarbaýlyk edeni bilen hiç zat gazanmajagyny bildi öýdýän, sesini çykarmady. Neresse ykbalyna kaýyl bolaýdymyka?..
Oraz Şalarowiç:
— Aýyrmaň ony, dursun — diýdi. Ol ýene-de Seýdalydan tomaşa garaşýardy. — Gamak, menem saňa bir rewolýusioner ibereýin welin, şu orunbasaryňy asyşyň ýaly şonam asyp goýsana.
— Asanymyz bilen tomaşaçy gynanar öýtseňiz, iberiň, asmak biz bilen.
— Hany, orunbasaryňy asanyň bilen il gynanaýdymy?
— Biz bolşewigi asdyk, Oraz Şalarowiç.
— Meň iberjegimem bolşewik diý-de asaý.
Oraz Şalarowiç lah-lah güldi. Ol eýýäm iberjek adamyny Seýdalyň ornunda görüp, tomaşa edip otyrdy. Ol adam garynlakdy. Bäş minut asyp goýsaň içaşy agzyndan geler, gözi hanasyndan çykyp, dili sallanar. Şeýle wejera ýagdaýa düşäýmese, ol amana gelmez, adalat gözleýän kişi bolup, birgiden ýeňilkelläň başyny aýlar ýörer. Oraz Şalarowiç öz obadaşlaryny ýokary wezipelere çekýärmiş, kolhozlary ala tutýarmyş, mynasyp däl adamlara Zähmet Gahrymany diýen at berlenmiş. Bi günälerden soň para alýar diýmekdenem çekinmez. Diýýänçä garaşyp ýörmän, onam şu bolşewigiň gününe salynsa nädýär. Özün-ä sahnadan as, tarapdarlarynam zalda oturdyp, tomaşa ediň diý. Adamlar tragediýanyň nämedigine şo halat mazaly göz ýetirerler, güljek tapmarsyň. Bylaň etjek bolýan zatlary gülki. Hawa-da, bylar oýun ýasap, şondan çörek iýip ýören adamlar...
Oraz Şalarowiç asylgy duran bolşewigiň susluga düşenini unamady, entek onuň garşylygyna garaşýardy. Garşylyk görkezdigiçe adamlar onuň ezýet çekýändigine düşünmelidi.
Ol biraz gyssandy.
— Bi bolşewigiň soňy näm bilen gutarmaly?— diýip sorady.
— Ölmeli, tragediýaň düzgüni şeýle.
— Jebir çekmese, oň ölenine kim gynanjakmyş? Aýyrmaň, dursun şeýdip.
Tragediýanyň soňuna çenli Seýdalynyň golaýyna baran bolmady.
Oýun gutardy, Oraz Şalarowiç hoşlaşyp durka:
— Tragediýa goýjagyňyz çynyňyz bolsa, öldürýäniňizi çyna berimsiz öldüriň — diýdi.
Oýun gutaran dessine «Tiz kömek» çagyryp, Seýdalyny syrkawhana ugratdylar. Onuň ýarty göwresi ysmaz bolupdy. Gamak Hanjar öz ýanyndan sungat hemişe pida talap edýär diýen pikiri tassyklady. Ol gazetlerde beriljek habara bisabyr garaşdy. Habarlar gazetleriň görnükli ýerinde çap edilse-de, bir ýagdaý onuň myrryhyny tutdurdy. Tragediýa goýuldy diýmäge derek komediýa diýip ýazypdyrlar.
Gamak Hanjar redaktora jaň etdi.
— Sungata düşünmeýän bolsaňyz düşünýänden soraýaňyzda bolanokmy? — diýdi. — Oýnuň soňunda onça mazary görüp durkaňyz, komediýa diýip ýazmaga neneň ynsabyňyz çatýar?!
Redaktor ýöwsellemedi, aýdyň jogap berdi.
— Oraz Şalarowiçiň hezil edip gülüp oturanyny bizem gördük. Şonuň ýaly adamy güldürip bilýän oýna utanman komediýa diýse bolar.

1990 ý.

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 sussupessimist • 22:15, 02.12.2023
Bular bolsa aznawur yazyjymyzyň hekayalary. Dogrusy, ikisem tragediya.
Bu tragikomik dilogiyany, meniñ pikirimçe, hökman yzygiderlikde okamaly, mydama-da bilelikde çap etmeli.
Türkmen prozasynda gowy göryän eserlerimden.
avatar
0
2 Мango • 00:26, 03.12.2023
— Indi şü uly teatrda asara bir adam ýokmy?
:-)
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE