Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:29
«Meniň salgym umyt bilen gorkynyň...»

«MENIŇ SALGYM UMYT BILEN GORKYNYŇ...»

Meniň salgym umyt bilen gorkynyň
Kesişýän nokady,
Tenha çatmadyr.
Köp gezdim,
Şu dünýäň — aý, şu artybyň
Şundan rahat künjegini tapmadym.

Eýelidi baran ýerlermiň bary,
Gowak tapdym,
Ýöne ýedi welileň
Gürrüňi eşdildi şeýle bir zaryn,
Düşünip başladym öli dile men.

Yzyma it salyp kowmady olar,
Emma sygjak däldi göwnüm gowaga.
Kireý sorap, juda ownady olar,
Ömrüm üçin bergidardym owalam.

Kenarda oturyp, diň saldym suwa,
Balygyň garnynda ente kitabyn
Okap otyr Ýunus, elimi ýuwa,
Gaýtdym, galmady meň etmedik zadym.

Toýdan kowdy ýaranjaňlar, ýasawul,
Haraba — baýguşa berlen sadaka.
Ýeriň asty Hoja Ahmet Ýasawyň
Menzilidi, diri girmek gadagan.

Eýeländir, barsam, metjidem eýýäm
Hakyň däl-de, bähbidiniň gullary.
Aýlanyp-dolanyp, netijede, men
Çatma dikdim çatrygynda ýollaryň...

Irden dertdeş Bilal gelýär ýanyma,
Käte giçlik ajal gepleşýär gelip.
Şundan rahat jaý tapmadym janyma,
Salgym: umyt — gorkyň sepleşýän ýeri...

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 127 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 15:02, 06.12.2023
goşgam gowy eken welin, adresiňi dogry belli edipsiň, dogry ýerde durupsyň. gorky we umyt arasy.
avatar
0
2 sussupessimist • 16:07, 06.12.2023
Menem siziň bilen duldegşir goňşy...
avatar
0
3 Mekan2 • 16:23, 06.12.2023
men, umyt tarapdan geleňde, birinji syrgynda...

biri ba®dy, 24 ýyllap töweregimzde köw-söw edip, soňam gürüm-jürüm boldy. ne palatka dikindi, ne-de bir çatma.

(düşünmediklere: haýatly hekaýa: kakdyrma)
avatar
0
4 Мango • 12:32, 07.12.2023
şu goşguda köp zat...
"musulman gorky bilen umyt arasynda bolmalydyr" - bu hadys bolmaly.
---
gowaga gizlenen 7 weliler.
(ýöne "Kireý sorap, juda ownady olar" diýenine düşünmedim).
---
Ýunus a.s.-yň balyk garnyndaky dogasy.
şeýleräk bolmaly (ýalňyşmasam): "Lä ilähä illä, ente subhaneke, inni küntu minel-zalimin". bu dogany kynçylyklarda okamamagy maslahat berilýär.
---
umuman Orazmyrat daýy gowja ýazýar.
avatar
0
5 Medicall • 13:04, 12.12.2023
Ine Orazmyrat Myradowyñ bu goşgusy welin GOWY! çynym bilen haladym.
Aslynda halap okaýan awtorym bu, öñ özümem paýlaşyan terjimelerini, makalalaryny.
Emma mañzyma batmady, göwnüme girmedida beyleki goşgusynda aýtjak bolan zadyny edip aýdyşy)))
avatar
0
6 Pero • 13:21, 12.12.2023
Ayaldogan,liçkañy okaý
avatar
0
7 aygull • 15:14, 12.12.2023
Birinji topbagy jemleme edäŷseň-dä...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203